Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Hydyrguly Atamyradowiç Kadyrow, başga işe geçmegi sebäpli, Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň okuw işleri boýunça prorektory wezipesinden boşadyldy.
Şu gün ýurdumyzda Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni giňden baýram edildi. Bu baýrama gabatlanyp geçirilen Medeniýet hepdeligi Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň “Nowruz ýaýlasyndaky” «Türkmeniň ak öýi» binasynda sungat ussatlarynyň uly baýramçylyk konserti bilen tamamlandy.
Sizi asuda Watanymyzda giňden bellenilýän Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaýaryn. Size berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, döredijilikli zähmetiňizde uly rowaçlyklary arzuw edýärin.
Sizi türkmen medeniýetini, sungatyny we halkymyzyň ruhy gymmatlyklaryny şöhratlandyrýan şanly sene — Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli türkmen halkynyň, şeýle-de Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň adyndan tüýs ýürekden gutlaýaryn. Siziň janyňyzyň sag, ömrüňiziň uzak bolmagyny, türkmen medeniýetini, sungatyny dünýä tanatmakda, milli gymmatlyklarymyzy gorap saklamakda alyp barýan döwlet ähmiýetli işleriňiziň mundan beýläk hem üstünliklere beslenmegini arzuw edýärin.
«Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» şygary astynda geçýän Medeniýet hepdeligi täsirli wakalary bilen oňa gatnaşyjylar we ähli watandaşlarymyz üçin ýatda galyjy baýramçylyga öwrüldi. Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet gününe gabatlanyp geçirilýän bu giň gerimli döredijilik çäresiniň esasy maksady türkmen halkynyň ruhy-medeni mirasyny, özboluşly däp-dessurlaryny, milli gymmatlyklaryny wagyz etmekden ybaratdyr.
Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ýurdumyza resmi sapar bilen gelen Russiýa Federasiýasynyň daşary işler ministri Sergeý Lawrowy kabul etdi.
Türkmenistanyň Mejlisiniň ýedinji çagyrylyşynyň dokuzynjy maslahaty 2025-nji ýylyň 28-nji iýunynda sagat 10:00-da Mejlisiň binasynda geçirilýär.
Şu günler Ahal welaýaty “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” şygary bilen geçýän, ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna beslenýän şu ýylda geçirilýän Medeniýet hepdeliginiň giň gerimli çäreleriniň ýaýbaňlandyrylýan merkezine öwrülýär.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Sloweniýa Respublikasynyň Prezidenti hanym Nataşa Pirs-Musara we ýurduň ähli halkyna Sloweniýa Respublikasynyň milli baýramy — Döwlet güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny, iň gowy arzuwlaryny iberdi.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyz Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanyp, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän döredijilikli daşary syýasat ugruna yzygiderli eýerýär.