Geçen hepde Türkmenistan Halkara Bitaraplyk gününi hem-de Birleşen Milletler Guramasynyň Kararnamalary bilen iki gezek berkidilen hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesine eýe bolmagynyň 26 ýyllygyny belledi. Bu şanly waka hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň türkmen halkynyň taryhyň dowamynda eýerip gelýän parahatçylyk söýüjilik, başgalaryň garaýyşlaryna sarpa goýmak hem-de ynsanperwerlik ýaly beýik ýörelgelerine esaslanýan netijeli daşary syýasat strategiýasynyň dabaralanmagynyň nyşany boldy. Watanymyzyň hemişelik Bitaraplygy halkara syýasatda netijeli şert hökmünde ykrar edilip, häzirki döwrüň ýagdaýlaryna mahsusdygyny, wajypdygyny hem-de ählumumy ösüşiň esasy ugurlaryna kybap gelýändigini subut etdi.
Bitaraplyk dünýäniň abadançylygyna, döwletleriň we halklaryň arasynda parahatçylygyň, dostlugyň hem-de hoşniýetli gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagyna, adamzadyň bagtly geljegine gönükdirilen taglymatdyr diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Halkara Bitaraplyk güni hem-de Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy barada Kararnamany kabul etmeginiň 26 ýyllygy mynasybetli Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň halkyna iberen Gutlagynda bellenilýär.
12-nji dekabrda paýtagtymyzdaky baýramçylyk çäreleriniň çäklerinde, milli Liderimiziň gatnaşmagynda türkmen halkynyň parahatçylyk söýüjilik, hoşmeýillilik we ynsanperwerlik ýaly beýik ýörelgelerini alamatlandyrýan Bitaraplyk binasyna gül goýmak dabarasy boldy.
Kabul ediş merkezinde geçirilen dabara Arkadag Prezidentimiziň gatnaşmagy onuň ähmiýetini has-da artdyrdy.
Biz häzirki döwrümiziň nyşanlaryny müňýyllyklary aşyp gelýän milli gymmatlyklarymyz bilen baglanyşdyrýarys. Türkmen Bitaraplygynyň milli köklerini yzarlap, türkmençilik ýol-ýörelgeleri, ilimiz, milletimiz, şöhratly taryhymyz dogrusynda oýlananyňda hem aýdara zat örän kändir diýip, milli Liderimiz nygtady.
Ylalaşyk, birek-birege hormat goýmak, ynsanperwerlik, wepadarlyk, edermenlik ýaly häsiýetler ata-babalarymyzdan biziň damarlarymyza, süňňümize, aňyýetimize ornan häsiýetlerdir. Döwlet Baştutanymyz şunuň ýaly asylly ýörelgeleriň türkmen Bitaraplygynyň özenini düzýändigini, onuň düýp manysynyň bolsa, asudalygy, parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüşi üpjün etmekden ybaratdygyny belläp, Bitaraplyk derejesine esaslanýan parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk syýasatynyň ýurdumyzda, sebitde we bütin dünýäde giňden wagyz edilmegine zerur ähmiýet berilýändigini nygtady.
Dabaranyň dowamynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow “Ýaşasyn parahat durmuş!” atly täze goşgy döredendigini habar berdi. Şygryň sözleri ähli adamzada dünýäde parahatçylygy, abadançylygy we bagtyýarlygy berkarar etmäge çagyryş bolup ýaňlanýar.
Dabara baýramçylyk konserti bilen dowam etdirildi we onuň barşynda milli Liderimiziň zehininden dörän aýdymlar hem ýerine ýetirildi.
Ýurdumyzyň diplomatik gullugynyň wekilleriniň hem-de döredijilik işgärleriniň gutlag sözleri aýdym-sazly çykyşlaryň üstüni ýetirdi. Olar dabara gatnaşyjylary we tutuş türkmen halkyny Halkara Bitaraplyk güni bilen tüýs ýürekden gutladylar. Çykyşlarda bellenilişi ýaly, ýurdumyzyň Bitaraplyk derejesi parahatçylyk we ynanyşmak syýasatyny has-da dabaralandyrmaga, howpsuzlygyň, durnuklylygyň we ösüşiň binýadyny pugtalandyrmaga oňyn täsirini ýetirýär.
Sungat ussatlarynyň konserti Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde hem boldy. Halkara Bitaraplyk güni hem-de Türkmenistanyň Bitaraplyk hukuk derejesine eýe bolmagyň 26 ýyllygy mynasybetli baýramçylyk çäreleri ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda geçirildi.
Şanly wakanyň öňüsyrasynda paýtagtymyzyň Maslahatlar merkezinde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda diňe bir geçen hepdäniň däl, eýsem, tutuş 2021-nji ýylyň esasy wakalarynyň birine öwrülen “Parahatçylyk we ynanyşmak syýasaty — halkara howpsuzlygyň, durnuklylygyň we ösüşiň binýady” atly halkara maslahat geçirildi. Maslahata Milli Geňeşiň Mejlisiniň we Halk Maslahatynyň ýolbaşçylary, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, ýurdumyzyň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary, Diýarymyzyň we daşary ýurtlaryň diplomatlary — Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky diplomatik wekilhanalarynyň, şeýle hem daşary döwletleriň hem-de abraýly halkara guramalaryň, jemgyýetçilik guramalarynyň we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri ýygnandylar.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow öz çykyşynda häzirki döwrüň ýagdaýlaryna hem-de halkymyzyň köpasyrlyk tejribesine berk daýanýan türkmen Bitaraplygynyň özboluşlylygy barada aýdyp, hut Bitaraplygyň sebitde parahatçylygy we howpsuzlygy üpjün etmegiň ygtybarly kepili bolup hyzmat edýändigini, halkara ykdysady we syýasy işleriň oňyn ösüşine täsir edýän möhüm ähmiýetli şert hökmünde çykyş edýändigini nygtady.
Biz Türkmenistanyň Bitaraplygyna giň, netijeli halkara hyzmatdaşlygyň, bar bolan meseleleri we gapma-garşylyklary parahatçylykly, syýasy-diplomatik serişdeler arkaly, gepleşikler stolunyň başynda kadalaşdyrmaga we çözmäge oňyn täsir etmegiň şerti hökmünde garaýarys diýip, milli Liderimiz aýtdy.
Häzirki şertlerde anyk kesgitlenen syýasy ölçeglere, sagdyn, oňyn pragmatizme, umumy ykrar edilen hem-de hemmelere düşnükli bolan adamzat gymmatlyklaryna esaslanýan halkara gatnaşyklaryň täze filosofiýasynyň kemala getirilmegine mätäçlik çekýändigimize ynanýaryn. Men şeýle filosofiýany “Dialog — parahatçylygyň kepili” diýip atlandyrardym diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow nygtady we hemmeleri onuň amala aşyrylmagynyň üstünde bilelikde pikirlenmäge çagyrdy.
Forumda şeýle hem Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň baş sekretary Husraw Noziri, Türki Döwletleriň Guramasynyň Baş sekretary Bagdad Amreýew, Türki medeniýetiň halkara guramasynyň Baş sekretary Dýusen Kaseinow (TÜRKSOÝ), BMG-niň Baş sekretarynyň Merkezi Aziýa boýunça Ýörite wekili, BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň ýolbaşçysy hanym Natalýa German, BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysy Dmitriý Şlapaçenko, ÝHHG-niň Aşgabatdaky merkeziniň ýolbaşçysy, ilçi Jon MakGregor çykyş etdiler.
Foruma gatnaşyjylar geçen 26 ýylyň dowamynda ýurdumyzyň oňyn Bitaraplygynyň sebitleýin hem-de ählumumy parahatçylyga we durnuklylyga ýardam edip, beýleki döwletlere görelde bolandygyny biragyzdan bellediler. Häzirki wagtda Bitaraplyk Türkmenistanyň we tutuş sebitiň ösüşi üçin oňyn şertleri döretmäge saldamly goşant goşmagyny dowam edýär.
Çykyş edenler Bitarap Türkmenistany hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň 2021-nji ýyly “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýip yglan etmek baradaky başlangyjynyň üstünlikli amala aşyrylmagy bilen gutlap, bu deňi-taýy bolmadyk başlangyjyň durnukly parahatçylygy, raýdaşlygy we sazlaşygy gazanmak maksady bilen, deňhukukly gatnaşyklary kämilleşdirmäge we halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga ýardam edendigine berk ynam bildirdiler.
Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary Antoniu Guterrişiň foruma gatnaşyjylara iberen gutlagynda hem halkara parahatçylygy we durnuklylygy üpjün etmek boýunça BMG-niň işine Türkmenistanyň möhüm goşant goşýandygy bellenildi.
Maslahatyň umumy mejlisi tamamlanandan soňra, köptaraply namalaryň 26-syndan ybarat resminamalaryň uly toplumyna gol çekmek dabarasy boldy.
Mowzuklaýyn plenar mejlisleriň üçüsine abraýly halkara guramalaryň we sebit düzümleriniň köpüsiniň ýolbaşçylary hem-de wekilleri sanly ulgam arkaly gatnaşdylar. Mejlisleriň “Parahatçylygy we ynanyşmak syýasatyny öňe sürmekde bitaraplygyň we öňüni alyş diplomatiýasynyň ähmiýeti”, “Parahatçylyk medeniýeti bilen bütindünýä durnukly ösüş Gün tertibiniň arasyndaky aýrylmaz baglanyşyk”, “Parahatçylygyň we ynanyşmagyň ählumumy medeniýetini emele getirmegiň ynsanperwer ölçegi” diýen atlary hem geçirilen ara alyp maslahatlaşmalaryň esasy ugurlaryny we mowzuklaryny kesgitledi.
“Parahatçylyk we ynanyşmak syýasaty — halkara howpsuzlygyň, durnuklylygyň we ösüşiň binýady” atly halkara maslahatyň ahyrynda Jemleýji resminama kabul edildi. Maslahata gatnaşyjylar häzirki döwrüň wajyp meseleleriniň deňagramly çözgütlerini işläp taýýarlamakda dünýä bileleşiginiň tagallalaryny utgaşdyrmak işinde ýurdumyzyň eýeleýän işjeň ornuna ýokary baha berip, onuň häzirki zaman dünýäsinde bitaraplyk institutynyň artýan ornuna we ähmiýetine düşünmäge, hususan-da, özüniň amatly geosyýasy we geoykdysady kuwwatyny tutuş adamzadyň durnukly ösüşiniň bähbidine ulanýan Türkmenistanyň tejribesini öwrenmäge ýardam etjekdigine ynam bildirdiler.
Şol gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli guralan dabaralara gatnaşmak üçin ýurdumyza gelen Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Baş sekretary Husraw Nozirini hem kabul etdi.
Döwlet Baştutanymyz we myhman Türkmenistanyň şu ýylda YHG-a başlyklyk etmeginiň çäklerinde hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek barada pikir alyşdylar. Şunda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň döredijilikli başlangyçlarynyň, şol sanda YHG-nyň 15-nji sammitinde beýan edilen başlangyçlarynyň derwaýysdygy bellenildi. Şeýle hem sebit üçin birnäçe möhüm ugurlarda, hususan-da, söwda-ykdysady, senagat pudaklarynda, täzeçil we öňdebaryjy tehnologiýalary ornaşdyrmakda, maýa goýum babatda köptaraply hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Geçen hepde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türki Döwletleriň Guramasynyň Baş sekretary Bagdad Amreýewi kabul etdi. Duşuşygyň dowamynda şu ýylyň noýabr aýynda Türki Döwletleriň Guramasynda Türkmenistanyň synçy derejesini almagynyň wajypdygy, munuň ýurdumyz bilen bu guramanyň hyzmatdaşlygynyň hil taýdan täze tapgyryny alamatlandyrandygy bellenildi. Ulag we logistika, energetika, ekologiýa, täzeçil tehnologiýalary ornaşdyrmak we beýleki ugurlar hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary hökmünde kesgitlenildi. Şunuň bilen baglylykda, geljek üç ýylyň dowamynda tutuş türki dünýäde beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymgulynyň 300 ýyllyk baýramyny geçirmek meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Häzirki döwürde guramanyň Sekretariaty degişli Maksatnamanyň üstünde işleýär. Onda köp sanly çäreler, hususan-da, halkara ähmiýetli maslahatlar, dürli neşirleriň çap edilmegi, ylmy barlaglaryň ýerleşdirilmegi göz öňünde tutulýar. Şeýle hem türki dünýäniň ýurtlarynyň paýtagtlarynda Magtymgulynyň ýadygärligini ýerleşdirmek, uly şäherleriň köçelerine beýik şahyryň adyny dakmak meýilleşdirilýär.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli geçirilýän wekilçilikli foruma gatnaşmak üçin ýurdumyza gelen Türki medeniýetiň halkara guramasynyň Baş sekretary Dýusen Kaseinowyň duşuşygynyň dowamynda medeniýet we sungat ugurlaryndaky gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmek, döredijilik babatda tejribe alyşmak meselelerine garaldy.
Taraplar, hususan-da, türkmen halkynyň akyldar şahyry Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllyk ýubileýine görülýän taýýarlyk işlerine möhüm üns berdiler hem-de beýik söz ussadynyň döredijilik mirasynyň, ynsanperwerlik ýörelgelerine ýugrulan eserleriniň diňe bir türki dilli halklaryň däl, eýsem, tutuş adamzadyň söýgüsine mynasypdygyny nygtadylar.
9-njy dekabrda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasynyň Astrahan oblastynyň gubernatory Igor Babuşkini kabul etdi. Duşuşygyň dowamynda döwlet Baştutanymyz we myhman söwda-ykdysady ulgamda, transmilli üstaşyr ulag geçelgelerini hem-de logistika merkezlerini döretmekde hyzmatdaşlygy ösdürmegiň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.
Nebithimiýa senagaty, gämi gurluşygy we gämi abatlaýyş ýaly işler möhüm ugurlaryň hatarynda agzaldy. Iki ýurduň işewür toparlarynyň wekilleriniň arasynda hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga aýratyn üns berildi. Şeýle hem däp bolan ynsanperwerlik gatnaşyklary, şol sanda bilim ulgamynda gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmek ara alnyp maslahatlaşylan meseleleriň biri boldy.
Igor Babuşkiniň Türkmenistana saparynyň çäklerinde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow hem-de Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Serdar Berdimuhamedow bilen duşuşygy boldy.
10-njy dekabrda döwlet Baştutanymyz däp bolşy ýaly, täze ýylyň öňüsyrasynda Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky diplomatik we konsullyk edaralarynyň ýolbaşçylarynyň hem-de beýleki käbir ýolbaşçylaryň gatnaşmagynda Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisini geçirdi. Mejlisiň gün tertibine döwletimiziň alyp barýan daşary we içeri syýasaty bilen bagly käbir meseleler girizildi.
Şu ýylda garaşylýan makroykdysady görkezijiler, milli ykdysadyýeti ösdürmek boýunça geljek ýyla meýilleşdirilen çäreler barada hasabat berildi.
Şu ýylyň jemleri boýunça Döwlet býujetiniň girdeji böleginiň meýilnamasynyň 101 göterim we çykdajy böleginiň 99,6 göterim ýerine ýetirilmegi meýilleşdirilýär.
Milli ykdysadyýetimiziň köpugurlylygyny artdyrmaga, pudaklaryň we sebitleriň durnukly ösüşini üpjün etmäge, bar bolan mümkinçilikleri doly derejede ulanmak arkaly pudaklaryň girdejililigini we bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmaga gönükdirilen çäreler 2022-nji ýyl üçin gaýragoýulmasyz wezipeleriň hatarynda görkezildi. Mundan başga-da, ähli pudaklarda sanly ulgamy giňden ornaşdyrmak we elektron senagatyny ösdürmek, ýurdumyzyň eksport ugurly senagat önümleriniň möçberini artdyrmak, ýerli önümçilikleriň hasabyna importyň möçberini azaltmak, işewürlige amatly şertleri döretmek bilen hususy telekeçiligi has-da ösdürmek wezipelerini durmuşa geçirmek göz öňünde tutulýar.
Milli ykdysadyýetiň ähli pudaklarynda ykdysady netijeliligi has-da ýokarlandyrmagyň hasabyna hem-de giň gerimli özgertmeleriň we maksatnamalaýyn işleriň üstünlikli durmuşa geçirilmegini dowam etdirmek bilen, geljek ýylda jemi içerki önümiň ösüş depgininiň 6,5 göterime çenli möçberde emele gelmegi meýilleşdirilýär. Şonuň bilen birlikde, 2022-nji ýylda merkezleşdirilen düýpli maýa goýumlarda göz öňünde tutuljak serişdeleri has wajyp bolan we gurluşygy alnyp barylýan binalaryňdyr desgalaryň, saglyk öýleriniň, mekdepleriň we çagalar baglarynyň, agyz suw üpjünçilik desgalarynyň hem-de mätäçlik çekýän adamlar üçin ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşyklaryna gönükdirmek göz öňünde tutulýar.
Hökümetiň mejlisinde Türkmenistanyň halkara giňişlikde alyp barýan işine toplumlaýyn seljerme berildi, ýurdumyzyň daşary işler ministrliginiň, daşary ýurtlardaky wekilhanalarymyzyň geljek döwürdäki syýasy-diplomatik işiniň wezipeleri kesgitlenildi.
Dünýäde gazanan ornumyzy has-da pugtalandyrmak üçin Türkmenistanyň daşary syýasat ugruny, onuň konseptual esaslaryna gyşarnyksyz eýerip, halkara ýagdaýyň üýtgeýän şertlerine laýyk getirmelidiris. Bu ýerde esasy ugur döwletara hyzmatdaşlygyň örän möhüm şerti hökmünde Bitaraplygymyzy yzygiderli berkitmek bolmalydyr diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy we bu ugurda, ilkinji nobatda, Birleşen Milletler Guramasynda alnyp barylýan işleri güýçlendirmegiň we anyk ugurlara gönükdirmegiň zerur bolup durýandygyny, häzirki döwürde munuň üçin ähli şertleriň — syýasy şertleriň hem, hukuk şertleriniň hem bardygyny belledi.
Birleşen Milletler Guramasynda döredilen Parahatçylygyň, howpsuzlygyň we ösüşiň bähbidine Bitaraplygyň dostlary toparyna gatnaşyjylaryň sanyny artdyrmak boýunça hyzmatdaşlar bilen hem işjeň we bir maksada gönükdirilen işleri alyp barmak zerurdyr.
Halkara ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmek Türkmenistanyň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz Daşary işler ministrligine, söwda-ykdysady toplumyň ministrlikleri we pudaklaýyn dolandyryş edaralary, daşary ýurtlardaky ilçihanalarymyzdyr wekilhanalarymyz, käbir ýurtlarda döredilen Söwda öýlerimiz bilen bilelikde, ykdysady diplomatiýanyň ýollaryny has-da işjeňleşdirmegi, şeýle hem bu diplomatiýany amala aşyrmagyň anyk düzgünlerini, daşary ýurtly hyzmatdaşlarymyz bilen özara gyzyklanma bildirilýän we yzygiderli işewürlik gatnaşyklary üçin mümkinçilikleri döretmegi tabşyrdy.
Şundan ugur alyp, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow daşary ýurtlardaky ilçihanalarymyzyň we wekilhanalarymyzyň düzümini tejribeli halkara derejeli ykdysatçylar bilen berkitmegi, olary zerur serişdeler bilen üpjün etmegi, olaryň bolýan ýurtlarynda we sebitlerinde ykdysady ugur boýunça geçirilýän çärelere işjeň gatnaşmagy üçin mümkinçilikleri göz öňünde tutmagy teklip etdi.
Türkmenistanyň Bütindünýä Söwda Guramasy bilen hyzmatdaşlygyna hem aýratyn üns bermeli. Oňa biziň ykdysady ölçeglerimize meňzeş ölçegleri bolan döwletleriň gatnaşmagynyň tejribesini maksatly we hemmetaraplaýyn öwrenmeli diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady.
Milli Liderimiz ulag diplomatiýasyna aýratyn üns bermegiň zerurdygyny belläp, häzirki döwürde harytlaryň we hyzmatlaryň üpjün edilýän ugurlaryny diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmegiň, täze ulgamlary we ölçegleri ýola goýmagyň örän möhüm wezipe bolup durýandygyny, şeýle hem daşary ýurtly hyzmatdaşlaryň ünsüni ýurdumyzyň gury ýol we deňiz üpjünçilik ulgamlaryna çekmelidigini nygtady.
Döwlet Baştutanymyz ylmy diplomatiýa ulgamynda tagallalary güýçlendirmegiň, Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy, onuň Aşgabatdaky Ýewropa sebitleýin edarasy we ýurt boýunça edarasy bilen hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmegiň zerurdygyny belledi.
Merkezi Aziýa we Hazar sebiti döwletleri bilen hoşniýetli goňşuçylyk, dost-doganlyk gatnaşyklaryny berkitmek ileri tutulýan ugurlaryň hatarynda bolupdy we şeýle bolmagynda galýar diýip, milli Liderimiz aýtdy we ýurdumyzyň bu döwletlerdäki ilçilerine köptaraplaýyn we ikitaraplaýyn esaslarda gazanylan ähli ylalaşyklary durmuşa geçirmegi üpjün etmegi tabşyrdy.
Döwlet Baştutanymyz Hazarýaka döwletleriň nobatdaky sammitine taýýarlyk görmek hem-de geljek ýyl Türkmenistanyň, Azerbaýjanyň we Türkiýäniň arasynda ýokary derejedäki üçtaraplaýyn duşuşygy geçirmek üçin ähli zerur şertleri üpjün etmegi ileri tutulýan wezipeleriň hatarynda belledi.
Hytaý, Russiýa, Owganystan, Eýran, Pakistan we Hindistan bilen strategik hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak ileri tutulýan ugurlaryň hatarynda görkezildi.
Döwlet Baştutanymyz Aziýa — Ýuwaş umman sebitiniň döwletleri bilen syýasy-ykdysady hyzmatdaşlygy yzygiderli güýçlendirmegi-de maksat edinýändigimizi aýdyp, bu sebitiň Ýaponiýa, Koreýa Respublikasy, Malaýziýa ýaly birnäçe döwletleri bilen özara hyzmatdaşlygyň baý tejribesiniň toplanandygyny belledi.
Biz hyzmatdaşlygyň täze görnüşlerini we ugurlaryny, ilkinji nobatda bolsa, ulag-kommunikasiýa we energetika pudaklarynda, maýa goýumlar, ýokary tehnologiýalar, häzirki zaman şäher aglomerasiýalaryny döretmek babatda gözlemäge taýýar diýip, milli Liderimiz aýtdy we Ýewropa Bileleşiginiň döwletleri, Amerikanyň Birleşen Ştatlary bilen yzygiderli gatnaşyklary dowam etmegiň goldanylýandygyny nygtady. Parahatçylygy we howpsuzlygy üpjün etmek, neşe serişdeleriniň bikanun dolanyşygyna we guramaçylykly jenaýatçylyga garşy göreşmek, ekologiýa we daşky gurşawy goramak ýaly ugurlarda bu döwletler bilen biziň bähbitlerimiz golaýdyr ýa-da gabat gelýär. Şunuň bilen birlikde, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow döwletimiziň arap dünýäsi, Ýakyn Gündogar ýurtlary bilen has ýakyndan we maksada gönükdirilen hyzmatdaşlyga taýýardygyny hem-de Afrika we Latyn Amerikasy ýurtlary bilen möhüm ählumumy meseleleri çözmekde özara düşünişmegi we tagallalary birleşdirmegi berkitmegiň uly mümkinçilikleriniň bardygyny belledi.
Türkmenistan üçin köptaraplaýyn diplomatiýanyň çäklerinde Birleşen Milletler Guramasynyň işine başlangyçlary öňe sürüp, ýakyndan gatnaşmak strategik taýdan ileri tutulýan ugur bolup durýar. Biz öz hyzmatdaşlarymyz bilen bilelikde Milletler Bileleşiginiň maksatlaryny we gymmatlyklaryny, bu Guramanyň Tertipnamasynyň kadalaryny mundan beýläk-de ileri tutarys. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasy we Ýewraziýa Ykdysady Birleşigi bilen bilelikdäki işleriň güýçlendiriljekdigini, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna, Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasyna we Goşulyşmazlyk Hereketine netijeli we döredijilikli gatnaşmagyň dowam etdiriljekdigini tassyklady.
Türkmenistan Garaşsyzlyk ýyllarynda ähli ugurlarda ägirt uly üstünlikleri gazandy. Çalt depginler bilen ösýän, kuwwatly we durnukly döwlete öwrüldi. Gazanan bu örän uly üstünliklerimiz, ýeten belent sepgitlerimiz häzirki döwürde we geljekde dünýäde ýurdumyzyň berk ornuny üpjün etmäge niýetlenendir. Biziň dostlarymyzyň we hyzmatdaşlarymyzyň sanyny artdyrmaga, içerki ösüş we mähriban halkymyzyň hal-ýagdaýyny gowulandyrmak üçin amatly daşarky şertleri döretmäge gönükdirilendir diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.
Berkarar döwletimiziň Garaşsyzlygyny we özygtyýarlylygyny berkitmekde, ýurdumyzyň ykdysadyýetini we medeniýetini ösdürmekde bitiren uly hyzmatlary üçin, şeýle hem Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllyk şanly baýramy hem-de Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli, Türkmenistanyň Prezidenti Permanlara we Karara gol çekdi, resminamalara laýyklykda, ýurdumyzyň birnäçe raýatlary döwlet sylaglaryna mynasyp boldular.
Rehimdarlyk we ynsanperwerlik ýörelgelerine laýyklykda, Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Gurbanguly Berdimuhamedow “Iş kesilenleriň Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 26 ýyllyk baýramy mynasybetli günäsini geçmek hakynda” Permana gol çekdi.
Döwlet Baştutanymyzyň Karary bilen, ýurdumyzyň daşary ýurtlardaky ilçihanalarynyň, konsullyklarynyň hem-de halkara guramalaryň ýanyndaky hemişelik wekilhanalarynyň çykdajylary we işgärler sany, diplomatik işgärler we olaryň maşgala agzalary üçin göz öňünde tutulan durmuş ýeňillikleri tassyklanyldy.
Türkmen halkynyň gadymdan gelýän goňşuçylyk gatnaşyklaryndan we ynsanperwerlik däp-dessurlaryndan ugur alyp, goňşy Owganystana ykdysady, durmuş hem ynsanperwer ugurlarynda ýardam hem-de hemmetaraplaýyn goldaw bermek babatda alyp barýan işlerini ulgamlaýyn we yzygiderli esasda dowam etdirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti goňşy ýurda ynsanperwerlik kömegini bermek hakynda Buýruga gol çekdi.
Geçen hepde paýtagtymyzda Bitarap Watanymyza, ýylyň “Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” şygaryna bagyşlanan “Baky Bitarap Türkmenistan” atly halkara wirtual sergi hem-de maslahat geçirildi. Bu dabaraly çäreler hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Daşary işler ministrligi we Söwda-senagat edarasy tarapyndan guraldy.
Bu ýerde oturdylan monitorlarda ýurdumyzyň ministrlikleriniň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, iri kärhanalarynyň hem-de sebitleriniň ýörite internet-saýtlarynyň sahypalarynda ýerleşdirilen statistik maglumatlar düzümleriň ýeten derejesi, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň ajaýyp zamanasy, ägirt uly eksport mümkinçiliklerimiz we uzak möhletleýin, özara bähbitli hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň ösüşi baradaky şekiller görkezildi.
Serginiň çäklerinde geçirilen maslahata gatnaşyjylara ata Watanymyzyň baky Bitaraplyk hukuk derejesine eýe bolan gününden bäri ýeten derejesi hem-de türkmen önümleriniň eksportynyň mümkinçilikleriniň artdyrylyşy, önümçilige sanly tehnologiýalaryň ornaşdyrylyşy barada giňişleýin maglumatlar berildi.
1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda Watan üçin gahrymanlarça söweşen, wepat bolan hem-de dereksiz ýiten Balkan welaýatyndan gahryman türkmenistanlylaryň ýagty ýadygärligine bagyşlanan “Hatyra” kitabynyň täze neşiri çapdan çykdy.
Ildeşlerimiz Watana gulluk etmegiň, dünýäde parahatçylygy gorap saklamaga şahsy jogapkärçiligi duýmagyň mukaddes nusgasy bolan milli gahrymanlaryny hiç haçan ýadyndan çykarmaz. Bu taglymatlar milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýurdumyzyň Bitaraplyk hukuk derejesine hem-de parahatçylyk söýüjiligiň, hoşniýetli goňşuçylygyň, özara hormat goýmagyň, döretmäge ymtylyşyň çäksiz mümkinçiliklerine esaslanyp, yzygiderli durmuşa geçirýän giň halkara hyzmatdaşlygy syýasatynda öz beýanyny tapýar.