Baş sahypa
\
Syýasat habarlary
\
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
Syýasat habarlary
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
Çap edildi 02.12.2022
1451

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşyna degişli möhüm meselelere, şeýle hem taýýarlanan resminamalaryň taslamalaryna garaldy.

Ilki bilen, Milli Geňeşiň Mejlisiniň Başlygy G.Mämmedowa söz berildi. Ol alnyp barylýan kanun çykaryjylyk işi barada maglumat berdi. Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda Mejlisiň iş toparlarynda ministrliklerden we pudaklaýyn dolandyryş edaralaryndan gelip gowuşýan teklipler öwrenilýär, kanunylygy, hukuk tertibini berkitmek, kiçi we orta telekeçiligi döwlet tarapyndan goldamak, döwlet emlägini hususylaşdyrmak, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmak bilen baglanyşykly hereket edýän Kanunlary kämilleşdirmek boýunça işler dowam etdirilýär.

Mejlisiň deputatlary halkara çärelere, okuw maslahatlaryna we duşuşyklara, şol sanda BMG-niň düzümleri, dostlukly ýurtlaryň parlamentleri tarapyndan geçirilýän çärelere gatnaşýarlar hem-de ýurdumyzda amala aşyrylýan özgertmeler bilen baglanyşykly wagyz-nesihat çärelerini geçirýärler, döwlet syýasatyny wagyz etmek, kabul edilen Kanunlaryň many-mazmunyny halkymyza düşündirmek boýunça köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde yzygiderli çykyş edýärler.

Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygynyň orunbasary K.Babaýew ýurdumyzyň kanunçylygyny kämilleşdirmek, parlamentara gatnaşyklary ösdürmek boýunça alnyp barylýan işler barada maglumat berdi. Bellenilişi ýaly, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygynyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti şu ýylyň noýabrynda Koreýa Respublikasyna resmi sapary amala aşyrdy.

Dostlukly türkmen-koreý gatnaşyklaryny ösdürmekde hem-de özara bähbitli hyzmatdaşlygyň gerimini giňeltmekde uly ähmiýete eýe bolan saparyň çäklerinde Gahryman Arkadagymyz Koreýa Respublikasynyň Prezidenti, bu ýurduň Milli Assambleýasynyň Başlygy, “Türkmenistan — Koreýa” parlamentara dostluk toparynyň ýolbaşçysy, Koreýanyň Halkara söwda assosiasiýasynyň (KITA) prezidenti we işewür toparlarynyň wekilleri bilen duşuşdy. Saparyň çäklerindäki duşuşyklaryň barşynda söwda-ykdysady, ekologiýa we ýokary tehnologiýalar ulgamlarynda hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek boýunça gepleşikler geçirildi.

Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow türkmen-koreý parlamentara gatnaşyklaryny ösdürmek maksady bilen, Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek, dostluk toparynyň işini işjeňleşdirmek, ýaşlar parlamentara gatnaşyklarynyň we zenan parlamentarileriň hyzmatdaşlygynyň usullaryny netijeli ulanmak boýunça birnäçe teklipleri öňe sürdi. Duşuşyklaryň netijeleri boýunça Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahaty bilen Koreýa Respublikasynyň Milli Assambleýasynyň arasynda özara hyzmatdaşlyk hakynda Ähtnama gol çekildi.

Koreýa Respublikasyna resmi saparyň çäklerinde Halk Maslahatynyň agzalary dostlukly ýurduň öňdebaryjy ýokary okuw mekdeplerinde bilim alýan türkmen ýaşlary bilen duşuşdylar. Gahryman Arkadagymyzyň Koreýa Respublikasyna sapary türkmen-koreý parlamentara gatnaşyklaryna, şeýle-de döwletara hyzmatdaşlygyň ähli ugurlaryna täze itergi bermekde uly ähmiýete eýedir.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygynyň Koreýa Respublikasynda geçiren duşuşyklaryna we gepleşiklerine ýokary baha berip, Garaşsyz Türkmenistanyň alyp barýan Bitaraplyk syýasatyny ilerletmegiň netijeli guraly hökmünde dünýä döwletleri bilen parlamentara gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmegiň wajypdygyny belledi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary H.Geldimyradow giň halkara hyzmatdaşlyk ýörelgesine esaslanýan daşary syýasy strategiýalara laýyklykda, dünýä döwletleri bilen deňhukukly we özara bähbitli ykdysady gatnaşyklary işjeňleşdirmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Hususan-da, Koreýa Respublikasy bilen netijeli hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga gönükdirilen çäreler barada aýdyldy. Bellenilişi ýaly, dostlukly ýurduň öňdebaryjy kompaniýalarynyň gatnaşmagynda iri maýa goýum taslamalaryny durmuşa geçirmek maksady bilen, Koreýanyň eksport-import bankyndan we beýleki halkara maliýe guramalaryndan karzlar çekildi.

Ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek, amala aşyrylmagy meýilleşdirilýän maýa goýum taslamalaryny kesgitlemek, daşary ýurt maýa goýumlaryny we karzlary çekmek boýunça işleri işjeňleşdirmek maksady bilen, döwlet Baştutanymyzyň garamagyna Söwda, ykdysady, ylmy we tehnologik hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-koreý toparynyň türkmen böleginiň düzümini tassyklamak hakynda Kararyň taslamasy hödürlenildi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Türkmenistanyň dünýäniň ösen ýurtlarynyň biri hökmünde Koreýa Respublikasy bilen däp bolan dostlukly gatnaşyklary pugtalandyrmaga uly üns berýändigini belledi. Soňky ýyllarda ýokary derejedäki duşuşyklaryň çäklerinde gazanylan ylalaşyklar döwletara gatnaşyklary täze derejä çykaryp, esasy ugurlaryň ençemesinde özara bähbitli hyzmatdaşlygy giňeltmek üçin anyk mümkinçilikleri açdy. Döwlet Baştutanymyz ikitaraplaýyn ylalaşyklary durmuşa geçirmekde hökümetara toparyň işine möhüm ähmiýet berilýändigine ünsi çekip, degişli Karara gol çekdi we ony wise-premýere sanly ulgam arkaly iberip, birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ş.Abdrahmanow nebitiň çykarylýan möçberini artdyrmak hem-de pudagyň çig mal binýadyny pugtalandyrmak maksady bilen görülýän çäreler barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, “Türkmennebit” döwlet konserni tarapyndan Balkan welaýatyndaky “Uzynada” käninde geçirilen özleşdirmek işleriniň netijesinde, kondensat we tebigy gaz akymy alyndy.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Hazaryň geljegi uly nebitgaz ýataklarynda bar bolan uglewodorod çig malynyň gorlarynyň ýüze çykarylmagynyň ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň mundan beýläk-de okgunly ösmegine itergi berjekdigini aýtdy hem-de özleşdirilen nebit guýularynyň nebitgaz senagatynyň önümçilik kuwwatlyklaryny artdyrmakdaky möhüm ähmiýetini belläp, bu babatda wise-premýere birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Soňra wise-premýer nebitgaz toplumynyň dürli ulgamlaryndaky işleriň ýagdaýy we pudagyň kärhanalarynyň düzümini kämilleşdirmek boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdi. Şunuň bilen baglylykda, “Türkmengaz” döwlet konserniniň ätiýaçlyk şaýlaryny satyn almagy hakynda Kararyň taslamasy hödürlenildi. Degişli ätiýaçlyk şaýlary bilen üpjün edilmegi tebigy gazy çykarmakda gaz guýularynyň bökdençsiz işledilmegine hem-de tebigy gazy ygtybarly ibermäge ýardam eder.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, nebitgaz senagatynyň netijeli işlemegini üpjün etmegiň onuň düzümini döwrebaplaşdyrmak, ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak, döwrüň talaplaryna laýyklykda, ylmy-tehniki işläp taýýarlamalary we öňdebaryjy tehnologiýalary ornaşdyrmak bilen gönüden-göni baglydygyny nygtady. Döwlet Baştutanymyz degişli Karara gol çekip, ony wise-premýere sanly ulgam arkaly iberdi we bu resminamanyň düzgünleriniň talabalaýyk ýerine ýetirilmegini üpjün etmegi tabşyrdy.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary A.Ýazmyradow ýurdumyzyň welaýatlarynda möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.

Häzirki wagtda bugdaý ekilen meýdanlarda ideg işleri alnyp barylýar, agrotehniki çäreler, şol sanda mineral dökünleri bermek, tagt we gögeriş suwlaryny tutmak, haşal otlaryň garşysyna himiki serişdeleri ulanmak işleri alnyp barylýar. Pagta hasylyny soňky hanasyna çenli ýygnap almak, geljek ýylyň hasyly üçin gowaça ekiljek ýerlerde sürüm işleri dowam edýär. Şunuň bilen birlikde, önüm öndürijileri ýokary hilli tohumlar bilen üpjün etmek, oba hojalyk tehnikalaryny we gurallaryny abatlap, ekiş möwsümine taýýarlamak boýunça degişli çäreler görülýär. Şaly oragy dowam edýär, Balkan we Mary welaýatlarynda güýzlük gant şugundyrynyň hasylyny ýygnamak işleri alnyp barylýar.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, bugdaý ekilen meýdanlardaky ideg işleriniň agrotehnikanyň talaplaryna laýyklykda alnyp barylmalydygyny aýtdy hem-de geljek ýylyň hasyly üçin gowaça ekiljek meýdanlarda sürüm işlerini öz wagtynda geçirmegiň wajypdygyny belläp, wise-premýere birnäçe anyk tabşyryklary berdi. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz pagta hasylyny iň soňky hanasyna çenli ýygnap almagyň möhümdigini aýdyp, ýetişdirilen oba hojalyk ekinleriniň hasylynyň öz wagtynda we ýitgisiz ýygnalyp alynmagynyň berk gözegçilikde saklanylmagy babatda wise-premýere birnäçe görkezmeleri berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ç.Purçekow “Türkmenhimiýa” döwlet konserni tarapyndan himiýa önümleriniň öndürilişini artdyrmak boýunça amala aşyrylýan işler barada hasabat berdi. Häzirki wagtda “Tejenkarbamid”, “Marykarbamid” we “Garabogazkarbamid” zawodlary tarapyndan karbamid döküni öndürilip, onuň köp bölegi daşary ýurtlara iberilýär. Şunuň bilen baglylykda, “Türkmenhimiýa” döwlet konserni tarapyndan 2023-nji ýylyň önümçilik meýilnamasyna laýyklykda, bu çig malyň bir ýyllyk zerur bolan möçberini satyn almak boýunça halkara bäsleşik geçirildi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzda hem-de daşary ýurtlarda uly isleg bildirilýän önümleri öndürmäge ýöriteleşdirilen kärhanalaryň bökdençsiz işledilmeginiň ýurdumyzyň oba hojalyk önümlerini öndürijileri dökünler bilen doly üpjün etmäge hem-de olaryň daşary ýurtlara iberilýän möçberini artdyrmaga mümkinçilik berjekdigini aýdyp, wise-premýere birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Soňra wise-premýer daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleriň öndürilmegini ýola goýmak boýunça “Türkmenhimiýa” döwlet konserni tarapyndan görülýän çäreler barada hasabat berdi. Ýurdumyzyň karbamid zawodlarynyň önümçiliginde karbamidli-formaldegid konsentraty esasy çig mal bolup hyzmat edýär. Ol daşary ýurtlara köp möçberde iberilýän karbamid dökünleriniň hilini we durkuny saklamaga oňyn täsir edýär. Munuň özi dökünleri uzak aralyga daşamakda aýratyn ähmiýete eýedir. Şu önümçiligiň esasy çig maly bolan metanolyň Ahaldaky gazdan benzin öndürýän zawodda öndürilýändigini nazara almak bilen, degişli önümçiligi şu zawodyň çäginde gurmak maksadalaýyk hasaplanýar.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, ýurdumyzda daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleriň önümçiligini ýola goýmak boýunça görülýän çäreleriň wajypdygyny belläp, wise-premýere bu ugurda alnyp barylýan işleri dowam etdirmegi tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Atdaýew hormatly Prezidentimiziň tabşyrygy boýunça türkmen wekiliýetiniň Azerbaýjan Respublikasynyň Baku şäherine amala aşyran gulluk iş saparynyň netijeleri barada hasabat berdi. Şeýle-de ýurdumyzyň wekiliýeti Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-azerbaýjan toparynyň altynjy mejlisiniň işine gatnaşdy. Nebitgaz, elektrik energetikasy, ulag we logistika, gämi gurluşygy, oba hojalygy, himiýa, dokma senagaty, maýa goýum we söwda, medeni-ynsanperwer ulgamlar özara bähbitli hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň esasy ugurlary hökmünde görkezildi.

Mejlisiň netijeleri boýunça degişli Teswirnama gol çekildi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, türkmen halkynyň ýakyn goňşulary bilen gatnaşyklara hemişe uly sarpa goýýandygyny nygtady. Döwlet Baştutanymyz Türkmenistan bilen Azerbaýjan Respublikasynyň arasyndaky hoşniýetli goňşuçylyk, dostluk we özara düşünişmek ýörelgelerine esaslanýan gatnaşyklaryň halklarymyzyň abadançylygynyň bähbidine mundan beýläk-de okgunly ösdüriljekdigine ynam bildirip, wise-premýere ýurtlarymyzyň arasyndaky netijeli hyzmatdaşlyga gönükdirilen işi yzygiderli dowam etdirmegi tabşyrdy.

Şeýle hem wise-premýer 29-njy noýabrda Aşgabatda iki ýurduň döwlet düzümleriniň, öňdebaryjy kompaniýalarynyň we işewür toparlarynyň wekilleriniň gatnaşmagynda geçirilen Türkmen-awstriýa işewürlik maslahatynyň jemleri barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Türkmenistanyň Awstriýa bilen däp bolan dostlukly gatnaşyklary pugtalandyrmaga uly ähmiýet berýändigini belledi. Taraplaryň uzak möhletli, köpugurly hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga çalyşýandyklary şol gatnaşyklaryň okgunly ösmegini şertlendirýär. Döwlet Baştutanymyz häzirki wagtda senagatlaşdyrmak we ykdysadyýeti diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek, dünýä hojalyk gatnaşyklarynyň häzirki zaman ulgamyna işjeň goşulyşmak ugruna eýerýän Türkmenistanda giň gerimli özgertmeler maksatnamalarynyň we düzümleýin taslamalaryň üstünlikli durmuşa geçirilýändigini aýdyp, wise-premýere hem-de beýleki degişli ýolbaşçylara ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň göz öňünde tutulan meýilnamalaryny durmuşa geçirmek boýunça anyk tabşyryklary berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Mämmedowa milli senenamamyzyň şanly seneleri mynasybetli dekabr aýynda geçirilmegi göz öňünde tutulýan baýramçylyk çärelerine we dabaralaryna görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi.

Dürli medeni çäreleri, şol sanda 2022-nji ýylyň «Halkyň Arkadagly zamanasy» diýlip yglan edilmegi, Halkara Bitaraplyk güni, Nebitgaz senagaty we geologiýa işgärleriniň güni hem-de Täze ýyl baýramçylygy mynasybetli dabaralary geçirmegiň giň gerimli maksatnamasyny sungat ussatlarynyň gatnaşmagyndaky konsertler, sahna oýunlary, mowzuklaýyn sergiler we döredijilik duşuşyklary, mediaforumlar, ylmy maslahatlar düzýär. 2022-nji ýylyň 10-njy dekabry — 2023-nji ýylyň 10-njy ýanwary aralygynda Russiýanyň Döwlet sirkiniň artistleriniň çykyşlarynyň guralmagy meýilleşdirilýär.

Täze ýyl mynasybetli baýramçylyk dabaralary ýurdumyzyň Baş arçasynyň yşyklarynyň ýakylmagy bilen badalga alar, soňra baýramçylyk dabaralary tutuş ýurdumyz boýunça ýaýbaňlandyrylar. Diýarymyzyň estrada we höwesjeň aýdymçy ýaşlarynyň arasynda yglan edilen “Ýylyň parlak ýyldyzy” atly bäsleşigiň jemleýji tapgyry şu aýyň möhüm wakalarynyň biri bolar. 31-nji dekabrda Aşgabat şäherindäki we ýurdumyzyň welaýatlaryndaky baýramçylyk meýdançalarynda Täze ýyl mynasybetli medeniýet, sungat ussatlarynyň baýramçylyk konsertlerini, paýtagtymyz bilen welaýatlaryň arasynda Täze ýyl teleköprüsini guramak göz öňünde tutulýar.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, wise-premýere Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli baýramçylyk çäreleriniň ählisini ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmek boýunça anyk tabşyryklary berdi. Döwlet Baştutanymyz baýramçylyk dabaralarynyň diňe bir paýtagtymyzda däl, eýsem, ýurdumyzyň welaýatlarynda-da köpöwüşginliligi bilen ýatdan çykmajak täsirleri galdyrmalydygyny, mähriban halkymyzyň agzybirliginiň we jebisliginiň aýdyň nyşanyna öwrülmelidigini nygtady.

Hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň daşary ýurtlar bilen netijeli gatnaşyklaryny täze many-mazmun bilen baýlaşdyrmaga gönükdirilen halkara çäreleriň, forumlaryň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmegiň wajypdygyny belledi. Döwlet Baştutanymyz Täze ýyl baýramy mynasybetli guraljak dabaralara taýýarlyk görmek meselesine ünsi çekip, baýramçylyk çäreleriniň ruhubelentlik ýagdaýynda geçirilmelidigini we raýatlarymyza, ilkinji nobatda, çagalara şatlyk paýlamalydygyny belläp, bu babatda wise-premýere birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary N.Amannepesow Türkmenistanyň lukmanlarynyň jemgyýetçilik guramasynyň işi barada hasabat berdi. Bu gurama “Jemgyýetçilik birleşikleri hakynda” Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda döredildi. Onuň esasy maksady raýatlaryň saglygyny goramaga bolan hukugynyň üpjün edilmegine gatnaşmakdan, bu ugurda alnyp barylýan işler boýunça döwlet maksatnamalaryny durmuşa geçirmekden ybarat bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, häzirki döwürde bu gurama milli saglygy goraýyş ulgamynyň işiniň kämilleşdirilmegini, ýola goýulýan lukmançylyk hyzmatlarynyň hiliniň ýokarlandyrylmagyny we ýokary derejeli lukmanlaryň taýýarlanylmagyny öz içine alýar.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň beýik maksatlaryny we wajyp wezipelerini durmuşa geçirmekde jemgyýetçilik guramalaryna möhüm ornuň degişlidigini belledi. Döwlet Baştutanymyz milli saglygy goraýyş ulgamyny mundan beýläk-de ösdürmegiň wajyp ugurlaryna ünsi çekip, wise-premýere ýurdumyzda amaly we ylmy lukmançylygyň işiniň kämilleşdirilmegine goldaw bermek üçin döredilen bu guramanyň sazlaşykly işlemegini üpjün etmegi tabşyrdy.

Şeýle-de wise-premýer Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli “Bitarap Türkmenistan — ösüş arkaly parahatçylygyň beýik nusgasy” atly halkara maslahata görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdi. Bu maslahaty Bilim, Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrlikleriniň, Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň, Ylymlar akademiýasynyň bilelikde guramagynda şu ýylyň 10-njy dekabrynda geçirmek meýilleşdirilýär. Maslahatyň işine bilim, saglygy goraýyş we sport ulgamynyň alymlary, professorlary, işgärleri, BMG-niň hem-de onuň düzümleýin edaralarynyň Türkmenistandaky wekilleri gatnaşarlar. Şeýle hem maslahatyň çäklerinde Watanymyzyň Garaşsyzlyk ýyllary içinde ýeten derejesini beýan edýän sergi guralar.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň içeri we daşary syýasatynyň möhüm ugurlarynyň, ösüşiň, rowaçlygyň ýoly bilen ynamly gadam urýan Garaşsyz Türkmenistanyň gazanýan üstünlikleriniň giňden wagyz edilmeginiň ähmiýetine ünsi çekdi. Häzirki döwrüň möhüm meseleleri boýunça giň dünýä jemgyýetçiligi bilen özara gyzyklanma bildirilýän gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň wajypdygy barada aýdyp, döwlet Baştutanymyz wise-premýere öňde boljak iri forumyň taýýarlyk derejesine möhüm ähmiýet bermegi, onuň ýokary guramaçylyk derejesiniň üpjün edilmegi barada anyk tabşyryklary berdi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredowa söz berildi. Ol Türkmenistanyň halkara habarlar işini mundan beýläk-de ösdürmek boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdi.

Dünýäniň maglumat giňişliginde ýurdumyzyň häzirki döwürde gazanýan üstünliklerini giňden beýan etmek, bu babatda köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň işini kämilleşdirmek, daşary ýurtlaryň iri habarlar agentlikleri bilen gatnaşyklary işjeňleşdirmek Türkmenistanyň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda durýar. Şu maksat bilen, Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň düzüminde Halkara habarlar merkezini açmak teklip edilýär. Merkeziň esasy wezipeleri ýurdumyzda bolup geçýän möhüm wakalara bagyşlanan gepleşikleri, gysga göwrümli dokumental filmleri, wideorolikleri taýýarlamakdan we daşary ýurtlaryň teleradioýaýlymlarynda görkezmekden, ýörite neşirleri çap etmekden hem-de beýlekilerden ybarat bolar. Şunuň bilen baglylykda, birnäçe ugurdaş bölümleri öz içine alýan täze merkezi paýtagtymyzyň Olimpiýa şäherçesindäki Halkara ýaýlyma beriş merkezinde ýerleşdirmegiň maksadalaýyk boljakdygy bellenildi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň gazanýan üstünlikleriniň dünýäniň maglumat giňişliginde mynasyp beýan edilmelidigini nygtady. Halkara jemgyýetçiligi ýurdumyzyň daşary syýasatynyň we içeri syýasatynyň esasy ugurlary, Watanymyzyň täze taryhy eýýamda ähli ulgamlarda gazanýan üstünlikleri bilen giňden tanyşdyrmak maksady bilen, netijeli çäreler görülmelidir. Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň halkara maglumat giňişligine goşulyşmagy boýunça maksadalaýyk işleri dowam etdirmegiň wajypdygyny belläp, wise-premýere, daşary işler ministrine birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Hasabatyň dowamynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri ÝUNESKO-nyň Marokkonyň Rabat şäherinde geçirilýän Maddy däl medeni mirasy goramak boýunça komitetiniň 17-nji mejlisinden gelip gowşan hoş habar barada aýtdy. Ol şu ýylyň 1-nji dekabrynda Türkmenistanyň “Türkmen keşdeçilik sungaty” atly hödürnamasyny bu gurama tarapyndan Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizmek baradaky çözgüdiň biragyzdan kabul edilendigini belläp, döwlet Baştutanymyzy bu ajaýyp waka bilen tüýs ýürekden gutlady.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow habary kanagatlanma bilen kabul edip hem-de mejlise gatnaşyjylara, ähli ildeşlerimize ýüzlenip, mähriban halkymyzyň ruhy we medeni gymmatlyklaryny mundan beýläk-de ösdürmek boýunça işleriň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýandygyny nygtady. Şunuň bilen baglylykda, köp ýyllardan bäri Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlaryna laýyklykda, ata-babalarymyzdan miras galan medeni gymmatlyklary ösdürmek we gorap saklamak boýunça ägirt uly işler amala aşyrylýar. Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasynyň (ÝUNESKO) taryhy desgalary, gadymy ýadygärlikleri, türkmen halkynyň döreden sungatynyň dürli görnüşlerini, edebi mirasymyzy dünýä ähmiýetli sanawlara goşmak baradaky çözgütleri kabul etmegi muňa aýdyň şaýatlyk edýär.

Ine, şu gün bolsa hoş habar gelip gowuşdy. ÝUNESKO-nyň Marokkonyň Rabat şäherinde geçirilýän Maddy däl medeni mirasy goramak boýunça 17-nji mejlisinde ýurdumyzyň hödürlän “Türkmen keşdeçilik sungaty” atly hödürnamasyny Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna goşmak barada biragyzdan çözgüt kabul edildi. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow watandaşlarymyzy bu möhüm halkara çözgüdiň kabul edilmegi bilen tüýs ýürekden gutlap, hemmelere berk jan saglyk, bagtyýarlyk, abadançylyk, mähriban Watanymyzyň gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M.Çakyýew Demir ýollaryň hyzmatdaşlygy guramasynyň Halkara gatnawlarda konteýner otly düzümlerinde konteýner gatnawlary baradaky Ylalaşygyna goşulyşmak barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, demir ýollar arkaly konteýnerli daşamalarda üstaşyr ýükleriň möçberini artdyrmak, bäsdeş nyrhlary düzgünleşdirmek, amatly logistikany ýola goýmak maksady bilen, Demir ýollaryň hyzmatdaşlygy guramasynyň Halkara gatnawlarda konteýner otly düzümlerinde konteýner gatnawlary baradaky Ylalaşygyna milli daşaýjy “Demirýollary” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň goşulmagynyň maksadalaýykdygy öwrenildi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň bu ulgamdaky kuwwatyndan has netijeli peýdalanmak, sanly tehnologiýalary ulanmak arkaly hyzmatlaryň görnüşlerini giňeltmek maksady bilen, multimodal logistika we üstaşyr gatnawlar üçin amatly şertleri döretmegiň zerurdygyny nygtady. Döwlet Baştutanymyz pudagy ösdürmek, Demir ýollaryň hyzmatdaşlygy guramasynyň çäklerinde dürli halkara ylalaşyklara goşulmak bilen baglanyşykly meseleleriň örän wajypdygyna ünsi çekip, daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen tejribe alyşmagyň möhümdigini belledi we agentligiň ýolbaşçysyna bu ugurdaky meseleleri içgin öwrenmegi tabşyrdy.

Hasabatyň dowamynda Ulag, üstaşyr we logistika meseleleri boýunça türkmen-rus bilelikdäki toparynyň türkmen bölegini döretmek barada-da aýdyldy. Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentligi bilen Russiýa Federasiýasynyň Ulag ministrliginiň arasynda ulag we üstaşyr çygrynda hyzmatdaşlyk barada düşünişmek hakynda Ähtnama laýyklykda hem-de ýolagçylary, ýükleri ikitaraplaýyn we üstaşyr gatnatmak, logistikany ösdürmek, onuň netijeliligini ýokarlandyrmak maksady bilen, ýokarda agzalan topary döretmek meýilleşdirilýär.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, häzirki wagtda Türkmenistanyň we Russiýa Federasiýasynyň arasyndaky dost-doganlyk, hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgelerine esaslanýan köptaraplaýyn gatnaşyklaryň uly üstünliklere beslenýändigini nygtady. Döwlet Baştutanymyz ýurtlarymyzy baglanyşdyrýan ulag ugurlarynyň strategik ähmiýetine ünsi çekip, bilelikdäki giň gerimli düzümleýin taslamalary durmuşa geçirmegiň wajypdygyny nygtady. Hormatly Prezidentimiz üstaşyr ýük daşamalaryň möçberini artdyrmak maksady bilen, degişli çäreleri görmegiň möhümdigini belläp, agentligiň ýolbaşçysyna bu babatda birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Mejlisde döwlet durmuşyna degişli başga-da birnäçe meselelere garaldy we pudaklary mundan beýläk-de ösdürmäge gönükdirilen resminamalar kabul edildi.

Döwlet Baştutanymyz Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly geçirilen mejlisini jemläp, oňa gatnaşanlara berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, Garaşsyz Watanymyzyň mundan beýläk-de ösmeginiň bähbidine alyp barýan işlerinde üstünlikleri arzuw etdi.

Soňky habarlar
23.12
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 37 million 320 müň dollaryna deň boldy
22.12
Türkmenistanyň Prezidenti Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Prezidentine gynanç bildirdi
21.12
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
21.12
Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynyň önümçilik desgasynyň maddy-üpjünçilik binýadyny mundan beýläk-de pugtalandyrmak üçin degişli işler geçirmäge ygtyýar berildi
21.12
Türkmenistanyň raýat awiasiýasynyň awiasiýa howpsuzlygyny üpjün etmegiň Döwlet maksatnamasy tassyklanyldy
20.12
2024-nji ýylyň noýabry: Türkmenistanyň Prezidentiniň daşary syýasy başlangyçlaryndan ugur alyp
19.12
Türkmenistanyň Prezidentiniň we Malaýziýanyň Premýer-ministriniň arasynda gepleşikler geçirildi
19.12
Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Malaýziýa resmi saparynyň jemleri boýunça Türkmenistanyň we Malaýziýanyň arasynda BILELIKDÄKI BEÝANNAMA
19.12
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Malaýziýa resmi saparynyň jemleri boýunça metbugat maslahatyndaky çykyşy
19.12
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy IIM-niň Awtomobil sport toplumynyň desgalarynyň taslamalary bilen tanyşdy
top-arrow