Baş sahypa
\
Medeniýet
\
Türkmen saz sungatynyň ussadyna bagyşlanan ylmy-amaly maslahat
Medeniýet
Türkmen saz sungatynyň ussadyna bagyşlanan ylmy-amaly maslahat
Çap edildi 01.05.2026
1276

Şu gün paýtagtymyzdaky Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýanyndaky ýörite sazçylyk mekdep-internatynda türkmen opera sungatynyň düýbüni tutujylaryň biri, görnükli kompozitor Weli Muhadowyň ömri we döredijiligine bagyşlanan ylmy-amaly maslahat geçirildi. Bu çäre ýurdumyzda hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda milli medeniýetimizi we sungatymyzy ösdürmek, belli şahsyýetlerimiziň mirasyny dünýä ýaýmak ugrunda durmuşa geçirilýän döwlet syýasatynyň aýdyň beýanyna öwrüldi.

Maslahata medeniýet we sungat işgärleri, konserwatoriýanyň mugallymlary, talyplar gatnaşdylar. Çykyşlarda Garaşsyz Diýarymyzda şöhratly taryhymyzda yz goýan beýik şahsyýetlerimize belent sarpa goýulýandygy, şunda türkmen saz sungatynyň dünýä derejesindäki abraýyny belende göteren Weli Muhadow ýaly şahsyýetleriň döredijilik mekdebiniň ýaş nesiller üçin nusga bolup hyzmat edýändigi bellenildi.

Maslahatyň hormatly myhmany — Türki medeniýetiň halkara guramasynyň (TÜRKSOÝ) Baş sekretary Sultan Raýew öz çykyşynda Weli Muhadowyň diňe bir türkmen halkynyň däl, eýsem, tutuş türki dünýäniň saz sungatyna uly goşant goşan dünýä derejeli kompozitordygyny nygtady. Ol kompozitoryň eserleriniň türki halklaryň ruhy ýakynlygyny we umumy medeni köklerini sazyň dilinde beýan edendigini belledi. Ol TÜRKSOÝ-yň çäklerinde türkmen medeniýetiniň, şol sanda Weli Muhadowyň nusgawy mirasynyň wagyz edilmeginiň doganlyk halklaryň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary berkitmekde uly ähmiýete eýedigine ünsi çekdi.

Ylmy-amaly maslahatyň dowamynda çykyş edenler kompozitoryň saz sungatyndaky eýeleýän ornuny bellediler. Weli Muhadowyň eserleri milli äheňleriň simfoniki mukamlar bilen utgaşmagynyň kämil nusgasydyr. Olar watançylyk ruhuna beslenip, operalarda we simfoniýalarda halk döredijiliginiň däpleri döwrebap öwüşginde öz beýanyny tapýar. Kompozitoryň döredijiliginde opera žanry aýratyn orun tutýar. Ol türkmen opera sungatynyň milli mekdebiniň kemala gelmeginde binýat bolup hyzmat etdi. Onuň «Zöhre-Tahyr», «Ganly saka» ýaly operalary halkymyzyň taryhyny, gahrymançylygyny simfoniki öwüşginler bilen beýan edýär.

Maslahatyň dowamynda Weli Muhadowyň talyplyk ýyllaryndaky deňi-taýy bolmadyk üstünligi hakynda aýratyn durlup geçildi. Bellenilişi ýaly, ol Moskwa döwlet konserwatoriýasynyň dördünji ýyl talyby wagtynda meşhur «Türkmen sýuitasyny» ýazyp, SSSR-iň Döwlet baýragyna mynasyp boldy. Şeýle hem bäşinji ýyl talyp wagtynda kompozitoryň diplom işi bolan «Meniň Watanym» atly simfoniki poemasy ýokary döwlet baýragy bilen sylaglanyldy. Talybyň yzly-yzyna iki ýyl döwlet baýragyna mynasyp bolmagy Moskwanyň bu abraýly bilim ojagynyň bütin taryhynda ýeke-täk wakadyr.

Maslahatyň dowamynda Weli Muhadowyň döreden sazlary esasynda aýdymlar, sazly çykyşlar ýerine ýetirildi. Şeýle hem Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň talyplary bilen geçirilen ussatlyk sapaklary işjeň we netijeli häsiýete eýe boldy.

Maslahata gatnaşyjylar şeýle çäreleriň ýaş sazşynaslaryň we kompozitorlaryň hünär derejesini ýokarlandyrmakda, olarda milli sungatymyza buýsanjy kemala getirmekde uly ähmiýete eýedigini nygtap, milli mirasymyzy gorap saklamak, içgin öwrenmek we ösdürmek ugrunda döredýän giň mümkinçilikleri üçin Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza çäksiz hoşallyklaryny beýan etdiler.

Soňky habarlar
25.06
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň we Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik
25.06
Türkmenistanyň Prezidenti Sloweniýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady
24.06
Türkmenistanyň Prezidenti Katar Döwletiniň Emirine gynanç bildirdi
24.06
Oňyn halkara hyzmatdaşlygy ösdürmegiň ýolunda täze ädimler
24.06
Medeniýet hepdeligi — 2026: üçünji gün
23.06
Türkmenistanyň Prezidentiniň Azerbaýjan Respublikasyna döwlet sapary tamamlandy
23.06
Türkmenistan umumy abadançylygyň bähbidine köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürýär
23.06
Medeniýet hepdeligi — 2026: ikinji gün
22.06
Türkmenistanyň Prezidentiniň Azerbaýjan Respublikasyna döwlet sapary başlandy
22.06
Balkan welaýatynda Medeniýet hepdeligine badalga berildi
top-arrow