Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Owganystana nobatdaky ynsanperwerlik kömegi
Syýasy habarlar
Owganystana nobatdaky ynsanperwerlik kömegi
Çap edildi 15.12.2021
1490

Türkmenistandan goňşy Owganystana azyk, dokma we hojalyk harytlaryndan hem-de nebit önümlerinden ybarat ynsanperwerlik kömegi ýetirildi.

Biziň ýurdumyz parahatçylyk söýüjilik hem-de özara goldaw bermek ýörelgelerine üýtgewsiz eýermek bilen, Owganystanyň durmuş-ykdysady düzümleriniň ösdürilmegine düýpli goşant goşýar, dostlukly döwlete abadan durmuşyň esaslaryny pugtalandyrmakda yzygiderli ýardam berýär.

Şu ýylyň 10-njy dekabrynda geçirilen Hökümetiň giňişleýin mejlisiniň barşynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Owganystana ynsanperwerlik kömegi ugratmak hakynda Buýruga gol çekdi. Bu resminama goňşy Owganystana ykdysady, durmuş we ynsanperwer ugurlarynda ýardam hem-de hemmetaraplaýyn goldaw bermegi ulgamlaýyn we yzygiderli esasda dowam etmek maksady bilen gol çekildi.

Resminama laýyklykda, dürli maksatly, hususan-da, Türkmenistanda öndürilen dokma we azyk önümlerinden, şeýle hem nebit önümlerinden ybarat ynsanperwerlik kömeginiň iberilmegi üpjün edildi.

Ynsanperwerlik ýüküni gowşurmak dabarasyna ýurdumyzyň wekilçilikli topary, owgan tarapyndan ýokary wezipeli adamlar gatnaşdylar.

Türkmenistandan iberilen ynsanperwerlik ýüki kabul etmäge gatnaşan goňşy ýurduň ilaty hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa tüýs ýürekden hoşallyk sözlerini beýan etdiler.

Mälim bolşy ýaly, hormatly Prezidentimiz “Ýaşasyn parahat durmuş!” atly täze goşgy ýazdy. Milli Liderimiziň ýiti zehininden dörän bu eser halklary parahatçylyga, asylly dost-doganlyk gatnaşyklaryna çagyrýan özboluşly şygara öwrüldi hem-de döwlet Baştutanymyzyň ýurtlaryň arasynda netijeli hyzmatdaşlygyň we hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklarynyň ösdürilmegine ygrarlydygynyň ygtybarly kepili hökmünde kabul edildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Halkara Bitaraplyk güni hem-de BMG-niň Baş Assambleýasynyň Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk derejesi hakyndaky Kararnamany kabul etmeginiň 26 ýyllygy mynasybetli guralan döwlet kabul edişlikdäki çykyşynda belleýşi ýaly, ynsanperwer gatnaşyklar parahatçylygy, howpsuzlygy hem-de durnukly ösüşi üpjün etmek babatynda aýratyn ähmiýetlidir. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň goňşy ýurda berýän ynsanperwerlik kömeginiň häzirki zamanyň möhüm meseleleriniň oňyn çözgüdine gönükdirilen asylly işdigini bellemek gerek.

Bitarap Türkmenistanyň goňşy ýurduň durmuş-ykdysady taýdan dikeldilmegine hemmetaraplaýyn goldaw berýändigini, şeýle hem Owganystandaky ýagdaýlaryň diňe parahatçylykly ýollar bilen, syýasy-diplomatik serişdeleriň ulanylmagy arkaly çözülmegi ugrunda hemişe çykyş edýändigini bellemek möhümdir.

Dabara tamamlanandan soň, Owganystanyň Akina şäherçesinde türkmen tarapynyň goldawy bilen gurlan täze metjitde hem-de Turgundy şäherçesinde sadakalar berildi.

Soňky habarlar
06.05
Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisi
06.05
Prokurorlary wezipä bellemek we wezipeden boşatmak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany
06.05
Türkmenistanyň Prezidenti “Ýaşlyk” teleradioýaýlymyna täze ýolbaşçy belledi
06.05
Ýeňiş gününiň hormatyna
05.05
2026-njy ýylyň apreli: Türkmenistanyň Prezidentiniň daşary syýasy başlangyçlaryndan ugur alyp
05.05
Haj parzyny berjaý etmek üçin 289 zyýaratçyny Saud Arabystany Patyşalygyna ibermek bellenildi
05.05
«Arkadagly Ýaşlar» elektron žurnalynyň 2026-njy ýyldaky 4-nji sany okyjylara gowuşdy
04.05
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
04.05
Uruş weteranlaryna Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan sowgatlar dabaraly ýagdaýda gowşurylar
04.05
Türkmenistanda 2026-njy ýylda galla oragyny guramaçylykly geçirmek boýunça döwlet topary döredildi
top-arrow