Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllygynyň hormatyna guralýan dabaralaryň çäklerinde, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň agzalaryna döwlet sylaglaryny, nobatdaky harby we ýörite atlary dakmak hem-de hünär derejelerini bermek dabarasyna gatnaşdy. Dabaranyň dowamynda hormatly Prezidentimize “Türkmen edermen” medaly hem-de “Garaşsyz Türkmenistanyň Watan goragçysy” atly ýubileý medaly gowşuryldy.
Şu gün ata Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 30 ýyllyk baýramy mynasybetli Halkara ahalteke atçylyk sport toplumynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda dabaralar geçirildi.
Şu gün Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy mynasybetli Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça harby gullukçylara hem-de ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň işgärlerine ýokary döwlet sylaglaryny gowşurmak dabarasy boldy.
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow “Yug-Neftegaz Private Limited” (Singapur) kompaniýasynyň direktory Igor Burkinskini kabul etdi.
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow “Altkom” maliýe-senagat toparynyň başlygy Aleksandr Tislenkony kabul etdi, ol Türkmenistanyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy mynasybetli dabaralara gatnaşmak üçin ýurdumyza geldi.
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy mynasybetli guralýan dabaralara gatnaşmak üçin daşary ýurtly myhmanlaryň hatarynda ýurdumyza gelen “Interbudmontaž” gurluşyk assosiasiýasynyň müdiriýetiniň başlygy Wladimir Petrugy kabul etdi.
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Amerikanyň “John Deere” kompaniýasynyň oba hojalyk we bagçylyk-park bölüminiň ýolbaşçysy Markwart fon Pentsi kabul etdi. Myhman Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllyk baýramy mynasybetli guralan dabaralara gatnaşmak üçin ýurdumyza geldi.
Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Gurbanguly Mälikgulyýewiç Berdimuhamedowy Türkmenistanyň «Türkmen edermen» medaly bilen sylaglamak hakynda
Türkmenistanyň döwlet Garaşsyzlygyny berkitmekde we gorap saklamakda, goranmak kuwwatyny pugtalandyrmakda, raýatlaryň howpsuzlygyny we asudalygyny, kanunylygy hem-de hukuk tertibini üpjün etmekde, Watan goragçylaryny mertlik we watansöýüjilik ruhunda terbiýelemekde bitiren hyzmatlary üçin, şeýle hem Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllyk şanly baýramy mynasybetli dabaraly harby ýörişi ýokary derejede guramaçylykly geçirmäge goşan uly şahsy goşantlaryny nazara alyp, karar edýärin:
Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň 71-nji maddasynyň 15-nji bendine laýyklykda, karar edýärin: