Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 49-sy hasaba alyndy.
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Kuba Respublikasynyň Prezidenti Migel Mario Dias-Kanel Bermudese Gawana şäherindäki “Saratoga” myhmanhanasynda bolup geçen, köp sanly adam pidalaryna hem-de şikes ýetmelerine getiren partlama zerarly gynanç hatyny iberdi.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle-de hut öz adyndan Peru Respublikasynyň Prezidenti Pedro Kastilo hem-de ýurduň ähli halkyna Türkmenistan bilen Peru Respublikasynyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 25 ýyllygy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi.
«Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda dynç alýanlaryň wagtyny gyzykly we netijeli geçirmekleri üçin has amatly şertleri döretmek, olaryň howpsuzlygyny ýokary derejede üpjün etmek hem-de dynç alýanlara edilýän hyzmatlaryň hilini ýokarlandyrmak maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda dynç alşy guramak boýunça dolandyryş merkezi döredildi we onuň düzümi tassyklanyldy.
Şu gün Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň birinji çagyrylyşynyň altynjy mejlisi geçirildi, onuň dowamynda Milli Geňeşiň Mejlisiniň 4-nji maýda geçirilen on sekizinji maslahatynda kabul edilen kanunlar makullanyldy.
Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda milli ykdysadyýetimiziň pudaklarynda şu ýylyň dört aýynda ýerine ýetirilen işleriň jemi jemlendi hem-de halkymyzyň abadançylygyny üpjün etmek bilen baglanyşykly meseleleriň birnäçesine garaldy.
Şu gün Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy, Hormatly il ýaşulusy Gurbanguly Berdimuhamedow Bäherden etrabyndaky “Arçman” şypahanasynda bolup, bu ýerde halkymyzyň saglygyny berkitmek boýunça alnyp barylýan işler hem-de döredilen şertler bilen tanyşdy.
1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşuna gatnaşyjylaryň söweşlerde görkezen deňsiz-taýsyz gahrymançylygyny hem-de uruş ýyllarynda tylda zähmet çeken ak saçly enelerimiziň nusgalyk edermenligini hormatlap, olaryň ýaş nesillerimizi watançylyk, gahrymançylyk, mertlik ruhunda terbiýelemekde we halkymyzyň agzybirligini, jebisligini berkitmekde alyp barýan asylly işlerini, ýurdumyzda amala aşyrylýan düýpli özgertmeleri üstünlikli durmuşa geçirmekde bitirýän hyzmatlaryny göz öňünde tutup, şeýle hem Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 77 ýyllygy mynasybetli Türkmenistanyň Prezidenti Permana gol çekdi. Resminama laýyklykda, welaýatlaryň, şäherleriň we etraplaryň häkimlikleri 1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 77 ýyllygy mynasybetli uruş weteranlaryna, şeýle hem uruşda wepat bolan esgeriň ýanýoldaşyna Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan 200 manat möçberde pul sowgadyny hem-de gymmat bahaly sowgatlary dabaraly ýagdaýda gowşurmaga borçly edildi.
Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, wezipe borçlaryny talabalaýyk ýerine ýetirmän, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň möçberini azaltmak boýunça berlen tabşyryklaryň ýerine ýetirilmegini üpjün etmändigi we garamagyndaky söwda ulgamynyň edaralarynyň işine gözegçiligi gowşadandygy üçin, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Gylyjow Çary Baýramowiçe berk käýinç yglan edildi hem-de ýol berlen kemçilikleri gysga wagtyň içinde düzetmek oňa soňky gezek duýduryldy.
Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, wezipe borçlaryny talabalaýyk ýerine ýetirmän, işde goýberen kemçilikleri üçin, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Mämmedowa Mährijemal Mekandurdyýewna käýinç yglan edildi.