Ähli ugurlar boýunça buýsandyryjy netijeleri gazanýan ata Watanymyz Garaşsyzlygynyň 31 ýyllyk baýramyny mynasyp garşylap, bu gün beýik ýeňişleredir şöhratly wakalara beslenýär. Agzybirligiň, ruhubelentligiň hem-de abadan durmuşyň mekany bolan eziz Diýarymyz Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe gazanýan ýokary netijeleri, eýeleýän belent sepgitleri, dost-doganlyk we parahatçylyk kadalaryna esaslanýan hoşniýetli, bitaraplyk daşary syýasaty bilen Ýer ýüzünde uly abraý-hormat gazanýar.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe eziz Diýarymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 31 ýyllyk baýramyny uly dabaralara besläp, buýsandyryjy netijeleri gazanmak bilen garşylaýar. Geçen 31 ýylyň dowamynda ata Watanymyzda asyrlara ýaň saljak beýik işler bitirildi. Bitarap döwletimiz dünýäde ýokary depginler bilen ösýän, öz halkynyň abadan, bagtyýar we bolelin durmuşda ýaşamagyny üpjün edýän ýurtlaryň hataryna ynamly goşuldy.
Edebiýat, medeniýet we sungat işgärleriniň, höwesjeň aýdymçy ýaşlaryň hem-de zehinli çagalaryň arasynda Türkmenistanyň Prezidentiniň yglan eden «Türkmeniň Altyn asyry» atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşigiň jemleri hakynda
Ýurdumyzyň daşary syýasat strategiýasynyň möhüm ugry hökmünde Birleşen Milletler Guramasy hem-de onuň ýöriteleşdirilen düzümleri bilen hyzmatdaşlyk işjeň ösdürilip, halkara gatnaşyklarynyň we diplomatiýanyň dünýä taryhynda nusgalyk tejribesi toplanyldy. Bu barada Türkmensitanyň Prezidenti Döwlet maslahatynda eden çykyşynda belledi.
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Döwlet maslahatynda eden çykyşynda geljek ýedi ýylda döwlet býujetiniň agramly bölegini durmuş ulgamyny maliýeleşdirmek üçin sarp ediljekdigini belledi.
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Döwlet maslahatynda eden çykyşynda adam hakynda alada – ýurdumyzyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan esasy ugrudygyny aýratyn belläp geçdi.
Şu gün paýtagtymyzyň Ruhyýet köşgünde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň başlyklyk etmeginde Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllygyna bagyşlanan Döwlet maslahaty geçirildi.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ermenistan Respublikasynyň Prezidenti Waagn Haçaturýana we Premýer-ministr Nikol Paşinýana, şeýle-de ýurduň ähli halkyna Ermenistan Respublikasynyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli ýürekden gutlaglaryny, iň gowy arzuwlaryny iberdi.
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Saud Arabystanynyň Patyşasy Iki Mukaddesligiň Hyzmatkäri Salman ben Abdelaziz Al Sauda we Saud Arabystany Patyşalygynyň Mirasdüşer Şazadasy, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, goranmak ministri Mohammed bin Salman bin Abdelaziz Al Sauda, şeýle-de ýurduň ähli halkyna Saud Arabystany Patyşalygynyň Milli güni mynasybetli ýürekden gutlaglaryny, iň gowy arzuwlaryny iberdi.
Doglan günüňiz mynasybetli ýürekden gutlaglarymy kabul ediň!