Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Döwlet migrasiýa gullugynda Türkmenistanyň raýatlygyna kabul edilen adamlara pasportlary gowşurmak dabarasy boldy. Ählihalk baýramyna — eziz Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlyk gününe gabatlanan bu şanly waka ýurdumyzyň halkara ynsanperwer hukugynyň kadalaryna pugta ygrarlydygynyň aýdyň beýany boldy.
Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly ulag düzüminiň desgalarynyň — Balkan, Daşoguz, Lebap we Mary welaýatlarynda täze ýolagçy awtomenzilleriniň binalarynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy.
Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllyk baýramynyň ýurdumyzda giňden bellenilýän günlerinde täze taryhy döwürde döwletimiziň syýasy, ykdysady, durmuş hem-de medeni taýdan ösüş depginlerini has-da ýokarlandyrmak bilen bagly wajyp meseleler girizilen Döwlet Maslahatyny geçirýäris. Bu maslahatda Watanymyzyň demokratik, hukuk we dünýewi esaslaryny mundan beýläk-de berkitmek, halkara abraýyny ýokarlandyrmak üçin toplumlaýyn wezipeleri kesgitläris. Içeri we daşary syýasatymyzyň ileri tutulýan ugurlarynyň meselelerine seredip, möhüm Kararlary kabul ederis.
Şu gün paýtagtymyzdaky Ruhyýet köşgünde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň başlyklyk etmeginde Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllygyna bagyşlanan Döwlet Maslahaty geçirildi. Watanymyzyň durmuşynda şanly waka bolan umumymilli forumyň gün tertibine şu döwürde gazanylan üstünlikleriň netijelerini jemlemek, ýurdumyzy mundan beýläk-de hemmetaraplaýyn ösdürmegiň ileri tutulýan wezipelerini ara alyp maslahatlaşmak meseleleri girizildi.
Sizi baky Bitarap Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllyk baýramy, şeýle-de döwlet sylaglaryna mynasyp bolmagyňyz we Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly bäsleşiginiň ýeňijisi bolmagyňyz mynasybetli tüýs ýürekden gutlaýaryn. Size berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, döredijilik äleminde üstünlikleri arzuw edýärin.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle-de hut öz adyndan Argentina Respublikasynyň Prezidenti Alberto Fernandese hem-de ýurduň ähli halkyna Türkmenistanyň we Argentina Respublikasynyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny, iň oňat arzuwlaryny ýollady.
Siziň Alyhezretiňize hem-de Türkmenistanyň halkyna ýurduňyzyň Garaşsyzlygynyň şanly senesiniň öňüsyrasynda, şeýle-de ýurtlarymyzyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygy mynasybetli gutlaglarymy we iň gowy arzuwlarymy iberýärin.
Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşyna degişli möhüm meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy hem-de birnäçe resminamalaryň taslamalaryna garaldy.
Beýik ata-babalarymyzyň wesýet eden rehimdarlyk we ynsanperwerlik ýörelgelerini goldanyp, türkmen jemgyýetiniň hem-de her bir maşgalanyň agzybirligini, bitewüligini has-da pugtalandyrmak maksady bilen, şeýle-de Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllyk baýramy mynasybetli Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Serdar Berdimuhamedow “Iş kesilenleriň Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllyk baýramy mynasybetli günäsini geçmek hakynda” Permana gol çekdi. Günäsi geçilen raýatlar mundan beýläk azatlykdan mahrum etmek görnüşindäki esasy jeza çäresini, şeýle-de belli bir ýerde ýaşamak borjuny ýüklemek görnüşindäki goşmaça jeza çäresini çekmekden boşadyldy.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Garaşsyz ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň ähli pudaklarynda guwandyryjy netijeler gazanylýar. Bitarap döwletimiziň her güni zähmet ýeňişleri bilen şöhratlanýar. Ata Watanymyzy gülledip ösdürmek boýunça kabul edilen maksatnamalar üstünlikli amala aşyrylýar. Alnyp barylýan bu beýik işlere zähmetsöýer zenanlarymyz işjeň gatnaşýarlar. Olar ykdysadyýetiň dürli pudaklarynda yhlas bilen zähmet çekip, Bitarap döwletimiziň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllyk baýramyny mynasyp garşylaýarlar, ýurdumyzda agzybirligi we jebisligi has-da berkitmäge uly goşant goşýarlar.