Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlary boýunça sagat 15-е çenli saýlawçylaryň 86,34% ses berdi.
Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlary boýunça sagat 13-a çenli saýlawçylaryň 71,90% ses berdi.
Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlary boýunça sagat 11-e çenli saýlawçylaryň 51,05% ses berdi.
Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlary boýunça sagat 9-a çenli saýlawçylaryň 25,24% ses berdi. Bu barada Türkmenistanda saýlawlary we sala salşyklary geçirmek barada merkezi toparyň resmi web-saýtynda habar berilýär.
2022-nji ýylyň 12-nji martynda saýlaw uçastoklarynyň 2577-siniň hemmesinde sagat 7-de ses bermek başlandy we 19-da tamamlanýar.
Çärýekde bir gezek neşir edilýän «Türkmenistanyň daşary syýasaty we diplomatiýasy» ylmy-tejribe žurnalynyň nobatdaky sany çapdan çykdy. Onda ýurdumyzyň halkara durmuşynyň möhüm wakalary beýan edilýär.
Türkmenistan hemişelik Bitaraplyk ýörelgelerine esaslanýan parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasat strategiýasyny yzygiderli durmuşa geçirip, birnäçe döwletler, iri halkara guramalar we abraýly sebit düzümleri ýaly gyzyklanma bildirýän ähli hyzmatdaşlar bilen netijeli gatnaşyklaryny barha işjeňleşdirýär.
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow hanym Katalin Nowaga Wengriýanyň Prezidenti wezipesine saýlanmagy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle hem hut öz adyndan jenap Ýun Sok Ýola Koreýa Respublikasynyň Prezidenti wezipesine saýlanmagy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny ýollady.
2022-nji ýylyň 10-njy martynda Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň başlygy Gulmyrat Myradow ýurdumyza halkara synçy hökmünde gelen, Türkiýe Respublikasynyň Ýokary saýlaw geňeşiniň başlygy Muharrem Akkaýa we Türkiýe Respublikasynyň Ýokary saýlaw geňeşiniň agzasy Ali Ürker bilen duşuşdy.