Baş sahypa
\
Hepdäniň wakalary
\
Türkmenistanyň döredijilikli syýasaty ählumumy parahatçylygyň we ynanyşmagyň bähbidine gönükdirilendir
Hepdäniň wakalary
Türkmenistanyň döredijilikli syýasaty ählumumy parahatçylygyň we ynanyşmagyň bähbidine gönükdirilendir
Çap edildi 29.09.2021
3260

Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllyk toýuny uly üstünlikler bilen garşylan Bitarap Türkmenistan özüniň okgunly ösüşinde ýokary tehnologiýalara we innowasiýalara daýanýan, dünýäniň depginli ösýän ýurtlarynyň hatarynda öňdebaryjy orunlary eýeleýär. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň sebitiň we dünýäniň ýurtlarynyň halklarynyň rowaçlygyny üpjün etmäge gönükdirilen başlangyçlary dünýä jemgyýetçiliginiň uly goldawyna eýe bolýar. Munuň özi bolsa Türkmenistanyň halkara abraýynyň mundan beýläk-de belende galmagyna ýardam berýär.

23-nji sentýabrda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 76-njy mejlisinde çykyş etdi. Öz çykyşynda döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň häzirki döwrüň wajyp meselelerini çözmek babatda has kabul ederlikli çözgütleri tapmak üçin tagallalary birleşdirmek boýunça ileri tutýan ugurlaryny we anyk başlangyçlaryny beýan etdi.

Milli Liderimiz täze görnüşli howply ýokanja garşy göreşmek hem-de onuň ýaýramagy netijesinde ýüze çykan durmuş-ykdysady täsirleri azaltmak meselesi barada aýdyp, bu ugurda dünýä bileleşiginiň tagallalarynyň ýeterlik däldigini belledi.

Şunuň bilen baglylykda, 76-njy mejlisiň barşynda şu aşakdaky halkara we sebit gurallaryny, ýagny: Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň koronawirus ýokanjynyň genomyny öwrenmek üçin ýörite maksatnamasyny düzmek; Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň öýken sowuklama keseline garşy göreşmek boýunça köptaraplaýyn guralyny ýola goýmak; Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň Ýiti ýokanç keselleri bejeriş we olaryň öňüni alyş usulyýet merkezini; Merkezi Aziýada Epidemiologiýa, wirusologiýa we bakteriologiýa sebit merkezini döretmek meselelerini öwrenmäge girişmek teklip edildi.

Türkmenistan pandemiýanyň ýaramaz ykdysady täsirini azaltmak bilen baglylykda, BMG-niň aýry-aýry ugurlar boýunça işini güýçlendirmegi zerur hasaplaýar. Hususan-da, adatdan daşary ýagdaýlar şertlerinde halkara ulag ulgamlaryny dikeltmegiň we olaryň durnuklylygyny pugtalandyrmagyň üstünde işjeň işlemek möhümdir.

Döwlet Baştutanymyz şu ýyl başlanylan ynanyşmak hem-de gatnaşyklar medeniýeti babatdaky dialogyň meseleleriniň dünýä jemgyýetçiliginiň üns merkezinde galmalydygyny we BMG-niň strategik gün tertibiniň hemişelik düzüm bölegi bolmalydygyny aýratyn nygtap, Merkezi Aziýada gepleşikler gurallaryny ösdürmek maksady bilen, Baş Assambleýanyň “Merkezi Aziýa sebitinde parahatçylygy, durnuklylygy we durnukly ösüşi üpjün etmek maksady bilen, sebit we halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak” atly Kararnamasynyň taslamasyny işläp taýýarlamagy teklip etdi.

Şunuň bilen bir hatarda, Merkezi Aziýa hem-de Hazar sebitinde halkara parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüşi saklap galmak meseleleriniň özara baglanyşyklydygyna hem-de aýrylmazdygyna göz ýetirmek bilen, Türkmenistan “Merkezi Aziýa — Hazar sebiti” atly parahatçylyk, ynanyşmak we hyzmatdaşlyk zolagyny döretmek hakyndaky teklip bilen çykyş edýär.

Döwlet Baştutanymyz biziň ýurdumyz Owganystanyň syýasy durnuklylygyna hem-de howpsuzlygyna, doganlyk owgan halkynyň abadançylygyna we jebisligine hemişe çuňňur gyzyklanma bildirýändigini we şeýle bolmagynda-da galýandygyny belledi. Şunda biz gapma-garşylyklaryň parahatçylykly, syýasy-diplomatik ýollar arkaly çözülmegine berk ygrarlydyrys diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow nygtady hem-de energetika, ulag we kommunikasiýa ulgamlarynda owgan tarapynyň gatnaşmagynda eýýäm başlanylan taslamalaryň üstünlikli tamamlanmagyny hem-de täze düzümleýin taslamalaryň durmuşa geçirilmegini berk ugur edinýändigimizi tassyklady.

Döwlet Baştutanymyz ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň möhüm ugurlarynyň hatarynda migrasiýa syýasatyny belläp, Türkmenistanyň BMG-niň Bosgunlaryň işi boýunça Ýokary komissarynyň Maksatnamasynyň Ýerine ýetiriji komitetiniň hemişelik agzasy bolmak bilen hem-de bu ugurdaky çylşyrymly ynsanperwer ýagdaýlaryň çözgüdi babatda ägirt uly tejribe toplap, bu ählumumy wezipäni çözmäge öz goşandyny goşmaga taýýardygyny tassyklady.

Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Döwlet migrasiýa gullugynyň binasynda Türkmenistanyň raýatlygyna kabul edilen adamlara pasportlary gowşurmak dabarasy boldy. Bu waka Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyzyň türkmen halkyna mahsus bolan hem-de täze taryhy döwürde mynasyp beýanyny tapýan ynsanperwerlik däplerine, ýörelgelerine hem-de hoşniýetli erk-islegine üýtgewsiz ygrarlydygynyň nobatdaky subutnamasyna öwrüldi. Şeýle hem hormatly Prezidentimiziň Kararyna laýyklykda, daşary ýurt raýatlarynyň uly toparyna Türkmenistanda ýaşamaga ygtyýarnamalar berildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň 25-nji sentýabrda paýtagtymyzyň Ruhyýet köşgünde geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisindäki çykyşy döwletimiziň we jemgyýetimiziň durmuşynda şanly waka boldy.

Milli Liderimiz çuňňur many-mazmunly çykyşynda Garaşsyzlyk ýyllarynda ýurdumyzda okgunly ösýän ykdysadyýetli häzirki zaman döwleti gurmak, adalatly raýat jemgyýetini berkarar etmek, adamlaryň durmuşy üçin oňyn şertleri döretmek boýunça alnyp barlan giň gerimli işlere ýokary baha berip, parahat söýüjilige hem-de netijeli halkara hyzmatdaşlyga esaslanýan daşary syýasatymyzyň ileri tutulýan ugurlaryny beýan etdi.

Taryh üçin gysga wagtyň içinde ösüşiň garaşsyzlyk ýoly bilen barýan Türkmenistan dünýäde uly abraý gazanan döwlete öwrüldi. Bu döwür içinde biziň demokratik hukuk we dünýewi döwletimiziň berk esaslary goýuldy, döwlet gurluşyny kesgitleýän Türkmenistanyň Konstitusiýasy kabul edildi, harby, hukuk goraýjy we milli howpsuzlyk edaralary düýpli özgerdildi. Milli goşun döredildi, milli pul dolanyşyga girizildi.

Berkarar Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 30 ýylynyň içinde ýurdumyzyň ykdysadyýetine goýlan iri maýa goýumlarynyň möçberi 200 milliard amerikan dollaryndan hem geçdi. Bu serişdeleriň 60 göterimden hem köpüsi senagat pudagyny ösdürmäge gönükdirildi. Daşary ýurt maýa goýumlarynyň paýy onuň umumy möçberiniň 15 göterimine golaýlaýar.

«Adam maýasyna», ylym-bilim, saglygy goraýyş ulgamlaryna hem köp serişdeler goýberildi.

Häzirki döwürde ýurdumyzda umumy bahasy 37 milliard amerikan dollaryndan hem gowrak bolan 2,5 müňe golaý iri desganyň gurluşygy alnyp barylýar. «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna» laýyklykda, şäher we oba ýerleriniň üpjünçilik ulgamlaryny ösdürmek, ýurdumyzy senagat taýdan ösen döwlete öwürmek, ulag-logistika üpjünçilik ulgamlaryny döretmek boýunça zerur işler alnyp barylýar.

Ýurdumyzyň ykdysadyýetini mundan beýläk-de ösdürmek üçin ykdysadyýetiň pudaklaryny düýpli diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek, ýokary we ekologiýa taýdan arassa tehnologiýalara esaslanýan gaýtadan işleýän önümçilik pudaklaryny ösdürmäge ýardam etmek, döwlet emlägini dolandyrmagyň görnüşlerini we usullaryny düýpli gowulandyrmak möhümdir diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi.

Mejlisde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllyk şanly baýramy mynasybetli işde tapawutlanan raýatlarymyzy döwlet sylaglary bilen sylaglamak hakynda Permanlaryň birnäçesine gol çekdi.

Şeýle hem döwlet Baştutanymyz nobatdaky kitabyny ýazyp gutarandygyny hem-de ony «Garaşsyzlyk — bagtymyz» diýip atlandyrandygyny aýtdy. Kitap Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllyk şanly baýramyna ajaýyp sowgat boldy.

Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, Garaşsyzlyk hiç zat bilen ölçäp bolmaýan beýik düşünjedir, döwletimiziň, halkymyzyň agzybirliginiň we bitewüliginiň berk esasydyr. Çuň manyly bu sözde merdana ata-babalarymyzyň erkin, bagtyýar durmuş baradaky arzuw-islegleri, şöhratly geçmişimiz, şu günümiz hem-de mähriban Watanymyzyň beýik geljegi beýan edilýär.

Halk Maslahatynyň mejlisi tamamlanandan soň, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa Milli Geňeşiň Mejlisiniň Kararyna laýyklykda, «Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we ýadygärlik nyşany bolan Altyn şaý milli manadymyzy gowşurmak dabarasy boldy.

Milli Liderimiz bu sylaglara Watanymyzyň Garaşsyzlygyny pugtalandyrmakda, ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny we halkara abraýyny artdyrmakda, döwlet gurluşyny kämilleşdirmekde, dünýä ülňülerine laýyk gelýän konstitusion özgertmeleri amala aşyrmakda, raýat jemgyýetiniň edaralaryny ösdürmekde, ylmy, bilimi, medeniýeti, sungaty, saglygy goraýşy, ýurdumyzyň durmuşynyň beýleki ugurlaryny yzygiderli ösdürmek boýunça döwlet maksatnamalaryny durmuşa geçirmekde bitiren aýratyn hyzmatlary üçin mynasyp boldy.

Geçen hepdede hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň sanly ulgam arkaly geçiren Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde Garaşsyzlygyň 30 ýylynda ýurdumyzy ösdürmegiň jemleri, Watanymyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň mümkinçilikleri bilen bagly bolan möhüm meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Giňişleýin mejlise Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň ýolbaşçylary, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň agzalary, Aşgabat şäheriniň hem-de welaýatlaryň häkimleri gatnaşdylar.

Milli Liderimiz Garaşsyzlyk ýyllarynda mähriban halkymyzyň jebisligi, agzybirligi, ägirt uly döredijilik we zähmet başlangyçlary hem-de ýurdumyzyň uly kuwwata eýe bolmagy netijesinde ata Watanymyzyň uly üstünlikleri gazanandygyny belledi.

Hökümetiň mejlisinde döwlet Baştutanymyz beýik ata-babalarymyzyň rehimdarlyk we ynsanperwerlik ýörelgelerinden ugur alyp, Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk şanly baýramy mynasybetli günä geçmek hakynda Permanlara gol çekdi. Olara laýyklykda iş kesilen raýatlarymyzyň 2058-si we daşary ýurtly raýatlaryň 6-sy jeza çekmekden boşadyldy.

Şeýle hem milli Liderimiz VI Hazar sammitini, Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza döwletleriň döwlet Baştutanlarynyň 15-nji duşuşygyny hem-de “Parahatçylyk we ynanyşmak syýasaty — halkara howpsuzlygyň, durnuklylygyň we ösüşiň binýady” atly halkara maslahaty geçirmek boýunça Guramaçylyk toparlaryny döretmek hakyndaky Kararlara gol çekdi.

Şeýle hem geçen hepdede hormatly Prezidentimiz Buýruga gol çekip, Türkmenistanyň Prezidentiniň ätiýaçlyk gorundan 10 sany “Mercedes-Benz Sprinter 224 Panel” kysymly awtoulagy Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň hasabyna gullukda ulanmak üçin bellenen tertipde muzdsuz bermegi tabşyrdy.

Döwlet Baştutanymyzyň gol çeken Kararlaryna laýyklykda, Aşgabat şäherinde Halkara sagaldyş-dikeldiş merkezi hem-de Halkara fiziologiýa ylmy-kliniki merkezi bina ediler. Olary döwrebap lukmançylyk enjamlary, ätiýaçlyk şaýlary we sarp ediş serişdeleri bilen üpjün etmek, hünärmenleri ýörite taýýarlamak, ýanaşyk ýerlerini abadanlaşdyryp gurmak barada Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi “Gap Inşaat Ýatyrym we Dyş Tijaret A.Ş.” türk kompaniýasy bilen şertnama baglaşar.

Şeýle hem Aşgabat şäheriniň gulluklarynyň binasyny muzdsuz gurup bermegi barada türk potratçysy bilen ylalaşyk gazanyldy.

26-njy sentýabrda paýtagtymyzda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň Garaşsyzlyk baýramy mynasybetli dabaralara gatnaşmak üçin ýurdumyza gelen Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Prezidenti Rustam Minnihanow bilen duşuşygy boldy.

Duşuşygyň dowamynda Türkmenistan bilen RF-iň Tatarystan Respublikasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek üçin açylýan täze mümkinçilikler barada pikir alşyldy.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow netijeli ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak işinde Tatarystanyň Baştutanynyň hyzmatlaryny belläp, Prezident Rustam Minnihanowy Türkmenistanyň “Garaşsyzlyk” ordeni bilen sylaglady hem-de şu günki wakanyň biziň halklarymyzyň arasyndaky dostluk gatnaşyklarynyň, özara hormat goýmagyň we ynanyşmagyň mizemezliginiň aýdyň subutnamasydygyny nygtady.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Sankt-Peterburgyň (Russiýa Federasiýasy) gubernatory Aleksandr Beglow, “Bouygues” fransuz kompaniýasynyň baştutany Marten Buig, “Çalyk Holding” kompaniýalar toparynyň dolandyryjylar geňeşiniň ýolbaşçysy Ahmet Çalyk bilen geçiren duşuşyklarynyň barşynda dürli ulgamlarda özara bähbitli hyzmatdaşlygyň şu günki ýagdaýy hem-de ony has-da ösdürmegiň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy. Myhmanlar Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy mynasybetli dabaralara gatnaşmak üçin Aşgabada geldiler.

Şol gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyzda gurlan hem-de sebitde deňi-taýy bolmadyk “Aşgabat” diýlip atlandyrylan binalar toplumynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy.

Taslamasy “Beýik bina” hususy kärhanasy tarapyndan amala aşyrylan täze desganyň eýeleýän meýdany, şol sanda onuň abadanlaşdyrylan çäkleri 8 gektara barabardyr. Bu ýerde 4 gatly söwda-dynç alyş merkezi, 6 gatly işewürlik merkezi hem-de döwrebap ýaşaýyş jaý toplumy, toý dabaralaryny geçirmek üçin 800 orunlyk iki gatly zal bar. Toplumyň düzümine 708 orunlyk ýerasty awtoduralga, awtoýuwalga hem-de ýeňil awtoulaglara hyzmat edýän merkezleri, kafe, inženerçilik desgalary, çüwdürim, estakada köprüsi, uzynlygy 309 metr bolan emeli akaba girýär. Şeýle hem seýilgäh zolagy döredildi.

Söwda merkeziniň 65 müň inedördül metrden gowrak çäginde dürli dükanlaryň 240-dan gowragy, supermarket, bedenterbiýe hem-de medeni-sagaldyş toplumy, kafe we fud-kortlar, gözellik salonlary we dellekhanalar, çagalar üçin oýun meýdançalary, bilýard, bouling-zal, kinoteatr, buzly meýdança, dynç alyş we attraksionlar bölümi ýerleşdirildi.

Ýaşaýyş toplumy 11 gatly iki binadan, 14 gatly iki binadan hem-de 17 gatly bir binadan ybaratdyr. Üç, dört we ýedi otagly, ähli amatlyklary bolan öýlerde giň myhman otaglary, ýatylýan rahat otaglar, döwrebap durmuş tehnikasy bilen üpjün edilen aşhanalar, eýwanlar hem-de kömekçi jaýlar bar. Awtoulaglar üçin ýerasty duralga hem ýaşaýjylaryň ygtyýarynda.

Hormatly Prezidentimiz 17 gatly döwrebap ýaşaýyş jaýyndaky öýleriň birine bardy hem-de öý eýeleri bilen söhbetdeşlikde otaglaryň ýerleşişi hem-de abadanlaşdyrylyşy bilen gyzyklandy. Milli Liderimiz şanly waka mynasybetli jaý toýuny toýlaýanlara gymmat bahaly sowgatlary gowşuryp, olara maşgala bagtyýarlygyny arzuw etdi.

Şu günki dabaranyň çäklerinde milli Liderimiziň hem-de daşary ýurtly myhmanlaryň gatnaşmagynda Aşgabat şäheriniň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllygy mynasybetli medeniýet we sungat işgärleriniň arasynda yglan edilen bäsleşigiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy geçirildi.

Döwlet Baştutanymyz Söwda-dynç alyş merkeziniň eýwanlarynyň birinde dabara sanly ulgam arkaly gatnaşýan halkara guramalaryň wekilleriniň çykyşlaryny diňledi. Olar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy hem-de türkmenistanlylary Garaşsyzlyk güni bilen gutladylar we paýtagtymyzdaky täze “Aşgabat” toplumynyň özboluşlylygyny, onuň gurluşygynda binagärçilik hem-de inženerçilik pikirleriniň öňdebaryjy gazananlarynyň ulanylandygyny bellediler.

Germaniýanyň “German Council” söwda merkezleriniň geňeşiniň adyndan täze Söwda-dynç alyş merkezine “Ýokary tehnologiýa esaslanyp gurlandygy” baradaky güwänamanyň, «Docklands» ylmy-barlag akademiýasynyň (London) “Certificate of Excellence 2021” güwänamasynyň, Awstriýanyň “Vorarlberger” binagärlik institutynyň “Özboluşly dizaýn” güwänamasynyň gowşurylandygy, şeýle hem bu merkeziň Söwda merkezleriniň halkara geňeşiniň (ICSC) agzalygyna kabul edilendigi habar berildi.

Döwlet Baştutanymyz täze merkeziň işiniň döwrüň talaplaryna laýyk guraljakdygyna, şeýle hem telekeçilik düzümleriniň mundan beýläk-de kämilleşdiriljekdigine ynam bildirdi we Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň başlygyna häzirki zaman ýeňil awtoulaglarynyň 30-synyň açarlaryny dabaraly ýagdaýda gowşurdy.

Baýramçylygyň öň ýanynda paýtagtymyzda Garaşsyz Türkmenistany durmuş-ykdysady taýdan ösdürmäge, onuň halkara abraýyny artdyrmaga uly goşant goşan halk hojalygynyň dürli pudaklarynda tapawutlanan işgärlerine, döredijilik işgärlerine ýokary döwlet sylaglaryny gowşurmak dabarasy boldy.

Türkmenistanyň Garaşsyzlygyna bagyşlanyp geçirilýän sergi milli ykdysadyýetimizde we durmuş ulgamyndaky oňyn özgertmeleriň netijesinde gazanylýan üstünlikleriň, rowaçlygyň we abadançylygyň ýoly bilen ynamly öňe barýan halkymyzyň egsilmez döredijilik kuwwatynyň aýdyň subutnamasy boldy.

Sergä ýurdumyzyň halk hojalyk toplumynyň ähli ulgamlaryna wekilçilik edýän esasy döwlet düzümleri we hususy ulgamyň kärhanalary gatnaşýarlar. Köp sanly diwarlyklarda ykdysadyýetiň hem-de durmuş ulgamynyň binýatlaýyn pudaklarynyň ösüşiniň depgini görkezildi. Innowasion tehnologiýalara we nou-haulara aýratyn üns berilýär. Şonuň netijesinde daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan hem-de eksport ugurly önümleri öndürmek boýunça wezipeler üstünlikli çözülýär.

Geçen hepdäniň wakalary hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň baştutanlygynda amala aşyrylýan we Türkmenistanyň dünýä bileleşigi bilen syýasy gatnaşyklaryny çuňlaşdyrmaga, halkara hyzmatdaşlygyny giňeltmäge, Diýarymyzyň ykdysady kuwwatyny pugtalandyrmaga, mähriban halkymyzyň durmuş-ýaşaýyş derejesini ýokarlandyrmaga gönükdirilen döwlet syýasatynyň parasatlydygyny hem-de netijelidigini görkezdi.

Soňky habarlar
20.12
2024-nji ýylyň noýabry: Türkmenistanyň Prezidentiniň daşary syýasy başlangyçlaryndan ugur alyp
19.12
Türkmenistanyň Prezidentiniň we Malaýziýanyň Premýer-ministriniň arasynda gepleşikler geçirildi
19.12
Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Malaýziýa resmi saparynyň jemleri boýunça Türkmenistanyň we Malaýziýanyň arasynda BILELIKDÄKI BEÝANNAMA
19.12
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Malaýziýa resmi saparynyň jemleri boýunça metbugat maslahatyndaky çykyşy
19.12
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy IIM-niň Awtomobil sport toplumynyň desgalarynyň taslamalary bilen tanyşdy
18.12
Türkmenistanyň Prezidentiniň Malaýziýa resmi sapary başlandy
18.12
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hat
18.12
Türkmenistanyň Prezidentiniň «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly kitaby ýapon dilinde neşir edildi
18.12
Sanly tehnologiýalar dünýäni özgerdýär
18.12
Türkmenistanyň Prezidenti Katar Döwletiniň Emirini gutlady
top-arrow