Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
«EKSPO — 2020» Bütindünýä sergisiniň açylyş dabarasyna gatnaşyjylara
Syýasy habarlar
«EKSPO — 2020» Bütindünýä sergisiniň açylyş dabarasyna gatnaşyjylara
Çap edildi 01.10.2021
2318

Hormatly dabara gatnaşyjylar!

Gadyrly dostlar!

Sizi Birleşen Arap Emirlikleriniň Dubaý şäherinde geçirilýän «EKSPO — 2020» Bütindünýä sergisiniň öz işine başlamagy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn. Möçberi we ähmiýeti babatda ýokary derejelere eýe bolan bu serginiň guramaçylaryna we oňa gatnaşyjylara uly üstünlikleri arzuw edýärin.

«EKSPO — 2020» Bütindünýä sergisiniň «Akyl-paýhasymyzy birleşdirip, geljegi döredýäris» diýen şygar astynda geçirilmeginde çuňňur many-mazmun bar. Bu şygar häzirki döwrüň möhüm meseleleriniň çözgütlerini işläp taýýarlamakda, hyzmatdaşlygyň gerimini giňeltmekde, pandemiýadan soňky döwürde dünýä ykdysadyýetini dikeltmekde ähli ýurtlarynyň tagallalaryny birleşdirmäge çagyrýan şygar bolup ýaňlanýar. Şundan ugur alnyp, Bütindünýä sergä gatnaşyjylar tarapyndan anyk teklipler hödürlener. Şol teklipleriň bolsa halkara jemgyýetçilikde uly gyzyklanma döretjekdigine we geljekde hereketleri utgaşdyryp, dünýä döwletleriniň arasynda hoşniýetli gatnaşyklary pugtalandyrmakda, ählumumy hyzmatdaşlygy ösdürmekde uly ähmiýete eýe boljakdygyna berk ynanýaryn.

Hormatly adamlar!

Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan dünýäniň ykdysady giňişligine doly derejede goşulyşmak ugruna eýermek bilen, Halkara sergiler edarasynyň howandarlygynda geçirilýän Bütindünýä EKSPO sergilerine üstünlikli gatnaşyp gelýär. Çalt depginler bilen ösýän döwletleriň hatarynda mynasyp orny eýeleýän ýurdumyzda milli ykdysadyýeti innowasion ýol bilen ösdürmek, senagaty diwersifikasiýalaşdyrmak, durmuş-ykdysady özgertmeleri amala aşyrmak hem-de halkyň ýaşaýyş-durmuş derejesini yzygiderli ýokarlandyrmak döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarydyr.

Şundan ugur alyp, «EKSPO — 2020» Bütindünýä sergisinde «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» diýen şygar astynda öz işine başlaýan Türkmenistanyň milli pawilýony hem ata Watanymyzyň geçen taryhy ýoly, mähriban halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesi, ýokary senagat we intellektual mümkinçiliklere eýe bolan Türkmenistan barada, döwletimiziň ösüşi, ygtybarlylygy hakynda anyk düşünjeleri emele getirmekde uly ähmiýete eýedir.

Biz ýurdumyzyň milli pawilýonynyň mowzugyny «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýip yglan etdik. Çünki Türkmenistanyň başlangyjy bilen BMG-niň Baş Assambleýasynyň 73-nji mejlisinde «2021-nji ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» atly Kararnamanyň kabul edilmegi ata Watanymyz Türkmenistanyň dünýäniň syýasy we ykdysady giňişligine işjeň goşulmaga gönükdirilen tagallalarynyň halkara jemgyýetçilik tarapyndan doly goldanýandygynyň ýene-de bir gezek aýdyň subutnamasy boldy.

Bu gün Türkmenistan Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllyk baýramyny uly ösüş mümkinçilikleri bolan, sebit we dünýä ähmiýetli işlere işjeň gatnaşýan, durnukly ösýän döwlet hökmünde garşylaýar.

Türkmenistan döwletimiz durmuş-ykdysady ulgamda öz baý tebigy serişdelerinden rejeli peýdalanmakda, içerki mümkinçiliklerini daşary syýasat bilen utgaşdyryp ösdürmekde belent sepgitlere ýetdi. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzda ägirt uly möçberli we giň gerimli maksatnamalaryň durmuşa geçirilmegi netijesinde, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiz gülläp ösüşiň, abadançylygyň, bagtyýarlygyň mekanyna öwrüldi. Biz mundan beýläk-de ýurdumyzy ösdürmegiň täze ugurlaryna we taslamalaryna badalga bermek bilen, ähli ugurlarda halkymyzyň ýokary derejeli durmuş şertlerini üpjün etmäge gönükdirilen özgertmeleri dowam etdireris.

Hormatly dabara gatnaşyjylar!

Gadyrly dostlar!

Türkmenistanyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygynyň giň gerim bilen bellenilýän döwründe geçirilýän «EKSPO — 2020» Bütindünýä sergisinde guralan Türkmenistanyň milli pawilýony bu gün gapysyny giňden açýar. Onda berkarar döwletimiziň durmuş-ykdysady ösüşi, halkymyzyň hoşniýetlilik, parahatsöýüjilik ýörelgelerine ygrarlydygy, asuda, abadan, bagtyýar durmuşymyzyň waspy hem-de eşretli durmuşy we ösüşli geljegi nazarlaýan belent maksatlarymyz öz beýanyny tapýar.

Sizi Birleşen Arap Emirlikleriniň Dubaý şäherinde ýokary derejede guralan Bütindünýä «EKSPO — 2020» sergisiniň öz işine başlamagy bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn.

Siziň her biriňize berk jan saglyk, halklaryň dost-doganlyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmak, köptaraplaýyn söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyny ösdürmek ugrunda alyp barýan işleriňizde uly üstünlikleri arzuw edýärin.

Türkmenistanyň Prezidenti
Gurbanguly BERDIMUHAMEDOW.


Soňky habarlar
08.12
Biziň ýolumyz bagtyýarlygyň we berkararlygyň ýoludyr
08.12
Gahryman Arkadagymyz Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretarynyň Ýörite wekili, BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň ýolbaşçysy bilen duşuşdy
08.12
Türkmenistan — Katar: ynsanperwer hyzmatdaşlyk giňeldilýär
07.12
Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmenistanyň Bitaraplygy — parahatçylygyň we ynanyşmagyň aýdyň ýoly» atly kitabynyň tanyşdyrylyş dabaralary
07.12
Aşgabat ÝUNESKO-nyň öwreniji şäherleriniň bütindünýä toruna girizildi
06.12
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisi
06.12
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisindäki çykyşy
06.12
«Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly Türkmenistanyň ýubileý medaly bilen sylaglamak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany
06.12
Türkmenistanyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ýolbaşçylaryny «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly Türkmenistanyň ýubileý medaly bilen sylaglamak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany
06.12
«Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy» atly ýadygärlik nyşanlary bilen sylaglamak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary
top-arrow