Baş sahypa
\
Resmi
\
Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmenistanyň «Hormatly il ýaşulusy» diýen adyny dakmak hakynda
Resmi
Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmenistanyň «Hormatly il ýaşulusy» diýen adyny dakmak hakynda
Çap edildi 23.09.2022
3423

Ähli ugurlar boýunça buýsandyryjy netijeleri gazanýan ata Watanymyz Garaşsyzlygynyň 31 ýyllyk baýramyny mynasyp garşylap, bu gün beýik ýeňişleredir şöhratly wakalara beslenýär. Agzybirligiň, ruhubelentligiň hem-de abadan durmuşyň mekany bolan eziz Diýarymyz Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe gazanýan ýokary netijeleri, eýeleýän belent sepgitleri, dost-doganlyk we parahatçylyk kadalaryna esaslanýan hoşniýetli, bitaraplyk daşary syýasaty bilen Ýer ýüzünde uly abraý-hormat gazanýar.

Berkarar Watanymyzyň üstünliklerinde, mähriban halkymyzyň agzybirligini we jebisligini berkitmekde, ýaş nesillerimizi ata-babalarymyzdan gelýän milli däplerimize laýyklykda terbiýelemekde ýaşuly nesliň hyzmaty uludyr. Il-ýurt bähbitli, döwlet ähmiýetli möhüm meseleleri maslahatlaşyp-geňeşip çözmäge, ýurdumyzda amala aşyrylýan giň gerimli özgertmelere parasatly ýaşulularymyz işjeň gatnaşýarlar. Möhüm ähmiýetli başlangyçlara olaryň ak patasy bilen badalga berilýär. Garaşsyz, Bitarap döwletimiziň alyp barýan içeri we daşary syýasatyny halkymyza düşündirmekde hem sarpaly ýaşulularymyz uly işleri bitirýärler.

Barha ösüp, özgerýän agzybir jemgyýetimizde ýaşuly nesliň ornuna, ýaşlary watançylyk, zähmetsöýerlik, halallyk, ahlaklylyk we ynsanperwerlik ruhunda terbiýelemekde bitirýän hyzmatlaryna döwletimiz ýokary baha berýär. 

Türkmenistanyň Garaşsyzlygyny berkitmekde, milli däp-dessurlarymyzy ösdürmekde, mähriban halkymyzyň agzybirligini hem-de jebisligini pugtalandyrmakda, ýaş nesillerimize edep-terbiýe bermekde uly işleri bitirýändiklerini hem-de durmuşda asylly görelde nusgasyny görkezýändiklerini nazara alyp, şeýle hem hemişelik Bitarap Türkmenistanyň beýik Garaşsyzlygynyň 31 ýyllyk baýramy mynasybetli, karar edýärin: 

Ýurdumyzyň şu raýatlaryna Türkmenistanyň 

«Hormatly il ýaşulusy» diýen adyny dakmaly:

«Garagum» žurnalynyň bölüm redaktory Orazguly Annaýewe,

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň çyzuw we materiallaryň garşylygy kafedrasynyň uly mugallymy Amangeldi Orazowa,

Aşgabat şäher häkimliginiň Jemagat hojalygy müdirliginiň Aşgabat şäher Arassalaýyş, abadanlaşdyryş birleşiginiň Zeýsuw we suwaryş müdirliginiň maşinisti Atamyrat Myllykowa,

Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabyndaky 11-nji orta mekdebiniň müdiri Kakageldi Atdaýewe,

Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrap bilim bölüminiň baş hünärmeni Baýramdurdy Meredowa,

Ahal welaýatynyň Bäherden etrabynyň Durun geňeşliginiň Durun obasynyň ýaşaýjysy, pensioner Kadyr Annaýewe,

Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Balkan welaýatynyň Balkanabat şäherindäki 20-nji orta mekdebiniň mugallymy Akmämmet Mämiýewe,

Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäheriniň ýaşaýjysy, pensioner Abdyrahman Begjanowa,

Balkan welaýatynyň Balkanabat şäheriniň ýaşaýjysy, pensioner Nurgylyç Täşliýewe,

Daşoguz welaýatynyň Gurbansoltan eje adyndaky etrabynyň Magtymguly Garlyýew adyndaky geňeşliginiň Polatly obasynyň ýaşaýjysy, pensioner Meretdurdy Reýimowa,

Daşoguz welaýatynyň Köneürgenç şäheriniň ýaşaýjysy, pensioner Amanmurat Oräýewe,

Daşoguz welaýatynyň Boldumsaz etrabynyň Rowaçlyk geňeşliginiň Särarýap obasynyň ýaşaýjysy, pensioner Narbaý Orunbaýewe,

Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Lebap welaýatynyň Farap etrabyndaky 2-nji orta mekdebiniň müdiri Saparbaý Rozyýewe,

Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäheriniň ýaşaýjysy, pensioner Jorakuly Ergeşowa,

Lebap welaýatynyň Halaç etrabynyň Altyn asyr geňeşliginiň Çilan obasynyň ýaşaýjysy, pensioner Garly Bazarowa,

Türkmen oba hojalyk institutynyň Oba hojalyk ylmy-önümçilik merkeziniň gowaçanyň seleksiýasy we tohumçylygy bölüminiň uly ylmy işgäri Rejepmyrat Berdimyradowa,

Mary welaýatynyň Wekilbazar etrabynyň Goňur geňeşliginiň Garagoňur obasynyň ýaşaýjysy, pensioner Allaýar Allakowa,

Mary welaýatynyň Garagum etrabynyň Göbeklidepe geňeşliginiň Göbekli obasynyň ýaşaýjysy, pensioner Jumadurdy Jumaniýazowiç Hydyrowa.

Türkmenistanyň Prezidenti 

Serdar Berdimuhamedow.

Aşgabat şäheri, 2022-nji ýylyň 23-nji sentýabry.

Soňky habarlar
17.04
Döwrebap ýollar — bagtyýar zamananyň aýdyň nyşany
17.04
Gahryman Arkadagymyz hem-de HHR-iň Döwlet Geňeşiniň Premýeriniň birinji orunbasary «Galkynyş» gaz käniniň dördünji tapgyryny özleşdirmäge badalga bermek dabarasyna gatnaşdylar
17.04
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Galkynyş» gaz käniniň dördünji tapgyryny özleşdirmäge badalga bermek dabarasyndaky ÇYKYŞY
16.04
Türkmenistanyň Prezidenti HHR-iň Döwlet Geňeşiniň Premýeriniň birinji orunbasaryny kabul etdi
16.04
Hemmetaraplaýyn hyzmatdaşlyk strategiýasy üstünlikli durmuşa geçirilýär
16.04
Paýtagtymyzda gaz pudagynda türkmen-hytaý hyzmatdaşlygynyň 20 ýyllygyna bagyşlanan halkara ylmy-amaly maslahat geçirildi
16.04
Ylym-bilim ulgamynda türkmen-hytaý gatnaşyklaryny berkidip
15.04
Türkmenistanyň Prezidenti Italiýa Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisini kabul etdi
15.04
Türkmenistanyň Prezidenti Koreýa Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisini kabul etdi
15.04
Pekiniň hytaý lukmançylygy uniwersitetiniň wekiliýetiniň ýurdumyza sapary
top-arrow