Şu gün paýtagtymyzda ýurdumyzyň Baş arçasynyň yşyklaryny ýakmak dabarasy geçirildi. Bu dabara, adatça, Täze ýyl baýramynyň öň ýanynda geçirilýär.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Gazagystan Respublikasynyň ilkinji Prezidenti — Ýelbasy Nursultan Nazarbaýewe Gazagystan Respublikasynyň Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygy mynasybetli mähirli gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Gazagystan Respublikasynyň Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygy mynasybetli Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewe mähirli gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny ýollady.
Türkmenistandan goňşy Owganystana azyk, dokma we hojalyk harytlaryndan hem-de nebit önümlerinden ybarat ynsanperwerlik kömegi ýetirildi.
Geçen hepde Türkmenistan Halkara Bitaraplyk gününi hem-de Birleşen Milletler Guramasynyň Kararnamalary bilen iki gezek berkidilen hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesine eýe bolmagynyň 26 ýyllygyny belledi. Bu şanly waka hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň türkmen halkynyň taryhyň dowamynda eýerip gelýän parahatçylyk söýüjilik, başgalaryň garaýyşlaryna sarpa goýmak hem-de ynsanperwerlik ýaly beýik ýörelgelerine esaslanýan netijeli daşary syýasat strategiýasynyň dabaralanmagynyň nyşany boldy. Watanymyzyň hemişelik Bitaraplygy halkara syýasatda netijeli şert hökmünde ykrar edilip, häzirki döwrüň ýagdaýlaryna mahsusdygyny, wajypdygyny hem-de ählumumy ösüşiň esasy ugurlaryna kybap gelýändigini subut etdi.
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Prezidenti Jozef Baýdene ýurduň Kentukki ştatynda bolup geçen, köp sanly şikes ýetmelere we ýitgilere getiren güýçli harasat zerarly, gynanç hatyny iberdi.
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 103-si hasaba alyndy.
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Seýed Ebrahim Raisiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy.
Sizi ýurdumyzda her ýyl uly dabara bilen bellenilýän hünär baýramyňyz — Türkmenistanyň nebitgaz senagaty we geologiýa işgärleriniň güni bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn.
Şu gün türkmenistanlylar Halkara Bitaraplyk gününi hem-de Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy hakyndaky Kararnamasyny kabul etmeginiň 26 ýyllygyny belleýärler.