Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň mejlisi
Syýasy habarlar
Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň mejlisi
Çap edildi 07.05.2022
2480

Şu gün Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň birinji çagyrylyşynyň altynjy mejlisi geçirildi, onuň dowamynda Milli Geňeşiň Mejlisiniň 4-nji maýda geçirilen on sekizinji maslahatynda kabul edilen kanunlar makullanyldy. Bu kadalaşdyryjy hukuk namalary hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň durmuş ugurly syýasatynyň hem-de döwletimiziň kanunçylyk-hukuk binýadyny döwrebaplaşdyrmak boýunça toplumlaýyn maksatnamanyň ileri tutulýan ugurlaryna laýyklykda taýýarlanyldy. Mejlisiň işine gatnaşmak üçin köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri çagyryldy.

Mejlisiň dowamynda Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygynyň orunbasarynyň, şeýle hem komitetleriň ýolbaşçylarynyň çykyşlary diňlenildi, olaryň çykyşlarynda kanunçylyk namalarynyň her biri boýunça geçirilen seljermeler esasynda gelnen netijeler barada habar berildi. Olaryň hatarynda “Türkmenistanyň Administratiw hukuk bozulmalary hakynda kodeksine goşmaçalar we üýtgetmeler girizmek hakynda”, “Türkmenistanyň Raýat iş ýörediş kodeksine üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda”, “Ýol hereketiniň howpsuzlygy hakynda” Türkmenistanyň Kanunyna goşmaça girizmek hakynda”, “Türkmenistanyň Jenaýat iş ýörediş kodeksine goşmaçalar we üýtgetmeler girizmek hakynda”, “Türkmenistanyň käbir kanunçylyk namalaryna üýtgetmeler we goşmaça girizmek hakynda”, “Gümrük gullugy hakynda” Türkmenistanyň Kanunyna üýtgetme girizmek hakynda” hem-de “Ösümlikleriň karantini hakynda” Türkmenistanyň Kanunyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda” Kanunlar bar.

Çykyş edenler bu Kanunlaryň Türkmenistanyň Konstitusiýasyna hem-de halkara hukugyň umumy ykrar edilen kadalaryna we ýörelgelerine laýyklykda işlenip taýýarlanylandygyny bellediler.

Resminamalary ara alyp maslahatlaşmagyň dowamynda “Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasyny” üstünlikli durmuşa geçirmekde bu hukuk namalarynyň ähmiýeti nygtaldy. Şunuň bilen baglylykda, Halk Maslahatynyň agzalary milli kadalaşdyryjy hukuk binýadynyň döwrebaplaşdyrylmagy boýunça amala aşyrylýan çäreleriň tutuşlygyna hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň durmuş ugurly syýasatynyň üstünliklere beslenmegine gönükdirilendigini nygtadylar. Çykyş edenler adam baradaky aladanyň türkmen jemgyýetinde durmuşa geçirilýän özgertmeleriň we onuň daşary syýasy ugrunyň baş ölçegidigini, umumadamzat gymmatlyklarynyň, belent ynsanperwerligiň we adalatlylyk ýörelgeleriniň Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň syýasatynyň özenini düzýändigini aýtdylar.

Bu kanunçylyk namalarynyň kabul edilmeginiň ýurdumyzyň raýatlarynyň hukuklaryny, azatlyklaryny hem-de kanuny bähbitlerini mundan beýläk-de üpjün etmekde, kanunylygy we hukuk tertibini pugtalandyrmakda, hukuk bozulmalarynyň öňüni almakda, olary öňünden duýdurmakda, kada-kanunlary döwrüň talabyna laýyklykda özgertmekde hem-de ugurdaş ulgamlaryň işlerini kämilleşdirmekde, şol sanda sanly ulgamy ornaşdyrmagyň hukuk mümkinçiliklerini giňeltmekde ägirt uly ähmiýete eýedigi nygtaldy.

Mejlisiň dowamynda beýleki möhüm meselelere hem garaldy. Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň birinji çagyrylyşynyň altynjy mejlisiniň gün tertibine girizilen Kanunlar biragyzdan makullanyldy hem-de degişli Kararlar bilen berkidildi.

Soňky habarlar
05.05
«Arkadagly Ýaşlar» elektron žurnalynyň 2026-njy ýyldaky 4-nji sany okyjylara gowuşdy
04.05
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
04.05
Uruş weteranlaryna Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan sowgatlar dabaraly ýagdaýda gowşurylar
04.05
Türkmenistanda 2026-njy ýylda galla oragyny guramaçylykly geçirmek boýunça döwlet topary döredildi
04.05
Türkmenistanyň we Eýranyň DIM-niň ýolbaşçylarynyň telefon arkaly söhbetdeşligi geçirildi
04.05
Ýaş nesiller baradaky alada — döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugry
04.05
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 6 million 11 müň dollaryndan gowrak boldy
03.05
Parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk we deňhukuklylyk ýörelgelerine esaslanýan netijeli hyzmatdaşlyk
03.05
Türkmenistan — TÜRKSOÝ: doganlyk halklary ýakynlaşdyrýan medeni dialog
02.05
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz Arkadag şäheriniň çäklerinde alnyp barylýan we meýilleşdirilýän gurluşyk işleri bilen tanyşdy
top-arrow