Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle hem hut öz adyndan jenap Gabriel Boriçe Çili Respublikasynyň Prezidenti wezipesine girişmegi mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny iberdi.
Şu gün brifing geçirilip, onda Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlarynda ses bermegiň deslapky netijeleri yglan edildi.
Şu gün Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyndan Synçylaryň wekilligine agzalaryň, Türki Döwletleriň Guramasyna, Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasyna wekilçilik edýän halkara synçylaryň brifinglerinde Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlaryna taýýarlyk görlüşine we geçirilişine gözegçiligiň netijeleri yglan edildi. Çärelere ýurdumyzyň we daşary döwletleriň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň agzalary gatnaşdylar.
Şu gün milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlaryna gatnaşyp, iň ýokary döwlet wezipesine dalaşgärleriň birine ses berdi.
Şu gün ata Watanymyzda Türkmen döwletiniň Baştutanynyň saýlawlary aýratyn dabaraly ýagdaýda geçirildi. Ir bilen ýurdumyzda döredilen saýlaw uçastoklaryna saýlawçylar öz konstitusion hukuklaryny berjaý etmek—iň ýokary döwlet wezipesine dalaşgärleriň 9-syndan has mynasybyna ses bermek üçin geldiler.
Daşary işler ministrliginde TDH habar berlişi ýaly, ýurdumyzyň daşary döwletlerdäki diplomatik wekilhanalarynyň we konsullyk edaralarynyň ýanynda döredilen saýlaw uçastoklarynyň 41-sinde saýlawçylaryň ýokary işjeňlik bilen gatnaşmagynda Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlary guramaçylykly geçdi.
Şu gün Türkmenistanda giň bäsdeşlik esasynda ýurdumyzyň Prezidentiniň saýlawlary geçirildi, olara iň ýokary döwlet wezipesine dalaşgärleriň hemmesi gatnaşdylar. Bu möhüm jemgyýetçilik-syýasy çäre häzirki zaman türkmen jemgyýetini mundan beýläk-de demokratiýalaşdyrmagyň we onuň gadymdan mahsus bolan hakyky halk häkimiýetlilik ýörelgelerini berkitmegiň ýolunda täze, uly ädim boldy.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen elektrik energiýasynyň daşary ýurtlara iberilýän möçberlerini artdyrmak, şeýle hem «Türkmenistan-Owganystan-Pakistan»
Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlary boýunça sagat 19-a çenli saýlawçylaryň 97,12% ses berdi.
Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlary boýunça sagat 17-ä çenli saýlawçylaryň 93,19% ses berdi.