Baş sahypa
\
Syýasat habarlary
\
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
Syýasat habarlary
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
Çap edildi 11.06.2022
2992

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda resminamalaryň taýýarlanan taslamalaryna hem-de başga-da birnäçe meselelere garaldy.

Döwlet Baştutanymyz mejlisi açyp, Hökümet agzalaryny we tutuş halkymyzy ýurdumyzda giňden bellenýän Ylymlar güni bilen tüýs ýürekden gutlady.

Garaşsyz Watanymyzda örän gysga taryhy döwrüň içinde ylym ulgamynyň binýatlyk esaslaryny has-da pugtalandyrmak we dünýä derejesine çykarmak, adam maýasyny kämilleşdirmek boýunça düýpli özgertmeler amala aşyryldy diýip, hormatly Prezidentimiz belledi.

Ylymlar akademiýasynyň garamagyndaky institutlarda, Tehnologiýalar merkezinde, ýokary okuw mekdeplerinde, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň garamagyndaky ylmy-tejribeçilik we ylmy-önümçilik institutlarda, ylmy merkezlerde döwrebap ylmy barlaglary alyp barmak, innowasion tehnologiýalary, öňdebaryjy usullary we tejribeleri önümçilige giňden ornaşdyrmak, ylmy işgärleri, hünärmenleri taýýarlamak üçin ähli amatly şertler döredildi.

Bellenilişi ýaly, ylym, bilim we innowasion tehnologiýalar babatda abraýly halkara guramalary, daşary ýurtlar bilen netijeli hyzmatdaşlyk ýola goýlup, ýurdumyzyň halkara ylym we bilim giňişligindäki orny pugtalandyryldy.

Türkmen halkynyň gadymy maddy we ruhy gymmatlyklaryny gorap saklamak, ylmy taýdan öwrenmek hem-de dünýä ýaýmak, nesilden-nesle geçip gelýän beýik ynsanperwerlik däplerimiz, medeni we ruhy gymmatlyklarymyz esasynda jemgyýetimizi sazlaşykly ösdürmek ugrunda ägirt uly işler amala aşyrylyp, biziň ylmy-medeni diplomatiýamyz dünýäde giňden dabaralandyrylýar diýip, hormatly Prezidentimiz sözüni dowam etdi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Hökümet agzalaryny we ýurdumyzyň ähli alymlaryny, ylmy jemgyýetçiliginiň wekillerini «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynda giňden bellenýän Ylymlar güni bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlap, hemmelere berk jan saglyk, uzak ömür, bagt hem-de abadançylyk, ylym ulgamynyň işgärlerine bolsa, ylmy we döredijilik işlerinde täze üstünlikleri arzuw etdi.

Soňra hormatly Prezidentimiz Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly geçirilýän mejlisiniň gün tertibine geçip, ilki bilen Milli Geňeşiň Mejlisiniň Başlygy G.Mämmedowa söz berdi. Ol Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlaryna laýyklykda, ýurdumyzyň kanunçylyk-hukuk binýadyny mundan beýläk-de kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işler barada maglumat berdi.

Halkara guramalary bilen parlamentara hyzmatdaşlygy we özara gatnaşyklar berkidilýär. Şunuň bilen baglylykda, BMG-niň Baş sekretarynyň birinji orunbasary, BMG-niň Durnukly ösüş boýunça toparynyň başlygy hanym Amina Mohammed, şeýle hem BMG-niň Türkmenistandaky hemişelik utgaşdyryjysy we bu halkara guramasynyň Ösüş maksatnamasynyň hemişelik wekili bilen duşuşyklar geçirildi.

Mejlisiň deputatlary Türkmenistanyň içeri we daşary syýasatyny durmuşa geçirmek, ýaşlary watansöýüjilik ruhunda terbiýelemek, halkymyzyň gadymy däplerini hem-de milletiň maşgala gymmatlyklaryny saklamak, hukuk we ekologiýa medeniýeti jemgyýetini döretmek, sagdyn durmuş ýörelgelerini berkitmek boýunça öňde durýan wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek maksady bilen, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň üsti bilen wagyz-nesihat işlerini giňden alyp barýarlar.

Soňra Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygynyň orunbasary K.Babaýew täze taryhy eýýamda ýurdumyzda amala aşyrylýan oňyn özgertmeleriň kanunçylyk esaslaryny üpjün etmegiň çäklerinde, milli kanunçylygymyzy döwrebaplaşdyrmak boýunça alnyp barylýan toplumlaýyn işler barada maglumat berdi.

Halk Maslahatynyň agzalary Mejlisiň deputatlary hem-de ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň wekilleri bilen bilelikde, döwletimiziň we jemgyýetimiziň dürli ugurlaryna degişli kanunçylyk namalaryny işläp taýýarlamak, olary seljermek hem-de kämilleşdirmek boýunça utgaşykly işleri alyp barýarlar.

Soňra Milli Geňeşiň Mejlisiniň Başlygy we Halk Maslahatynyň Başlygynyň orunbasary döwlet Baştutanymyzy hoş habar-- 2022-nji ýylyň 12-nji maýynda Aşgabat şäherinde geçirilen Merkezi Aziýa döwletleriniň we Russiýa Federasiýasynyň Parlamentara forumynda kabul edilen Aşgabat Jarnamasy atly resminamasynyň Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 76-njy sessiýasynyň resminamasy hökmünde kabul edilmegi bilen gutladylar.

Hormatly Prezidentimiz gutlaglar üçin minnetdarlyk bildirdi hem-de bu çözgüdiň ýurdumyzyň Milletler Bileleşigi bilen hyzmatdaşlygynyň netijeli häsiýete eýe bolýandygynyň aýdyň nyşanydygyny kanagatlanma bilen belledi. BMG bilen däp bolan gatnaşyklaryň üsti her ýylda täze anyk mazmun bilen ýetirilýär. Döwlet Baştutanymyz Bitarap Türkmenistanyň mundan beýläk-de Birleşen Milletler Guramasy bilen, şol sanda parlamentara ugry boýunça özara gatnaşyklary ösdürmek meselelerinde işjeň orun eýelejekdigini nygtady.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Muhammedow döwlet Baştutanymyzyň tabşyrygy boýunça Türkmenistanyň wekiliýetiniň şu ýylyň 7-nji iýunynda “2018-2028-nji ýyllarda durnukly ösüş üçin suw” atly Hereketleriň on ýyllygyna bagyşlanyp geçirilen “Ýerli, milli, sebit hem-de global derejede suw serişdeleri ulgamynda hereketleri we hyzmatdaşlygy höweslendirmek” atly Ýokary derejeli halkara maslahatyna gatnaşmak üçin Duşenbe şäherine amala aşyran iş saparynyň jemleri barada hasabat berdi.

Wise-premýer hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa Prezident Emomali Rahmonyň hoşniýetli sözlerini hem-de iň gowy arzuwlaryny ýetirdi.

Bu ýokary ähmiýetli forumyň açylyş dabarasynda ýurdumyzda hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda suw ulgamynda sebit we halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmek boýunça geçirilýän toplumlaýyn çäreler hem-de suw serişdelerini netijeli we rejeli peýdalanmak boýunça alnyp barylýan yzygiderli işler barada aýdyldy.

Maslahatyň dowamynda bu möhüm ulgamda Durnukly ösüş maksatlarynyň durmuşa geçirilişine syn berildi hem-de suw serişdelerini dolandyrmakda innowasiýa tehnologiýalaryny ornaşdyrmak, suw üpjünçilik ulgamynda alnyp barylýan bilelikdäki işleri utgaşdyrmak hem-de degişli ugurlarda maglumatlaryň hilini gowulandyrmak bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Iş saparynyň çäklerinde ikitaraplaýyn duşuşyklaryň birnäçesi geçirildi.

Duşuşyklarda döwletara gatnaşyklarynyň häzirki ýagdaýyna baha berildi, şeýle hem özara bähbitli we deňhukukly ikitaraplaýyn hem-de köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Türkmenistanyň wekiliýetiniň ählumumy gün tertibiniň örän möhüm meseleleriniň birine bagyşlanan şeýle ähmiýetli foruma gatnaşmagynyň wajypdygyny belledi. Biziň ýurdumyz köpasyrlyk milli ýörelgelerimize daýanyp, bu ugurda giň gerimli işleri dowam eder diýip, döwlet Baştutanymyz wise-premýere birnäçe degişli tabşyryklary berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ş.Abdrahmanow ýurdumyzyň nebitgaz toplumyny maddy-enjamlaýyn serişdeler bilen üpjün etmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Türkmen tebigy gazyny çykarmakda, sarp edijilere ýetirmekde hem-de onuň eksport möçberlerini artdyrmakda “Galkynyş” gaz käninde çykarylýan tebigy gazy harytlyk derejesine getirmek möhüm bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, “Türkmengaz” döwlet konserniniň himiki serişdeleri, katalizatorlary we keramiki şarlary satyn almagy hakynda” Kararyň taslamasy taýýarlanyldy.

Resminama laýyklykda, degişli şertnama baglaşmak göz öňünde tutulýar.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Türkmenistanda dünýä bazarynda uly islegden peýdalanýan önümleriň önümçiligi boýunça gaz-himiýa toplumlary bilen baglanyşykly taslamalaryň amala aşyrylmagyna möhüm ähmiýet berilýändigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, öňdebaryjy tejribäni we täzeçil tehnologiýalary ulanmagyň hasabyna pudagyň kuwwatlyklaryny artdyrmak möhüm wezipeleriň biri bolup durýar.

Döwlet Baştutanymyz degişli Karara gol çekip, ony sanly ulgam arkaly wise-premýere iberdi we bu babatda birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Soňra wise-premýer hasabaty dowam edip, ýangyç-energetika toplumynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak, önümçiligi zerur serişdeler bilen yzygiderli üpjün etmek boýunça durmuşa geçirilýän çäreler barada hasabat berdi. Şunuň bilen baglylykda, “Dürli ölçegli oturtma turbalary satyn almak hakynda” Kararyň taslamasy taýýarlanyldy. Dürli ölçegli oturtma turbalary täze burawlanýan nebit guýularynyň gurluşygynda ulanmak meýilleşdirilýär.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, nebitgaz känlerini özleşdirmek, täze guýulary burawlamak işleriniň yzygiderli dowam edýändigini belledi. Munuň üçin bolsa ähli amatly şertler döredilýär. Ilkinji nobatda, bu toplum häzirki zaman enjamlary we tehniki serişdeler bilen üpjün edilýär. Döwlet Baştutanymyz hödürlenen Karara gol çekip, ony sanly ulgam arkaly wise-premýere iberdi we resminamanyň ýerine ýetirilişini yzygiderli gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary A.Ýazmyradow ýurdumyzyň ekerançylyk meýdanlarynda alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy barada hasabat berdi. Ýetişdirilen bugdaý hasylyny ýygnamak bilen bir hatarda, gowaçany mineral dökünler bilen iýmitlendirmek we oňa ösüş suwuny tutmak işleri dowam edýär.

Döwlet Baştutanymyzyň garamagyna “Türkmenistanda 2022-nji ýylda gant şugundyryny öndürmek hakyndaky” Kararyň taslamasy hödürlenildi. Resminama laýyklykda, şu ýyl umumy meýdany 17 müň 900 gektara gant şugundyry ekmek we ondan 224 müň tonna hasyl almak göz öňünde tutulýar. Şunuň bilen baglylykda, Balkan welaýatynda 3 müň gektara gant şugundyryny ekilip, ondan 24 müň tonna hasyl alnar. Mary welaýatynda bolsa 14 müň 900 gektara gant şugundyry ekilip, ondan 200 müň tonna hasyl almak göz öňünde tutulýar.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, halkymyzy özümizde öndürilen dürli görnüşli oba hojalyk önümleri bilen üpjün etmegiň obasenagat toplumynyň öňünde durýan möhüm wezipeleriň biridigine ünsi çekdi. Döwlet Baştutanymyz oba hojalyk işleri ýerine ýetirilende, ilkinji nobatda bolsa, galla oragy döwründe hem-de gowaça ideg etmekde agrotehniki kadalaryň berk berjaý edilmegi babatda wise-premýere birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Döwlet Baştutanymyz degişli Karara gol çekip, ony sanly ulgam arkaly wise-premýere iberdi hem-de welaýatlaryň häkimleriniň şu resminamada kesgitlenen wezipeleriň durmuşa geçirilişini gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Soňra wise-premýer hasabatyny dowam edip, hormatly Prezidentimiziň tabşyrygyndan ugur alnyp, suw serişdelerini netijeli we rejeli peýdalanmak, suw gorlaryny artdyrmak, Amyderýa we Garagum derýalary boýunça seljermeleri geçirmek, suw akymlaryny gowulandyrmak, suw süýjediji desgalary gurmagyň hasabyna ilaty arassa agyz suwy bilen üpjün etmek bilen maksady bilen, ýurdumyzda suw üpjünçilik meseleleri boýunça Hökümet toparyny döretmek boýunça geçirilen işler barada habar berdi.

Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň garamagyna “Türkmenistanyň suw üpjünçilik meseleleri boýunça Hökümet toparyny döretmek hakyndaky” Kararyň taslamasyny hödürledi.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, ekerançylyk, suw serişdelerini rejeli peýdalanmak, oba hojalyk tehnikalaryny netijeli ulanmak boýunça kesgitlenen agrotehniki talaplara laýyklykda ýerine ýetirilýän işleriň hil derejesini üpjün etmek babatda birnäçe görkezmeler berildi.

Hormatly Prezidentimiz hödürlenen resminama gol çekdi we sanly ulgam arkaly wise-premýere iberip, bu babatda guramaçylyk işlerini alyp barmagy tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ç.Purçekow “Türkmenhimiýa” döwlet konserni tarapyndan zawodlaryň önümçilik kuwwatlyklaryny artdyrmak boýunça geçirilýän işler barada hasabat berdi. Ýurdumyzy senagatlaşdyrmak boýunça geçirilýän işleriň netijesinde, innowasiýa tehnologiýalaryny peýdalanmak arkaly kuwwatly kärhanalar yzygiderli ulanmaga berilýär, müňlerçe täze iş orunlary döredilýär.

Döwlet Baştutanymyzyň tabşyryklaryna laýyklykda, “Türkmenhimiýa” döwlet konserni tarapyndan zawodlaryň önümçilik kuwwatlyklaryny artdyrmak, zerur enjamlary daşary ýurtly önüm öndürijilerden göni satyn almak boýunça yzygiderli işler geçirilýär.

Konserniň zawodlarynda gurnalan tehnologiýa enjamlarynyň ygtybarly işlemegi önümçiligiň kuwwatlylygyna gönüden-göni täsirini ýetirýär hem-de önümçilik işleriniň bökdençsizligini üpjün etmek üçin enjamlary öndüriji tarapyndan bellenilen tertipde abatlaýyş işlerini geçirmek zerur bolup durýar.

Wise-premýer himiýa pudagynyň kärhanalary üçin zerur enjamlary göni öndüriji kompaniýalardan satyn almak baradaky teklibi döwlet Baştutanymyzyň garamagyna hödürledi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzyň himiýa toplumynyň bökdençsiz işledilmegini üpjün etmegiň möhümdigini belledi hem-de pudagyň önümleriniň içeri we daşary bazarlarda uly islegden peýdalanýandygyny aýtdy.

Şonuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz hödürlenen teklipleri, umuman, makullap, bu ugurda degişli işleri geçirmegi dowam etmek barada wise-premýere anyk tabşyryklary berdi.

Şeýle hem Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasaryna gözegçilik edýän pudaklarynyň işini, hususan-da, milli ykdysadyýetimiziň binýatlaýyn pudaklarynyň biri bolan ýurdumyzyň himiýa senagatynyň kärhanalarynyň çig mal bilen doly üpjün edilişini hem-de tehniki taýdan enjamlaşdyrylyşyny berk gözegçilikde saklamagy tabşyryldy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Atdaýew “EKSPO-2020” sergisinde Dubaý şäherinde gurlan Türkmenistanyň milli pawilýonynyň binasyny ulanmak barada hasabat berdi.

Bütindünýä sergisiniň 2022-nji ýylyň 31-nji martynda öz işini tamamlandygy sebäpli Dubaýdaky guramaçylyk komiteti şol Milli pawilýonyň binasyny ýene-de bäş ýyl möhletiň dowamynda ulanmagy teklip edýär. Milli pawilýonyň öz işini dowam etmegi ýurdumyzda öndürilýän harytlary mahabat etmek hem-de ýerlemek, işewürlik duşuşyklaryny hem-de forumlaryny geçirmek üçin netijeli meýdança bolar diýlip hasap edilýär.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, koronawirus zerarly dünýäde emele gelen ýagdaýyň kadalaşmagy bilen, ýurdumyzda dürli ugurlar boýunça halkara sergilerini guramagy dowam etmek zerurdyr diýip, wise-premýere bu babatda tabşyryk berdi.

Şeýle hem dürli ýurtlarda hem-de şäherlerde söwda merkezlerini açmak tejribesini dowam etmek gerek, munuň özi harytlaryň eksporta ugradylýan möçberlerini artdyrmaga hem-de täze iş orunlaryny döretmäge mümkinçilik berer diýip, döwlet Baştutanymyz bu ugurda ýerine ýetirilen işler barada hasabat bermegi tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Mämmedowa öňde boljak Medeniýet hepdeligine görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdi.

Türkmenistanyň Prezidentiniň Kararyna laýyklykda, Medeniýet hepdeligi şu ýylyň 22-27-nji iýuny aralygynda Mary welaýatynda geçiriler. Medeni maksatnamanyň çäklerinde dürli çäreler, şol sanda maslahatlar, sungat ussatlarynyň konserti, çeper filmleriň görkezilişi we ýurdumyzyň kino sungatynyň wekilleri bilen döredijilik duşuşyklary, sebitiň taryhy-medeni ýadygärliklerine gezelençler, usulyýet okuwlary we beýlekiler guralar.

Medeniýet hepdeliginiň çäklerinde göçme maslahatlar we sanly ulgam arkaly halkara ylmy-usulyýet duşuşyklary guramak göz öňünde tutulýar.

Medeniýet we sungat işgärleriniň güni hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli baý many-mazmunly, gyzykly çäreleri geçirmek meýilleşdirildi.

Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynda “Magtymguly” operasynyň görkezilişi bolar. Ýurdumyzyň welaýatlarynda we paýtagtymyzda Magtymguly Pyragynyň ýadygärliklerine gül goýmak dabaralaryny geçirmek göz öňünde tutulýar.

Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli meýilnamany hödürledi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Mary welaýatynda geçiriljek medeniýet hepdeliginiň we beýleki baýramçylyk çäreleriniň ugurdaş düzümleriň işini kämilleşdirmekde, milli mirasymyzy giňden wagyz etmekde we türkmen ýaşlarynyň döredijilik ruhuny höweslendirmekde aýratyn ähmiýetlidigini belledi we şunuň bilen degişli görkezmeleri berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary S.Toýlyýew Türkmenistanyň ýaş alymlarynyň arasynda ylmy işler boýunça geçirilen bäsleşigiň jemleri barada hasabat berdi we döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli Kararyň taslamasyny hödürledi.

Ýurdumyzyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi bilen bilelikde her ýylda ýaşlaryň arasynda ylmy işler boýunça bäsleşigi geçirmegi ýaş alymlara goldaw bermäge we olaryň başlangyçlaryny höweslendirmäge gönükdirilendir. Bäsleşik ýurdumyzda giňden bellenilýän Ylymlar güni mynasybetli dabaraly we ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilýär.

“Halkyň Arkadagly zamanasy” şygary astynda geçýän ýylda ýaş alymlaryň bäsleşigi ylmyň we tehnologiýanyň alty ugry boýunça guralýar. Olar Nano-tehnologiýalar, himiki tehnologiýalar, täze materiallary öwrenmek we energetika; Biotehnologiýa, molekulýar biologiýa, oba hojalygy, ekologiýa we genetika; Maglumat we aragatnaşyk ulgamlary, kompýuter tehnologiýalary; Häzirki zaman lukmançylyk we derman serişdelerini öndürmek tehnologiýalary; Innowasion ykdysadyýet; Ynsanperwer ylymlary ýaly ugurlar boýunça geçirilýär.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýaş alymlara döwlet tarapyndan goldaw bermegiň wajypdygyna, ykdysadyýetiň ähli pudaklarynda geçirilýän ylmy barlaglaryň ugurlarynyň artdyrylmagyna we olaryň netijeliliginiň ýokarlandyrylmagyna, ýurdumyzyň ylmy-barlag institutlarynyň we ýokary okuw mekdepleriniň ylmy-barlag mümkinçilikleriniň giňden ulanylmagyna ünsi çekdi.

Döwlet Baştutanymyz bu başlangyjy makullap, degişli Karara gol çekdi we ony sanly ulgam arkaly wise-premýere ugradyp, ýaşlaryň hünär taýdan taýýarlygyny ýokarlandyrmak, ýaş alymlary höweslendirmek we hünärmenleri döwrüň talabyna laýyk derejede taýýarlamak boýunça birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Döwlet Baştutanymyz köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň üsti bilen ilatyň arasynda agyz-burun örtükleriniň ulanylýan ýerleri we olaryň zerur däl ýerlerini düşündirmek boýunça wagyz-nesihat işlerini geçirmegi tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow hasabatyň başynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowy ýurdumyzda giňden bellenilýän Ylymlar güni bilen tüýs ýürekden gutlady.

Bellenilişi ýaly, milli senenamamyzda möhüm orun eýeleýän bu şanly sene milli ylym-bilim ulgamlarynyň ösdürilmegine gönükdirilendir. Häzirki döwürde ýurdumyzda ylmy-önümçilik edaralarynyň, ylmy merkezleriniň we institutlarynyň işiniň döwrebaplaşdyrylmagyna döwlet derejesinde möhüm ähmiýet berilýär. Ylmy barlaglaryň degişli derejede alnyp barylmagy, ylmy açyşlaryň höweslendirilmegi, täzeçil tehnologiýalaryň we dünýäniň ösen tejribeleriniň önümçilige giňden ornaşdyrylmagy möhüm wezipe hökmünde kesgitlenildi.

Bu barada aýtmak bilen, wise-premýer, DIM-niň ýolbaşçysy Türkmenistanyň ylym-bilim ulgamlaryndaky başlangyçlarynyň halkara guramalary, aýratyn-da, ÝUNESKO tarapyndan giň goldawa eýe bolýandygyny aýratyn nygtady we hormatly Prezidentimizi Hökümet agzalarynyň adyndan hem-de hut öz adyndan şanly sene bilen ýene-de bir gezek gutlady.

Şeýle hem wise-premýer, daşary işler ministri R.Meredow hormatly Prezidentimizi Russiýa Federasiýasyna amala aşyran ilkinji resmi saparynyň üstünliklere beslenmegi bilen gutlady. Saparyň dowamynda iki doganlyk ýurduň arasynda strategik hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmak hakyndaky Jarnama gol çekildi we hormatly Prezidentimiz Russiýa Federasiýasynyň ýokary döwlet sylagy--Dostluk ordeni bilen sylaglanyldy.

Russiýa Federasiýasyna guralan saparyň çäklerinde ýurdumyzyň Hökümet agzalarynyň, ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylarynyň ugurdaş düzümleriň wekilleri bilen duşuşyklary guralyp, ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn esasda ýola goýlan hyzmatdaşlygyň işjeňleşdirilmegine gönükdirilen resminamalar toplumyna gol çekildi. Munuň özi ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň hil taýdan täze derejä çykmagyny şertlendirer.

Mundan başga-da, Birleşen Milletler Guramasyndan Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy boýunça 2022-nji ýylyň 12-nji maýynda Aşgabatda geçirilen Merkezi Aziýa döwletleriniň we Russiýa Federasiýasynyň Parlamentara forumynda kabul edilen Aşgabat Jarnamasynyň BMG-niň Baş Assambleýasynyň 76-njy sessiýasynyň resminamasy hökmünde yglan edilendigi baradaky taryhy ähmiýetli hoş habar bilen mähirli gutlap, wise-premýer, DIM-niň ýolbaşçysy Arkadagly Serdarymyza berk jan saglyk, uzak ömür, Watanymyzyň we halkymyzyň abadançylygynyň bähbidine alyp barýan giň möçberli işlerinde üstünlikleri arzuw etdi.

Şeýle hem wise-premýer, DIM-niň ýolbaşçysy Türkmenistanyň BMG-niň Baş Assambleýasynyň 77-nji sessiýasynyň başlygynyň orunbasarlygyna biragyzdan saýlanandygy baradaky hoş habary aýdyp, bu şanly waka bilen hormatly Prezidentimizi tüýs ýürekden gutlady. Munuň özi Türkmenistana, hormatly Prezidentimiziň durmuşa geçirýän daşary syýasatyna we umuman ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan giň möçberli özgertmeleriniň netijelerine ýokary baha berilýändiginiň nobatdaky subutnamasydyr.

Mälim bolşy ýaly, Türkmenistan ählumumy maksatlara kybap gelýän başlangyçlary yzygiderli öňe sürýär. BMG-niň Türkmenistanyň başlangyjy esasynda 18 sany kararnamany kabul etmegi we ýurdumyzyň öňe sürýän başlangyçlarynyň BMG agza-ýurtlary tarapyndan uly goldawa eýe bolmagy Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň halkara giňişligindäki abraýynyň belende galýandygyny görkezýär.

Wise-premýer, DIM-niň ýolbaşçysy hormatly Prezidentimizi bu şatlykly waka bilen tüýs ýürekden gutlap, döwlet Baştutanymyza berk jan saglyk, uzak ömür, alyp barýan işlerinde mundan beýläk-de üstünlikleri gazanmagyny arzuw etdi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Birleşen Milletler Guramasynyň ştab-kwartirasyndan ýurdumyza hoş habaryň gelip gowşandygyny kanagatlanma bilen belläp, hemmeleri möhüm waka -- Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 77-nji sessiýasynyň Başlygynyň orunbasarlygyna biragyzdan saýlanylmagy bilen tüýs ýürekden gutlady.

Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, munuň özi Türkmenistanyň alyp barýan oňyn bitaraplyk daşary syýasatynyň dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan giňden goldaw tapýandygynyň aýdyň şaýatnamasy hökmünde kabul edilýär. Berkarar döwletimiziň alyp barýan hemişelik Bitaraplyk syýasaty Birleşen Milletler Guramasy bilen hyzmatdaşlygyň täze ugurlaryny açdy. Türkmenistan ähli ugurlar boýunça giň gerimli özgertmeleri durmuşa geçirip, işjeň, täze başlangyçlar bilen halkara hyzmatdaşlygyny netijeli ösdürmäge uly goşant goşýar.

BMG biziň ýurdumyzyň parahatçylygy we howpsuzlygy üpjün etmek, sebitde we bütin dünýäde ykdysady durnuklylygy pugtalandyrmak, dünýä bazarlaryna energiýa serişdeleriniň ygtybarly iberilmegini kepillendirmek, daşky gurşawy goramak barada we beýleki halkara meselelerine degişli öňe sürýän başlangyçlaryny durmuşa geçirmekde ýardam berýär.

Bu bolsa, dünýäniň ähli döwletleriniň we abraýly halkara guramalarynyň, ilkinji nobatda bolsa, Birleşen Milletler Guramasynyň Watanymyzyň alyp barýan daşary syýasatyna, möhüm ähmiýetli başlangyçlaryna uly gyzyklanma bildirýändigini we olary biragyzdan goldaýandygyny aýdyň görkezýär diýip, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow belledi.

Döwlet Baştutanymyz watandaşlarymyzy Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 77-nji sessiýasynyň Başlygynyň orunbasarlygyna biragyzdan saýlanmagy bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlady we hemmelere berk jan saglyk, abadançylyk, Bitarap Watanymyzyň gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

Soňra wise-premýer, daşary işler ministri R.Meredow häzirki döwürde Türkmenistanda hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda Aziýa-Ýuwaş umman sebitiniň ýurtlary bilen hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny ösdürmäge möhüm ähmiýet berilýändigi barada aýtdy.

Bellenilişi ýaly, Hytaý Halk Respublikasy Türkmenistanyň Aziýa sebitindäki işjeň we ygtybarly hyzmatdaşlarynyň biri bolup durýar.

Wise-premýer, DIM-niň ýolbaşçysy Türkmenistanyň wekiliýetiniň döwlet Baştutanymyzyň tabşyrygy boýunça Gazagystan Respublikasynyň Nursultan şäherinde gulluk iş saparynda bolandygyny we iş saparyň dowamynda “Merkezi Aziýa-Hytaý” döwletleriniň daşary işler ministrleriniň nobatdaky üçünji duşuşygyna gatnaşandygy barada hasabat berdi.

Şeýle hem wise-premýer, daşary işler ministri ol ýerde ýurdumyzyň wekiliýetiniň HHR-iň, Gazagystan Respublikasynyň, Gyrgyzystanyň we Özbegistan Respublikasynyň Daşary işler ministrlikleriniň wekilleri bilen duşuşyklary geçirip, ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny ösdürmegiň möhüm ugurlaryny ara alyp maslahatlaşandyklaryny habar berdi.

“Merkezi Aziýa-Hytaý” görnüşindäki hyzmatdaşlygyň çäklerinde, syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmegiň wezipeleri kesgitlenildi. Şunda sebitara we halkara howpsuzlygyny üpjün etmek, durnukly ösüşi pugtalandyrmak meselelerine möhüm ähmiýet berildi. Maglumat howpsuzlygyny üpjün etmek häzirki döwrüň möhüm wezipeleriniň hatarynda kesgitlenendigi aýdyldy.

Şunda halkara hyzmatdaşlygyna möhüm orun degişli bolup durýar. Bu duşuşykda Türkmenistan tarapyndan sebit ähmiýetli başlangyçlar öňe sürüldi. Olaryň hatarynda Türkmenbaşynyň Halkara deňiz portunyň mümkinçiliklerinden peýdalanmak, deňze çykalgasy bolmadyk we ösüp barýan ýurtlaryň wekilleriniň duşuşyklaryny geçirmek, Türkmenistanyň Merkezi Aziýa döwletleri bilen hyzmatdaşlygyny ösdürmek ýaly ugurlar bar. Türkmenistan –Hytaý gaz geçirijisiniň sebitara hyzmatdaşlygynyň ösdürilmeginde möhüm ähmiýeti nygtaldy.

Şeýle hem ýaşlar syýasaty, ylym-bilim ulgamyndaky hyzmatdaşlyk boýunça oňyn çözgütler kabul edildi. Duşuşygyň jemleri boýunça dört resminamanyň kabul edilmegi, duşuşyklaryň netijeli häsiýete eýe bolandygyny aňladýar.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Türkmenistanyň halkara hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryna ygrarlydygyny, döwletimiziň tutuş adamzat ähmiýetli başlangyçlary öňe sürmek ugrunda hemmetaraplaýyn tagalla edýändigini belledi. Munuň özi ýurdumyzyň halkara giňişligindäki abraýynyň belende galmagy bilen bir hatarda, halklaryň arasyndaky özara düşünişmek we birek-birege hormat goýmak esasynda ýola goýulýan hyzmatdaşlygyň barha ösdürilmegine giň ýol açýar.

Şeýle hem hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň netijeli döwletara, sebitleýin we sebitara hyzmatdaşlygynyň, şol sanda “Merkezi Aziýa-Hytaý” görnüşindäki gatnaşyklaryň ösdürilmegine hemmetaraplaýyn ýardam berjekdigini belledi.

Döwlet Baştutanymyz türkmen-rus gatnaşyklary barada aýdyp, hyzmatdaşlygyň däp bolan dostluk, strategik häsiýete eýedigini belledi. Munuň özi 10-njy iýunda Moskwada ýokary derejede geçirilen gepleşikleriň oňyn netijelere eýe bolandygyny aňladýar. Ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ägirt uly mümkinçilikleriniň bardygyny, Russiýanyň paýtagtynda geçirilen duşuşykda resminamalaryň iri toplumyna gol çekilmegi, hyzmatdaşlygyň çuňlaşdyrylmagyny üpjün etjekdigini belläp, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow bu babatda wise-premýere, DIM-niň ýolbaşçysyna degişli tabşyryklary berdi.

Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M.Çakyýew ulag toplumynda howpsuzlyk derejeleriniň sanawyny we howpsuzlyk derejelerini yglan etmegiň tertibini taýýarlamak boýunça geçirilen işler barada hasabat berdi.

“Ulag howpsuzlygy hakynda” Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda, döwlet edaralary bilen bilelikde bu ugurda degişli işleriň alnyp barylýandygy barada habar berildi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ulag toplumynyň bu möhüm ugrunda işleri has-da kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işleri dowam etmek barada anyk görkezmeleri berdi.

Soňra döwlet Baştutanymyz dünýäde koronawirus ýokanjy bilen baglanyşykly ýagdaýlaryň kadalaşýandygyny, köp ýurtlarda halkara gatnawlar üçin giňişligiň açylýandygyny belledi.

Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz Agentligiň ýolbaşçysyna ýakyn wagtda beýleki ýurtlar bilen halkara gatnawlaryny dikeltmek boýunça işleri geçirmegi we onuň netijeleri barada hasabat bermegi tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň mejlisinde döwlet durmuşyna degişli başga-da birnäçe möhüm meselelere garaldy, pudaklaryň ösüşine gönükdirilen resminamalar we olar boýunça zerur çözgütler kabul edildi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly geçirilýän mejlisini tamamlap, oňa gatnaşýanlara berk jan saglygyny, maşgala abadançylygyny, berkarar Watanymyzyň mundan beýläk-de ösüşiň bähbidine alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

Soňky habarlar
20.12
2024-nji ýylyň noýabry: Türkmenistanyň Prezidentiniň daşary syýasy başlangyçlaryndan ugur alyp
19.12
Türkmenistanyň Prezidentiniň we Malaýziýanyň Premýer-ministriniň arasynda gepleşikler geçirildi
19.12
Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Malaýziýa resmi saparynyň jemleri boýunça Türkmenistanyň we Malaýziýanyň arasynda BILELIKDÄKI BEÝANNAMA
19.12
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Malaýziýa resmi saparynyň jemleri boýunça metbugat maslahatyndaky çykyşy
19.12
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy IIM-niň Awtomobil sport toplumynyň desgalarynyň taslamalary bilen tanyşdy
18.12
Türkmenistanyň Prezidentiniň Malaýziýa resmi sapary başlandy
18.12
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hat
18.12
Türkmenistanyň Prezidentiniň «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly kitaby ýapon dilinde neşir edildi
18.12
Sanly tehnologiýalar dünýäni özgerdýär
18.12
Türkmenistanyň Prezidenti Katar Döwletiniň Emirini gutlady
top-arrow