Şu gün paýtagtymyzda Halkara zenanlar gününe bagyşlanan dabaraly çäreler geçirildi. Olaryň çäklerinde döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça sekiz we şondan köp çagany dünýä inderen hem-de terbiýeläp ýetişdiren enelere Türkmenistanyň Prezidentiniň Permanyna laýyklykda, «Ene mähri» diýen hormatly adyň nyşanlaryny, köp çagaly enelere täze ýaşaýyş jaýlarynyň açarlaryny gowşurmak dabaralary boldy.
Çykyşlarda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen zenanlarynyň döwlet düzümleriniň ýokary wezipelerinde işleýändikleri, milli ykdysadyýetimiziň dürli pudaklarynda netijeli zähmet çekip, giň gerimli özgertmelere mynasyp goşant goşýandyklary nygtaldy. Çärä gatnaşyjylar Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyzda her bir maşgalanyň abadançylygy hem-de çagalary terbiýeläp ýetişdirmek üçin döredilýän şertler üçin hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler.
Bellenilişi ýaly, döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedowyň tagallalary esasynda aýal-gyzlarymyzyň hem-de ösüp gelýän ýaş nesillerimiziň hemmetaraplaýyn bilim almaklary, hünär taýdan kämilleşmekleri we bagtyýar durmuşda ýaşamaklary üçin giň mümkinçilikler döredilýär. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiziň bu meseleleri döwletimiziň durmuş ugurly syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň hataryna çykarandygy bellenildi. Munuň aýdyň subutnamasy hökmünde enäni we çagany goramaga gönükdirilen maksatnamalaryň üstünlikli durmuşa geçirilýändigini, köp çagaly eneleriň durmuş taýdan goldanylýandygyny we beýlekileri görkezmek bolar.
Türkmenistanda zenanlara dürli döwlet ýeňillikleri berilýär, mynasyp ýaşamak we zähmet çekmek üçin şertler üpjün edilýär. Olaryň jemgyýetçilik-syýasy durmuşda eýeleýän orny işjeň ýokarlandyrylýar. Bu bolsa jemgyýetimiziň durnukly ösüşiniň möhüm şerti bolup durýar. Müňýyllyklaryň dowamynda bolşy ýaly, halkymyz maşgala gymmatlyklarynyň mukaddesligini saklap gelýär. Nesillerde ynsaplylyk, pespällik we zähmetsöýerlik, enelere hormat goýmak ýaly belent ruhy hem-de asylly häsiýetleri terbiýeleýär. Jemgyýetiň ähli döwürlerinde zenanlara aýratyn orun berlipdir. Zenanlar maşgala ojagyny we jemgyýetiň ahlak esaslaryny, onuň ruhy, ynsanperwer gymmatlyklaryny goraýan beýik ynsanlardyr.
Häzirki döwür zenanlaryň ýiti zehininiň has aýdyň ýüze çykýan zamanasyna öwrüldi. Türkmen zenanlary döwlet we jemgyýetçilik durmuşynyň ähli ugurlaryna işjeň gatnaşýarlar. Belent ruhy we milli ahlak däp-dessurlary gorap saklamakda, sagdyn durmuş ýörelgelerini wagyz etmekde, ýurdumyzyň geljegi bolan ýaş nesilleri terbiýelemekde Watanymyzyň gelin-gyzlarynyň bitirýän hyzmatlary örän uludyr.
Şu günki dabaralar baýramçylyk çäreleriniň hatarynda ýatdan çykmajak waka öwrüldi. «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly» şygary astynda geçýän ýylda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permanyna laýyklykda, zenanlarymyzyň 300-e golaýy “Ene mähri” diýen hormatly ada mynasyp boldy. Bu at tapawutlandyryşyň beýik nyşanydyr, eneleriň jemgyýetiň we döwletiň öňünde bitirýän hyzmatlarynyň hem-de Watanymyzyň rowaçlygyna, gülläp ösüşine goşýan goşandynyň ýokary derejede ykrar edilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr.
Döwletimiz köp çagaly maşgalalary hemmetaraplaýyn goldamaga, şol sanda olaryň ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmaga aýratyn ähmiýet berýär. Ine, şu ýyl hem Halkara zenanlar güni mynasybetli köp çagaly maşgalalar ýokary amatlykly täze öýleriň açarlarynyň eýeleri bolup, uly ruhubelentlik bilen jaý toýlaryny tutdular.
Dabara gatnaşyjylar ýurdumyzyň ähli zenanlarynyň adyndan döwletimizde ösüşlere beslenen özgertmeleriň amala aşyrylýandygy, bagtyýar durmuşda ýaşamaga hem-de giň gerimli işleri alyp barmaga amatly şertleriň döredilýändigi, ýaş nesiller, jemgyýetde belent ruhy, ahlak gymmatlyklarynyň aýawly saklanylmagy baradaky aladalary üçin hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, ähli başlangyçlara mundan beýläk-de işjeň gatnaşjakdyklaryna ynandyrdylar. Şol başlangyçlaryň maksady Garaşsyz, Bitarap Türkmenistany mundan beýläk-de gülledip ösdürmekden, her maşgalanyň, her bir adamyň abadançylygyny üpjün etmekden ybaratdyr.
Halkara zenanlar gününiň öň ýanynda ministrliklerde, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynda, olaryň düzümleýin bölümlerinde, kärhanalarda we guramalarda, eýeçiligiň ähli görnüşlerindäki kärhanalarda Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan zenanlara pul sowgatlaryny gowşurmak dabaralary geçirildi. Däp bolşy ýaly, pul sowgatlaryny gyz-gelinleriň ählisi, şol sanda talyp gyzlar, mekdepde okaýan hem-de mekdebe çenli çagalar edaralarynda terbiýelenýän gyzjagazlar aldylar.
Şu bahar günlerinde ähli ýerlerde gelin-gyzlaryň adyna mähirli arzuwlar we gutlaglar ýaňlanýar, konsertler, sergiler, bäsleşikler, dürli duşuşyklardyr beýleki çäreler geçirilýär.