Baş sahypa
\
Jemgyýet
\
Halkara zenanlar güni mynasybetli dabaralar
Jemgyýet
Halkara zenanlar güni mynasybetli dabaralar
Çap edildi 08.03.2023
2888

Şu gün ýurdumyzda giňden bellenilýän Halkara zenanlar güni mynasybetli Söwda-senagat edarasynyň mejlisler zalynda “Arkadag Serdarly bagtyýar zenanlar” atly baýramçylyk dabarasy geçirildi.

Ata Watanymyza hem-de hormatly Prezidentimize beýan edilýän buýsanç sözleri ýurdumyzyň zenanlaryna bagyşlanyp geçirilen baýramçylygyň esasyny düzdi. Zenanlar halkymyzyň ruhy-ahlak taýdan baýlaşmagyna, Diýarymyzyň gülläp ösmegine, döwlet Baştutanymyzyň başyny başlan özgertmelerine öz goşantlaryny goşýarlar we Watanymyzyň geljegi bolan mynasyp nesli terbiýeläp ýetişdirýärler.

Baýramçylyk dabarasyna ýurdumyzyň dürli ministrlikleriniň we edaralarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylary hem-de wekilleri gatnaşdylar. Hormatly myhmanlaryň hatarynda köp çagaly eneler, zähmet weteranlary, önümçiligiň öňdebaryjylary we jemgyýetçilik guramalarynyň işjeň agzalary, alymlar, medeniýet işgärleri, dürli pudaklaryň zähmetkeşleri bar. Şeýle hem dabara Türkmenistandaky diplomatik wekilhanalaryň we halkara düzümleriň zenan işgärleri gatnaşdylar.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň enelerine we ähli gelin-gyzlaryna iberen baýramçylyk Gutlagynda: “Biz mähriban enelerimiziň ösüp gelýän nesillerimizde milli buýsanjy, ynsanperwerligiň belent nusgalaryny terbiýelemekde bitirýän hyzmatyna ýokary baha berýäris. Maddy we ruhy gymmatlyklarymyzy, nesilden-nesle geçip gelýän belent ynsanperwer däplerimizi dowam etdirmek bilen, zenanlarymyzyň döwlet, häkimiýet we dolandyryş edaralarynda, ykdysadyýetimiziň dürli pudaklarynda, ylym, bilim, medeniýet, saglygy goraýyş ulgamlarynda giňden ýaýbaňlandyrýan özgertmelerimiziň durmuşa geçirilmegi ugrunda yhlasly we netijeli zähmetlerine çäksiz buýsanýarys” diýlip nygtalýar.

Bu gün gelin-gyzlaryň şanyna Halkara zenanlar güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglar we iň gowy arzuwlar beýan edildi. Ene mähribanlygy, aladasy, ruhy jomartlygy üçin çuňňur hoşallyk sözleri aýdyldy.

Bu gezekki dabarada Gahryman Arkadagymyzyň ýurdumyzyň ýaşlaryny belent maksatlara ruhlandyrýan “Ýaşlara gutlag” atly täze aýdymy ýaňlandy. Ol ýurdumyzyň bagtyýar ýaşlaryna bagyşlanan döredijilik sowgadydyr.

Her bir adamyň durmuşynyň iň bagtly pursatlaryna bagyşlanan täze aýdym atanyň iň gowy arzuwlarynyň we durmuşyň nurana ýoluna ak patasynyň beýanyna öwrüldi. Ene-atanyň ýürek duýgusyny özünde jemleýän täze, belent ruhly aýdymy Türkmenistanyň at gazanan artisti Döwlet Amanlykow ýerine ýetirdi.

Türkmen halkynyň aýratyn gadyr goýýan ruhy-ahlak gymmatlyklary asyrlaryň dowamynda Watanyň geljegi hasaplanýan ýaş nesilleriň terbiýesini, maşgala mukaddesliginiň berkidilmegini we ahlak gymmatlyklarynyň saklanylmagyny esasy ugur edinýär.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe şöhratly pederlerimiziň paýhasly ýörelgeleri mynasyp derejede dowam etdirilýär we baýlaşdyrylýar. Bagtyýar durmuşyň hözirini görüp ýaşaýan halkymyzyň her bir güni toý-baýramlara beslenýär. Döwletli ojaklarda toýlar uludan tutulýar. Toýlar türkmen durmuşynyň aýrylmaz bölegine öwrülip, olarda ýaşaýşyň ählitaraplaýyn sazlaşygy jemlenýär. Perzendini durmuş ýoluna atarmak, ony öýli-işikli etmek her bir ene-ata üçin uly bagtdyr. Munuň özi döwletlilikdir, adam ömrüniň manysydyr, iň arzyly arzuwlaryň hasyl bolmagydyr.

Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda Gahryman Arkadagymyzyň ylhamyndan joşup çykan “Ýaşlara gutlag” aýdymy durmuş ýolunyň özboluşly senasydyr. Şoňa görä-de, bu aýdym ýaşlaryň bagt toýlarynda belentden ýaňlanmaga mynasypdyr. Çünki onda ene-atalaryň ählisiniň kalbyny bir owazda birleşdirýän iň nurana duýgular bar. Baýramçylyk şatlygyny artdyran täze aýdym dabara gatnaşyjylar tarapyndan uly ruhubelentlik bilen garşylanyldy.

Çykyşlarda, şol sanda ýurdumyzdaky diplomatik düzümleriň wekilleriniň çykyşlarynda häzirki wagtda türkmen döwletinde we jemgyýetinde zenanlaryň ornunyň barha artýandygy bellenildi. Türkmenistanyň zenanlar babatdaky alyp barýan syýasatyna aýratyn üns berildi, ýurdumyzyň Konstitusiýasy hem-de milli kanunçylygyň degişli hukuk namalary, zenanlaryň döwrebap bilim almagy hem-de saglygy, jemgyýetçilik durmuşynda eýeleýän orny bilen baglanyşykly üstünlikli amala aşyrylýan maksatnamalar olaryň hukuklarynyň üpjün edilmeginiň ygtybarly kepili bolup durýar. Türkmenistanyň zenanlary döwletimiziň özleri baradaky hemişelik aladasyna buýsanýarlar, ýurdumyzda maşgalanyň abadançylygy, ýaş nesilleri terbiýelemek üçin döredilýän şertler üçin Arkadagly Serdarymyza çäksiz hoşallyk sözlerini beýan edýärler.

Mährem eneler halkymyzyň buýsanjy bolmak bilen, maşgala ojagynyň sütüni, wepalylygyň nusgasy hasaplanýan hem-de erkekler bilen deň hatarda durýan zenanlara aýratyn gadyr goýulýar. Gelin-gyzlar özleriniň mähirli gatnaşygy bilen parahatçylygyň, abadançylygyň berkarar bolmagyna mynasyp goşant goşýarlar. Şöhratly pederlerimiziň ýagşy dessurlary häzirki döwürde mynasyp dowam etdirilýär. Şunda mährem zenanlaryň hemmetaraplaýyn zehinine möhüm orun degişli bolup durýar.

Zenanlar halkymyzyň buýsanjydyr. Olar häzirki günde döwletimiziň we jemgyýetimiziň hemmetaraplaýyn goldawy netijesinde ýurdumyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegine uly goşant goşýarlar. Gelin-gyzlaryň möhüm döwlet, syýasy işlere işjeň gatnaşmaklary adalatly, deňhukukly jemgyýetiň durnukly we sagdyn ösüşiniň wajyp şertleriniň biridir. Zenanlar adamzada asylly işleri amala aşyrmaga ylham berýän güýçdür, olar özleriniň aladalary, köňül päkligi bilen daşymyzy gurşap alyp, dünýäni kämilleşdirýärler.

Bu gün zenanlar dürli ugurlarda öz hünär başarnyklaryny görkezip, halk hojalygynyň hemme pudaklarynda möhüm wezipeleri eýeleýärler. Olar işleriň täze ugurlaryny özleşdirýärler we diňe bir ukyp-başarnyklaryny görkezmek bilen çäklenmän, täzeçe pikirlenmegi hem başarýarlar. Türkmen zenanlary döwlet häkimiýet edaralarynda — kanun çykaryjy, ýerine ýetiriji, kazyýet edaralarynda, ýurdumyzyň halk hojalyk toplumynyň beýleki ulgamlarynda mynasyp wekilçilik edýärler, daşary syýasat işine işjeň gatnaşýarlar, telekeçilik işini üstünlikli alyp barýarlar.

Täze taryhy eýýamyň işjeň döredijileri bolup durýan zenanlar sebit we ählumumy gün tertibiniň möhüm meselelerini çözmekde ähmiýetli orny eýeleýärler. Häzirki döwürde syýasy erke eýe bolan, ykdysady taýdan garaşsyz zenanlar jemgyýetiň oňyn özgerdiji güýjüne öwrülýärler we olar ähli ugurlarda uly hormatdan peýdalanýarlar. Türkmenistan halkara düzümler bilen netijeli gatnaşyklary ösdürýär hem-de gender syýasatynda umumy ykrar edilen ülňüleriň mundan beýläk-de öňe ilerledilmeginde ýokary netijeleriň gazanylmagyna ýardam berýär. Ýurdumyzyň Merkezi Aziýanyň taryhynda ilkinji zenanlar dialogyna işjeň gatnaşmagy munuň nobatdaky beýanydyr. Bu düzüm 2020-nji ýylyň dekabrynda BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň hem-de BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň goldaw bermeginde döredildi. Häzirki döwürde zenanlar dialogy sebit derejesinde örän netijeli düzüme öwrüldi.

“Jemgyýetimiziň durnukly ösüşiniň möhüm şerti hökmünde bu gün döwletimiz tarapyndan zenanlara ýeňillikler berilýär, olaryň mynasyp durmuşy we döredijilikli zähmet çekmekleri üçin zerur şertler döredilýär, gender deňligi kanun esasynda üpjün edilýär. Olaryň hukuklaryny we bähbitlerini üpjün etmek, maşgalany goldamak, eneligi we çagalygy goramak babatda hem ýurdumyzda yzygiderli işler alnyp barylýar. Bularyň ählisi zenanlarymyzyň bagtyýarlygyny has-da artdyryp, «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen ýörelgämiziň üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr”. Döwlet Baştutanymyzyň bu sözleri zenanlaryň aň-paýhas we durmuş mümkinçiliklerini ösdürmek üçin amatly şertleri döretmek, olaryň hukuklaryny goramakda kanunçylyk ulgamyny kämilleşdirmek, enäniň we çaganyň saglygyny goramak, köp çagaly maşgalalara goldaw bermäge gönükdirilen maksatnamalary üstünlikli durmuşa geçirilmek ýaly anyk işlerde öz beýanyny tapýar.

Halal zähmetlerini maşgala borçlary bilen netijeli utgaşdyrýan zenanlar ählumumy hormata we goldawa mynasypdyrlar. Enelik we çaga terbiýesi zenanlaryň mukaddes borjy hasaplanýar. Türkmen halkynyň ykbalynyň özgermegine uly goşant goşýan, mynasyp nesli terbiýelemek ugrunda tagalla edýän zenanlar döwlet derejesinde sarpalanylýar. Baýramçylyk mynasybetli köp çagaly eneleriň ýüzlerçesi, Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany bilen, “Ene mähri” diýen hormatly ada mynasyp boldular. Bu dereje, ilkinji nobatda, eneleriň jemgyýetimiziň we döwletimiziň öňünde bitiren hyzmatlaryna hormatyň nyşany bolup durýar.

Şeýle hem köp çagaly eneleriň uly toparyna ýokary amatlyklary bolan täze, döwrebap ýaşaýyş jaýlarynyň açarlary gowşuryldy. Ýurdumyzyň ähli zenanlaryna, gelin-gyzlaryna Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan pul sowgatlaryny gowşurmak asylly däbe öwrüldi. Oňa ak gyňaçly eneler, önümçilikde işleýän gelin-gyzlar, talyp we okuwçy gyzlar, çagalar baglarynda terbiýelenýän gyzjagazlar mynasyp boldular. Zenanlara bolan mähirli garaýyş Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň asylly aýratynlyklarynyň biridir.

Ene, wepaly ýanýoldaş, maşgala ojagynyň sütüni bolan türkmen zenanlary milli ahlak we medeni gymmatlyklary saklap, nesilden-nesle geçirip gelýärler. Munuň özi häzirki döwürde aýratyn ähmiýetli ýörelgelere öwrüldi. Zenanlaryň ruhy, aň-paýhas we ahlak häsiýetleri durmuş meselelerini çözmekde ähmiýetli hasaplanýar. Köp ýyllaryň dowamynda Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy boýunça, Türkmenistanda umumadamzat gymmatlyklarynyň ösdürilmegine mynasyp goşant goşan halkymyzyň medeni we ruhy mirasyny saklamak, baýlaşdyrmak, ony dünýäde giňden wagyz etmek ugrunda ägirt uly işler alnyp barylýar.

Türkmen zenanlary milli halyçylyk, keşdeçilik ýaly deňi-taýy bolmadyk sungatymyzda şöhratly taryhymyzy aýdyň we hemmetaraplaýyn esasda beýan etmegi başarýarlar. Munuň özi milli döredijilik mekdebiniň esasyny düzýän ýörelgelerdir. Bu ýörelgeler häzirki zaman türkmen medeniýetinde mynasyp dowam etdirilip, öz ösüşinde täze galkynyşa eýe boldy. Haly dokamak sungatyny kämilleşdirip, dowam etdirip, ussat halyçylar häzirki döwürde milli lybaslaryň, beýleki sungat eserleriniň baş bezegine öwrülen nagyşlary, keşdeleri döredýärler. Amaly-haşam sungatynyň bu meşhur görnüşi Türkmenistany dünýä ýüzüne tanadýar.

Zenanlaryň keşbine şygryýetde aýratyn gadyr goýulýar we ol parahatçylygyň, ruhubelentligiň esasy ugruny özünde jemleýän keşp hökmünde giňden beýan edilýär. Gadymy döwürlerden bäri şahyrlar, ýazyjylar, sazandalar we suratkeşler zenanlaryň gözelligini Aýa, Güne deňäpdirler. Olar gülden näzik gelin-gyzlaryň owadan gözleriniň waspyny ýetiripdirler. Şeýlelikde, sungat eserleri enelere goýulýan çuňňur hormatyň, uýalara, gelinlere bolan mähirli gatnaşygyň, zenan gözelligine hormatyň ajaýyp däplerini beýan edipdirler.

...Baýramçylyk äheňinde bezelen zalda aýratyn dabara duýulýar. Bu ýerde meşhur estrada artistleriniň, bagşylaryň çykyşlary belent owazda ýaňlanyp, olar türkmen zenanlarynyň gözelliginiň, söýginiň, juwanlygyň we gadymy türkmen topragynyň sahawatynyň waspyny ýetirdiler. Dabaranyň dowamynda çykyş eden medeniýet işgärleri ak gyňaçly enelere, mährem zenanlara, uýalara we gyzlara mähirli gutlaglaryny, hoşniýetli arzuwlaryny aýtdylar.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň adybir eseri esasynda sahnalaşdyrylan “Enä tagzym — mukaddeslige tagzym” atly edebi-sazly kompozisiýa bu ýerde guralan baýramçylyk konsertiniň dabarasyny belende göterdi. Paýtagtymyzyň teatrlarynyň artistleriniň tans toparlary bilen utgaşykly çykyşy dabaranyň ähmiýetini artdyrdy. Edebi-sazly çykyş gözellige, hoşniýetli gatnaşyklara, kalbyň arassalygyna, wepalylyga, päk söýgä we näzik duýgulara bagyşlandy. Munuň özi zenanlaryň ajaýyp keşpleri bilen berk baglanyşykly ýörelgedir. Ajaýyp çykyş mähriban zenanlaryň hormatyny belende göterýän sena bolup ýaňlandy.

Häzirki döwrüň beýik işlerini, döwletli döwrany, Garaşsyz Watanymyzy we Arkadagly Serdarymyzy wasp edýän “Arkadagly Serdarym” atly watansöýüjilikli aýdym döwlet Baştutanymyza bolan bimöçber hoşallygyň nyşanyna öwrüldi. Häzirki döwürde hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda Türkmenistanda halkymyzyň abadançylygyna, Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegine gönükdirilen giň möçberli özgertmeler durmuşa geçirilýär.

“Mukam” skripkaçylar toparynyň çykyşlarynda mährem zenanlara bolan çuňňur söýgi duýulýar. Toparyň sazandalary dünýäniň saz medeniýetiniň ajaýyp eserlerini ýerine ýetirdiler. Italýan dilinde ýaňlanan “Mattino” atly aýdyma tomaşaçylar uzak wagtlap el çarpdylar. Soňra sungat ussatlarynyň we ýaş aýdymçylaryň utgaşykly çykyşlary zenanlara bagyşlanyp, bu eserler enelere goýulýan hormatyň we olara aýdylýan hoşniýetli arzuwlaryň aýdyň nyşanyna öwrüldi.

Baýramçylygyň maksatnamasynda geçmiş bilen häzirki döwrüň arabaglanyşygy öz beýanyny tapdy. Mährem zenanlara bagyşlanan aýdymlar ussatlyk bilen ýerine ýetirildi. Çykyşlaryň dowamynda milli nusgawy saz eserleri, meşhur estrada we halk aýdymlary ýaňlanyp, olaryň hemmesi zenanlara bagyşlandy hem-de çykyşlarda zenan bagtynyň, olaryň wepalylygynyň, ene söýgüsiniň, sabyr-kanagatyň, mähriban topragyň ýaz aýlarynda aýratyn gözel görnüşe gelýän gözelliginiň waspy ýetirildi. Ähli çykyşlaryň wideogörnüşler bilen utgaşdyrylmagy konsertiň özüne çekijiligini artdyrdy.

Täsirliligi babatda biri-birinden tapawutlanýan joşgunly çykyşlar tomaşaçylar üçin ýakymly pursatlary eçildi. Şowhunly el çarpyşmalar baýramçylyk gutlaglary bilen utgaşyp, şahyrlaryň, kompozitorlaryň we aýdymçylaryň ylhamyny joşdurýan zenan gözelliginiň ajaýyp waspyna öwrüldi.

Ýurdumyzyň mährem zenanlaryna, gözel gyzlaryna, paýhasly enelere, zähmetsöýer gelin-gyzlara bagyşlanan “Bagtyýar zenanlar, bagtly sonalar!” atly aýdym konsertiň jemleýji çykyşy boldy. Bu çykyşa konserte gatnaşyjylaryň hemmesi goşuldy. Munuň özi agzybirligi, jebisligi we birek-birege bolan mähirli gatnaşygy aňladýan baýramçylyk dabarasyna öwrüldi.

Şu günler ýurdumyzyň ähli künjeklerinde, paýtagtymyzyň hem-de welaýatlaryň konsert meýdançalarynda baýramçylyk mynasybetli aýdym-sazly çykyşlar ýaýbaňlandyryldy. Bahar paslyna we Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň ruhy bilen sazlaşýan mährem zenanlara bagyşlanan ajaýyp baýramçylyk çykyşlarynda şatlyk, döredijilik duýgulary, täze durmuşyň ýörelgeleri, halkymyzyň ynamyny, kuwwatyny, umyt-arzuwlaryny berkidýän ajaýyp başlangyçlar öz beýanyny tapdy.

Soňky habarlar
25.11
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 42 million 586 müň dollaryna barabar boldy
24.11
Watanymyzyň ykdysady kuwwatyny pugtalandyrmak, halkymyzyň abadançylygyny üpjün etmek — döwlet syýasatynyň baş ugry
24.11
Türkmenistanyň Eýran Yslam Respublikasyndaky Ilçisi bellenildi
23.11
Türkmenistanda senagat ähmiýetli täze tebigy gaz akymy alyndy
22.11
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
22.11
Döwlet Baştutanymyz 2025-nji ýylda Türkmenistan boýunça degişli möçberde pagta öndürilmegini üpjün etmegi tabşyrdy
21.11
Baş maksat — Watanymyzyň gülläp ösmegini, halkymyzyň durmuş derejesiniň ýokarlandyrylmagyny üpjün etmek
21.11
Türkmenistanyň we Özbegistanyň sebitleriniň arasyndaky hyzmatdaşlyk pugtalandyrylýar
20.11
Garaşsyz Türkmenistan — jebisligiň we abadançylygyň ýurdy
20.11
Türkmenistan — Özbegistan: milli bähbitlere laýyk gelýän hyzmatdaşlyk
top-arrow