Türkmenistanyň çakylygy boýunça gelen Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň synçylar topary şu günler saýlaw möwsümine syn etmäge girişdi.
Türkmenistanyň Prezidentiniň alyp barýan daşary syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri halkara derejede azyk howpsuzlygyny üpjün etmek we berkitmek bolup durýar. Bu ugurda halkara hyzmatdaşlar bilen köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmäge gönükdirilen daşary syýasaty iş ýüzünde durmuşa geçirmek we halkara guramalar bilen geçirilýän çäreleri yzygiderli dowam etdirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi.
Ministrler Kabinetiniň şu ýylyň iki aýynda halk hojalygynyň pudaklarynda ýerine ýetirilen işleriň jemlerine bagyşlanyp geçirilen mejlisinde döwlet durmuşyna degişli birnäçe möhüm meselelere garaldy. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow dünýäde emele gelen häzirki ýagdaýy seljerip, maliýe-ykdysadyýet toplumynda durmuşa geçirilýän çäreleri işjeňleşdirmek babatda görkezmeleri berdi. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň önümçilik meýilnamalarynyň ýerine ýetirilişini yzygiderli esasda seljermegi we berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy. Şunda ýurdumyzyň mundan beýläk-de sazlaşykly ösüşi bilen baglanyşykly meseleleriň çözgüdini üpjün etmäge aýratyn üns çekildi.
Köňül kendim, ömre bendim,
Şu gün ýurdumyzda giňden bellenilýän Halkara zenanlar güni mynasybetli Söwda-senagat edarasynyň mejlisler zalynda “Arkadag Serdarly bagtyýar zenanlar” atly baýramçylyk dabarasy geçirildi.
Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Serdar Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onuň dowamynda harby we hukuk goraýjy edaralaryň şu ýylyň iki aýynda ýerine ýetiren işleriniň jemlerine garaldy.
Sizi gözelligi, ýakymlylygy we ajaýyplygy bilen göwünlere egsilmez ylham-joşgun paýlaýan, bahar paslynyň ilkinji günlerinde giňden hem-de dabaraly bellenilýän Halkara zenanlar güni bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn. Bu halkara baýramyň şanyna bagyşlanan aýdym-sazly dabaralaryň milli ýörelgelerimizi we maşgala mukaddesliklerimizi mynasyp dowam etdirýän eziz enelerimiziň, mähriban gelin-gyzlarymyzyň göwünlerini galkyndyryp, Garaşsyz Watanymyza bolan söýgini has-da pugtalandyrjakdygyna berk ynanýaryn.
«Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda» bellenen wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek, sebitleri durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek, ilatymyzyň ýaşaýyş derejesini has-da ýokarlandyrmak, şeýle hem Ahal welaýatynyň Arkadag şäheriniň binagärlik-şähergurluşyk keşbini has-da gözelleşdirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Ahal welaýatynyň Arkadag şäheriniň gurluşygynyň ikinji tapgyryny 2023 — 2026-njy ýyllarda amala aşyrmak bellenildi.
Şu gün paýtagtymyzda Halkara zenanlar gününe bagyşlanan dabaraly çäreler geçirildi. Olaryň çäklerinde döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça sekiz we şondan köp çagany dünýä inderen hem-de terbiýeläp ýetişdiren enelere Türkmenistanyň Prezidentiniň Permanyna laýyklykda, «Ene mähri» diýen hormatly adyň nyşanlaryny, köp çagaly enelere täze ýaşaýyş jaýlarynyň açarlaryny gowşurmak dabaralary boldy.
Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Mejlisiň Başlygy G.Mämmedowa Çili Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Rodrigo Enrike Arkos Kastrodan ynanç hatyny kabul etdi.