Baş sahypa
\
Jemgyýet
\
Ýurdumyzda neşe serişdelerini ýakyp ýok etmek çäresi geçirildi
Jemgyýet
Ýurdumyzda neşe serişdelerini ýakyp ýok etmek çäresi geçirildi
Çap edildi 03.12.2022
2598

Şu gün Gökdepe etrabynyň çägindäki ýörite toplumda ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralary tarapyndan geçirilen ýörite çäreleriň dowamynda bikanun dolanyşykdan alnan neşe serişdelerini we temmäki önümlerini ýakyp ýok etmek çäresi boldy. Oňa Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň, Mejlisiň ýolbaşçylary, Hökümetiň, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň agzalary, jemgyýetçilik guramalarynyň, saglygy goraýyş ulgamynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, hormatly ýaşulular gatnaşdylar.

Bu çäre döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda sagdyn durmuş ýörelgelerini pugtalandyrmak boýunça alnyp barylýan syýasat bilen baglylykda, neşe serişdeleriniň bikanun dolanyşygyna garşy göreşmekde Türkmenistanyň öz üstüne alan halkara borçnamalaryny ýerine ýetirýändigini aýdyňlygy bilen görkezdi. Ýurdumyz BMG-niň neşe serişdeleriniň we psihotrop maddalaryň bikanun dolanyşygyna garşy göreşmek boýunça halkara konwensiýalaryna, BMG-niň Neşe serişdeleri we jenaýatçylyk boýunça müdirliginiň, Ýewropa Bileleşiginiň birnäçe sebit hem-de halkara taslamalaryna, maksatnamalaryna gatnaşýar. Neşe serişdeleriniň bikanun dolanyşygyna garşy göreşmekde tagallalary birleşdirmek, olaryň bikanun ýol bilen getirilmeginiň öňüni almak maksady bilen, serhet gözegçiligini güýçlendirmek, hukuk goraýjy edaralaryň işgärlerine tehniki taýdan kömek bermek we olaryň hünär derejesini ýokarlandyrmak bu ugurda amala aşyrylýan taslamalaryň esasy wezipesidir.

Ýygnananlara bikanun dolanyşykdan alnan neşe serişdeleri, temmäki önümleri, derman serişdeleri görkezildi. Soňra haltalar yzly-yzyna ýörite peçlere atyldy. Her bir isleg bildiren bikanun dolanyşykdan alnan serişdeleri öz eli bilen ýanyp duran peje oklap, bu asylly işe gatnaşmaga mümkinçilik aldy. Bellenen kadalara laýyklykda, neşe serişdeleriniň ýakyp ýok edilmegine hukuk goraýjy düzümleriň işgärleri, ygtyýarly bilermenler gözegçilik etdiler.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlaryny dowam etdirmek bilen, neşe serişdeleriniň bikanun dolanyşygyna garşy göreşi ýurdumyzyň içeri we daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri hökmünde kesgitledi. Türkmenistan adamzadyň bu ählumumy meselesine garşy barlyşyksyz göreşe işjeň gatnaşyp, bu ugurda köp döwletlere görelde görkezýär. Şunda sagdyn durmuş ýörelgeleriniň wagyz edilmegi, bedenterbiýäni we sporty ösdürmek boýunça maksatnamalara döwlet tarapyndan goldaw berilmegi uly ähmiýete eýedir.

Çäräniň geçýän ýerinde Içeri işler ministrliginiň aýdym-saz toparynyň ýerine ýetirmeginde ata Watanymyzy wasp edýän aýdymdyr sazlar belentden ýaňlandy. Soňra çärä gatnaşyjylara Içeri işler ministrliginiň gulluk itşynaslyk merkezinde saklanylýan itler görkezildi. Neşe serişdeleriniň bikanun dolanyşygyna garşy göreşde kömek edýän alabaýlar aýratyn duýgurlygy bilen tapawutlanýarlar. Häzirki günde bu batyr, akylly, güýçli we wepaly itler jenaýatçylary ele salmak, partlaýjy maddalardyr neşe serişdelerini gözläp tapmak boýunça okuw türgenleşiklerinde ýokary gulluk häsiýetlerini görkezýärler.

Çäräniň ahyrynda oňa gatnaşyjylar hormatly Prezidentimize ählumumy howpa garşy durmakda uly ähmiýeti bolan bu asylly başlangyja gatnaşmaga döredilen mümkinçilik üçin tüýs ýürekden hoşallyklaryny beýan etdiler.

Soňky habarlar
20.04
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
20.04
Ylmy barlaglaryň täze gözýetimleri
20.04
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 28 million 74 müň dollaryndan gowrak boldy
18.04
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
18.04
Döwlet Baştutanymyz «Galkynyşgaz» döwlet kärhanasyny döretmek hakynda» Karara gol çekdi
17.04
Döwrebap ýollar — bagtyýar zamananyň aýdyň nyşany
17.04
Gahryman Arkadagymyz hem-de HHR-iň Döwlet Geňeşiniň Premýeriniň birinji orunbasary «Galkynyş» gaz käniniň dördünji tapgyryny özleşdirmäge badalga bermek dabarasyna gatnaşdylar
17.04
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Galkynyş» gaz käniniň dördünji tapgyryny özleşdirmäge badalga bermek dabarasyndaky ÇYKYŞY
16.04
Türkmenistanyň Prezidenti HHR-iň Döwlet Geňeşiniň Premýeriniň birinji orunbasaryny kabul etdi
16.04
Hemmetaraplaýyn hyzmatdaşlyk strategiýasy üstünlikli durmuşa geçirilýär
top-arrow