Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa
Hormatly Gurbanguly Mälikgulyýewiç!
Milli baýramçylyk — Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglarymy kabul ediň.
Türkmenistan Bitaraplyk ýörelgesinden ugur alyp, halkara durnuklylygyň we howpsuzlygyň üpjün edilmegine uly goşant goşmak arkaly parahatçylyk söýüjiligiň we hoşniýetli goňşuçylygyň nusgasy bolup durýar.
Minsk bilen Aşgabadyň arasyndaky taryhy taýdan kemala gelen dostlukly aragatnaşyklaryň netijeli syýasy, ykdysady we ynsanperwer hyzmatdaşlygy has-da ösdürmek üçin ygtybarly esas bolup hyzmat etjekdigine ynanýaryn.
Şu dabaraly pursatdan peýdalanyp, Belarus Respublikasynyň Türkmenistan bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy giňeltmäge taýýardygyny tassyklaýaryn hem-de hormatly Gurbanguly Mälikgulyýewiç, Size berk jan saglyk, täze üstünlikleri we tutumly işleri, Türkmenistanyň halkyna bolsa tüýs ýürekden abadançylyk hem-de rowaçlyk arzuw edýärin.
Hormatlamak bilen,
Aleksandr Lukaşenko,
Belarus Respublikasynyň Prezidenti.
* * *
Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa
Siziň Alyhezretiňiz!
Ukrainanyň halkynyň adyndan we hut öz adymdan Türkmenistanyň Bitaraplyk baýramy hem-de Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglarymy kabul ediň.
Türkmenistanyň halkara abraýynyň mundan beýläk-de artjakdygyna ynanýaryn. Türkmenistanyň başlangyjy boýunça BMG-niň Baş Assambleýasynda 2021-nji ýyly «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýip yglan etmek baradaky Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi Siziň ýurduňyzyň dünýäde howpsuzlygy we durnuklylygy pugtalandyrmak boýunça işjeň ornuna giň goldaw berilýändigine şaýatlyk edýär.
Biz ýurtlarymyzyň arasyndaky gatnaşyklary işjeňleşdirmäge bil baglaýarys. Munuň özi ukrain-türkmen hyzmatdaşlygy özara gyzyklanma bildirilýän ugurlarda giňeltmäge ýardam berer.
Pursatdan peýdalanyp, Siziň Alyhezretiňize berk jan saglyk we egsilmez güýç-kuwwat, türkmen halkyna bolsa abadançylyk we rowaçlyk arzuw edýärin!
Hormatlamak bilen,
Wladimir Zelenskiý,
Ukrainanyň Prezidenti.
* * *
Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa
Siziň Alyhezretiňiz, hormatly jenap Prezident!
BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň adyndan we öz adymdan Sizi hem-de Türkmenistanyň halkyny şanly baýramçylyk — Halkara Bitaraplyk güni bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn.
Şu ýyl döwletiň esasy baýramlarynyň biri Türkmenistanyň başlangyjy bilen BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilen ýylda bellenilýär.
BMG-niň Baş Assambleýasynyň Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly hakynda möhüm Kararnamany kabul etmegi halkara bileleşik tarapyndan dünýäde Türkmenistanyň abraýynyň hem-de onuň sebitde we dünýäde parahatçylygy, howpsuzlygy, durnukly ösüşi ilerletmek babatda alyp barýan parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasatynyň ykrar edilmegi bolup durýar.
1995-nji ýylyň 12-nji dekabry — bu sene türkmen halkynyň taryhyna altyn harplar bilen ýazyldy. 26 ýyl mundan öň BMG-niň Baş Assambleýasynyň 50-nji ýubileý mejlisinde “Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy” atly Kararnamanyň kabul edilmegi taryhy waka bolup, ol Bitarap döwlet hökmünde Türkmenistanyň ösüşiniň taryhynda aýgytlaýjy döwri alamatlandyrdy.
Häzir biz Türkmenistanyň Bitaraplygynyň syýasy, ykdysady, ekologiýa, ynsanperwer we energetika meselelerini çözmek işinde beýleki döwletler hem-de halkara guramalar bilen hyzmatdaşlygyň ösüşine oňyn täsir edýän ýagdaý bolup durýandygyny görýäris.
Mundan başga-da, Türkmenistanyň Bitaraplyk derejesi Birleşen Milletler Guramasynyň tutuş sebitde parahatçylygy we durnuklylygy üpjün etmäge gönükdirilen wezipelerini üstünlikli amala aşyrmaga ýardam edýär.
Biziň merkezimiz sebitde parahatçylygyň we durnuklylygyň bähbidine ýokary derejedäki gatnaşyklary ýola goýmakda türkmen döwletiniň sebitleýin hem-de halkara hyzmatdaşlygy giňeltmäge tarap ädýän aýgytly ädimlerini giňden goldaýar. Ýakynda geçirilen Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň üçünji konsultatiw duşuşygy, Siziň başlyklyk etmegiňizde guralan Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň 15-nji sammiti ýaly ýokary derejedäki çäreler, şeýle hem olaryň netijeleri boýunça kabul edilen jemleýji resminamalar munuň aýdyň subutnamasyna öwrüldi. Şol möhüm wakalar bilelikdäki ileri tutulýan ugurlarda sebit hem-de halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak işine Türkmenistanyň ygrarlydygyny nobatdaky gezek äşgär etdi.
Terrorçylyga, neşeleriň bikanun dolanyşygyna garşy göreşmek, serhetüsti suw serişdelerini dolandyrmak, gender deňligi hem-de öňüni alyş diplomatiýasynda ýaşlaryň we zenanlaryň ornuny giňeltmek ýaly esasy ugurlarda bilelikdäki başlangyçlarymyzy amala aşyrmakda hem sebit hyzmatdaşlygynyň oňyn täsiri aýdyň bolýar.
BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň hem-de Bitarap Türkmenistanyň arasyndaky netijeli gatnaşyklaryň sebiti howpsuzlygyň we durnukly ösüşiň zolagyna öwürmek maksady bilen, Merkezi Aziýada durnuklylygy saklamagyň bähbidine geljekde hem pugtalandyryljakdygyna berk ynanýaryn.
Çuňňur hormatlanylýan Gurbanguly Mälikgulyýewiç, Sizi Halkara Bitaraplyk güni, Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň netijeli jemlenmegi bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn!
Şu pursatdan peýdalanyp, Sizi ýetip gelýän täze — 2022-nji ýyl bilen gutlaýaryn hem-de Size täze üstünlikleri, berk jan saglygyny, maşgalaňyza, dogan-garyndaşlaryňyza abadançylyk, Türkmenistanyň halkyna bolsa parahatçylyk we rowaçlyk arzuw edýärin.
Tüýs ýürekden hormatlamak bilen,
Natalýa German,
Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretarynyň Merkezi Aziýa boýunça Ýörite wekili, BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň ýolbaşçysy.
* * *
Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa
Çuňňur hormatlanylýan Gurbanguly Mälikgulyýewiç!
Sizi Halkara Bitaraplyk güni bilen gutlaýaryn.
Bitaraplyk türkmen halkynyň hoşniýetliligini we parahatçylyk söýüjiligini alamatlandyryp, döwletiň ählumumy howpsuzlyga hem-de durnuklylyga, dünýä ýurtlary we halkara guramalar bilen özara bähbitli hyzmatdaşlyga gyzyklanma bildirýändigini görkezýär. Türkmenistanyň saýlap alan bu taryhy ýoly dünýä bileleşiginde ýokary baha mynasyp boldy.
Russiýa Federasiýasynyň Astrahan oblastynyň hem-de Türkmenistanyň arasyndaky däbe öwrülen ynanyşmak we dostlukly gatnaşyklaryň halklarymyzyň bähbidine mundan beýläk-de ösdüriljekdigine ynanýaryn.
Şu baýramçylyk güni Size hem-de Türkmenistanyň halkyna tüýs ýürekden parahatçylyk, hoşniýetlilik, abadançylyk we rowaçlyk arzuw edýärin.
Size belent hormatym baradaky ynandyrmalarymy kabul ediň!
Igor Babuşkin,
Russiýa Federasiýasynyň Astrahan oblastynyň gubernatory.
* * *
Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa
Hormatly jenap Prezident, gadyrly doganym!
Siziň Alyhezretiňizi we doganlyk türkmen halkyny Türkiýe Respublikasynyň halkynyň adyndan hem-de hut öz adymdan 12-nji dekabrda bellenilýän Bitaraplyk güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaýaryn.
2021-nji ýylyň 27-28-nji noýabrynda Türkmenistana bolan döwlet saparymyň dowamynda we Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň sammitinde maňa hem-de Türkiýäniň wekiliýetine görkezilen myhmansöýerlik üçin ýene-de bir gezek hoşallyk bildirýärin.
BMG-niň Baş Assambleýasynda 1995-nji ýylyň 12-nji dekabrynda Türkiýe tarapyndan hem goldanylan hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesine eýe bolandan soňra, Türkmenistan beýleki döwletler bilen gatnaşyklaryny has-da pugtalandyrdy we sebitde durnuklylygyň hem-de abadançylygyň üpjün edilmegine uly goşant goşdy.
Türkiýe geljekde-de umumy taryhy, medeni gymmatlyklary bolan Türkmenistany hem-de onuň 26 ýyl bäri üstünlikli amala aşyrýan Bitaraplyk derejesini goldar.
Gadyrly doganym, pursatdan peýdalanyp, Siziň Alyhezretiňize berk jan saglyk hem-de bagt, Türkmenistanyň doganlyk halkyna bolsa rowaçlyk we ösüş arzuw edýärin!
Rejep Taýyp Ärdogan,
Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti.