Baş sahypa
\
Jemgyýet
\
Ahalteke bedewi — dünýä atşynaslygynyň täsinligi
Jemgyýet
Ahalteke bedewi — dünýä atşynaslygynyň täsinligi
Çap edildi 01.07.2023
2090

Şu gün Arkadag şäheriniň oba hojalyk toplumynyň edara binasynda geçirilen “Arkadag şäheri — ahalteke bedewleriniň mekany” atly halkara maslahatyň gün tertibine atşynaslykda gazanylan üstünlikler we bu pudagy ösdürmek, netijeli hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak bilen bagly meseleler girizildi.

Ady rowaýata öwrülen behişdi bedewleriň Watany bolan Türkmenistan häzirki taryhy döwürde dürli ýurtlaryň atşynaslarynyň, hünärmenleriniň we alymlarynyň işjeň hyzmatdaşlyk edýän, tejribe alyşýan merkezine öwrüldi. Ahalteke bedewleriniň hakyky muşdagy bolan hem-de olara birnäçe ajaýyp kitaby bagyşlan türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça gurlan Arkadag şäherinde-de bu ugurda giňden hyzmatdaşlyk etmek üçin ähli şertler döredildi. Häzirki wagtda Gahryman Arkadagymyzyň milli atşynaslygy ösdürmek, onuň gadymdan gelýän däplerini gorap saklamak, behişdi bedewleriň dünýädäki şöhratyny has-da belende galdyrmak boýunça başyny başlan giň gerimli işleri hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda üstünlikli dowam etdirilýär.

Maslahata ýurdumyzyň we daşary ýurtlaryň pudaklaýyn düzümleriniň, Türkmenistanyň Mejlisiniň ugurdaş komitetiniň, ylmy edaralaryň, ýokary okuw mekdepleriniň ýolbaşçylarydyr wekilleri, Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň agzalary, pudagyň hünärmenleri gatnaşdylar.

Forumyň öňüsyrasynda oňa gatnaşyjylar ahalteke bedewlerine bagyşlanan şekillendiriş we amaly-haşam sungatynyň sergisi bilen tanyşdylar. Behişdi bedewler ähli döwürlerde, şu gün hem halkymyzyň wepaly hemrasy, onuň döredijilik ylham çeşmesi bolmagynda galýar. Munuň özi sergide görkezilen eserlerde aýdyň beýanyny tapdy.

Soňra mejlisler zalynda utgaşykly görnüşdäki halkara maslahat öz işine başlady. Çykyşlarda nygtalyşy ýaly, türkmen halky gözelligi we asyllylygy babatda deňi-taýy bolmadyk ahalteke bedewlerini dünýä peşgeş bermek bilen çäklenmän, eýsem, asyrlaryň dowamynda bu täsin tohumy yzygiderli kämilleşdirip, onuň arassalygyny hem saklap gelipdir. Milli we dünýä medeniýetiniň taryhy täsinligi bolan behişdi bedewler häzirki döwürde Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň gazanýan beýik üstünlikleriniň, döwürleriň we nesilleriň dowamatlylygynyň nyşany bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, ahalteke tohumynyň Ginnesiň rekordlar kitabyna girizilen wekiliniň keşbini janlandyrýan “Akhan” binasynyň Arkadag şäheriniň ajaýyplyklarynyň birine öwrülendigi hem bellärliklidir.

Bu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda ýurdumyzda baý milli mirasymyzy aýawly saklamak, hemmetaraplaýyn öwrenmek hem-de wagyz etmek boýunça yzygiderli çäreler amala aşyrylýar. Behişdi bedewleri ösdürip ýetişdirmegiň, seýislemegiň köpasyrlyk däpleri medeni mirasymyzyň aýrylmaz bölegidir. Pudagy ösdürmekde halkymyzyň özboluşly tejribesi häzirki zaman meýilleri we tehnologiýalary bilen sazlaşykly utgaşdyrylýar. Çykyşlarda bu ugurda üstünlikli iş alyp barmak üçin täze “akylly” şäherde döredilen mümkinçiliklere aýratyn üns çekildi.

Arkadag şäherinde Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasy döredildi. Şunuň bilen baglylykda, bu ýokary okuw mekdebine ahalteke bedewleriniň ugurbaşy nesillerini döreden halypa seýsiň adynyň dakylmagynyň ýurdumyzda tejribeli halypalara, öz işiniň ussatlaryna goýulýan çuňňur hormatyň nyşanydygy bellenildi. Pudak üçin ýokary hünär derejeli işgärleri, atçylyk sporty we syýahatçylyk, sirk sungaty ulgamlarynda hünärmenleri taýýarlajak bu ýokary okuw mekdebinde bilim almak, ylmy-barlag işlerini geçirmek üçin ähli şertler döredilipdir. Akademiýanyň ýanynda döwrebap enjamlar bilen üpjün edilen Atçylyk ylmy-önümçilik merkezi guruldy. Bu ýerde ýokary okuw mekdebiniň talyplary öz bilimlerini kämilleşdirip, ylmy-barlag işlerine gatnaşyp bilerler. Şeýle-de Arkadag şäherinde ýaşaýjylaryň we şäheriň myhmanlarynyň iň gelim-gidimli ýerleriniň biri boljak Görogly adyndaky döwlet atçylyk sirkiniň döredilendigi bellenildi.

Daşary ýurtly gatnaşyjylar öz çykyşlarynda Arkadag şäheriniň açylyş dabarasy mynasybetli geçirilýän dabaralara hem-de gadymy türkmen topragynyň gözel künjekleriniň birinde — ahalteke bedewleriniň mekanynda guralýan şu günki maslahata gatnaşmaga döredilen mümkinçilik üçin hormatly Prezidentimize we türkmen halkynyň Milli Liderine hoşallyk sözlerini beýan etdiler. Şunuň bilen baglylykda, halkara hyzmatdaşlygyň, şol sanda atçylyk we atçylyk sporty ugurlary boýunça hyzmatdaşlygyň merkezi hökmünde täze “akylly” şäheriň uly kuwwatynyň bardygy bellenildi.

Daşary ýurtly hyzmatdaşlar özboluşly binagärlik keşbi bilen tapawutlanýan Arkadag şäherine we şäher gurşawyna ekologik taýdan arassa innowasion tehnologiýalaryň netijeli ornaşdyrylmagyna haýran galandyklaryny belläp, bu ýerde gurlan ugurdaş desgalara — Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasyna, Atçylyk ylmy-önümçilik merkezine we Görogly adyndaky döwlet atçylyk sirkine ýokary baha berdiler. Bu toplumlaryň ahalteke bedewleri bilen baglanyşykly forumlaryň, sergileriň, beýleki çäreleriň geçirilýän ýeri bolmak bilen, özara bähbitli halkara hyzmatdaşlygy, bu ugurda ylmy barlaglaryň alnyp barylmagy üçin binýat boljakdygyna ynam bildirildi. Şeýle hem maslahatyň dowamynda atşynaslyk we atçylyk sporty ulgamynda milli kanunçylygy kämilleşdirmek, atşynaslygyň ylmy esaslary, edebiýatda, folklorda bedewiň keşbi ýaly meselelere deglip geçildi.

Halkara maslahatyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň we türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyna Ýüzlenme kabul etdiler. Onda döwlet Baştutanymyza hem-de Gahryman Arkadagymyza atçylyk ulgamynda netijeli gatnaşyklary ösdürmäge, tejribe alyşmaga, ahalteke bedewlerini dünýäde giňden tanatmaga berýän goldawlary üçin tüýs ýürekden hoşallyk beýan edildi.

Maslahata gatnaşyjylar üçin gezelenç guralyp, ol daşary ýurtly myhmanlara Arkadag şäheriniň medeni merkezleri we gözel künjekleri bilen tanyşmaga mümkinçilik berdi.

Soňky habarlar
25.11
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 42 million 586 müň dollaryna barabar boldy
24.11
Watanymyzyň ykdysady kuwwatyny pugtalandyrmak, halkymyzyň abadançylygyny üpjün etmek — döwlet syýasatynyň baş ugry
24.11
Türkmenistanyň Eýran Yslam Respublikasyndaky Ilçisi bellenildi
23.11
Türkmenistanda senagat ähmiýetli täze tebigy gaz akymy alyndy
22.11
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
22.11
Döwlet Baştutanymyz 2025-nji ýylda Türkmenistan boýunça degişli möçberde pagta öndürilmegini üpjün etmegi tabşyrdy
21.11
Baş maksat — Watanymyzyň gülläp ösmegini, halkymyzyň durmuş derejesiniň ýokarlandyrylmagyny üpjün etmek
21.11
Türkmenistanyň we Özbegistanyň sebitleriniň arasyndaky hyzmatdaşlyk pugtalandyrylýar
20.11
Garaşsyz Türkmenistan — jebisligiň we abadançylygyň ýurdy
20.11
Türkmenistan — Özbegistan: milli bähbitlere laýyk gelýän hyzmatdaşlyk
top-arrow