Türkmenistanyň çakylygy boýunça gelen Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň synçylar topary şu günler saýlaw möwsümine syn etmäge girişdi.
GDA-nyň Baş sekretarynyň orunbasary I.Nematowyň Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň başlygy bilen hem-de Daşary işler ministrliginde geçiren duşuşyklarynyň çäklerinde Mejlise, ýerli wekilçilikli häkimiýete hem-de ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralaryna geçiriljek saýlawlar bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Myhmana açyklyk ýagdaýynda, milli kanunçylyga laýyklykda geçýän saýlaw möwsüminiň barşy barada gürrüň berildi. Synçylar toparynyň üstünlikli işlemegi üçin ähli zerur şertleriň dörediljekdigi barada aýdyldy.
Öz nobatynda, I.Nematow GDA-dan synçylar toparynyň işiniň esasy ýörelgeleri hem-de onuň işiniň guralyşy barada habar berdi. Bu iş Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda guralar, saýlawlary guramak we geçirmek ulgamynda halkara hukugyň umumy ykrar edilen ýörelgelerine we kadalaryna esaslanar. Şunuň bilen baglylykda, synçylar topary saýlawlaryň döwletiň içerki işi bolup durýandygyndan ugur alar. Şoňa görä-de, toparyň esasy wezipesi saýlaw möwsüminiň milli kanunçylyga laýyklygyna baha bermekden, erkin we demokratik saýlawlary geçirmäge ýardam bermekden ybaratdyr.
Toparyň düzümine synçylaryň 50-den gowragynyň — Arkalaşygyň ýurtlarynyň wekilleriniň — parlamentarileriň, görnükli jemgyýetçilik işgärleriniň, diplomatlaryň, GDA gatnaşyjy döwletleriň Parlamentara Assambleýasynyň, Belarusuň we Russiýanyň parlament ýygnagynyň wekilleriniň, GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň işgärleriniň girizilmegi meýilleşdirilýär. Toparyň ýaýradan maglumatynda saýlaw möwsüminiň ähli tapgyrlarynyň saýlaw kanunçylygyna doly laýyklykda geçýändigi tassyklanylýar.
Şeýlelikde, okrug saýlaw toparlarynyň 125-si hem-de etraplardaky şäherleriň, şäherçeleriň we geňeşlikleriň 572 sany saýlaw toparlary döredildi. Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň saýlawlary boýunça saýlaw okruglarynyň 125-si, hususan-da, Aşgabat şäherinde 17-si, Ahal welaýatynda 16-sy, Balkan welaýatynda 10-sy, Daşoguz welaýatynda 27-si, Lebap welaýatynda 26-sy, Mary welaýatynda 29-sy döredildi.
Welaýat halk maslahatlarynyň agzalarynyň saýlawlary boýunça saýlaw okruglarynyň 240-sy — welaýatlaryň her birinde we Aşgabat şäherinde 40-sy döredildi. Etrap, şäher halk maslahatlarynyň agzalarynyň saýlawlary boýunça etraplaryň we şäherleriň hersinde degişli saýlaw okruglarynyň 20-si — jemi 960-sy: Ahal welaýatynda 140, Balkan welaýatynda 180, Daşoguz welaýatynda 160, Lebap welaýatynda 180, Mary welaýatynda 220, Aşgabat şäherinde 80 okrug döredildi.
Tutuş ýurdumyz boýunça dalaşgärleriň 14872-si hödürlendi we bellige alyndy. Şolaryň hatarynda milli parlamentiň deputatlygyna 258 dalaşgär, welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň halk maslahatlarynyň agzalygyna 515 dalaşgär, etraplaryň we şäherleriň halk maslahatlarynyň agzalygyna 2001 dalaşgär, Geňeşleriň agzalygyna 12098 dalaşgär bar. Dalaşgärleriň hatarynda ykdysadyýetimiziň ähli pudaklaryndan ýokary hünärli işgärler, dürli hünärleriň wekilleri bar. Ähli dalaşgärler erkin we deňhukukly esasda hödürlenip, olary hödürlemek, bellige almak işleri milli kanunçylygyň talaplaryna laýyklykda, açyklyk häsiýetine eýe boldy. Saýlawlaryň öňüsyrasyndaky wagyz-nesihat çäreleri we saýlaw möwsümini köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde beýan etmek işleri 25-nji marta çenli dowam eder.
Ähli okruglarda bir orna 2-3 dalaşgär hödürlendi. Munuň özi hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň saýlawlary geçirmegiň möhüm şerti hökmünde kesgitlän bäsdeşlik ýörelgelerine laýyk gelýär. Saýlawlarda dalaşgärlere deň derejedäki hukuklar we mümkinçilikler berilýär. Saýlawlara Demokratik partiýadan 6241, Senagatçylar we telekeçiler partiýasyndan 523, Agrar partiýadan 3577, raýatlar toparlaryndan 4531 dalaşgär görkezildi. Dalaşgärler ýaşaýan ýerlerindäki saýlaw okruglarynda saýlawçylaryň umumy ýygnagynda teklip edildi.
Demokratik partiýadan, Senagatçylar we telekeçiler partiýasyndan, Agrar partiýadan, jemgyýetçilik guramalaryndan milli synçylaryň 3 müňe golaýy bellige alyndy. Olara degişli nusgadaky şahadatnamalar gowşuryldy.
Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Ýerine ýetiriji komitetinden, Türki Döwletleriň Guramasyndan, Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasyndan wekiller saýlawlara synçy hökmünde gatnaşmaga gyzyklanma bildirdiler. Şeýle hem Birleşen Milletler Guramasyndan, Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Demokratik institutlar we adam hukuklary boýunça býurosyndan, daşary ýurtlaryň köpçülikleýin habar beriş serişdelerinden wekilleriň gelmegine garaşylýar.
Saýlaw kodeksine laýyklykda, syýasy partiýalara, jemgyýetçilik guramalaryna, dalaşgärlere, olaryň ynanylan wekillerine, raýatlaryň teklipçi toparlaryna wagyz-nesihat işlerini erkin alyp barmaga mümkinçilik döredilýär. Dalaşgärlere köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde çykyş etmek üçin deň şertler kepillendirilýär. Ýurdumyzda hereket edýän kanunçylyga laýyklykda, şu günler ähli ýerlerde saýlawlara taýýarlyk çäreleri dowam edýär. Onuň barşynda milli parlamentiň deputatlygyna, wekilçilikli ýerli häkimiýet we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň agzalygyna dalaşgärler, olaryň ynanylan wekilleri saýlawçylar bilen duşuşyklary geçirýärler.
Saýlawçylar dalaşgärleriň hünär we guramaçylyk başarnyklary, olaryň saýlawlaryň öň ýanyndaky maksatnamalarynyň esasy ugurlary bilen tanyşýarlar. Maksatnamalarda beýan edilýän meýilnamalaryň esasy many-mazmuny Türkmenistanyň ösüşini hem-de abadançylygyny üpjün etmekden, mähriban halkymyzyň durmuş derejesini mundan beýläk-de ýokarlandyrmakdan ybaratdyr.
Ýurdumyzy has ýokary depginler bilen ösdürmek baradaky gyzyklanma bildirilip geçirilýän söhbetdeşlikleriň barşynda dalaşgärler saýlawçylaryň köp sanly sowallaryna jogap berýärler, özleriniň saýlawlarynyň öň ýanyndaky maksatnamalarynyň käbir ugurlaryny anyklaşdyrýarlar hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň başyny başlan we hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow tarapyndan üstünlikli amala aşyrylýan giň gerimli özgertmeler maksatnamalaryny durmuşa geçirmek üçin bilimlerini, ukyp-başarnyklaryny, tejribesini we tagallalaryny gaýgyrmajakdyklaryna ynandyrýarlar.
Bellige alnan dalaşgärleriň ählisine milli saýlaw kanunçylygyna hem-de halkara hukugyň kadalaryna laýyklykda, saýlawçylar bilen duşuşyklary guramak, köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde çykyş etmek üçin deň hukuklar we mümkinçilikler berilýär.
Jemgyýetimiziň durmuşynda demokratik kadalary berkarar etmegiň esasy şertleri — giň bäsdeşlik, açyklyk we aýanlyk ýörelgeleri, hemişe bolşy ýaly, şu gezekki saýlaw möwsüminiň hem esasy ugurlary bolup durýar. Parlamentiň deputaty, ýerli häkimiýet, ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň wekili hukugyna eýe bolmaga halkymyzyň mynasyp wekilleri — watandaşlarymyzyň hormatyndan we abraýdan peýdalanýan adamlar dalaş edýärler.
Tutuş ýurdumyz boýunça Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň 125-sini saýlamaly. Welaýat halk maslahatynyň agzalarynyň saýlawlary saýlaw okruglarynyň 240-synda, etraplaryň we şäherleriň halk maslahatynyň agzalarynyň saýlawlary okruglaryň 960-synda hem-de Geňeşleriň agzalarynyň saýlawlary saýlaw okruglarynyň 5897-sinde geçiriler. Ses bermek üçin saýlaw uçastoklarynyň 2644-si döredildi.