Türkmenistan Watanymyzyň her bir ýyly taryhy wakalara beslenip geçýär. Geçen 2022-nji «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýyly hem dürli ugurlarda, şol sanda adam hukuklaryny üpjün etmek babatda anyk netijeleriň gazanylan ýyly boldy.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Belarus Respublikasynyň Prezidenti Aleksandr Lukaşenko Belarus Respublikasynyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi.
Siziň Alyhezretiňizi Gurban baýramy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaýaryn. Agzybirligiň we jebisligiň nyşany bolan bu baýramyň ähli adamzada parahatçylyk, asudalyk getirmegini arzuw edýärin.
Doglan günüňiz mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglarymy kabul ediň! Siz köp ýyllaryň dowamynda Watanyňyza hyzmat edip gelýärsiňiz. Siziň parasatly syýasatyňyz netijesinde, Türkmenistan durmuş-ykdysady ösüşiň ýoly bilen ynamly öňe barýar, halkara abraýyny yzygiderli pugtalandyrýar.
Şu gün Arkadag şäheriniň Döwletmämmet Azady adyndaky kitaphanasynyň mejlisler zalynda “Arkadag şäheri — “akylly” we “ýaşyl” tehnologiýalar şäheri” atly halkara maslahat geçirildi. Arkadag şäheriniň häkimligi hem-de Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentligi tarapyndan guralan çäre diňe bir adaty görnüşde däl, eýsem, täze şäheriň Aragatnaşyk müdirligi tarapyndan onlaýn tertipde hem alnyp görkezildi.
Şu gün Arkadag şäheriniň Görogly adyndaky döwlet atçylyk sirkinde Russiýanyň döwlet sirkiniň, Wernadskiý şaýolundaky Moskwanyň uly döwlet sirkiniň hem-de “Московский цирк Никулина на Цветном бульваре” sirkiniň artistleriniň tomaşasy guraldy.
Şu gün Arkadag şäherinde Türkmenistanda ilkinji “akylly” şäheriň açylmagyna bagyşlanan futbol boýunça tälimçileriň halkara okuw maslahaty geçirildi. Ony Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komiteti hem-de ýurdumyzyň Futbol federasiýasy guradylar.
Şu gün Arkadag şäheriniň oba hojalyk toplumynyň edara binasynda geçirilen “Arkadag şäheri — ahalteke bedewleriniň mekany” atly halkara maslahatyň gün tertibine atşynaslykda gazanylan üstünlikler we bu pudagy ösdürmek, netijeli hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak bilen bagly meseleler girizildi.
Şu gün Arkadag şäheriniň köpugurly hassahanasynda geçirilen “Türkmenistanyň lukmanlarynyň jemgyýetçilik guramasy” atly halkara ylmy maslahat bu täsin “akylly” şäheriň birinji tapgyrynyň ulanmaga berilmegi mynasybetli geçirilýän dabaraly çäreleriň dowamyna öwrüldi.
Şu gün Arkadag şäheriniň “Märkaw” myhmanhanasynyň mejlisler zalynda “Akylly” şäher Arkadag” atly halkara maýa goýum forumy geçirildi.