Baş sahypa
\
Adalatçynyň maglumaty
\
Türkmenistanda adam hukuklary boýunça ygtyýarly wekil – Adalatçynyň işi we ýurtda adam hukuklary babatda ýagdaýyň 2022-nji ýylyň jemi boýunça maglumaty
Adalatçynyň maglumaty
Türkmenistanda adam hukuklary boýunça ygtyýarly wekil – Adalatçynyň işi we ýurtda adam hukuklary babatda ýagdaýyň 2022-nji ýylyň jemi boýunça maglumaty
Çap edildi 03.07.2023
13178

M A Z M U N Y

Giriş

 

 

I bap.

Türkmenistanda Adamyň we raýatyň hukuklarynyň
hem-de azatlyklarynyň üpjün edilişiniň we ýerine ýetirilişiniň ýagdaýy.

 

II bap.

Raýatlyk we syýasy hukuklar.

III bap.

Ykdysady, durmuş we medeni hukuklar. 

 

IV bap.

Raýatlaryň ýüztutmalary boýunça seljerme. 

 

V bap. 

Adalatçynyň milli kanunçylygy kämilleşdirmäge ýardam etmek işleri. 

 

VI bap.

Adalatçynyň jemgyýetçilik çärelerine gatnaşmagy, adam hukuklary babatda habarlylygyň ýokarlandyrylmagyna ýardam etmegi.

 

VII bap.

Halkara hyzmatdaşlygy.

 

VIII bap.

Adalatçynyň ýüz tutmalary we teklipleri.

 

IХ bap.

Netije.

Giriş

Türkmenistan Watanymyzyň her bir ýyly taryhy wakalara beslenip geçýär. Geçen 2022-nji «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýyly hem dürli ugurlarda, şol sanda adam hukuklaryny üpjün etmek babatda anyk netijeleriň gazanylan ýyly boldy.

Biziň bu maglumatymyz hem şol ýetilen sepgitleriň netijesinde hasabat ýylyň dowamynda adamyň we raýatyň ýaşaýyş durmuş derejesiniň ýokarlanmagyna, ýurtda adam hukuklarynyň berjaý edilşine syn bermek we Adam hukuklary boýunça ygtyýarly wekil – Adalatçynyň (mundan beýläk - Adalatçy) adamyň we raýatyň hukuklaryny we azatlyklaryny goramak babatda öz ygtyýarlygynyň çäklerinde alyp baran işleri barada beýan etmekdir.

Geliň maglumatymyzyň girişinde hasabat ýylynda ýurdumyzyň we türkmen halkynyň durmuşynda bolup geçen, şol sanda adam hukuklary bilen baglanşykly esasy wakalaryň üstünde durup geçeliň.

Geçen hasabat ýylynda ýurdumyz adamyň we raýatyň hukuklarynyň esasy kepili bolan Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň kabul edilmeginiň 30 ýyllygyny we Döwlet baýdagymyzyň döredilmeginiň 30 ýyllygyny dabaraly belläp geçdi. Şu geçen 30-ýylyň dowamynda Esasy Kanunymyz döwrümiziň talabyna görä üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek, rejelenen görnüşde kabul edilmek bilen kämilleşdirilip gelindi. Şol geçen döwürde Esasy kanunymyz adamyň jemgyýetiň we döwletiň iň ýokary gymmatlygydygyny, adamy goramagyň, goldamagyň we oňa hyzmat etmegiň bolsa döwlet häkimiýet edaralarynyň baş wezipeleridigini ykrar edip geldi.

Geçen ýyl türkmen halkynyň her biriniň ykbaly bilen aýrylmaz baglanşykly bolan jemgyýetçilik-syýasy wakalaryň esasysy Prezident saýlawlarynyň adyl, demokratik esaslarda geçirilmegidir. Ýagny 2022-nji ýylyň 12-nji martynda türkmen halky dalaşgärlik esasda geçirlen Prezident saýlawlarynda özüniň mynasyp ogly Serdar Gurbangulyýewiç Berdimuhamedowy ýurdumyzyň Prezidenti wezipesine saýlady. Dalaşgärlik esasynda geçirlen bu saýlawlar, ýurdumyzda demokratik başlangyçlaryň yzygiderli ösdürilýändigini, saýlaw ulgamynyň kämilleşdirilýändigini, türkmen halkynyň agzybirligini we jebisligini ýene-de bir gezek tassyklady.

Hasabat ýylynda ýurdumyzyň dürli ugurlardan, has takygy syýasy, ykdysady, durmuş we medeni taýdan ýokary depginli ösüşini üpjün etmek, şeýlede ilatymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da gowulandyrmak maksady bilen «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022-2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasy» kabul edildi. Bu uzakmöhletleýin maksatnamalaýyn resminamanyň kabul edilmegi ýurdymyzyň mundan beýläk hem gülläp ösmeginde, her bir adamyň amatly ýaşaýyş durmuş şertlerini üpjün etmekde möhüm taryhy ädim boldy

Öňki ýyllarda bolşy ýaly geçen ýyl daşary syýasaty ugrunda alnyp barlan işler hem halkara giňişliginde ýurdumyzyň abraýyny artdyrmak bilen birlikde, dostlukly halkara gatnaşyklaryny dowam etdirmäge ýardam etdi. Oňyn Bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk we netijeii halkara hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan bitarap Watanymyzyň daşary syýasat ýörelgesiniň nobatdaky döwür üçin esasy ugurlary 2022 — 2028-nji ýyllar üçin Konsepsiýada kesgitlenildi. Bu resminama sebit we dünýä derejesinde parahatçylygy, howpsuzlygy üpjün etmek, ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyny iş ýüzünde mundan beýläk-de peýdalanmak, syýasy diplomatik, medeni-ynsanperwer we beýleki ulgamlarda ikitaraplaýyn hem-de köptaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmek ýaly möhüm wezipeleri çözmäge gönükdirilip, ählumumy durnukly ösüşe, halkara gatnaşyklaryň ynsanperwerleşdirilmegine ýardam bermegi maksat edinendir.

Hasabat ýylynda ýurdumyzyň Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 77-nji sessiýasynyň wise-başlyklygyna biragyz­dan saýlanmagy, Türkmenistanyň başlangyjy boýunça taýýarlanylan möhüm Kararnamalaryň BMG-niň Baş Assambleýasynyň 76,77-nji sessiýalarynyň umumy mejlislerinde biragyzdan kabul edilmegi, Birleşen Milletler Guramasy, onuň ýöriteleşdirilen edaralary bilen hyzmatdaşlygymyzyň has-da ýygjamlaşýanlygyny subut edýär.

Ýurdumyzda alnyp barylýan bu köpugurly, giňmöçberli işleriň kanuny esaslaryny düzýän, döwletimiziň, jemgyýetimiziň we her bir şahsyýetiň bähbitlerini goraýan milli kanunçylyk ulgamyny döwrüň talaplaryna laýyklykda kämilleşdirmek işleri hem geçen ýyl yzygiderli alnyp baryldy. Beýan edilenler we ýurdymyzda adamyň we raýatyň syýasy, raýatlyk, ykdysady, durmuş we medeni hukuklaryny we azatlyklaryny üpjün etmegiň hatyrasyna alnyp barlan beýleki işler barada maglumatymyzyň degişli baplarynda giňişleýin tanşyp bilersiňiz.

Geçen hasabat ýyly Adalatçynyň diwany üçin hem aýratyn ähmiýetli ýyllaryň biri boldy. Ýagny Türkmenistanyň ilkinji Adalatçysynyň saýlanylmagyna we Adalatçynyň diwanynyň döredilmegine bäş ýyl doldy. Şonuň üçin hem kanunçylygyň, has takygy Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň 71-nji maddasynyň 17-nji bendine, 81-nji maddasynyň 8-nji bendine we «Adalatçy hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň 4-nji maddasynyň 1-nji bölegine laýyklykda Adalatçynyň täze möhlete saýlawy geçirildi.

Adalatçy tarapyndan geçen bäş ýylyň dowamynda «Adalatçy hakynda» Türkmenistanyň kanunynda göz öňünde tutulan ygtyýarlyklarynyň çäginde Adalatçynyň diwanynyň işi ýola goýuldy we bu döwürde belli bir işler durmuşa geçirildi. Bu alnyp barlan işler seljerilip, Adalatçynyň her ýylky maglumatynda beýan edilip, agzalan Kanunyň talaplaryna laýyklykda ýyllyk maglumat habar beriş serişdelerinde, Adalatçynyň diwanynyň web saýtynda beýan edildi.

Geçen ýylda ýurdumyzda adam hukuklary babatda ýagdaýy we Adalatçynyň ýyllyk iş meýilnamasyna laýyklykda alyp baran işlerini 9-bapda beýan edýän bu maglumat hem «Adalatçy hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň 20-nji maddasynyň talaplaryna laýyklykda Türkmenistanyň hormatly Prezidentiniň seretmegine beriler. Şeýle-de Adalatçy şu maglumat bilen Türkmenistanyň Mejlisiniň öňünde çykyş eder we ol Türkmenistanyň köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde hem-de Adalatçynyň web saýtynda beýan ediler.

Döwlet häkimiýet edaralary, ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralary, halkara guramalary, raýat jemgyýetçiligi we halk köpçüligi Türkmenistanyň Adalatçysynyň 2022-nji ýylyň jemine bagyşlanan bu Maglumaty bilen tanşyp, ýurdumyzda adamyň we raýatyň hukuklaryny we azatlyklaryny goramak we höweslendirmek çygrynda edilen işleri, berilen teklipleri we bellikleri ünse alyp, öz ygtyýarlyklarynyň çäklerinde adam hukuklarynyň üpjün edilmegine we iş ýüzünde berjaý edilmegine mundan beýläk hem ýardam ederler diýip umyt edýäris.

I bap. Türkmenistanda Adamyň we raýatyň hukuklarynyň hem-de azatlyklarynyň üpjün edilişiniň we ýerine ýetirilişiniň ýagdaýy. 

Adamyň we raýatyň hukuklarynyň hem-de azatlyklarynyň üpjün edilişiniň we berjaý edilişiniň ýagdaýyna syn berilýän bu baby, Türkmenistanyň häzirki garaşsyz ösüş döwrüne – ýagny özygtyýarly ýurduň gazananlaryny jemläp, mundan beýläk-de ösmegi üçin uly mümkinçilikleri açýan Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüne gadam basmagy bilen başlamalydyrys. Ýurdumyzyň döwlet esaslaryny berkitmek, ykdysady kuwwatyny güýçlendirmek we halkyň durmuş we ýaşaýyş şertlerini yzygiderli gowulandyrmak üçin ähmiýetli işler alnyp barylýar. Bu işleriň çäginde geçen hasabat ýylynda «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022-2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasy» kabul edildi we giň gerimli özgertmeleriň täze tapgyrynyň başlanandygyny alamatlandyrdy.

Hasabat döwründäki özgertmeler syýasata, ykdysadyýete, durmuş üpjünçiligine we medeniýete özüniň oňaýly täsirini ýetirdi. Mälim bolşy ýaly, ýurdumyzyň milli ykdysadyýeti çalt depginde ösýär, şeýle hem saglygy goraýyş, medeniýet, ylym, bilim, sport we durmuş infrastrukturasyna goýulýan maýa goýumlary barha artýar. Zähmet we talyp haklary, pensiýa we döwlet kömek pullary yzygiderli ýokarlanýar. Ekologiýa taýdan arassa gurşaw, azyk howpsuzlygy, şeýle hem sanly ulgamyň mümkinçilikleri arkaly raýatlarymyzyň ýaşaýyş şertlerini gowulandyrmakda ýurt bähbitli çäreler görülýär. Ykdysadyýetiň hususy pudagy, kiçi we orta işewürlik maksatlaryna gönükdirilen goldawlardan peýdalanýar.

Geçirilýän özgertmeler ýurdymyzyň welaýatlarynyň etraplarynyň, şäherleriniň we obalarynyň dolandyryş-çäk birliklerine hem öz täsirini ýetirdi. Ýagny hasabat ýylynda welaýatlaryň dolandyryş-çäk gurluşy, netijeli dolandyryşy, ykdysady mümkinçilikleri, ilat üçin döwlet hyzmatlarynyň elýeterliligini, senagatlaşdyrmak, iri ilatly ýerleri döretmek we bu ýerleri geljekde ösdürmek üçin amatly şertleri üpjün etmek nukdaýnazaryndan ugur alynyp kämilleşdirildi. Durmuş-ykdysady ösüşiň möhüm görkezijileriniň biri bolan şäherleşme derejesini ýokarlandyrmak maksady bilen, 6 oba şäherçe derejesi berildi, 19 obany we 3 şäherçäni şäherlere birikdirmek bilen, iri dolandyryş-çäk birliklerini emele getirmek hem-de 6 sany ilatly ýere oba derejesi berildi. Bu üýtgeşmeler geljekde sebitleriň durmuş we ykdysady ösüşiniň ýokary depginlerini üpjün eder.

«Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynda ýurdumyz türkmen halkynyň milli buýsanjy bolan Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň kabul edilmeginiň, şeýle hem Döwlet baýdagymyzyň döredilmeginiň 30 ýyllygyny toýlady. Türkmenistanyň Konstitusiýasy döwletimiziň jemgyýetçilik we döwlet gurluşynyň hem-de ösüşiniň esasy ugurlaryny, häkimiýetiň wekilçilikli we ýerine ýetiriji edaralarynyň, kazyýet häkimiýetiniň ygtyýarlyklaryny we ýörelgelerini, adamyň we raýatyň hukuklaryny, azatlyklaryny we borçlaryny kesgitleýär. Esasy Kanunymyzyň adam hukuklary hakynda binýatlaýyn kadalary jemgyýetiň we döwletiň iň ýokary gymmatlygynyň adamdygy, adamy goramagyň, goldamagyň we oňa hyzmat etmegiň döwlet häkimiýet edaralarynyň baş wezipeleridigini berkidýär.

Ýurdumyzda bolup geçen möhüm jemgyýetçilik-syýasy çäresi - Prezident saýlawlary adyl, demokratik, hukuk we dünýewi döwletiň binýadynyň berkdigini, halkymyzyň watançylyk düşünjesini, her bir raýatyň öz ýurdunyň geljegi üçin jogapkärçilik duýgusyny, işjeň durmuş ýörelgesini dünýä ýüzüne aýdyň görkezmekde, jemgyýetimiziň mundan beýläk-de demokratik ýol bilen ynamly öňe gitmeginde taryhy waka boldy. Geçen 2022-nji ýylyň 12-nji martynda geçirilen Prezident saýlawlary ýurdumyzda demokratik başlangyçlaryň yzygiderli ösdürilýändigini, saýlaw ulgamynyň kämilleşdirilýändigini, täze taryhy eýýamda alnyp barylýan içeri we daşary syýasatymyzyň doly goldanylýandygyny tassyklap, saýlawlaryň dünýa we milli demokratik ýörelgeler esasynda geçirilendigini açyp görkezdi.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe milli hukuk ulgamynyň has-da pugtalandyrylmagy, sazlaşykly hereket etmegi ugrunda giň gerimli işler durmuşa geçirilýär. Geçen ýylyň dowamynda Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň we Mejlisiniň maslahatlary geçirilip, olarda döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlaryna gönükdirilen hem-de ýurdumyzyň kanunçylyk-hukuk binýadyny döwrebaplaşdyrmak boýunça toplumlaýyn maksatnama laýyklykda işlenip taýýarlanylan birnäçe täze kanunlar kabul edildi we hereket edýän kanunlar kämilleşdirildi. Şol sanda Türkmenistanyň Jenaýat kodeksiniň rejelenen görnüşi, «Elektron hökümet hakynda», «Notariat we notarial işi hakynda», «Ýerli öz-özüňi dolandyryş hakynda» Türkmenistanyň Kanunlary kabul edildi, şeýle-de birnäçe kanunlara üýtgetmeler we goşmaçalar girizildi.

Döwrüň talabyna görä, ýaşlar syýasatynyň dürli ugurlaryny öz içine alýan kanunlar hem yzygiderli kämilleşdirilýär. Şeýlelikde geçen ýyl «Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda» Türkmenistanyň Kanuny hem rejelenen görnüşinde kabul edildi. Bu Kanunyň baş maksady Garaşsyz Watanymyzyň ykdysady, syýasy we medeni durmuşyna ýaşlaryň işjeň gatnaşmagyny üpjün etmekden ybaratdyr. Şeýle hem ýaş nesilleri watançylyk, ynsanperwerlik, zähmetsöýerlik ruhunda terbiýelemek üçin has amatly hukuk şertlerini döretmek bilen baglanyşyklydyr. Bu Kanunyň kabul edilmegi ýurdumyzda alnyp barylýan ýaşlar syýasatynyň hukuk binýadyny has-da pugtalandyrdy we ýaşlar üçin döredilýän mümkinçilikleri giňeltmäge ýardam berdi.

Jemgyýetimizi ösdürmegiň maksatlaryny, häzirki döwrüň talaplaryny goldanyp, durmuş-ykdysady, jemgyýetçilik-syýasy özgertmeleri amala aşyrmak işleri hem alnyp baryldy. Muňa onlarça özgertmeler maksatnamalarynyň durmuşa geçirilmegi netijesinde edilen köpugurly işler şaýatlyk edýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe durmuşa geçirilýän köptaraplaýyn maksatnamalar, şeýle hem ýurtda bolup geçen taryhy özgerişler her bir adamyň we umuman jemgyýetiň bähbitlerine gönükdirilendir. Bu sepgitlere ýetmekde «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022-2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasy», «Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, şäherleriň, etraplaryň we etrap merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek boýunça 2028-nji ýyla çenli döwür üçin Milli maksatnamasy», «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022-2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasy», «Türkmenistanda 2019-2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasy», «Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň 2021-2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasy», «Türkmenistanyň ilatly ýerlerini arassa agyz suwy bilen üpjün etmek boýunça Baş maksatnamasy», «Türkmenistanda kiçi we orta telekeçiligi goldamagyň 2018-2024-nji ýyllar üçin Döwlet Maksatnamasy», «Türkmenistanda 2021-2025-nji ýyllarda döwletiň gatnaşmagyndaky kärhanalary dolandyrmak we özgertmek boýunça Strategiýasy», «Türkmenistanyň intellektual eýeçilik ulgamyny ösdürmegiň 2021-2025-nji ýyllar üçin Maksatnamasy», «Türkmenistanda 2021-2025-nji ýyllarda bedenterbiýäni we sporty goldamagyň hem-de ösdürmegiň Maksatnamasy», «Türkmenistanda ilatyň kesellere garşy göreşmek ukybyny ýokarlandyrmak boýunça 2021-2025-nji ýyllar üçin Milli maksatnamasy», şeýle hem «Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasat ugrunyň 2022-2028-nji ýyllar üçin Konsepsiýasy» ýaly resminamalaryň durmuşa geçirilmegi ýardam edýär. Bu resminamalar garaşsyz döwletiň ýakyn we uzak ýyllarda ykdysady strategiýasynyň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitleýär, ýurdymyzda her bir adamyň abadan durmuşyny üpjün etmeklige gönükdirilen ägirt uly özgertmeleri we taslamalary göz öňünde tutýar.

Jemgyýetiň saglygyny hemme zatdan ileri tutulýan ýurdumyzda ilatyň saglygyny goramaga gönükdirilen döwlet we milli maksatnamalaryň hereket edýändigini hem hökman bellemelidiris. Şolaryň hatarynda «Türkmenistanda ýokanç däl keselleriň öňüni almak we olaryň garşysyna göreşmek boýunça 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Milli strategiýa», «Türkmenistanda ilatyň kesellere garşy göreşmek ukybyny ýokarlandyrmak boýunça 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Milli maksatnama», 2021 — 2025-nji ýyllar üçin «Sagdyn ene — sagdyn çaga — sagdyn geljek» atly milli strategiýany görkezmek bolar.

Şu ýerde ýurdumyzda ilatyň arasynda sagdyn durmuş ýörelgelerini wagyz etmek we giňden ornaşdyrmak maksady bilen, geçen 2022-nji ýylda «Türkmenistanda D witamini bilen bagly öňüni alyş çärelerini ýokarlandyrmak boýunça 2023-2028-nji ýyllar üçin Strategiýa» we «Türkmenistany temmäkiden azat ýurda öwürmek boýunça 2022 — 2025-nji ýyllar üçin Milli maksatnama», şeýle hem olary amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň meýilnamalarynyň kabul edilendigini hem bellemelidiris.

Ýurdumyzda amala aşyrylýan demokratik özgertmeleriň esasy maksady, adamyň hukuklarynyň we azatlyklarynyň kepillendirilmegi, olaryň ýokary ýaşaýyş durmuş şertlerini üpjün etmek bolup durýar. Raýatlaryň syýasy, ykdysady, durmuş, medeni hukuklaryny giňden amala aşyrmakda köp ugurly işler alnyp barylýar. Döwlet edaralarynyň we jemgyýetçilik guramalarynyň adam hukuklaryny we azatlyklaryny üpjün etmek, halkara ynsanperwer hukugynyň kadalaryny Türkmenistanyň kanunçylygyna hem-de hukuk ulanyş tejribesine ornaşdyrmak boýunça işlerini has-da kämilleşdirmek maksady bilen, «Türkmenistanda adam hukuklary boýunça 2021-2025-nji ýyllar üçin Hereketleriň milli Meýilnamasynda», «Türkmenistanda gender deňligi boýunça 2021-2025-nji ýyllar üçin Hereketleriň Milli Meýilnamasynda», «Türkmenistanda çagalaryň hukuklaryny durmuşa geçirmek boýunça 2018-2022-nji ýyllar üçin hereketleriň Milli meýilnamasynda», «Türkmenistanda çaganyň irki ösüşi boýunça 2020-2025-nji ýyllar üçin Milli strategiýasynda», «Türkmenistanda raýatsyzlygyň soňuna çykmak boýunça 2019-2024-nji ýyllar üçin Hereketleriň milli Meýilnamasynda», «Türkmenistanda adam söwdasyna garşy hereket etmek boýunça 2020-2022-nji ýyllar üçin Hereketleriň milli Meýilnamasynda», «Zorlukly ekstremizmiň öňüni almak we terrorçylyga garşy hereket etmek boýunça 2020-2024-nji ýyllar üçin Türkmenistanyň strategiýasyny amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň 2021-2024-nji ýyllar üçin Hereketleriň milli meýilnamasynda», «Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2021-2025-nji ýyllar üçin Döwlet Maksatnamasyny amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň Meýilnamasynda» göz öňünde tutulan çäreler durmuşa geçirilýär. Bu resminamalaryň ählisi BMG-niň şertnamalaýyn edaralarynyň maslahatlaryny ýerine ýetirmek, şeýle hem DÖM-iň görkezijilerini gazanmak üçin iş ýüzünde amala aşyrylýar.

Hasabat ýylynda adam hukuklary babatda halkara hyzmatdaşlygyň çäginde bolup geçen möhüm wakalar barada aýdamyzda, Halkara Bitaraplyk gününiň we Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk derejesine eýe bolmagynyň 27 ýyllygynyň öňüsyrasynda Aşgabat şäherinde Merkezi Aziýa ýurtlarynyň zenanlarynyň Dialogynyň ýyllyk jemleýji maslahatynyň geçirilenligini bellemelidiris. Mälim bolşy ýaly, geçen ýyl Türkmenistan Merkezi Aziýa ýurtlarynyň zenanlarynyň Dialogyna üstünlikli başlyklyk etdi. Biziň ýurdumyz bu forumyň çäklerinde halkara guramalar hem-de oňa gatnaşyjy ýurtlar bilen dürli ugurlarda – gender deňligini, parahatçylykly we durnukly ösüşi, daşky gurşawy goramagy üpjün etmekde, zenanlar telekeçiligini goldamakda, kanunçylyk esasynda zenanlaryň durmuş goraglylygyny kämilleşdirmekde üstünlikli hyzmatdaşlyk edýär. Türkmenistanyň başlyklyk etmeginde Dialog sebitleýin parahatçylygy we howpsuzlygy üpjün etmekde Merkezi Aziýanyň zenanlarynyň durmuş-ykdysady we syýasy işini pugtalandyrmak üçin netijeli gurala öwrüldi. Türkmenistan zenanlaryň Dialogyny geçirmekde oňyn tejribe toplady, Dialogyň şeýle maslahaty geçen ýylyň maý aýynda hem Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygynyň başlangyjy boýunça Aşgabat şäherinde Merkezi Aziýa döwletleriniň we Russiýa Federasiýasynyň «Jemgyýetçilik-syýasy we durmuş-ykdysady ösüşlerde zenanlaryň orny» ady bilen üstünlikli geçirildi.

Dünýä bileleşigi üçin örän möhüm gender meseleleri boýunça Türkmenistanyň gazananlary mese-mälimdir. Türkmen zenanalarynyň ýurdumyzda jemgyýetçilik-syýasy, durmuş-ykdysady hem-de medeni işlere giňden gatnaşmaklary munuň mysalydyr. Şeýlelikde Türkmenistanyň bu ugurdaky işleri halkara giňişliginde goldaw tapýar. Ýurdumyzyň bu ugurda netijeli iş alyp barýanlygyna 2018-2022-nji ýyllar üçin Zenanlaryň ýagdaýy boýunça komissiýasyna hem-de BMG-niň Gender deňligi meseleleri we zenanlaryň hukuklaryny hem-de mümkinçiliklerini giňeltmek boýunça edarasynyň («BMG-Zenanlar») Ýerine ýetiriji geňeşiniň agzalygyna 2022-2024-nji ýyllar döwri üçin saýlanmagy hem şaýatlyk edýär.

Öň hem belläp geçişimiz ýaly, geçen ýyl Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň kabul edilmegine we Döwlet Baýdagynyň döredilenine, şeýle hem sebitiň ýurtlary bilen diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýlanyna 30 ýyl doldy. Döwlet Baştutanlarynyň bilelikdäki tagallalary netijesinde gatnaşyklar sazlaşykly ösdürilýär we olar giň gerimli hyzmatdaşlyk häsiýetine eýe bolýar. Otuz ýyl mundan ozal - 1992-nji ýylyň 2-nji martynda Türkmenistan täze Garaşsyz döwlet hökmünde Birleşen Milletler Guramasynyň agzalygyna kabul edilip, dünýä bileleşiginiň doly hukukly agzasy boldy. Milletler Bileleşiginiň agzalygyna kabul edilen ilkinji günlerinden Türkmenistan BMG-niň Tertipnamasynda bellenen düzgünlerdir ýörelgelere, Adam hukuklary boýunça ählumumy Jarnama, esasy konwensiýalara we beýleki halkara resminamalaryna eýermegi özüne borç edindi. Şu günki gün Türkmenistan adam hukuklary babatda halkara konwensiýalaryň we resminamalaryň köpüsiniň gatnaşyjysy boldy.

Türkmenistan dünýä bileleşiginiň işjeň agzasy bolmak bilen, hemişe giň halkara hyzmatdaşlygy ösdürmäge gönükdirilen, şeýle hem ähli ýurtlaryň we halklaryň düýpli bähbitlerine laýyk gelýän möhüm başlangyçlar bilen çykyş edýär. Geçen hasabat ýylynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 76-njy sessiýasynda Türkmenistanyň şeýle başlangyçlary esasynda «Durnukly ösüşi gazanmak üçin köpçülikleýin welosiped sürmegi jemgyýetçilik ulag ulgamlaryna girizmek», «Merkezi Aziýa – parahatçylyk, ynanyşmak we hyzmatdaşlyk zolagy», şeýle hem 77-nji sessiýasynda bolsa «2023-nji ýyl Dialog parahatçylygyň kepili hökmünde halkara ýyly» atly Kararnamalar kabul edildi.

Şeýle-de geçen ýylda Türkmenistan 2022-2028-nji ýyllar üçin BMG-niň Halkara söwda hukugy boýunça komissiýasynyň agzalygyna saýlandy. Bütindünýä Söwda Guramasyna «goşulýan ýurduň» derejesini almagy ýurdumyzyň daşary söwdada eýeleýän ornunyň pugtalandyrylmagyna, ygtybarly we jogapkärli hyzmatdaş hökmünde halkara abraýynyň barha artmagyna, daşary ýurt maýa goýumlarynyň çekilmegine, bu gurama bilen netijeli hyzmatdaşlygy giňeltmäge ýardam eder.

Geçen ýylyň esasy bellemeli wakalarynyň biri hem dekabr aýynda Halkara Bitaraplyk güni we Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk derejesine eýe bolmagynyň 27 ýyllygy mynasybetli «Dialog – parahatçylygyň kepili» atly geçirilen halkara maslahatydyr. Halkara maslahatynyň geçirilmegi Türkmenistanyň diňe bir ähli ýurtlaryň we halklaryň bähbitlerine laýyk gelýän giň halkara hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine gönükdirilen ähmiýetli başlangyçlary öňe sürmek bilen çäklenmän, eýsem, olaryň iş ýüzünde durmuşa geçirilmegi ugrunda anyk çäreleri amala aşyrýandygyny görkezýär.

Şeýle-de, Türkmenistanyň halkara guramalary bilen adam hukuklaryny goramak ugrundaky hyzmatdaşlygyny belläp geçmelidiris. Geçen ýylyň dowamynda birnäçe ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň hem-de jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleriniň,ýagny topar agzalarynyň gatnaşmagynda Türkmenistanyň adam hukuklary babatda halkara borçnamalarynyň we halkara ynsanperwer hukugynyň ýerine ýetirilmegini üpjün etmek boýunça pudagara toparyň mejlisleri geçirildi. Şol mejlisleriň birine hem ýurdumyzda akkreditirlenen halkara guramalarynyň wekilleri hem garnaşyp, onda gelejekde adam hukuklary babatda hyzmatdaşlygy berkitmekde meýilnamalary ýerine ýetirmekde BMG-niň düzüm birlikleriniň gatnaşmagy maslahatlaşyldy.

Halkara guramalary bilen hyzmatdaşlygyň çäginde alnyp barylýan işler barada aýdylanda, Adalatçynyň diwanynyň ynsanperwer ugurda abraýly halkara we döwletara guramalary, şeýle hem daşary ýurtlaryň milli adam hukuklary institutlary bilen hyzmatdaşlygynyň barha giňeýändigini bellemek gerek. Bu işler barada Maglumatyň degişli bölüminde giňişleýin görkezilýär.

Şeýle hem, ýyllyk iş Meýilnamasyna laýyklykda, Adalatçynyň diwany adam hukuklary, şol sanda aýallaryň, çagalaryň we maýyplygy bolan adamlaryň hukuklaryny goramak babatda jemgyýetçilik guramalary bilen hyzmatdaşlyk edýär. Çünki «Adalatçy hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň 34-nji maddasyna laýyklykda, adamyň we raýatyň hukuklary we azatlyklary, olary goramagyň görnüşleri we usullary babatda ilatyň habarlylygyny ýokarlandyrmaga ýardam etmek maksady bilen Adalatçy jemgyýetçilik birleşikleriniň adamyň we raýatyň hukuklarynyň we azatlyklarynyň ykrar edilmegine, berjaý edilmegine we goragyna gönükdirilen başlangyçlaryny wagyz etmäge hukuklydyr.

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanda adam hukuklaryny we azatlyklaryny goramak döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Hasabat döwründe ýurtda alnyp barylýan oňyn içeri we daşary syýasatyň netijesinde adam hukuklaryny goramak ugrunda bimöçber işler durmuşa geçirildi. Ýurdumyzda jemgyýetiň we döwletiň demokratik ýörelgelerini we kanuny esaslaryny berkitmek, her bir adamyň raýatlyk, syýasy, ykdysady, durmuş we medeni hukuklarynyň we azatlyklarynyň durmuşa geçirilmegi barada şu maglumatyň aýry-aýry bölümlerinde giňişleýin beýan edilendir.

II bap. Raýatlyk we syýasy hukuklar

Maglumatymyzyň adamyň raýatlyk we syýasy hukuklarynyň ýerine ýetirilişine syn berýän babymyzda, öňki ýyllarda bolşy ýaly ýurdumyzda adamyň raýatlyk we syýasy hukuklaryny we azatlyklaryny goramak babatda alnyp barylýan möhüm işleriň üstünde durup geçeliň. Hemmämize mälim bolşy we öňki maglumatlarda hem belläp geçişimiz ýaly Türkmenistan 1996-njy ýylyň 20-nji dekabrynda Raýatlyk we syýasy hukuklar hakynda Halkara paktyny hem-de onuň Fakultatiw teswirnamasyny tassyklady.

Halkara resminanasyna goşulmak bilen islendik ýurt öz üstüne resminamada göz öňünde tutulan kadalary ýerine ýetirmeklige borçlanýar. Şonuň üçin hem, Türkmenistan bu halkara resminamalara goşulan wagtyndan bäri, gatnaşyjy döwlet hökmünde onuň kadalarynyň milli derejede ýerine ýetirilmegine ygrarlylygyny görkezip gelýär. Paktyň esasy düzgünleri milli kanunçylyga, ýagny Türkmenistanyň Konstitusiýasyndan başlap, beýleki degişli kanunçylyk namalaryna ornaşdyryldy. Milli kanunçylygymyzy halkara ülňülerine we döwrüň talabyna laýyklykda kämilleşdirmek işleri ýurdumyzda ýylba ýyl alnyp barylýar. Munuň şeýledigini Türkmenistanyň Milli Geňeşinde geçen 2022-njy ýylda alnyp barlan işler, ýagny adam hukuklaryny, şol sanda adamyň raýatlyk we syýasy hukuklaryny göz öňünde tutýan kadalary özünde jemleýän kanunlaryň kämilleşdirilmegi hem tassyklaýar. Anyk aýdamyzda Türkmenistanyň Jenaýat Kodeksiniň kadalarynyň ynsanperwerleşdirilip rejelenen görnüşde kabul edilenligini, Türkmenistanyň Jenaýat iş ýörediş, Raýat iş ýörediş, Administratiw hukuk bozulmalary hakynda kodekslerine we «Goranmak hakynda», «Harby borçlylyk we harby gulluk hakynda» Türkmenistanyň kanunlaryna bolsa degişli üýtgetmeler we goşmaçalar girizilip kämilleşdirilendigini bellemelidiris.

Adamyň raýatlyk we syýasy hukuklarynyň berjaý edilişi babatda aýdanymyzda ol hukuklaryň diňe bir kanuny kadalar bilen berkidilenligini bellemän, onuň iş ýüzünde berjaý edilşine hem baha bermelidiris. Ýurdumyzda halkara borçnamalaryny ýerine ýetirmekde halkara guramalary bilen hyzmatdaşlykda hem netijeli işler amala aşyrylýar. Hasabat ýylynda alnyp barlan şeýle işleriň hatarynda BMG-niň degişli komiteti tarapyndan berlen maslahatlary öwrenmek we olaryň üstünde işlemek boýunça ulgamlaýyn işleriň alnyp barylmagydyr. Ýurdumyzdaky halkara guramalary, hususanda BMG-niň Türkmenistandaky wekilhanalary bilen hyzmatdaşlykda taýýarlanylan we durmuşa geçirilýän adam hukuklarynyň dürli ugurlary boýunda tassyklanan Milli meýilnamalarda raýatlyk we syýasy hukuklaryň durmuşa geçirilmegi babatda hem anyk wezipeler göz öňünde tutulyp durmuşa geçirilýär.

Ýurdumyzyň daşary syýasat ugrunda möhüm orny eýeleýän, durnukly ösüşiň esasy şerti we düýp meselesi bolan ynsanperwer ugry boýunça hyzmatdaşlygy ösdürmek, şol sanda bosgunlar, raýatlygy bolmadyk adamlar we migrantlar bilen bagly meseleleri çözmekde öňe sürýän başlangyçlary, işjeň gatnaşygy dünýä giňişliginde uly goldawa eýe bolýar. Bu ugurda Türkmenistanyň hormatly Prezidentiniň karary bilen 2019-njy ýylyň ýanwarynda «Türkmenistanda raýatsyzlygyň soňuna çykmak boýunça 2019 — 2024-nji ýyllar üçin Hereketleriň milli Meýilnamasynyň» tassyklanyldygyny we netijeli durmuşa geçirilýänligini bellemelidiris. Ata-babalarymyzyň adamkärçilik, ynsanperwerlik we ýagşylyk etmek ýaly däpleriniň belent nusgasyna eýerip, Türkmenistanyň hormatly Prezidentiniň Permany bilen soňky ýyllarda, umuman häzirki wagta çenli ýurdumyzda hemişelik ýaşaýan, hiç hili raýatlygy bolmadyk adamlaryň 28 müňden gowragynyň (28167 adam) Türkmenistanyň raýatlygyna kabul edilmegi munuň aýdyň mysalydyr. Her ýylda bolşy ýaly geçen hasabat ýylyndada bu ynsanperwer işler dowam etdirilip, ýurdumyzyň Prezidentiniň Permany bilen 26 milletiň wekilleri bolan, ýurdumyzda hemişelik ýaşaýan 1530 adam Türkmenistanyň raýatlygyna kabul edildi. Şeýle-de 23 milletiň wekilleri bolan 315 adama hemişelik ýaşamak üçin ygtyýarnama berildi. Agzalanlar ýurdumyzyň adam hukuklary babatda halkara borçnamalaryna ygrarlylygynyň, şeýle-de ýurdymyzda raýatsyzlygyň soňuna çykmak boýunça ýörüte Milli meýilnamada göz öňünde tutulan wezipeleriň durmuşa geçirilýänliginiň subutnamasydyr.

Hasabat ýylynda Adalatçynyň diwanyna raýatlyk hukuklary meseleleri bilen 1 sany dilden ýüztutma bolup, oňa hereket edýän kanunçylyga laýyklykda degişli maslahat berildi.

Adalatçynyň ýyllyk meýilnamasynda beýleki çäreler bilen bir hatarda Adamyň raýatlyk we syýasy hukuklarynyň ýerine ýetirilişine gözegçilik etmek işleriniň hatarynda, Türkmenistanyň Konstitusiýasynda we beýleki kanunçylyk namalarynda kepillendirilen, raýatlaryň döwlet häkimiýet edaralaryna we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralaryna saýlamaga we saýlanmaga bolan hukuklarynyň berjaý edilşine, ýagny döwlet häkimiýet edaralary we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralary tarapyndan erkin demokratik saýlawlary gurnamak we geçirmek bilen raýatlarymyzyň bu konstitusion hukuklaryny amala aşyrmaklarynyň üpjün edilşine gözegçilik etmekdir.

Mälim bolşy ýaly geçen ýyl türkmen halky ýurdumyzda uly bir jemgyýetçilik syýasy wakanyň gatnaşyjylary we şaýady boldylar. Türkmen halky öz mynasyp oglyny ýurt ýolbaşçysy - Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine saýlady. Saýlaw giň bäsdeşlik, demokratik esaslarda 2022-nji ýylyň 12-nji martynda geçirildi.

Prezident saýlawlarynda ses bermek üçin ýurdymyz boýunça jemi 2618 sany saýlaw uçastoklary döredildi. Öňki saýlawlarda bolşy ýaly, bu saýlawa hem taýýarlyk görlende we geçirilende raýatlaryň saýlamaga we saýlanmaga bolan hukuklaryny amala aşyrmaklaryna döredilen mümkinçiliklere syn bermek maksady bilen, Adalatçy we diwanyň işgärleri tarapyndan Ahal welaýatynyň we Aşgabat şäheriniň onlarça saýlaw uçastoklaryna barlyp görüldi.

Has takygy 2022-njy ýylyň 6-11-nji mart aralygynda Aşgabat şäheriniň Büzmeýin etrabynda ýerleşen 10,11,13,47-nji, Berkararlyk etrabynda ýerleşen 56,59-njy, Köpetdag etrabynda ýerleşen 24,26,27-nji, Bagtyýarlyk etrabynda ýerleşen 25,26,65-nji, Ahal welaýatynyň Akbugdaý etrabynda ýerleşen 25,35,37,39-njy, Kaka etrabynda ýerleşen 4,5,17,22-nji, Bäherden etrabynda ýerleşen 18,22,24,31-nji, Gökdepe etrabynda ýerleşen 31,46,51-nji saýlaw uçastoklarynda saýlawlara taýýarlyk görülişiniň degişli kanunlaryň talaplaryna laýyklygy, dalaşgärleriň we saýlawçylaryň hukuklarynyň berjaý edilşi barlanyldy.

Saýlawlar güni 12-nji martda bolsa, saýlawlaryň geçirilişiniň kanunyň talaplaryna laýyklygyna gözegçilik etmek maksady bilen Aşgabat şäheriniň Büzmeýin etrabynda ýerleşen 5,21,22,23-nji, Bagtyýarlyk etrabynda ýerleşen 1,30,42,87,88,89,90-njy, Berkararlyk etrabynda ýerleşen 29-njy, Ahal welaýatynyň Akbugdaý etrabynda ýerleşen 4,7,11,16,59-njy saýlaw uçastoklarynda bolundy.

Saýlaw uçastoklarynda bolnanda, kanunçylygyň talaplarynyň berjaý edilşine, esasan hem saýlaw uçastoklarda saýlawçylaryň öz saýlaw hukuklaryny päsgelçiliksiz amala aşyrmaga döredilen şertler, ýagny dalaşgärleriň terjimehallary bilen doly tanşyp netijä gelmäge döredilen mümkinçilikler, saýlawçylaryň sanynyň tükel bolmagy we degişli tertipde tassyklanmagy, uçastoklaryň saýlawy geçirmekde ulanyljak degişli gollanmalar bilen üpjün edilşi, şeýle-de saýlawlar güni öz ýaşaýan ýerinde bolup bilmejek saýlawçylara öňünden ses bermäge, özbaşdak gelip bilmeýän saýlawçylaryň ses bermäge gatnaşmak mümkinçilikleriniň üpjün edilişi, saýlamaga we saýlanmaga bolan hukuklarynyň bozulanlygy barada şikaýatlaryň hasaba alnyşy we oňa seredilmegiň netijesi, saýlaw uçastoklaryň işleriniň kanuna laýyk resmileşdirilişi baradaky meselelere üns berildi.

Netijede uçastoklarda saýlawa taýýarlyk görülýän we saýlawyň geçirilen günlerinde kanunçylygyň talaplarynyň berjaý edilşinde düýpli kemçilikler ýüze çykarylmady. Şeýlede bolsa käbir saýlaw uçastoklarda saýlaw toparlary üçin Gollanma laýyklykda bolmaly resminamalarda, goýulmaly serişdelerde, saýlawçylaryň sanawynyň degişli tertipde tassyklanmagynda käbir nätakyklar boýunça dilden bellik edilip, kemçilikler ýerinde düzedildi.

Saýlaw uçastoklarynyň ählisinde ýaşy ýetmişden geçen ýaşuly we ilkinji gezek ses berýän ýaş saýlawçylaryň sanawy aýratyn görkezilip, saýlawlar gününden ýadygärlik sowgatlar gowşurmak göz öňünde tutulypdyr.

Mälim bolşy ýaly saýlawlaryň geçişi ýurdumyzyň we dünýä jemgyýetçiliginiň synynda boldy. Ýagny saýlawlaryň demokratik esaslarda geçişine dünýäniň onlarça ýurtlarynyň we halkara guramalarynyň wekillerinden ybarat bolan 75 sany halkara, ýurdumyzdaky syýasy partiýalar, jemgyýetçilik guramalar, raýatlaryň topary we dalaşgärleriň özleri tarapyndan hödürlenen 2726 sany milli synçylar syn etdiler. Ýeri gelende milli synçylaryň 47,76 göteriminiň zenanlar bolup, olaryň ýurdumyzyň jemgyýetçilik syýasy durmuşyna işjeň gatnaşýandyklaryny bellemelidiris.

Ýurdumyzda alnyp barylýan sanly ulgamy ösdürmek baradaky syýasatyň çäklerinde döredilen mümkinçilikden peýdalanyp, saýlaw uçastoklarynyň ýüzlerçesinde wideo kameralar gurnalyp, saýlawlar güni şol saýlaw uçastoklarynda ses bermegiň geçirilişini sanly ulgam arkaly, on-line tertibinde Türkmenistanyň Merkezi saýlaw toparynyň web-saýtynda ilata göni we üznüksiz görkezildi.

Şeýlelikde Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek baradaky merkezi toparynyň maglumatlaryna görä, saýlaw uçastoklarynyň ýapylýan wagtyna, ýagny sagat 19:00-a çenli saýlawçylaryň jemi 97,17 göterimi seslerini berdiler. Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek baradaky merkezi toparynyň şol ýylyň 14-nji martyndaky karary esasynda sesleriň 72,97 göterimini alan Berdimuhamedow Serdar Gurbangulyýewiç Türkmenistanyň Prezidenti diýlip yglan edildi.

Geçen 2022-njy ýylyň dowamynda, şol sanda saýlawlar döwründe saýlaw hukuklarynyň bozulanlygy barada raýatlardan Adalatçynyň diwanyna ýüztutma gelip gowuşmady.

Adalatçynyň wezipe borçlarynyň esasy ugurlarynyň biri hem azatlykdan mahrum edilenleriň ýa-da çäklendirilen raýatlaryň hukuklarynyň berjaý edilmegine gözegçilikdir. Ýagny «Adalatçy hakynda» Türkmenistanyň kanunyna laýyklykda, onuň deslapky tussag ediş, tutulyp saklanan adamlaryň saklanylýan ýerlerine, düzediş we beýleki ýöriteleşdirilen edaralara barmak we özbaşdak ýa-da ygtyýarly döwlet edaralary, wezipeli adamlar, döwlet gullukçylary bilen bilelikde agzalan edaralaryň işine barlag geçirmekdir.

Kanunyň talaplaryna laýyklykda, agzalan edaralarda saklanýan adamlar tarapyndan Adalatça ýazylan şikaýatlar hiç bir gözegçilikden geçirilmezden ýigrimi dört sagadyň dowamynda Adalatça iberilmäge degişlidir.

Kanunda we ýyllyk iş meýilnamada göz öňünde tutulan şu wezipeleri amala aşyrmak maksady bilen, Adalatçy tarapyndan agzalan edaralarda kanunyň talaplarynyň berjaý edilşi yzygiderli gözegçilikde saklanýar.

Azatlykdan mahrum ediş çäresi ulanylan iş kesilenleriň hukuklarynyň ýerine ýetirilişine gözegçilik amala aşyrylanda, Adalatçy tarapyndan esasan hem iş kesilenleriň aýratyn topary bolan aýallar we kämillik ýaşyna ýetmedikleriň hukuklarynyň üpjün edilişine aýratyn üns berilýär. Hasabat döwründe hem iş kesilenleriň agzalan toparyna girýänleriň, ýagny iş kesilen kämillik ýaşyna ýetmedikleriň saklanylýan ýeri bolan Mary welaýatynyň Polisiýa müdirligine degişli MR-E/13, şeýle-de iş kesilen zenanlaryň saklanylýan ýeri bolan Daşoguz welaýat Polisiýa müdirligine degişli DZ-E/8 edaralaryna barlag geçirildi.

MR-E/13 edarasynda iş kesilenleriň ýaşaýyş şertleri halkara ölçeglerine laýyk getirilen, edarada saklanýanlaryň şertlerini üpjün etmek maksady bilen yzygiderli abatlaýyş işleri geçirilip durlan. Ýagny 2015-nji ýylda 2 114 240 manatlyk gurluşyk we düýpli abatlaýyş işleri geçirilen bolsa, 2019-njy ýylda hem edaranyň umumy ýaşaýyş jaýynda, naharhanada, mekdepde, türgenleşik zalynda hem abatlaýyş işleri geçirlen. Barlag döwri hasabat ýylyň dowamynda edara gelen we edarada saklanýan iş kesilenleriň sanynyň öňki ýyllar bilen deňeşdirilende ep-esli azalanlygy takyklandy. Edarada hasabat ýylyň ahyryna jemi 54 sany iş kesilen bolup, ol 2021-nji ýylyň ahyryndaka deňeşdirilende 7 sany azalypdyr, şeýle-de hasabat ýylyň başynda 61 sany iş kesilen bolup, ol san hem 2021-nji ýyldaka deňeşdirilende 24 san azalypdyr. Bu görkezijiler kämillik ýaşyna ýetmedikleriň arasynda azatlykdan mahrum ediş çäreleri göz öňünde tutulýan jenaýatly etmişleriň öňki ýyllara garaňda azalýanlygyny görkezýär. Bu edarada saklanýan iş kesilenleriň hasabat ýylyň ahyryna diňe 12 sanysy kämillik ýaşyna ýetmedikler bolup, galanlary Türkmenistanyň Jenaýat-ýerine ýetiriş kodeksiniň 127 maddasynyň talaplaryna laýyklykda bu terbiýeleýiş edarasynda ýigrimi bir ýaşyna çenli galdyrylan kämillik ýaşyny dolduran iş kesilenlerdir. Şeýle-de barlag döwrüne iş kesilenleriň arasynda maýyplygy bolanlaryň ýoklygy anyklanan.

Barlagda iş kesilenleriň ýaşaýan ýerlerinde sanitariýa kadalarynyň doly berjaý edilişine, saglygyny goramak, iýmitlenmek, medeni dynç alyş, sport bilen meşgullanmak mümkinçilikleriniň, şeýle-de ýakyn garyndaşlary bilen gysga we uzak möhletli duşuşyklary geçirmek üçin zerur mümkinçilikleriň döredilişi we iş ýüzünde berjaý edilşine barlag geçirilip, olara bu mümkinçilikleriň döredilenligi we köplenç halatda ýerine ýetirilýänligi anyklandy.

Edarada iş kesilenleriň ruhy we medeni taýdan dynç almaklaryny üpjün etmek üçin 6691 türkmen we daşary ýurt (rus) dillerinde dürli kitapdyr žurnaldan ybarat gory bolan kitaphana hyzmat edip we ondan gündelik okyjylaryň onlarçasynyň peýdalanýanlygy bellenildi. Kitaphananyň gory öňki ýyllardaky barlag döwründen köpeldilip baýlaşdyrylypdyr.

Edaranyň saglyk öýünde iş kesilenleriň keselini anyklamak we bejergi bermek üçin şert döredilen. Saglyk öýünde we dermanhanada dermanlaryň möhleti geçenleri ýüze çykarylmady. Hasabat ýylyň dowamynda jemi 7 sany iş kesilenleriň ýokanç däl keseller bilen hassahanada bejergi alanlygy hasaba alnyp, barlag döwri olaryň bejergi alýany ýok. Lukmançylyk gullugynyň bir işgärinden başgasy üpjün edilipdir.

Edarada iş kesilenleriň sport bilen meşgullanmaklary üçin gyşky we tomusky sport jaýy we meýdançasy bilen, medeni dynç almaklary, aýdym-saz bilen meşgullanmaklary üçin dürli saz gurallary bolan medeniýet öýi bilen üpjün edilen.

Mundan başga-da, iş kesilenlere edaranyň çäginde ýerleşen Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligine degişli dükanyň hyzmatyndan peýdalanmaga mümkinçilik döredilipdir. Dükanda satylýan azyk harytlarynyň möhletleri seljerilende, möhleti geçen harytlar ýüze çykarylmady.

Iş kesilenlere orta bilim almaga mümkinçiligiň döredilenligini hem belläp geçmelidiris. Öňki maglumatlarymyzda belläp geçişimiz ýaly barlag döwri hem iş kesilenler bu edaranyň çäginde ýerleşen, şäheriň № 14-nji orta mekdebinde, Türkmenistanyň Içeri işler ministriniň Bilim ministri bilen ylalaşyp tassyklan meýilnamasy esasynda bilim alýarlar. Iş kesilenler üçin adaty orta bilim berýän mekdebiň şahadatnamasyny almaklary, olaryň terbiýelenip, durmuşa uýgunlaşmagy üçin döredilen uly mümkinçilikdir. Barlag döwri mekdepde 7 synp bolup, olarda jemi 18 okuwça 8 sany mugallym bilim berýär. Hasabat ýylyň dowamynda 14 sany iş kesilene orta bilim hakynda şahadatnama berilen.

Barlag wagtynda Adalatçy tarapyndan toparlarda we aýratynlykda jeza çäresini çekýänler bilen duşuşylyp gürrüňdeşlik geçirildi. Olar bilen duşyşylanda, ýekelikde gürrüňdeşlik wagty, olaryň eden etmişlerine ökünmekleri, möhletinden öň şertli boşamaklyk ýaly meselelerden başga arz şikaýat gozgalmady.

Şeýle-de iş kesilenleriň hossarlary bilen duşuşmaklary, aragatnaşyk serişdeleri arkaly habarlaşmaklary, ýollamalary, banderollary we hatlary almaga we ibermäge, şeýle hem geçirilýän zatlary almakda kanunyň talaplarynyň berjaý edilşi barlanylanda ol mümkinçilikleriň döredilenligi anyklandy. Iş kesilen ýetginjekler bilen olaryň şol gün duşuşyga gelen hossarlary bilen bilelikde duşuşylyp gürrüňdeşlik geçirilende, iş kesilenlerden we olaryň hossarlaryndan arza-şikaýat gelip gowuşmady.

Edaranyň ýüztutmalary hasaba alyş kitapçasyna 2022-nji ýylyň dowamynda iş kesilenlerden jemi 2 arza gelip gowşan, olaryň 1 sanysy möhleti dolup boşandan soň ýaşaýan salgysyna ugratmaga ýardam berilmegini haýyş edilip, 1 sanysy ozal okandygy barada kepilnama berilmegini haýyş edilen arzalar bolup, ýüztutmalar kanagatlandyrylan.

Şeýle-de hasabat döwri Adalatçynyň diwanyna jenaýat jogapkärçiligine çekilen we iş kesilen kämillik ýaşyna ýetmediklerden we olaryň ýakyn garyndaşlaryndan, kanuny wekillerinden ýüz tutmalar gelip gowuşmady. Düzediş edarasynda bolnanda iş kesilen ýetginjekler tarapyndan edilen etmişiň görnüşleri, gaýtadanlygy, olaryň ýaşaýan sebitleri we beýleki ýagdaýlary doly seljerildi we onuň netijesi boýunça, şeýle-de edarada alnyp barylýan bilim beriş, okuw terbiýeçilik işlerini has-da kämilleşdirmek boýunça Adalatçynyň teklibi berildi.

Şu ýerde Türkmenistanyň Jenaýat Kodeksiniň hasabat ýylynda rejelenen görnüşde kabul edilenligini we 1-nji ýanwar 2023-nji ýylda herekete girizilenligini, onda kämillik ýaşyna ýetmedikler bilen baglanşykly kadalaryň hem ynsanperwerleşdirilenligini bellemelidiris.

Ýokarda belleşimiz ýaly hasabat ýylynda Adalatçy tarapyndan iş kesilen zenanlaryň saklanylýan, Daşoguz welaýat Polisiýa müdirligine degişli DZ-E/8 edarasynda hem bolundy.

Bu edarada Türkmenistanyň Jenaýat-ýerine ýetiriş kodeksiniň 51-nji maddasynyň talaplary berjaý edilip diňe iş kesilen zenanlar saklanylýar.

Barlag wagtynda edarada jemi 1498 iş kesilenler bolup, olar umumy, berk düzgüninde saklanýarlar bolup, şol döwür türme düzgünde saklanýanlar we kämillik ýaşyna ýetmedikler hasaba alynmadyk. Edarada iş kesilenleriň ýaşaýan ýerlerinde sanitariýa kadalarynyň doly berjaý edilişine, olaryň saglygyny goramak, iýmitlenmek, medeni dynç alyş, sport bilen meşgullanmak, zähmet çekmek şertleri, şeýle-de ýakyn garyndaşlary bilen gysga we uzak möhletli duşuşyklary geçirmek ýaly mümkinçilikleriň döredilişi barlanyldy. Barlagda döwlet býujetiniň serişdesinden 285585000 amerikan dollary goýberilip, halkara ülňüleriniň talaplaryna laýyklykda gurlup, 2013-nji ýylda ulanylmaga berlen bu edara binada iş kesilenleriň ýokarda agzalan mümkinçilikleriniň doly döredilenligi anyklandy.

Iş kesilenleriň zähmet çekmäge bolan hukuklarynyň berjaý edilşi barlananda, olaryň üç çalşykda işleýän 350 orunlyk tikin sehinde, 250 orunlyk aýakgap sehinde, şeýle-de el işler tikin sehinde, hojalyk hyzmaty işlerinde zähmet çekýändikleri anyklandy. Iş kesilenleriň 25 sine döwlet býujetinden, önümçilik kärhanasynda işleýänlerine bolsa ýerine ýetirilen işiň mukdaryna görä zähmet haklary tölenip, olaryň şahsy hasabyna geçirmek doly ýola goýlupdyr. Olaryň iş ýerlerinde, sehlerde bolnup zähmet şertleri bilen tanşyldy we özleri bilen aýratynlykda duşuşylanda, tehniki howpsyzlyk kadalarynyň, zyýansyz zähmet şertlerininiň üpjün edilmeginde kemçilikler ýüze çykarylmady we iş kesilenleriň özleri tarapyndan hem zähmet kadalarynyň berjaý edilşine arz şikaýat edilmedi.

Mundan başga-da edarada iş kesilen aýallaryň sport bilen meşgullanmaklary üçin sport jaýy we meýdançasy bilen, medeni dynç almaklary, aýdym-saz bilen meşgullanmaklary üçin saz gurallary bilen üpjün edilen medeniýet öýi bilen üpjün edilen. Şeýle-de edarada iş kesilenler 3681 türkmen we daşary ýurt (rus) dillerinde dürli kitapdyr žurnaldan ybarat gory bolan kitaphananyň, elektron kitaphananyň hyzmatyndan peýdalanýarlar. Kitaphananyň gory öňki ýyllardaky barlag döwründen köpeldilip baýlaşdyrylypdyr.

 Edarada iş kesilen aýallaryň saglyklaryny goramaga bolan hukuklarynyň berjaý edilşi hem barlanyldy. Iş kesilenleriň saglygyna edaranyň köpugurly hassahanasynda gözegçilik hem bejergi işleri geçirilýär. Hassahada 34 ştat birliginde işleýän 18 sany saglygy goraýyş işgärleri işleýär. Barlag döwri hassahada ýatan iş kesilenleriň 9 bolup, olaryň kesel kesgidi we bejergileri barada maglumatlar talaba laýyk ýazylan. Hassahanada bejergi alýanlar bilen hem söhbetdeş bolundy we olardan arz şikaýat bolmady. Ýüz tutanlaryň keselleri edaranyň köpugurly hassahanasynda anyklanylýar, eger zerurlyk ýüze çyksa, olar gorag astynda edaranyň daşynda ýerleşýän, saglygy goraýyş ulgamyna degişli kesel anyklaýjy merkezlerine çykarylýar. Şeýle ýagdaýlar 2022-nji ýylyň dowamynda 116 sany iş kesilen babatda ulanylan, şeýle hem ýaly-da 17 sany iş kesilen edaranyň daşynda ýerleşýän saglygy goraýyş merkezlerine operasiýa üçin çykarylan. Hassahanada we dermanhanada dermanlaryň möhleti geçenleri ýüze çykarylmady.

Mundan başga-da iş kesilenlere edaranyň çäginde ýerleşen Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligine degişli dükanyň hyzmatyndan peýdalanmaga mümkinçilik döredilipdir. Dükanda satylýan harytlaryň möhleti geçenleri ýüze çykarylmady.

Edarada 80 orunlyk çagalar bagy bolup, ol ýerde barlag gününde çaga saklanmaýanlygy, şeýle-de iş kesilenleriň arasynda kämillik ýaşyna ýetmedilkeriň ýokdygy takyklandy. Geçirilen barlagyň netijesinde ýokarda beýan edilenler iş kesilen aýallaryň jenaýat ýerine ýetiriş kanunçylygynda göz öňünde tutulan hukuklaryndan peýdalanmaga doly mümkinçilik döredilenligini görkezýär.

Muňa garamazdan agzalan edaralarda käbir ýagdaýlar boýunça işleriň kämilleşdirilmegini we yzygiderli gözegçilikde saklanmagy, jogapkärçiligiň güýçlendirilmegini talap edýän ýagdaýlar hem ýüze çykarylyp, bu ýagdaýlary aradan aýyrmak barada Adalatçynyň üç sany teklibi Içeri işler ministrliginiň ýolbaşçylaryna iberildi.

Şeýle-de azatlykdan mahrum ediş edaralarda saklanýanlaryň hukuklarynyň berjaý edilşine Adalatçynyň gözegçiliginden başgada Türkmenistanyň Jenaýat-ýerine ýetiriş kodeksiniň 21-nji maddasy esasynda ol edaralara rugsady bolmazdan barmak hukugyna eýe bolan gözegçilik edýän edaradyr, toparlar tarapyndan, ýagny prokuratura edaralary tarapyndan 490, gözegçilik toparlary tarapyndan 12 barlag geçirilen. Barlaglaryň netijesinde ýüze çykarylan kemçilikleri düzetmek boýunça 33 garşylyknama, 259 teklipnama, 90 tabşyryknama, 4 duýduryş görnüşindäki prokuror täsir ediş namalary getirilip, olarа seredilmegiň netijesinde 243 işgär düzgün-nyzam jogapkärçiligine çekilen.

Hasabat ýylynda Adalatçynyň diwanyna iş (kesilen) kesilip azatlykdan mahrum edilen aýallardan ýüztutmalar gelip gowuşman, olaryň ýakyn garyndaşlaryndan bir sany dilden ýüztutma hasaba alynyp, ol jenaýat işi boýunça geçirilen derňewden we iş boýunça kazyýetiň hökümine nägilelik barada bolup, ýüztutma boýunça «Adalatçy hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň degişli kadalaryna laýyklykda öz hukuklaryny we azatlyklaryny goramagyň kanuny serişdeleri barada düşündirildi.

Hasabat ýylyň dowamynda Adalatçynyň diwanyna raýatlyk we syýasy hukuklar bilen baglanyşykly jemi 65 ýazmaça ýüztutma, 27 dilden ýüztutmalar gelip gowuşdy. Ýüztutmalar kanunyň talaplaryna laýyklykda seredilip, olardan 6 sany ýazmaça, 1 sany dilden ýüztutmalar kanagatlandyrylan.

Ýurdumyzda raýatlaryň syýasy we raýatlyk hukuklarynyň üpjün edilşine seljerme geçirmegiň we Adalatçynyň alyp baran işleriniň netijesinde olaryň agzalan hukuklarynyň berjaý edilşine ýardam etmek maksady bilen şulary teklip edýäris:

- raýatlaryň raýatlyk we syýasy hukuklar bilen baglanyşykly ýüztutmalaryna hukuk goraýjy we harby edaralar tarapyndan kanunçylygyň talaplaryna laýyk tertipde we möhletde netijeli seredilmegini üpjün etmek işlerini güýçlendirmegi;

- hukuk goraýjy edaralaryň işgärleriniň hereketlerine nägilelik bildirilýän şikaýatlaryň köpelmeginiň öňüni almak maksady bilen, bu görnüşli şikaýatlara seljerme geçirmegiň netijesinde onuň sebäplerini öwrenip, ol şikaýatlaryň döremeginiň öňüni almak işleri güýçlendirmegi.

- hukuk bozulmalar, jenaýatly etmişler ýa-da gozgalan jenaýat işleri boýunça derňew hereketlerinden nägilelikleri barada raýatlaryň şikaýatlarynyň öňki ýyldaka garaňda köpelenligini göz öňünde tutup, agzalan ýüztutmalary degişli tertipde hasaba alyp, düýpli öwrenmegi, derňew işleri alnyp barlanda, derňew edaralary tarapyndan raýatlaryň konstitusion hukuklarynyň berjaý edilşine gözegçiligi güýçlendirmegi;

- düzediş edaralaryň, derňew gabawhanalaryň, ýörite dikeldiş merkezleriň işgärleriniň adam hukuklary babatda halkara standartlary boýunça bilimliligini ýokarlandyrmak maksady bilen, adam hukuklaryny goraýjy milli edaralar, şeýle-de halkara guramalary bilen bilelikde yzygiderli okuw maslahatlaryny geçirmekligi netijeli dowam etdirmegi;

- düzediş edaralaryň, derňew gabawhanalaryň, ýörite dikeldiş merkezleriň işine Adalatçynyň alyp baran gözegçiliginiň netijesinde berlen tekliplerde görkezilenleriň bölekleýin ýerine ýetirilenýänligini göz öňünde tutup, teklipler boýunça anyk işleri geçirmegi, agzalan edaralaryň işlerini Türkmenistanyň jenaýat - ýerine ýetiriş kanunçylygynyň talaplaryna laýyklykda gurnamagy kämilleşdirmegi.

III bap. Ykdysady, durmuş we medeni hukuklar

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynda ýurdumyzda giň gerimli özgertmeler üstünlikli dowam etdirildi we ykdysady, durmuş, medeni ulgamlarda hem ýokary netijeler gazanyldy. Bu gazanylan netijeler jemgyýetçilik durmuşy babatda çözülýän meseleleriň – ykdysadyýeti kämilleşdirmek, medeniýeti ösdürmek, durmuşy gowulandyrmak ýaly wezipeleriň tutuş toplumy bilen berk baglydyr.

Geçen ýyl bolup geçen düýpli özgertmeler ilkinji nobatda Türkmenistanyň her bir raýatynyň ýaşaýyş durmuş şertlerini ýokarlandyrmaga gönükdirilendir. Şolaryň esasylarynyň biri hem ýurdumyzyň syýasy, ykdysady, durmuş we medeni taýdan ýokary depginli ösüşini üpjün etmek, ilatymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da gowulandyrmak maksady bilen «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022-2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynyň» kabul edilmegidir. Bu möhüm syýasy resminamanyň kabul edilmegi döwletimiziň mundan beýläk-de gülläp ösmegine we halkyň abadan durmuşyna tarap ädilen taryhy ädimdir. Geljek 30 ýylda Türkmenistanyň durmuş-ykdysady ösüşine bagyşlanan bu giňişleýin resminamanyň çäkleri ykdysady, jemgyýetçilik we medeni durmuşyň ähli taraplaryny öz içine alýar.

Bu Maksatnamanyň kabul edilmegi, ykdysady pudagyň öňünde içerki ykdysadyýetiň çalt depginde ösdürilmegi we türkmen halkynyň hal-ýagdaýyny munda beýläk-de gowulandyrmaga gönükdirilen jogapkärli wezipeleri goýdy. Ýurdumyzy mundan beýläk-de okgunly ösdürmäge gönükdirilen toplumlaýyn çäreler üstünlikli durmuşa geçirilýär, munuň özi ykdysadyýetiň ähli pudaklarynda hem-de sebitlerde durnukly ösüşiň saklanmagyna ýardam berýär. Muňa geçen ýylyň makroykdysady görkezijileri aýdyň şaýatlyk edýär. Hususan-da, jemi içerki önümiň ösüşi durnukly häsiýete eýe bolup, 6,2 göterime deň boldy. Geçen ýylda jemi öndürilen önüm 2021-nji ýyl bilen deňeşdirilende 11 göterim köpeldi, şeýlelikde ykdysadyýetiň pudaklarynda oňyn önümçilik netijeleri gazanyldy. Bu täsir galdyryjy görkezijiler, has çalt ykdysady ösüş üçin berk binýady döredýär, şeýle hem Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň uzak möhletleýin ösüşi üçin esasy ugurlaryň deňagramly we düýpli ösdürilmegine şaýatlyk edýär.

Bilşimiz ýaly, ýurdumyzyň durmuş ykdysady derejesini artdyrmak wezipelerini göz öňünde tutýan birnäçe maksatnamalar we meýilnamalar üstünlikli durmuşa geçirilýär. Bu döwlet we milli maksatnamalaryň esasy wezipesi ýurdumyzyň syýasy-ykdysady, durmuş-medeni taýdan depginli ösüşini üpjün etmek, raýatlaryň ýaşaýyş derejesini yzygiderli ýokarlandyrmak, ýaşlaryň bagtyýar geljegini üpjün etmekden ybaratdyr.

Bu resminamalary üstünlikli durmuşa geçirmegiň çäklerinde ykdysadyýetimiziň ähli pudaklaryny döwrebaplaşdyrmak, welaýatlaryň şäherlerini we obalaryny ösdürmek boýunça zerur işleri amala aşyrylýar. Geçen ýylda welaýatlaryň dolandyryş-çäk gurluşyny döwrüň talabyna laýyklykda kämilleşdirmek işleri hem alnyp baryldy. Özgertmeler netijeli dolandyryşyň, ykdysady mümkinçilikleriň, ilat üçin döwlet hyzmatlarynyň elýeterliliginiň, senagatlaşdyrmagyň, iri ilatly ýerleri döretmek we bu ýerleri geljekde ösdürmek üçin amatly şertleri üpjün etmegiň nukdaýnazaryndan ugur alnyp, welaýatlaryň etraplarynyň, şäherleriniň we obalarynyň administratiw-çäk birliklerine öz täsirini ýetirdi. Mundan başgada, bu özgertmeler adamlaryň has amatly durmuş şertleriniň döredilmegine, durmuş ulgamynyň netijeliliginiň pugtalandyrylmagyna, zähmet gatnaşyklarynyň oňyn düzgünleşdirilmegine gönükdirilendir.

Adamy jemgyýetiň we döwletiň iň ýokary gymmatlygy hökmünde kesgitlän öňdengörüjilikli syýasatynyň netijesinde Türkmenistan durmuş-ykdysady ugurlar boýunça gülläp ösüşiň ýoly bilen ynamly gadam urýar. Ýurdumyzda döwletimiziň, jemgyýetimiziň we her bir şahsyýetiň bähbitlerini goraýan milli kanunçylyk ulgamyny döwrüň talaplaryna laýyklykda kämilleşdirmek boýunça işler hem yzygiderli durmuşa geçirilýär. Hasabat ýylynda hem ýurdymyzy ykdysady, durmuş we medeni babatda ösdürmäge, ynsanperwer ugry netijeli amala aşyrmaga, hem-de halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini yzygiderli gowulandyrmaga gönükdirilen kanunçykaryjylyk işlerini kämilleşdirmek dowam etdirildi. Ýylyň dowamynda ýurdumyzyň ykdysady, durmuş, medeni ulgamlarynyň işini kadalaşdyrmaga gönükdirilen birnäçe kanunlar kabul edildi we hereket edýän kanunlara degişli üýtgetmeler we goşmaçalar girizildi. Olara «Elektron hökümet hakynda», «Itçilik we kinologiýa işi hakynda», «Notariat we notarial işi hakynda», «Sirk we sirk sungaty hakynda» Kanunlary degişli bolup durýar.

Aýratyn bellemeli zatlaryň biri hem «Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň rejelenen görnüşine döwlet Baştutanymyzyň Ýaşlar guramasynyň VII gurultaýynyň dowamynda gol çekmegidir. Kanunyň esasy aýratynlyklarynyň hatarynda: ýaşlaryň arasynda terbiýeçilik işlerini kämilleşdirmäge, sagdyn durmuş ýörelgelerini kemala getirmäge, watansöýüjiligi, beýleki milletlere hormaty, jogapkärçilik duýgusyny, zähmete bolan söýgini terbiýelemäge gönükdirilen kadalaryň döwrebaplaşdyrylmagyny hem-de ýaşlara döredilýän hukuk kepillikleriniň we ýeňillikleriň giňeldilendigini bellemek bolar.

Geçen hasabat ýylynda ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ýagdaýlary bilen baglanşykly geçirlen möhüm wakalaryň biri hem ilatyň we ýaşaýyş jaý gorunyň uçdantutma ýazuwynyň geçirilmegidir. Mälim bolşy ýaly, 2022-nji ýylyň 17-nji dekabyrdan 27-nji dekabryna çenli «Ilat ýazuwy – 2022: Jebislik. Bagtyýarlyk. Röwşen geljek» şygary astynda tutuş ýurdumyz boýunça ilatyň we ýaşaýyş jaý gorunyň uçdantutma ýazuwy geçirildi. Ilat ýazuwynyň esasy wezipesi ýurdumyzyň ilatynyň demografik düzümi, durmuş-ykdysady ýagdaýy barada anyk maglumatlary almakdan ybaratdyr. Ilatyň sanynyň bölünişi hem-de häsiýetnamalary baradaky maglumatlar döwletimiziň mundan beýläk-de ösmegi, abadançylygy we halkymyzyň durmuş derejesiniň ýokarlandyrylmagy üçin ygtybarly binýat goýmaga mümkinçilik berer.

Ilatyň ýokary durmuş üpjünçiligini amala aşyrmakda, ykdysady durnuklylygy goldamakda we üpjün etmekde, her bir döwletiň abadançylygynda we pajarlap ösmeginde durmuş syýasaty esasy gural hökmünde çykyş edýär. Durmuş syýasaty jemgyýetçilik durmuşynyň esasy sütünleriniň biri bolup, derwaýys zerurlyk hökmünde hereket edýär. Durmuş syýasaty döwletimiziň ileri tutulýan ugry bolanlygy sebäpli döwlet býujetiniň çykdajylarynyň 70 göterimden gowragy durmuş maksatly ugra, ýagny saglygy goraýyş, bilim medeniýet ulgamlaryny, ýaşaýyş jaý, jemagat hojalygyny maliýeleşdirmäge, zähmet haklarynyň, pensiýalaryň, döwlet kömek pullarynyň, talyp haklarynyň köpeldilmegine we bu ugra degişli taslamalary durmuşa geçirmäge gönükdirilendir. Raýatlarymyzyň aýratyn toparlary, weteranlar we maýyplar, ata-enesiniň howandarlygyndan galan çagalar üçin goşmaça durmuş ýeňillikleri döredilýär. Ýurdumyzyň iri we orta kärhanalarynda ortaça aýlyk zähmet haky, 2021-nji ýyl bilen deňeşdirilende, 10,4 göterim ýokarlandy. Geçen ýylda Türkmenistan boýunça iň pes aýlyk zähmet hakyny, pensiýanyň möçberini kesgitlemek üçin, döwlet kömek pullaryny hasaplamak üçin binýatlyk ululygy, şeýle hem Beýik Watançylyk urşuna gatnaşyjylaryň, olaryň ýanýoldaşlarynyň we tylda zähmet çekenleriň pensiýalarynyň aýda iň pes möçberi ýokarlandyryldy.

Ýaş maşgalalar üçin durmuş ýeňillikleri giňeldilýär, häzirki zaman ýaşaýyş jaýyny edinmäge ýardam etmek çäreleri amala aşyrylýar. Ýurdumyzda ýaş maşgalalaryň ýaşaýyş-durmuş şertlerini mundan beýläk-de gowulandyrmak maksady bilen, 2022-nji ýylyň 23-nji sentýabrynda Türkmenistanyň hormatly Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, resmi taýdan nikalaşyp, durmuş guran ýaş maşgalalara zerur bolan öý goşlaryny we hojalyk harytlaryny satyn almak üçin girew goýmazdan, zamunlyk esasynda ýyllyk 1 göterim bilen 3 ýyl möhlete berilýän karzyň möçberini 20 müň manada çenli ýokarlandyrmak bellenildi.

Durmuş üpjünçiligi barada aýdamyzda, Türkmenistanyň hökümeti bilen BMG-niň 2020-2022-nji ýyllar üçin «Ýerli derejedäki inklýuziw ýokary hilli durmuş hyzmatlaryny ornaşdyrmak arkaly durmuş taýdan goraglylyk ulgamyny kämilleşdirmek» atly bilelikdäki maksatnamasynyň durmuşa geçirlendigini bellemelidiris. Synag görnüşinde 45 işgär işe kabul edilip, olar ilatyň kömege mätäç toparlaryna durmuş hyzmatlaryny etmek üçin durmuş hyzmaty işiniň esaslary boýunça ýörite tälim aldylar. Maksatnama tamamlanandan soňra durmuş hyzmaty işi döwlet dolandyryşyna we döwlet býujetinden maliýeleşdirmäge doly geçirildi we ol ýurduň durmuş goraglylyk ulgamynyň bir bölegine öwrüldi.

Adamyň jemgyýetiň we döwletiň iň ýokary gymmatlygy hökmünde ykrar edilmegi, ýurdumyzyň durmuş üpjünçiligine gönükdirilen içerki syýasatdan gelip çykýar. Şeýlelik bilen, durmuş syýasaty adamzat durmuşynyň ähli ugurlaryny öz içine alýar: ýaşaýyş we iş şertlerini gowulandyrmak, ruhy we maddy zerurlyklary kanagatlandyrmak, durmuş goraglylygyny durmuşa geçirmek. Başga sözler bilen aýdylanda, durmuş syýasatyň baş maksady ähli raýatlar üçin mynasyp durmuş derejesi üçin amatly şertleri döretmäge gönükdirilendir.

Geçen hasabat ýylyň dowamynda Adalatçy hem öz wezipe ygtyýarlyklaryny amala aşyrmak maksady bilen, durmuş goraglylygyna mätäç bolan adamlaryň hukuklarynyň ýerine ýetirilişine gözegçilik etmegiň çäginde Daşoguz welaýat çagalar öýüne we Mary welaýatynyň maýyplaryň we gartaşan adamalaryň öýüne bardy. Geçirlen barlagyň dowamynda çagalar öýünde esasan kanunçylygyň talaplary ýerine ýetirilýän hem bolsa, käbir kemçilikler hem ýüze çykaryldy.

Ýagny, çagalar öýünde geçirilen barlagyň dowamynda, şol ýerde terbiýelenýän maýyplygy bolan çagalaryň ösüşi we saglygyklarynyň dikeldilmegi üçin newropatolog, logoped we psihiatr lukmanlaryň zerur bolup durýandygy anyklandy. Maýyplaryň we gartaşan adamlaryň öýünde geçirilen barlagda iş önümçiligiň alnyp barylşynda bolan käbir kemçilikler, şeýle hem ýangyn howpsuzlyk kadalarynyň doly berjaý edilmänligi anyklandy we ýerinde düzedildi. Käbir meseleler boýunça degişli işleri ýerine ýetirmek babatda Adalatçy tarapyndan teklipмчя berildi.

Geçen hasabat ýylyň dowamynda Adalatçynyň diwanyna raýatlardan durmuş üpjünçiligi meselesine degişli 4 sany, ýüztutmalaryň 1,2 göterimini düzýän ýazmaça ýüztutma gelip gowuşdy. Bu mesele boýunça ýüztutmalaryň az sanly bolmagyny, ýurdumyzda her bir adamyň we raýatyň durmuş-ykdysady hukuklarynyň üpjün edilmeginiň netijesi diýip bilmek bolar.

Jemgyýetçilik gatnaşyklar ulgamyny kämilleşdirmek, adam potensialyny ýokarlandyrmak döwletiň ykdysady ösüşinde täze mümkinçilikleri we geljegi açýar. Gurluşyk pudagy ýurdumyzyň ykdysady strategiýasynyň üstünlikli durmuşa geçirilýän ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Köp pudakly milli ykdysadyýetimiziň innowasiýalar esasynda mundan beýläk-de ilerledilmegine, örän baý tebigy serişdeleriniň doly derejede peýdalanylmagyna we sebitleriň toplumlaýyn özgerdilmegine gönükdirilen, ileri tutulýan maksatnamalara laýyklykda, ýurdumyzy okgunly ösdürmek üçin şertleriň döredilmeginde maýa goýum-gurluşyk toplumyna ähmiýetli orun degişlidir.

Täze taryhy döwrümizde biziň ýurdumyzda iri möçberli şähergurluşyk taslamalary üstünlikli durmuşa geçirilýär. Hususan-da, Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkezi – Arkadag şäheriniň gurulmagy, bu ýerde ilatyň ähli amatlyklaryň hözirini görüp ýaşamagy, netijeli işlemegi we okamagy, göwnejaý dynç almagy, sport, döredijilik bilen meşgullanmagy üçin ähli mümkinçilikler döredilen. Gahryman Arkadagymyz tarapyndan tassyklanan Baş meýilnama laýyklykda, bu taslamada ýerine ýetirilýän işleriň käbir görnüşleriniň ýurdumyzda ilkinji gezek alnyp barylýar. Hususan-da, binalarda gurnalan liftleri merkezleşdirilen görnüşde dolandyrmak, merkeziň içindäki ýollaryň ýanýodalarynda görşi pes adamlar üçin taktil görnüşli ýodalar hem-de welosiped sürüjiler üçin ýörite ýodalar göz öňünde tutulýar. Döredilen bu mümkinçilikler her bir adam üçin elýeterliligiň üpjün edilýänliginiň subutnamasydyr.

«Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynda ýurdumyzyň ähli künjeklerinde täze, döwrebap ýaşaýyş jaý toplumynyň, umumybilim berýän mekdebiň, çagalar bagynyň, saglygy goraýyş desgalarynyň, söwda dynç alyş merkeziniň açylyş dabaralary boldy. Şol ýaşaýyş jaýlardan ýaşaýyş şertlerini gowulandyrmaga mätäç raýatlaryň hem ýaşaýyş jaý bilen üpjün edilendigini bellemelidiris. Mysal üçin, dekabr aýynyň ahyrynda Aşgabadyň günbatar sebitinde dört gatly 62 ýaşaýyş jaýlary açylyp ulanmaga berilip 3068 maşgala ähli zerur enjamlary bolan öýleriň eýeleri boldylar.

Ýurdumyzyň welaýatlarynda durmuş ulgamyna degişli giň möçberli özgertmeleriň amala aşyrylýandygyny, medeni-durmuş maksatly binalaryň gurluşyklarynyň yzygiderli dowam etdirilýändigini, olarda amatly ýaşaýyş üçin ähli zerur şertleriň döredilýändigini bellemek gerek. Şunda döredilýän mümkinçilikleriň halkymyzyň dürli gatlaklary üçin elýeterli bolmagyna aýratyn üns berilýär. Ýurdumyzda mümkinçiligi çäkli bolan adamlar üçin hem ýokary amatly ýaşaýyş şertleriň üpjün edilmegi ugrunda döwlet derejesinde tagalla edilýär. Şeýlelikde Mary welaýatynyň Sakarçäge etrabynda mümkinçiligi çäkli bolan adamlara niýetlenen 4 gatly 48 öýli döwrebap ýaşaýyş jaýynyň Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň serişdeleriniň hasabyna gurulmagynyň ähli adamlar, şol sanda mümkinçiligi çäkli adamlar hakyndaky alada hem döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň birine öwrüldi bolup durýar.

Jemgyýetçilik desgalarynyň yzygiderli gurlup işe girizilýändigine garamazdan, geçen ýyl hem, Adalatçynyň diwany tarapyndan kabul edilen ýüztutmalaryň köpüsi ýaşaýyş jaý meselesi bilen baglanyşykly boldy. Has takygy jemi 164 sany, ýagny 106-sanysy ýa-da 31% ýazmaça ýüztutma, 58-sanysy ýa-da 34,73% dilden ýüztutma bolup, olar ýaşaýyş jaý şertleriniň gowulandyrylmagy, ýazga durmak ýaly meseleler bolup durýar. Ýüztutmalar boýunça Kanun esasynda degişli netije çykarylyp, olardan 4 sanysy kanagatlandyrylan. Her bir raýatlaryň amatly ýaşaýyş jaý şertlerine bolan hukuklaryny berjaý etmek, abadanlaşdyrylan ýaşaýyş jaýyny almak ýa-da edinmek maksady bilen ýurdumyzda bimöçber işleriň alnyp barylýanlygyna garamazdan her ýylda bu mesele boýunça ýüztutmalaryň belli bir göterimi emele gelýär. Bular barada käbir anyk mysallar bilen maglumatymyzyň «Adalatçynyň ýüztutmalary we teklipleri» babynda tanşyp bilersiňiz.

Her bir adamyň bilim almaga hukugy bardyr. Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň 55-nji maddasyna laýyklykda, umumy orta bilim hökmanydyr, her bir adam ony döwlet bilim edaralarynda tölegsiz almaga haklydyr. Döwlet her bir adam üçin öz ukyplaryna laýyklykda hünär biliminiň elýeterliligini üpjün edýär. Bu konstitusion kada bilim ulgamynda halkara resminamalaryna laýyk gelýär we döwletimiziň gymmatly hazynasy hasaplanylýan her bir adamyň bilim almaklygy doly kepillendirilýär.

Ýurdumyzda çaganyň bilime bolan hukuklaryny, saglygyny goramakda, olary döwrebap, ata-babalarymyzdan nesilden-nesle geçip dowam edip gelýän döwletlilik ýörelgelerimiz esasynda terbiýelemekde köp işler alnyp barylýar we degişli resminamalar kabul edilýär.

Bilim ulgamyny ösdürmekde we çagalara döwrebap bilim-terbiýe bermekde «Türkmenistanda çagalaryň hukuklaryny durmuşa geçirmek boýunça 2018-2022-nji ýyllar üçin hereketleriň Milli meýilnamasynyň» we «Türkmenistanda çaganyň irki ösüşi boýunça 2020-2025-nji ýyllar üçin milli strategiýasynyň» ähmiýeti uludyr. Halkara ölçeglerini we iň gowy tejribeleri ornaşdyrmak arkaly orta bilimiň hiliniň ýokarlanmagyny üpjün etmek, kiçi ýaşly çagalaryň ählisine hil taýdan gowy inklýuziw mekdebe çenli bilimiň elýeterliligini üpjün etmek, çaganyň irki ösüşiniň hem-de ony mekdebe taýýarlamagyň ölçeglerini orta we ýokary hünär mekdepleriniň okuw maksatnamalaryna ornaşdyrmak boýunça işler alnyp barylýar.

Ylmyň gazananlaryny, okatmagyň innowasion usullaryny netijeli durmuşa omaşdyrmakda we ýaşlary bilimli şahsyýetler edip terbiýeläp ýetişdirmekde sanly bilim ulgamynyň ähmiýeti uludyr. Şu nukdaýnazardan, «Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasy» hem ýaş nesliň hemmetaraplaýyn ösmegine, dünýä ülňülerine laýyk bilim almak mümkinçilikleriniň döredilmegine, döwletlilik ýörelgeleri esasynda terbiýeli, sagdyn ýaşlaryň kemala gelmegine gönükdirilendir.

«Türkmenistanda daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasynda», «Türkmenistanda tebigy we takyk ylmy ugurlara degişli dersleri okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasynda» hem bilim bermegiň täzeçil ylmy usulyýetini ýokary derejede ulanmak üçin toplumlaýyn çäreler kesgitlenilýär.

On iki ýyllyk umumy orta bilime geçmegiň, sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň, daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmegiň, tebigy we takyk ylmy ugurlara degişli dersleri okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýalaryna laýyklykda, okuw-terbiýeçilik işleri yzygiderli kämilleşdirilýär. Şu maksat bilen, tutuş ýurdumyzda her ýyl dünýä ülňülerine laýyk gelýän orta bilim we mekdebe çenli çagalar edaralarynyň binalarynyň onlarçasy gurlup ulanmaga berilýär. Olar döwrebap multimedia enjamlary, sanly tehnologiýalar bilen üpjün edilýär.Şeýle hem, Bilimler we talyp ýaşlar güni mynasybetli orta mekdepleriň 7-si, çagalar baglarynyň 5-si açylyp ulanmaga berildi. Gahryman Arkadagymyzyň we hormatly Prezidentimiziň adyndan 1-nji synp okuwçylaryna 159 müň 772 kompýuter sowgat berildi.

Ýokary we orta hünär okuw mekdeplerine kabul edilýän talyplaryň sany ýyl-ýyldan artdyrylýar. Geçen ýylda ýokary okuw mekdeplerine 14 müň 964, orta hünär okuw mekdeplerine 10 müň 490 talyp kabul edildi. Bularyň ählisi bilimiň hemmelere elýeterliligini üpjün etmek, ýurdumyzyň her bir raýatynyň öz ukyp-başarnygyny, zehinini doly derejede açyp görkezmegi üçin aňrybaş amatly şertleriň döredilmeginiň bu ulgamda amala aşyrylýan özgertmeleriň baş maksady bolup durýandygynyň subutnamasydyr.

Şeýle hem «Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň rejelenen görnüşiniň kadalaryna laýyklykda, umumybilim edaralaryny tamamlan ýaş oglanlaryň ýokary hünär we orta hünär okuw mekdepleriniň giriş synaglaryna gatnaşmagy üçin, bir gezek mümkinçilik döretmek maksady bilen, harby gulluga çagyryş möhletini wagtlaýyn gaýra goýmak mümkinçiligi döredildi. Şeýle-de çagyryş boýunça harby gullugy geçen ýaşlaryň giriş synaglaryndan üstünlikli geçen ýagdaýynda, döwlet hünär bilim edaralaryna kabul edilmekde artykmaç hukukdan peýdalanyp bilmegi kesgitlenildi.

Hasabat ýylynda Türkmenistanda Adam hukuklary boýunça bilim meýilnamalaryny taýýarlamak üçin Iş toparynyň döredilendigini bellemelidiris. Şol Iş toparyň düzümine Adalatçynyň diwanynyň wekili hem girýär. Bu Iş toparyň çäginde ýurduň ýokary okuw mekdepleriniň okuw meýilnamasyna adam hukuklary boýunça bilimi girizmegiň halkara tejribesi öwrenilýär.

Geçen hasabat ýylyň dowamynda, Adalatçy hem çagalaryň bilim almaga bolan hukuklarynyň ýerine ýetirilişine yzygiderli gözegçilikde saklady. Şol işleriň çäginde Adalatçy Baýramaly şäherinde ýerleşýän Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Ahal welaýatynyň Polisiýa müdirliginiň MR-E/13 edarasynda bolanda, şol edaranyň çäginde hereket edýän, 14-nji orta mekdebe, ol edarada saklanýanlaryň bilim almaga bolan hukuklarynyň ýerine ýetirilişine hem barlag geçirdi. Barlagda bu mekdepde käbir mugallymlaryň ýetmezçilik edýänligi anyklanyp, bu ýagdaýyň şol ýerde bilim alýanlaryň tassyklanan meýilnama boýunça orta bilimi doly derejede almagyna päsgelçilik döredýänligini göz öňünde tutup bu meseläni aradan aýyrmak barada Adalatçynyň degişli teklibi berildi.

Geçen ýylyň dowamynda bilime bolan hukugy bilen baglanşykly meseleleri boýunça Adalatçynyň diwanyna raýatlardan jemi 4 sany ýazmaça, 1 sany dilden ýüztutma gelip gowuşdy. Bu ýüztutmalar kanunyň talaplaryna laýyklykda seredildi.

Adamyň esasy hukuklarynyň biri zähmete bolan hukukdyr. Türkmenistan Halkara Zähmet guramasynyň agzasy bolmak bilen, alyp barýan syýasatynda hemmelere mynasyp zähmet we adalatly durmuş şertlerini döretmeklige ygrarlydyr. Ýurdumyzyň Esasy Kanuny we Zähmet kodeksi raýatlaryň durmuş-ykdysady kepilliklerini, olaryň zähmet hukuklaryny amala aşyrmagy hem-de kanuny zähmet gatnaşyklaryny hukuk taýdan düzgünleşdirýär.

Ýokarda aýdylyşy ýaly, «Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň rejelenen görnüşine birnäçe täzelikler girizildi. Bu üýtgemeler zähmet çygryna hem degişli bolup, hususan-da, bilim edarasyny tamamlan, ýaňy işe kabul edilen ýaş hünärmenleriň girdeji salgydyny zähmet döwrüniň birinji ýylynda bellenilenden 50 göterim, ikinji we üçünji ýylynda 25 göterim ýeňillikli tölemek göz öňünde tutuldy. Şonuň ýaly-da, alym ýaşlara innowasiýa, oýlap tapyş işini amala aşyrmak üçin döwlet tarapyndan maddy we maliýe taýdan kömek bermek, telekeçi ýaşlar üçin ýörite maýa goýum gaznalaryny döretmek ýaly girizilen goşmaçalary bellemek gerek.

Kanuna laýyklykda, eýeçiligiň döwlete dahylsyz görnüşindäki we işgärleriniň azyndan 75 göterimini ýaşlar düzýän kärhanalar ýaşlar kärhanalary diýlip ykrar edilýär. Hünär bilimi edaralaryna tölegli esasda okuwa kabul edilen hem-de okuwda, döwlet we halkara bäsleşiklerinde we jemgyýetçilik işlerinde ýokary netijeleri görkezen ýaşlara okuwyny tölegsiz esasda dowam etmek mümkinçiligi döredildi. Ekologik taslamalary durmuşa geçirmäge we taryhy ýadygärlikleriň durkuny täzelemäge, içerki syýahatçylyk ulgamyny ösdürmäge ýaşlaryň gatnaşmagyny goldamak bellenildi.

Bazar gatnaşyklarynyň häzirki zaman şertlerinde raýatlaryň möhüm hukuklarynyň biri telekeçilik işine bolan hukugydyr. Şunuň bilen baglylykda, telekeçiligiň kanunçylyk kepillikleri telekeçilik işjeňligini doly durmuşa geçirmäge mümkinçilik berýär. Ykdysady gatnaşyklary düzgünleşdirýän kadalar, ýurduň tutuş ykdysady ulgamyny mundan beýläk-de ösdürmegiň esasy ýollaryny kesgitleýär. Şonuň üçin telekeçilik işine bolan hukugy üpjün etmegiň we ony durmuşa geçirmegiň kepillikleri bilen bagly meseleler örän möhümdir.

Geçen ýyl milli ykdysadyýetimiziň köpugurly we durnukly ösüşini üpjün etmek, ýurdumyzyň eksport kuwwatyny artdyrmak, pudaklarda sanly ykdysadyýeti we döwrebap tehnologiýalary giňden ornaşdyrmak, amatly işewürlik gurşawyny döretmek hem-de kiçi we orta telekeçiligiň ösüşine döwlet tarapyndan goldaw bermegi dowam etdirmek, ähli sebitleriň ykdysady kuwwatyny artdyrmaga gönükdirilen çäreleri durmuşa geçirmek we täze iş orunlaryny döretmek, ilatymyzyň durmuş taýdan goraglylygyny berkitmek we ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da ýokarlandyrmak maksady bilen «Ýurdumyzy 2022-nji ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasy» tassyklanyldy. Şunuň bilen birlikde, kiçi we orta kärhanalara karz bermegiň hereket edýän maksatnamasyny giňeltmegiň, täze iş orunlaryny, aýratyn-da, welaýatlarda täze iş orunlaryny döretmegiň maksatnamasyny seljermegiň işleri dowam edildi. Bu çäreler hem «Türkmenistanda kiçi we orta telekeçiligi goldamagyň 2018 − 2024-nji ýyllar üçin Döwlet Maksatnamasynyň» yzygiderli amala aşyrylmagynyň çäklerinde durmuşa geçirilýär.

Hususy telekeçiligi goldamak ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ösüşiniň iň möhüm taraplaryndan biridir we bu durmuşa geçirilýän döwlet maksatnamalardyr, taslamalar bilen baglanyşyklydyr. Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň öz hatarynda milli ykdysadyýetimiziň dürli pudaklarynda işleýän hususy bölegiň 28 müň 78 wekillerini birleşdirýändigini, olaryň 5305 sanysynyň zenanlardygy, geçen hasabat ýylynda 1086 telekeçileriň agzalyga kabul edilip, olaryň hem 174-siniň zenanlardygyny bellemek gerek. Bu görkeziji zenanlaryň ykdysady hukuklarynyň iş ýüzünde durmuşa geçirilişiniň we olaryň telekeçilik işi bilen meşgullanandyklarynyň subutnamasydyr. Şeýle-de geçen ýylda hususy ulgamda iki müňe golaý iş orunlaryň döredilenligini bellemelidiris.

Işewürligi has-da giňişleýin ösdürmek, häzirki zaman bazar mehanizmleriniň giňden ornaşdyrmak we döwlet-hususy hyzmatdaşlygy güýçlendirmek arkaly hususy pudagyň ornuny ýokarlandyrmak, kuwwatly döwletiň täze döwrüni dikeltmek «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022–2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynyň» ileri tutulýan ugurlaryndan biri hökmünde kesgitlenildi. Hususy bölege döwlet tarapyndan berilýän goldaw barada aýdylanda, geçen ýyl Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler bileleşiginiň ýokary okuw mekdebiniň gurluşygynyň düýbüniň tutulandygyny we onuň açylyşynyň 2025-nji ýylyň sentýabr aýynda meýilleşdiriljekdigini bellemelidiris.

Geçen ýyl bilim, saglygy goraýyş edaralarynyň açylmagy, şeýle hem täze zawoddyr, fabrikleriň ulanyşa goýberilmegi täze iş orunlarynyň döremegine uly mümkinçilikdir. Adalatçynyň diwany tarapyndan yzygiderli gözegçiligiň netijesinde takyklanan maglumatlara görä geçen 2022-nji ýylyň dowamynda zähmet we ilatyň iş bilen üpjünçiligi edaralary tarapyndan 30488 sany iş gözleýän bellige alnanlaryň 17822 sanysy ýagny 50 % den gowragy işe ýerleşdirilen. Olardan jemi 11175 –si erkek, 6647 –sy bolsa aýallardyr, 65-sanysy bolsa maýyplygy bolan adamlardyr.

Zähmet meselesi boýunça Adalatçynyň diwanyna umuman 21 sany ýüztutma gelip gowuşdy. Olardan 15 sanysy ýazmaça, umumy sanynyň 4,4%, dilden ýüz tutmanyň 9 sanysy, umumy sanynyň 5,39% bolup, olaryň esasy bölegi bolsa işe ýerleşmek bilen baglanyşyklydyr. 2021-nji ýyl bilen deňeşdirilende zähmet meseleler bilen bagly ýüztutmalar ep-esli azaldy. Kanun esasynda degişli netije çykarylyp, olardan 1 sanysy kanagatlandyrylan.

Döwlet tarapyndan halkymyzyň saglygyny goramak we berkitmek meselelerine aýratyn üns berilýär. Munuň esasy gymmaty bolsa ähli raýatlaryň abadançylygy, şol sanda öz wagtynda we ýokary hilli lukmançylyk hyzmatlaryny bermek bolup durýar. Adam saglygyny goramagyň konstitusion kadalaryň aýrylmaz bölegidigine esaslanyp, saglygy goraýyş ulgamynda giň gerimli işler alnyp barylýar. Raýatlaryň howpsuz we ýokary hilli lukmançylyk kömegini we lukmançylyk hyzmatlaryny almak hukugynyň deňligi, olaryň umumy elýeterliligi, eneligiň we çagalygyň ileri tutulmagy, zähmete ukypsyzlyk ýüze çykanda raýatlary durmuş taýdan goramak, lukmançylyk kömegini we hyzmatlaryny bermekden ýüz döndermeklige ýol berilmezligi raýatlaryň saglygyny goramak babatynda döwlet syýasatynyň esasy ýörelgeleridir.

«Saglyk» Döwlet maksatnamasyny durmuşa geçirmek dowam edýär, onuň çäginde ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamy döwrüň talaplaryna laýyk getirilýär.

Ýurdumyzda saglygy goraýyş ulgamynda kanunçylyk namalarynyň, milli we döwlet maksatnamalarynyň tutuş toplumynyň kabul edildi. Olar döwrüň talaplaryna we Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň maslahatlaryna laýyklykda yzygiderli täzelenilýär. Şolaryň hatarynda «Türkmenistanda ýokanç däl keselleriň öňüni almak we olaryň garşysyna göreşmek boýunça 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Milli strategiýa»; «Türkmenistanda ilatyň kesellere garşy göreşmek ukybyny ýokarlandyrmak boýunça 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Milli maksatnama»; 2021 — 2025-nji ýyllar üçin «Sagdyn ene — sagdyn çaga — sagdyn geljek» atly milli strategiýa bar. 2022-nji ýylda döwlet Baştutanymyzyň Kararlary bilen, «Türkmenistany temmäkiden azat ýurda öwürmek boýunça 2022 — 2025-nji ýyllar üçin Milli maksatnama» hem-de «Türkmenistanda D witamini bilen bagly öňüni alyş çärelerini ýokarlandyrmak boýunça 2023 — 2028-nji ýyllar üçin Strategiýa», şeýle hem olary durmuşa geçirmek boýunça çäreleriň Meýilnamalary tassyklanyldy.

Ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamyny özgertmek boýunça amala aşyrylýan giň gerimli işlerde halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga uly ähmiýet berilýär. Abraýly halkara guramalar, ilkinji nobatda, BMG we onuň ýöriteleşdirilen düzümleri, hususan-da, BSGG bu ugurda ýurdumyzyň ygtybarly we uzak möhletli hyzmatdaşlarydyr. Olar bilen bilelikde möhüm taslamalar amala aşyrylýar. «Türkmenistan bilen BMG-niň arasynda durnukly ösüş ulgamynda 2021-2025-nji ýyllar üçin hyzmatdaşlygyň Çarçuwaly maksatnamasy» munuň subutnamasydyr. Maksatnama dürli ugurlarda hyzmatdaşlygy giňeltmäge gönükdirilendir.

Şeýle hem, BMG-niň düzüm birlikleri milli strategiýalaryň, şol sanda 2020-2025-nji ýyllar üçin ilatyň sagdyn iýmitlenmegi boýunça Milli maksatnamanyň, Türkmenistanyň 2020-2025-nji ýyllar üçin Çaganyň Irki Ösüş Milli Strategiýasynyň, Inçekesele garşy göreşmegiň milli maksatnamasynyň we «Çagalara hoşniýetli garaýan hassahanalar» meýilnamasynyň işlenip düzülmegine we olaryň durmuşa geçirilmegine ýardam berdi. Mundan başga-da, «2021-2022-nji ýyllar üçin sebitleýin iýmit hyzmatdaşlygy platformasy» durmuşa geçirildi, şonda bolsa Türkmenistan 2021-nji ýylda Sekretariatyň wezipesini ýerine ýetirdi.

Raýatlaryň saglygynyň goralmagyny üpjün etmek, dünýäniň hem-de ýurdumyzyň lukmançylygynyň toplan oňyn tejribesini giňden ulanmak, bu ulgamda kabul edilen döwlet maksatnamalaryny durmuşa geçirmek maksady bilen, «Jemgyýetçilik birleşikleri hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň talaplaryna laýyklykda Türkmenistanyň lukmanlarynyň jemgyýetçilik guramasy döredildi.

Adamlaryň saglygyny goramak işi öz içine birnäçe kesgitleýji şertleri jemleýän giň gerimli ulgamdan ybaratdyr. Bu şertler döwrebap, dünýäniň esasy önüm öndürijileriniň ýokary tehnologiýaly enjamlary ornaşdyrylan saglyk merkezlerinden we şypahanalardan, köpçülikleýin sport hereketini, işjeň dynç alyş düzümlerini ösdürmekden, jemgyýetde sagdyn durmuş ýörelgelerini berkitmekden ybaratdyr.

Enäniň we çaganyň saglygyny goramak meseleleri milli saglyk syýasatynyň iň möhüm ugurlarynyň birini eýeleýär. Ýurdumyz çaganyň ösüşini we saglygyny üpjün etmäge gönükdirilen esasy halkara konwensiýalara we strategiýalara goşuldy. Saglyk döwlet maksatnamasynyň çäginde, ähli welaýat merkezlerinde we Aşgabat şäherinde, «Ene mähri» merkezleriniň, anyklaýyş we saglyk merkezleriniň, Enäniň we çaganyň saglygy goraýyş ylmy we kliniki merkeziň öňdebaryjy döwrebap enjamlar bilen işe girizilmegi, häzirki wagtda täze öňüni alyş sanjymlary keselleri azaltmaga, çagalaryň we eneleriň ölümini peseltmäge ýardam berýär.

Bu ugurda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy möhüm orun eýeleýär. Bu haýyr-sahawat gaznasy howandarlyga mätäç bolan ýaş nesillere durmuş goldawyny bermek, olaryň saglyklaryny dikeltmek we bagtly durmuşda ýaşamaga amatly şertler döretmek üçin esaslandyrylandyr. Gazna öz alyp barýan işiniň çäginde ata-enesiniň howandarlygyndan galan we hassahanalarda bejergi alýan pes girdejili maşgalalaryň çagalary üçin çylşyrymly lukmançylyk hyzmatlaryny maliýeleşdirilýär.

Geçen hasabat ýylynda ýurdumyzyň iň döwrebap hassahanalarynda – Lebap welaýatyndaky Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş merkezinde, Mary welaýat çagalar hassahanasynda, Aşgabat şäherindäki Enäniň we çaganyň saglygy goraýyş ylmy-kliniki merkezinde Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň serişdeleriniň hasabyna hossarsyz we mätäçlik çekýän maşgalalaryň çagalaryna 92 sany operasiýa geçirildi. Diňe geçen ýylyň maý aýynda Aşgabatdaky Halkara kardiologiýa merkezinde hem-de Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş ylmy-kliniki merkezinde mätäçlik çekýän maşgalalaryň çagalaryna ýürek, şeýle-de aýaklaryň dyz bogunlaryna operasiýalar geçirilip, olar gazna tarapyndan maliýeleşdirildi. Gaznanyň hasabyna Halkara endokrinologiýa we hirurgiýa merkezinde 23 sany çaganyň lukmançylyk anyklaýyş barlaglary geçirildi. Şu maksatlar üçin uly möçberde pul serişdeleri bölünip berildi.

Mundan başga-da, Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy tarapyndan ýürek-damar ulgamynyň dogabitdi kemisligi bolan çagalara emeli gan aýlanyş enjamyny ulanmak bilen, ýürekde operasiýa geçirmek, şeýle hem okklýuder ulanmak arkaly rentgenendowaskulýar operasiýalary geçirmek üçin ABŞ-nyň 200 müň dollary gönükdirildi.

Häzirki döwürde ýurdumyzda käbir mätäç çagalara ýürek operasiýa bejergisi gerek bolup durýar. Bu çagalary bejermek üçin iň täze we netijeli AORTIC serişdeleriniň ulanylýandygy aýratyn nygtalmaga mynasypdyr.

Geçen hasabat ýylynda Gahryman Arkadagymyz Aşgabadyň Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş ylmy-kliniki merkezinde bolup, saglygy goraýyş ulgamynda alnyp barylýan giň gerimli işleriň adamyň saglygy hem-de abadançylygy baradaky ählitaraplaýyn aladanyň aýdyň netijesidigini belledi. Şeýle hem Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasyndan merkezde bejergi alýan çagalar üçin ABŞ-nyň 400 müň dollary möçberdäki pul serişdesini goýberdi.

Geçen ýylyň dowamynda saglygy goramak ulgamynyň meseleleri boýunça Adalatçynyň diwanyna raýatlardan jemi 3 sany ýazmaça umumy sanyň 0,9%, 2 sany dilden umumy sanyň 1,2% ýüztutma gelip gowuşdy we ýüztutmalara kanunyň talaplaryna laýyklykda seredildi.

Her bir adamyň medeni durmuşa gatnaşmaga, medeni gymmatlyklaryň elýeterli bolmagyna hukugy bardyr. Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň 56-njy maddasyna laýyklykda döwlet ylmyň, medeniýetiň, sungatyň, halk döredijiligiň, sportuň we syýahatçylygyň ösmegine ýardam edýär.

Döwlet medeni syýasaty bilim, mahabat we beýleki çäreleri, şol sanda halkara çäreleri guramak arkaly amala aşyrylýar. Türkmenistanda medeni hyzmatlaryň gerimini giňeltmek we hilini ýokarlandyrmak, ilatyň gurşawyny ýokarlandyrmak, döredijilik toparlarynyň repertuarlaryny, muzeý we kitaphana gaznalaryny täzelemek we medeni guramalaryň işini utgaşdyrmak üçin yzygiderli işler amala aşyrylýar.

2022-nji ýyldaky wakalar milli medeniýetiň ägirt uly döredijilik mümkinçiligini görkezdi. Tematiki konferensiýalar, sungat we kitap sergileri, konsertler, teatr sahnalary we döredijilik ýygnaklary, durmuş we medeni desgalaryň işe girizilmegi üçin, ýurtda möhüm seneler we baýramçylyklar bellenildi. Şeýle hem beýleki ýurtlar bilen diplomatik gatnaşyklarynyň 30 ýyllygy mynasybetli, Türkmenistanyň döredijilik işgärleriniň gatnaşmagynda daşary ýurtlarda geçirilen birnäçe çäreler milli medeniýeti wagyz etmäge gönükdirildi. Dürli ýurtlaryň tagamlary bilen tanyşmak, daşary ýurt dillerinde filmlere tomaşa etmek ýaly çäreleri öz içine alýan Türkmenistanda dostlukly ýurtlaryň medeniýet günleri geçirildi. Şeýle medeni çäreleriň geçirilmegi Türkmenistanyň soňky ýyllarda dostlukly ýurtlar bilen ýola goýýan gatnaşyklarynyň medeni-ynsanperwer ulgamyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmäge bolan gyzyklanmalaryň hil taýdan täze derejä çykandygyny görkezýär.

Geçen hasabat ýylynda medeniýet ulgamynyň hukuk binýadynyň mundan beýläk-de pugtalandyrylmagy boýunça degişli işleriň durmuşa geçirilendigi barada hem bellemeli. Türkmenistanyň hormatly Prezidenti ýurdumyzyň teatrlaryna «Milli» we «Akademiki» hukuk derejesini bermegiň tertibini, döwlet muzeýlerine «Milli» hukuk derejesini bermegiň tertibini we şertlerini tassyklady. Milli medeniýet ulgamynynyň aýrylmaz bölegi bolan Sirk sungatyny ösdürmek boýunçada giň gerümli işler alnyp baryldy. Şunuň bilen baglylykda, 2022-nji ýylyň noýabrynda «Sirk we sirk sungaty hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň kabul edilmegi möhüm ähmiýete eýedir. Bu kanun häzirki zaman talaplaryna laýyklykda, ýurdumyzda sirk sungatyny netijeli ösdürmek ugrunda kadalaşdyryjy hukuk şertleriniň döredilmegine gönükdirilendir.

«Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022-2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasyna» laýyklykda, milli medeniýet ulgamynyň döwrebaplaşdyrylmagy dowam etdirilip, milli medeni mirasymyzyň gymmatlyklarynyň düýpli öwrenilmegi, olaryň halkara derejesinde açyk görkezilmegi boýunça yzygiderli işler alnyp barylýar.

«Türkmenistanda medeniýet ulgamyny ösdürmegiň 2019-2025-nji ýyllar üçin Maksatnamasyna» laýyklykda, teatrlaryň, kinokonsert merkezleriniň, kitaphanalaryň, muzeýleriň, çagalar sungat we çeperçilik mekdepleriniň, medeniýet öýleriniň, taryhy-medeni döwlet goraghanalarynyň işini kämilleşdirmek boýunça zerur işler geçirildi.

Geçen ýylda kabul edilen «Milli taryhy-medeni mirasyň obýektlerini aýap saklamagyň, goramagyň, öwrenmegiň hem-de olara syýahatçylary çekmegiň 2022-2028-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasyna» möhüm ähmiýet berilýär. Bu maksatnama milli taryhy-medeni mirasyň obýektlerini ylmy esasda rejelemäge, halkyň ruhy dünýäsinde we medeni durmuş ýörelgelerinde saklanyp galan medeni miras ugurlarynyň ösüşine degişli möhüm ähmiýetli we ileri tutulýan wezipeleriň çözülmegine, ylmy barlaglary utgaşdyrmaga, ýaşlary watançylyk ruhunda terbiýelemäge, ýokary aň-düşünjeli, döwrümiziň ösen tehnologiýalaryndan baş çykarmaga ukyply hünärmenleri taýýarlamak işleriniň netijeliligini has-da ýokarlandyrmaga gönükdirilendir.

Her ýurduň milli medeniýetiniň ösüşi, esasan hem, jemgyýetdäki adama bolan garaýyş we durmuş-ykdysady taýdan özgerişlere döredijilikli gatnaşmak mümkinçilikleri bilen kesgitlenýär.

Hasabat ýylynda, täze taryhy döwür üçin uly meýilnamalary durmuşa geçirmekde zehinli ýaşlara aýratyn ähmiýet berildi, olaryň hünärleriniň, şeýle hem dürli sungatyň ähli görnüşleriniň ösmegine we milli mirasyň dünýä ýüzünde ýaýramagyna uly üns berildi.

Geçen ýylyň 22-27-nji iýunynda Mary şäherinde geçirilen döredijilik forumy Medeniýet we sungat işgärleriniň, şeýle-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet gününe bagyşlanan Medeniýet hepdeligi ýurdumyzyň medeni durmuşyndaky şanly wakalaryň birine öwrüldi. Indi onunjy gezek geçirilen bu çäre umumadamzat gymmatlyklarynyň genji-hazynasyna saldamly goşant goşan halkymyzyň taryhy-medeni mirasynyň köp görnüşliligine doly derejede düşünmäge mümkinçilik berdi. Bu çärelere ýurdumyzda ýaşaýan dürli milletleriň wekilleri milli çykyşlary bilen hem gatnaşdylar.

Türkmenistan, hususan-da, Bütindünýä mirasynyň sanawyny baýlaşdyrmak boýunça YUNESKO bilen işjeň özara hyzmatdaşlygy dowam edýär. Türkmenistanyň teklibi boýunça dostlukly ýurtlar bilen bilelikde, 2022-nji ýylda «Türkmen keşdeçilik sungaty», «Molla Ependiniň şorta sözlerini gürrüň berijilik däbi» hem-de «Ýüpekçilik we dokmaçylykda ýüpek önümçiliginiň däpleri» ÝUNESKO-nyň Maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizildi.

Şeýle hem geçen hasabat ýylyň noýabrynda Türki medeniýetiň halkara guramasynyň (TÜRKSOÝ) hemişelik geňeşiniň geçirilen mejlisinde oňa gatnaşyjylar Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy mynasybetli, 2024-nji ýyly «Türki dünýäniň beýik şahyry we akyldary Magtymguly Pyragy ýyly» Türkmenistanyň gadymy Änew şäherini bolsa 2024-nji ýylda «Türki dünýäniň medeni paýtagty» diýip yglan etmek hakynda türkmen tarapynyň öňe süren başlangyçlaryny biragyzdan goldanylandygyny hem bellemek gerek.

Geçen 2022-nji ýylda Adalatçynyň diwanyna medeni hukuklaryň bozulanlygy barada ýüztutmalar gelip gowuşmady.

Maglumatymyzyň raýatlaryň ykdysady, durmuş we medeni hukuklaryna bagyşlanan bölümini jemläp, hasabat ýylynda berkarar döwletiň täze eýýamynyň uzak möhletli, häzirki zaman meýilnamalarynyň ýurduň ösüşini, adam maýasyny ýokarlandyrmaga gönükdirilendigini bellemelidiris. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türkmenistan her bir raýatyň mynasyp we ýokary ýaşaýyş durmuş derejesini üpjün etmäge gönükdirilen işlerini dowam etdirýär. Muňa garamazdan, geljekde raýatlarynyň ykdysady, durmuş we medeni hukuklarynyň ýerine ýetirilmegine ýardam etmek maksady bilen teklip edýäris:

- Raýatlaryň ykdysady, durmuş we medeni hukuklaryny ýerine ýetirmek babatda Türkmenistanyň halkara borçnamalarynyň gyşarnyksyz berjaý edilmegine ýardam etmek maksady bilen, BMG-niň şertnamalaýyn edaralarynyň tekliplerini öwrenmegi dowam etdirmegi;

- Täze ýaşaýyş jaýlaryň paýlanmagy bilen bagly nägilelik bildirmek baradaky ýüzlenmeleriň öňüni almak maksady bilen raýatlaryň, şol sanda maýyplygy bolan adamlaryň, köp çagaly maşgalalaryň hem-de ýeke ýaşaýan eneleriň, ata-enesini ýitiren ýetim çagalaryň, şeýle hem ministrlikleriň we pudak edaralaryň tabşyrmagy bilen ähli amatlyklary bolan ýaşaýyş jaýlaryň degişli edaralarda işgärleriň јaý nobatlylygyny düýpli selјerip netije çykarmaklyga gözegçiligi güýçlendirmegi;

- Raýatlaryň zähmet çekmäge bolan hukuklaryny amala aşyrmak mümkinçiliklerini artdyrmak maksady bilen, Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrliginiň, zähmet we ilaty iş bilen üpjünçilik müdirlikleriniň we bölümleriniň işini, esasan hem olara edara-kärhanalaryň boş iş orunlary barada berýän maglumatlarynyň hakykata laýyklygyny, iş gözlenýänleriň hatarynda duran raýatlara, şol sanda maýyplygy bolan adamlara berilýän işe ýollanmalaryň netijesini yzygiderli gözegçilige almagy;

- Maýyplygy bolan adamlaryň hukuklary babatda halkara borçnamalaryň ýerine ýetirilmegini dowam etdirmek, olaryň hukuklaryny berjaý etmek maksady bilen, elýeterlilik talaplarynyň, ýagny köpçülikleýin ýerlerde, binalarda, ulaglarda we beýleki durmuş hyzmaty ulgamlarynda berjaý edilmegine gözegçiligi güýçlendirmegi;

- Maýyplygy bolan adamlaryň we beýleki ukyplylygy çäkli bolan adamlaryň mümkinçiliklerini artdyrmak maksady bilen, çap edilen maglumatlaryň, eserleriň, teleýaýlymlaryň elýeterli bolmagyny, ýagny Braýl şriftiň, subtitr ýazgylaryň, surdoterjimeçiniň hyzmatlaryndan peýdalanmaklygy ýola goýmaklygy;

- Ýurdumyzda bazar gatnaşyklarynyň döwrebap şertlerinde hususy pudagyň ösýändigini we telekeçileriň sanynyň artýandygyny göz öňünde tutup, Adalatçynyň diwanyna hususy pudak bilen bagly dürli ýüztutmalar gelip, olara bu garaşsyz edara tarapyndan seretmegiň hukuk esaslarynyň ýokdugyny nazara alyp, hususy görnüşi esasynda telekeçilik işini amala aşyrýan fiziki we ýuridik şahslaryň we ol ýuridik şahslar bilen hukuk gatnaşyklarynda bolýan raýatlaryň hukuklarynyň goragyny amala aşyrýan garaşsyz edaralar ulgamynyň halkara tejribesini öwrenmegi we biziň ýurdumyzda şol edaranyň döredilmeginiň möhümligini we mimkinçiligini öwrenmegi.

IV bap. Raýatlaryň ýüztutmalary boýunça seljerme.

Türkmenistanda Adam hukuklary boýunça ygtyýarly wekil-Adalatçy öz ygtyýarlyklaryny Türkmenistanyň Konstitusiýasyny, «Adalatçy hakynda» Türkmenistanyň Kanunyny we Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryny we halkara şertnamalaryny gollanmak bilen ýerine ýetirýär. Agzalanlaryň esasynda Adalatçynyň esasy wezipeleriniň biri hem Türkmenistanyň raýatlarynyň, Türkmenistanyň çäginde bolýan daşary ýurt raýatlaryň, şeýle hem raýatlygy bolmadyk adamlaryň Türkmenistanyň Konstitusiýasy, gaýry kadalaşdyryjy hukuk namalary we Türkmenistanyň halkara şertnamalary bilen kepillendirilen hukuklarynyň we azatlyklarynyň bozulmagy bilen baglanyşykly wezipeli adamlaryň we guramalaryň hereketlerine we çözgütlerine bolan şikaýatlaryna seretmekdir. Ýokarda agzalan Kanunyň bäşinji babynda bolsa, Adalatça raýatlar tarapyndan ýazylýan şikaýatlara seretmegiň tertibi, şertleri, möhletleri we ýüztutmalar boýunça çözgütleri kabul etmegiň kadalary göz öňünde tutulýar.

Indi bolsa Adalatçynyň agzalan kadalara laýyklykda geçen 2022-nji ýylyň dowamynda raýatlaryň ýüztutmalary boýunça eden işleriniň seljermesiniň üstünde durup geçeliň.

Seljerilýän ýylyň dowamynda Adalatçynyň diwanynyň önümçiligine јemi 523 sany ýüztutmalar hasaba alnyp, olaryň 356 sanysy ýazmaça şikaýatlar, 167 sanysy bolsa dil üsti bilen beýan edilen ýüztutmalar bolup, bu sanlar aşakda getirilýän görkeziјilerde çärýekleýin ýerleşdirildi:

Ýüztutmalaryň görnüşi

I

çärýek

II

çärýek

III

çärýek

IV

Çärýek

Jemi

1.

Ýazmaça beýan edilen

90

86

85

95

356

2.

Dil üsti bilen beýan edilen

15

53

44

55

167

3.

Umumy ýüztutmalaryň sany

105

139

129

150

523

Görkeziјilerden görnüşi ýaly hasaba alnan ýazmaça şikaýatlaryň sany birinji çärýekde ösüp, ikinji we üçünјi çärýeklerde peselen hem bolsa, dördünji çärýekde ýene-de köpeldi. Dilden ýüztutmalara berlen selјermede hem olaryň sany birinji, üçünјi çärýeklerde peselip, ikinji we dördünјi çärýekde köpeldi.

Öňki ýyl bilen deňeşdireniňde-de, 2022-nјi ýylda ýazmaça, şeýle hem, dilden hasaba alnan ýüztutmalaryň sany ýokarlandy.

Bu ýyllyk görkeziјiden ugur alyp, seljerilýän ýylda hasaba alnan ýazmaça we dil üsti bilen beýan edilen ýüztutmalaryň geçen ýyla garanyňda ýokarlanmagyny, belli bir derejede adam hukuklaryny goramak babatda, şeýle hem ilatyň habarlylygyny ýokarlandyrmaga ýardam etmek boýunça Adalatçynyň ýyllyk iş meýilnamasy esasynda alyp baran işiniň netijeleri, bütün dünýäde ýüze çykan koronawirus ýiti ýokanç keseline garşy göreş bilen baglanyşykly ýurdumyzda keselleriň ýaýramagyna we öňüni almaga gönükdirilen wagtlaýyn çäreleriň 2022-nji ýylyň ikinji ýarym ýyllygynda aradan aýrylmagy bilen düşündirmek bolar.

Ýyllyk maglumatymyzyň şu ýerinde, adam hukuklary babatda, şol sanda Adalatça ýüz tutmaga bolan hukuklary, ýüztutmagyň tertibi, olara seretmegiň we netije çykarmagyň düzgünleri babatda ilatyň habarlylygyny ýokarlandyrmak maksady bilen degişli maglumatlaryň Adalatçynyň web-saýtynda yzygider ýerleşdirilendiginiň raýatlaryň ýüz tutmagy üçin amatly mümkinçilik döreden bolmagynyň mümkindigini hem belläp bileris.

Maglumatymyzyň aşakdaky seljermesinde sebitler we çärýekler boýunça hasaba alnan ýazmaça ýüztutmalaryň görkeziјileri getirilýär.

Sebitler

I

çärýek

II

çärýek

III

çärýek

IV

çärýek

Jemi

Gelen

ýüztutma.

%gatnaşygy

1.

Aşgabat

42

37

28

40

147

41,29%

2.

Balkan

10

7

22

16

55

15,45%

3.

Daşoguz

9

16

16

19

60

16,85%

4.

Lebap

10

7

10

7

34

9,55%

5.

Mary

12

10

5

5

32

8,99%

6.

Ahal

7

9

4

7

27

7,58%

7.

Daşary ýurtdan 

0

0

0

1

1

0,28%

8.

Türkmenistan

90

86

85

95

356

100,00%

Bu beýan edilen görkeziјilerden görnüşine görä, Adalatçynyň diwanyna јemi gelen ýazmaça şikaýatlaryň umumy sanyndan köpüsi, ýagny 147 sanysy Aşgabat şäherinden gowşyp, göterim gatnaşygynda alanyňda 41,29%-me, Balkan welaýatyndan 55 sany ýüztutma hasaba alnyp 15,45%-me, Daşoguz welaýatyndan 60 sany ýüztutma gowşup 16,85%-me, Lebap welaýatyndan 34 sany ýüztutma hasaba alnyp 9,55%-me, Mary welaýatyndan 32 sany ýüztutma hasaba alnyp 8,99%-me deň boldy we ýüztutmalaryň 27 sanysy Ahal welaýatyndan gowşup, ýüztutmalaryň sanynynyň 7,58%-mini düzdi. Şeýle-de, selјerilýän ýylyň dowamynda, daşary ýurtda ýaşaýan daşary ýurt raýatyndan 1 sany şikaýat gelip gowuşdy, emma «Adalatçy hakynda» Türkmenistanyň kanunynyň 19-nјy maddasynyň 2-nјi bölegine laýyklykda, Adalatçynyň Türkmenistanyň çäginde bolýan daşary ýurt raýatlarynyň beren şikaýatlaryna seredýändigi sebäpli, ol raýatyň ýüztutmasy hasaba alnandygyna garamazdan seredilmän galdyryldy.

Agzalan kanunyň 21-nјi maddasynda kesgitlenilşi ýaly, Adalatça ýüz tutulanda, ýüz tutýan raýatlaryň hiç bir alamatlaryna garamazdan artykmaçlyklara ýa-da çäklendirmelere ýol berilmeýär we bu kada gyşarnyksyz ýerine ýetirilýär. Munuň şeýledigine ýüz tutan raýatlaryň ýaşaýan sebitleri, haýsy јynsa we millete degişlidiklerine geçirilen selјermäniň aşakda getirilen görkeziјileri hem şaýatlyk edýär.

Sebitler

јe-mi

Şol sanda

Millete degişliligi

 

aýal

 

er-kek

türkmen

Rus 

belarus

azerbeýjan

ukrain

ermeni

tatary

gazak

gruzin

1

Aşgabat

214

124

90

165

39

1

5

 -

1

2

 -

1

2

Balkan

148

75

73

97

30

 -

12

1

7

 -

1

 -

3

Daşoguz

120

62

58

59

4

 -

 -

 -

 -

 -

57

 -

4

Lebap

41

26

15

39

1

 -

 -

 -

 -

1

 -

 -

5

Mary

67

46

21

66

1

 -

 -

 -

 -

 -

 -

 -

6

Ahal

29

16

13

28

1

 -

 -

 -

 -

 -

 -

 -

7

Daşary ýurtdan

1

1

-

 -

 -

 -

 -

1

 -

 -

 -

 -

8

Türkmenistan

620

350

270

454

76

1

17

2

8

3

58[1] 

1

[1] 58 – köpçülikleýin gaýtadan

Ýokardaky getirilen görkeziјilerden Adalatçynyň diwanyna ýazmaça şikaýatlary bilen ýüz tutan raýatlaryň dürli milletleriň wekillerinden ybaratdygy görünýär we “Adalatçy hakynda” Türkmenistanyň kanunyna laýyklykda Adalatça ýüz tutýanlar özleriniň ene dilinde ýa-da bilýän başga dilinde ýüz tutmaga hukuklary bar. Şeýle ýagdaýda ýüz tutan raýata јogap döwlet dilinde we onuň bilýän, ýagny ýüztutma ýazan diline terјime edilip berilýär.

Raýatlar Adalatça özleriniň dürli meseleleri boýunça ýüz tutýarlar. Şeýlelikde ýüztutmalarda gozgalýan meselelere hem sebitler boýunça selјerme geçirilip, aşakdaky görkeziјilerde beýan edildi.

 

 

Meseleler

Sebitler

Jemi






Jemi gelen ýüztutmalara % gatna-şygy

Aşgabat

Balkan

Daşoguz

Lebap

Mary

Ahal

Daşary ýurt

1

Ýaşaýyş jaý hukugy

65

16

8

6

2

9

-

106

31,0%

2

Kazyýet kararlaryna nägilelikleri

11

14

-

3

9

4

1

42

12,3%

3

Kazyýet kararlarynyň ýerine ýetirilişine

2

4

-

-

-

-

-

6

1,8%

4

Migrasiýa meseleleri

5

3

-

-

2

-

-

10

2,9%

5

Zähmet hukugy

2

4

4

2

2

1

-

15

4,4%

6

Ýer hukugy

(kärende, mellek)

-

-

10

-

3

-

-

13

3,8%

7

Bilime bolan hukugy

-

-

1

1

2

-

-

4

1,2%

8

Hossarlyk-howandarlyk

2

-

1

-

-

-

-

3

0,9%

9

Hukuk goraýjy edaralaryň işgärleriniň hereketlerine nägilelik barada

12

4

4

10

3

1

-

34

9,9%

10

Jenaýat işleri boýunça we jenaýatçylykly hereketler barada 

4

-

3

2

2

3

-

14

4,1%

11

Günä geçmek 

5

1

-

1

-

-

-

7

2,0%

12

Durmuş üpjünçiligi

1

-

1

1

1

-

4

1,2%

13

Saglygy goramaga bolan hukuk

-

-

1

1

-

1

-

3

0,9%

14

Bank meseleleri

3

-

-

1

-

-

-

4

1,2%

15

Gaz, tok, suw meselesi

2

-

-

-

2

-

-

4

1,2%

16

Ýazga durmak meselesi

11

1

-

-

-

2

-

14

4,1%

17

Beýleki meseleler

16

7

21

7

4

4

-

59

17,3%

 

Ј E M I:

141

54

54

34

32

26

1

342

100,00%

Selјerilýän ýylda Adalatçynyň diwanyna gelip gowşan 356 sany ýüztutmalaryň 14 sanysy raýatlaryň ilkinјi ýazan şikaýatlaryna јogap berilmänkä, şol bir mesele bilen gaýtadan ýazylan şikaýatlar bolup durýar we olar öňki şikaýatlaryna birikdirilip seredilendigi sebäpli, ýokardaky görkeziјilere olaryň soňky ýazan arzalaryndaky meseleleri girizilmedi. Şeýlelikde, ýokardaky görkezijilerde her bir meseläniň göterim gatnaşygy, birikdirilen soňky arzalardaky goýlan meseleler goşulmazdan çykaryldy.

Ýokardaky selјermäniň görkeziјilerinden görnüşine görä, raýatlaryň ýazmaça ýüztutmalarynyň esasy bölegi, öňki ýyllardakysy ýaly, ýaşaýyş јaý meselesi bilen baglanyşykly bolup, olaryň sany 106 bolmak bilen göterim gatnaşygynda 31%-mini düzdi we bu görkeziјi geçen ýyldaka garanyňda 36 san köpeldi, geçen ýylda ýaşaýyş јaý hukugy bilen baglanyşykly meseleler bilen raýatlardan 70 sany ýüztutma gowuşyp, ýüztutmalaryň 29,7%-mini düzüpdi. Öňki ýyllarda, ýene-de bir esasy meseleleriň biri zähmet meselesi bilen baglanyşykly ýüztutmalar bolan

bolsa, soňky iki ýylyň dowamynda şeýle görnüşli mesele bilen ýüz tutanlaryň sany göz görtele azaldy. Şeýlelikde selјerilýän ýylda bu mesele bilen jemi 15 sany ýüztutmalar hasaba alnyp, ýüztutmalaryň diňe 4,4%-mini düzdi. Şeýle hem kazyýet kararlaryna nägiledikleri baradaky ýüztutmalaryň 42-si hasaba alnyp, ýüztutmalaryň 12,3%-mini, hukuk goraýјy edaralarynyň işgärleriniň hereketlerine nägilelik bildirilen ýüztutmalaryň 34-si hasaba alnyp 9,9%-mini, jenaýat işleri boýunça we jenaýatçylykly hereketler bilen bagly ýüztutmalaryň 14-si hasaba alnyp 4,1%-mini, ýazga durmak meselesi bilen baglanşykly 14 sany ýüztutma hasaba alnyp 4,1%-mini, ýer hukugy bilen baglanşykly ýüztutmalaryň 13-si hasaba alnyp 3,8%-mini, migrasiýa meseleler bilen baglanyşykly ýüztutmalaryň 10-sy hasaba alnyp 2,9%-mini, günä geçmek bilen bagly ýüztutmalaryň 7-si hasaba alnyp 2,0%-mini, kazyýet kararlarynyň ýerine ýetirlişine nägilelik bildirlen ýüztutmalaryň 6-sy hasaba alnyp 1,8%-mini, bilime bolan hukuk, durmuş üpjünçiligi, bank we gaz, tok, suw meseleleri bilen bagly ýüztutmalaryň hersinden 4-si hasaba alnyp, olaryň hersi 1,2%-mini, saglygy goramaga bolan hukuklary, hossarlyk-howandarlyk bilen bagly meseleler boýunça ýüztutmalaryň her birinden 3-si hasaba alnyp, olaryň hersi 0,9%-mini düzdi, galan beýleki dürli meselelere degişli ýüztutmalaryň 59-sanysy hasaba alnyp, ýüztutmalaryň 17,3%-ne deň boldy.

Beýleki meseleler esasan, raýatlaryň edara ýolbaşçylarynyň ýa-da wezipeli adamlaryň hereketlerinden nägile bolup, algy-bergi, emläk, maşgala ýa-da goňşy dawalary, kanunçylygy düşündirmek, edara-guramalara ýazan arzalaryna јogap berilmeýändigi, berlen јogaplardan nägiledikleri, edara-guramalardan gerekli resminamalary alyp bermäge ýardam berilmegi we beýleki dürli meseleler boldy.

Şeýle hem, meseleler boýunça geçirilen selјermede sebitler boýunça esasy ýüze çykýan meselelere hem üns berildi, ýagny Aşgabat şäheri boýunça ýaşaýyş јaý meselesi bilen baglanyşykly ýüztutmalar iň esasy meseleleriň biri bolup durýan bolsa, Balkan we Mary welaýatlarynda kazyýet kararlaryna nägilelik bildirilen, Daşoguz welaýatynda bolsa ýer hukugy bilen baglanşykly meseleler boldy.

Şeýle-de, geçirilen seljermede zähmet we saglygy goramak hukugy, bank we migrasiýa meseleleri bilen baglanyşykly ýüztutmalaryň sanlarynyň hem-de göterim gatnaşyklarynyň geçen ýyldaka garanyňda seljerilýän ýylda peselendigi anyklandy.

Raýatlar tarapyndan berlen şikaýat diwana gelip gowşandan soň, Adalatçy kanun esasynda ýüztutma barada üç sany netijä gelýär, ýagny ýüztutmany önümçilige kabul etmek, kabul etmekden ýüz döndermek hakynda ýa-da ýüz tutana öz hukuklaryny we azatlyklaryny goramagyň kanuny serişdelerini düşündirmek hakynda çözgüde gelýar.

Önümçilige kabul etmek hakynda çözgüde gelnen ýüztutmalar, olary bermegiň möhleti, tertibi we onuň mazmuny talaba laýyk gelýän şikaýatlar bolup durýar we olar hasaba alnandan soň degişli tertipde seredilip, јogap hatlary berilýär.

Hemişeki ýaly selјerilýän ýylda hem ýüztutmalarda gozgalýan meseleler doly öwrenilip önümçilige alnandan soň, ýüztutmalarda görkezilen delilleri barlamaga ýardam berilmegi soralyp «Adalatçy hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň 27-nјi maddasyna esaslanyp, ygtyýarly döwlet edaralaryna, şol sanda ýerine ýetiriјi häkimiýetiň ýerli edaralaryna we wezipeli adamlara Adalatçynyň ýüztutmalary iberilip, olardaky delilleri barlamagyň netiјeleri bilen ylalaşylan ýagdaýynda olara esaslanyp, raýatlara јogap hatlary berildi.

Şeýle-de selјerilýän döwürde, «Adalatçy hakynda» Türkmenistanyň kanunynyň 30-nјy maddasyna esaslanyp, degişli edaralara maslahat beriş häsiýetdäki teklipler iberilip, olaryň netiјesi boýunça hem raýatlara јogaplar berildi.

Raýatlaryň ýüztutmalarynda goýýan meselelerine görä olaryň käbirleri degişliligi boýunça seretmeklik üçin iberildi. Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda ýüztutmalar degişliligi boýunça esasan hem Türkmenistanyň Ýokary kazyýetine iberildi we raýatlara netiјeleri boýunça јogap hatlary berildi.

Hemişe bolşy ýaly barlamaga ýardam bermeklik soralyp iberilen Adalatçynyň ýüztutmalary we teklipleri, şeýle hem degişliligi boýunça iberilen ýüztutmalaryň kanagatlanarly netiјe çykarylanlary hem bolup, olaryň käbirleri barada maglumatymyzyň «Adalatçynyň ýüztutmalary we teklipleri» baradaky babynda giňişleýin görkezildi.

Emma, «Adalatçy hakynda» Türkmenistanyň Kanunynda görkezilen talaplara laýyk gelmedik şikaýatlar, ýagny düýp manysy beýan edilmedik, gol çekilmedik, ýüz tutmaklyk möhleti geçirilip berlen ýa-da Adalatçynyň ygtyýaryna girmeýän meseleler boýunça ýüztutmalar seredilmän galdyryldy.

Şeýle hem ýokarda agzalan kanunymyzda görkezilişi ýaly, seredilmän galdyrylan şikaýatlaryň ýene bir görnüşi, ol hem gaýtadan ýazylan şikaýatlar bolup, onda öňki seredilen şikaýatdakydan tapawutly täze bir ýagdaýlar ýa-da wakalar ýüze çykarylmadyk, görkezilmedik bolsa, ol arzalar hem seredilmän galdyryldy.

Şikaýaty kabul etmek ýa-da kabul etmesizlik barada çykarylan çözgüt we onuň esaslary hakynda arza beriјilere kanunda göz öňünde tutulan bäş günden giјikdirilmän jogap berildi.

Şeýlelikde aşakda Adalatçynyň diwanyna gelen ýüztutmalara seredilmegiň netijelerine sebitler boýunça aýratynlykda geçirilen selјermäniň görkezijileri ýerleşdirildi. Şu görkezijilerde hasabat ýylyň dowamynda önümçilige alnanlaryň üstüne geçen ýylda seredilmän, seljerilýän ýylyň başyna galan ýüztutmalar hem goşuldy.





Sebitler

Ön-ümçilige alnanlar/geçen ýyldan galany 

Seljerilýän ýylda hasaba alnyp, seretmek üçin edaralara iberilenleri,

şol sanda

 

Şol

sanda

kana gatla nd

yry

lanlary

Mas-

la-

hat beriş jo- gap- lar ber- lenleri

Sere

dil- män gald yryl an- lary

Şol sanda

Ýylyň ahyryna galanlary


Golsuz


Gaýtadan

möhleti geçirilbp ýazylan


ygtyýarlygyna girmeýän meseleler

mazmuny beýan edilmedik


Degişliligi boýunça

27-nji madda

30-njy madda


1

Aşgabat

46 / 4

2

37

3

5

63

36

6

14

2

14

-

2


2

Balkan

23 / 1

4

18

-

2

12

20

3

6

-

11

-

2


3

Doguz

19

-

19

-

4

24

11

3

3

1

4

-

-


4

Lebap

8

-

8

-

2

16

10

1

2

-

6

1

1


5

Mary

13 / 2

-

11

-

1

9

12

2

1

-

9

-

-


6

Ahal

9 / 1

-

8

-

1

10

8

-

3

-

5

-

2


7

Türkme

nistan

118/ 8

6

101

3

15

134

97

15

29

3

49

1

7


8

Daşary ýurtdan

-

-

-

-

-

-

1

-

-

-

1

-

-


Adalatçynyň diwanyna seljerilýän ýylda gelip gowşan 356 sany ýazmaça ýüztutmalaryň üçden bir böleginden köpüsine, ýagny 134-sine ýa-da 37,6%-mi boýunça, raýatlara öz hukuklaryny we azatlyklaryny goramagyň kanuny serişdeleri barada düşündirilip, maslahat beriş јogap hatlary iberildi, munuň özi raýatlara öz meseleleri boýunça hereket edýän kanunçylyga laýyklykda hereket etmeklerinde ýardam beriji maslahatlar boldy.

Şeýle hem, şu ýylda gelip gowşan ýüztutmalaryň 97 sanysy ýa-da 27,71%-mi «Adalatçy hakynda» Türkmenistanyň kanunynda göz öňünde tutulan kadalara laýyklykda, ýagny, gol çekilmedik, gaýtadan ýazylan, möhleti geçirilip ýazylan, mazmuny beýan edilmedik, Adalatçynyň ygtyýarlygyna girmeýän meseleler boýunça ýazylan arza-şikaýatlar seredilmän galdyryldy.

Ýokardaky görkeziјilerden görnüşine görä, seljerilýän ýylda Adalatçynyň diwany tarapyndan 118 sany ýüztutma önümçilige kabul edilip, olaryň 8-si geçen ýyldan galyp, 110 sy ýa-da umumy sanyň 31,43%-mi seljerilýän ýylda hasaba alnyp, olaryň 2-si boýunça raýatlaryň ýüztutmalarynda goýan meseleleriniň barlanmagyna ýardam bermeklik soralyp, ilki bir ygtyýarly edara iberilip, ol edaranyň barlag netijesi bilen ylalaşylman, ýüz tutma boýunça takyk, dogry netiјe çykarmak maksady bilen, gaýtadan başga degişli edara Adalatçynyň ýüz tutmasy iberildi.

Şeýle hem seljerilýän ýylda, önümçilige kabul edilen ýüztutmalaryň geçen ýyldan galanlarynyň 5-si öň Kanunyň 27-nјi maddasyna esaslanyp, ygtyýarly edaralara iberilenleri bolmak bilen olaryň ählisine seredildi we 1 ýüz tutma kanagatlandyryldy. Kanunyň 30-nјy maddasy esasynda iberilen 3 sany ýüz tutma boýunça hem ygtyýarly edaralara teklip iberilip, olardan 2-si kanagatlandyryldy.

Hasabat ýylynda önümçilige alnan ýüztutmalaryň 101-si ýa-da 91,8%-mi «Adalatçy hakynda» Türkmenistanyň kanunynyň 27-nјi maddasyna esaslanyp, ýüztutmalarda görkezilen delilleri barlamaga ýardam berilmegi soralyp, şol Kanunyň 30-nјy maddasy esasynda bolsa 3 sany ýüztutma boýunça teklip bilen ygtyýarly edaralara ýüz tutuldy, olardan başgada 6 sany ýüztutma degişliligi boýunça iberilip, şeýlelikde ýüztutmalaryň 110-syndan 7-si seredilmän ýylyň ahyryna galdyrylyp, 103-sine seredilip, olardan 15-si ýa-da 14,56%-mi kanagatlandyryldy.

Şeýlelikde, öňki ýyldan seljerilýän ýylyň başyna galan ýüztutmalara seredilmegi netiјesinde olaryň 3 sanysy, selјerilýän ýylda hasaba alnanlaryň bolsa 15 sanysy, jemi 18 sany ýüztutma kanagatlandyrylyp, olaryň käbirleri barada maglumatymyzyň “Adalatçynyň ýüztutmalary we teklipleri” diýen babynda beýan edilip tanyşmaklyga mümkinçilik döredildi.

Ýokardaky görkeziјiler boýunça ýyllyk hasabatymyzda sebitleýin selјerme hem geçirildi. Ýagny, seljerilýän ýylda Aşgabat şäheri boýunça gelip gowşan 147 sany ýüztutmalaryň 6-sy birikdirilip seredilip, şeýlelikde 141 sany ýüztutmalaryň 37-si ýa-da 26,2%-ni «Adalatçy hakynda» Türkmenistanyň kanunynyň 27-nјi maddasyna esaslanyp, 3-si Kanunyň 30-nјy maddasy esasynda teklip bilen ygtyýarly edaralara ugradylyp, 2-si degişliligi boýunça Türkmenistanyň Ýokary kazyýetine iberilip, olaryň 40-syna seredilip, degişli јogaplar alyndy we 5 ýüztutma ýa-da 12,5%-im kanagatlandyryldy, seretmeklik üçin edaralara iberilen arzalaryň 2-si seredilmän ýylyň ahyryna galdy. Balkan welaýatyndan gowşan 55 sany ýüztutmalaryň 1-si birikdirilip seredilip, 54 sany ýüztutmanyň 18-i ýa-da 32,7%-mi Kanunyň 27-nјi maddasyna esaslanyp ygtyýarly edaralara we 4 arza degişliligi boýunça Türkmenistanyň Ýokary kazyýetine iberilip, olaryň 20-sine seredilip, 2 arza ýa-da 10%-im kanagatlandyryldy we seredilmän ýylyň ahyryna 2 arza galdy. Daşoguz welaýatyndan gowşan 60 sany ýüztutmalaryň 6-sy birikdirilip seredilip, 54 sany ýüztutmanyň 19-sy ýa-da 35,2%-mi Kanunyň 27-nјi maddasyna esaslanyp ygtyýarly edaralara ugradylyp, olaryň ählisine seredildi we 4 arza ýa-da 21,1%-mi kanagatlandyryldy. Lebap welaýatyndan 34 sany ýüztutma hasaba alnyp, olaryň 8-si ýa-da 23,5%-mi Kanunyň 27-nјi maddasyna esaslanyp ygtyýarly edaralara iberilip, olaryň 7-sine seredilip, 2 sanysy ýa-da 28,6%-mi kanagatlandyryldy, seredilmän ýylyň ahyryna 1 arza galdy. Mary welaýatyndan gowşan 32 sany ýüztutma hasaba alnyp, olaryň 11-si ýa-da 34,4%-mi Kanunyň 27-nјi maddasyna esaslanyp ygtyýarly edaralara iberildi we olaryň ählisine seredilip, 1 arza ýa-da 9,1%-im kanagatlandyryldy. Ahal welaýatyndan gowşan 27 sany ýüztutmalaryň 1-si birikdirilip seredilip, 26 sany ýüztutmanyň 8-si ýa-da 30,8%-mi Kanunyň 27-nјi maddasyna esaslanyp ygtyýarly edaralara ugradylyp, olaryň 6-syna seredilip, 1-i ýa-da 16,7%-mi kanagatlandyrlyp, 2 arza seredilmän ýylyň ahyryna galdyryldy. Şeýlelikde, ygtyýarly edaralara we degişliligi boýunça iberilen јemi 110 sany ýüztutmalaryň 103-sine seredilip, olaryň 15-si kanagatlandyrylyp, ýylyň ahyryna seredilmän 7 sany ýüztutma galdy.

Ýüztutmalar Adalatçynyň önümçiligine kabul edilenden soň, olarda görkezilen delilleriň barlanmagyna ýardam bermeklik soralyp ýa-da teklip bilen, şeýle hem degişliligi boýunça ygtyýarly edaralara iberilýändigi barada ýokarda belläp geçdik we şol ýüztutmalaryň iberilen edaralar tarapyndan olara seredilmegiň netiјeleri boýunça hem selјerme geçirilip, aşakdaky görkeziјide ýerleşdirildi.

 

 

Edaralar

 

Iberi- leni

 

 

Şol sanda

Möh-leti bozu-lany

Ýat-lat-ma hat iber-leni

Kanagatlan-dy-ry-lany

Ýylyň soňunagalan arzalar

degişlil.

27mad.

30mad.

27m

30m

1

Т-nyň Baş prokuraturasy

26

-

26

-

4

2

3

2

-

2

T-nyň Içeri işler ministrligi

6

-

6

-

-

-

2

-

-

3

T-nyň Ýokary kazyýeti

7

6

-

1

-

-

2

-

-

4

Türkmenistanyň Goranmak ministrligi

1

-

1

-

1

-

-

-

-

5

Türkmenistanyň Döwlet Migrasiýa gullugy

5

-

5

-

-

-

2

1

-

6

T-nyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrligi

3

-

3

-

-

-

-

-

-

7

T-nyň  Daşary işler ministrligi

1

-

1

-

1

1

1

-

-

8

Т-nyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi

4

-

4

-

1

-

-

1

-

9

T-nyň Merkezi banky

1

-

1

-

-

-

-

-

-

10

 Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligi

1

-

1

-

-

-

-

-

-

11

T-nyň 

Energetika ministrligi 

1

-

1

-

-

-

-

-

-

12

Dokma senagat ministrligi

1

-

1

-

-

-

-

-

-

13

Aşgabat şäher häkimligi

20

-

18

2

7

5

2

1

-

14

Balkan welaýat häkimligi 

9

-

9

-

5

3

-

1

-

15

Daşoguz welaýat häkimligi

10

-

10

-

4

3

2

-

-

16

Lebap welaýat häkimligi

2

-

2

-

1

1

1

-

-

17

Mary welaýat häkimligi

7

-

7

-

-

-

-

-

-

18

Ahal welaýat häkimligi

5

-

5

-

3

1

-

1

-


Ј E M I:

110

6

101

3

27

17

15

7

-

Ýokardaky getirilen görkeziјiden görnüşi ýaly, Adalatçynyň diwanyna ýazmaça gelip gowşan ýüztutmalaryň önümçilige kabul edilenlerinden 101-si «Adalatçy hakynda» Türkmenistanyň kanunynyň 27-nјi, 3-si şol Kanunyň 30-nјy maddalaryna esaslanyp, Adalatçy tarapyndan olara seretmekligiň möhletleri görkezilip, şeýle-de degişliligi boýunça seretmeklik üçin 6 sany arza iberildi.

Şeýlelikde, ýokarda görkezilen 110 sany ýüztutmalaryň 7-si seredilmän ýylyň ahyryna galdyryldy, 6-sy degişliligi boýunça seretmeklik üçin iberilip, olara öz wagtynda јogap hatlary alynyp, raýatlara degişli јogaplar berildi. Emma, seretmeklige ýardam bermeklik soralyp, şeýle hem teklip bilen ygtyýarly edaralara iberilen 97 sany arzalaryň üçden biri diýen ýaly, ýagny 27-sine ýa-da 27,8%-mi boýunça јogaplar bellenilen möhletden giјikdirilip berildi. Јogaplary giјikdirilip berlen şikaýatlara geçirilen selјermede, Aşgabat şäher häkimligine iberilen 20 sany arzalaryň 7-sine möhlet geçirilip jogap berlendigi, olaryň 5-si boýunça ýatlatma hatlaryň iberilendigi, 1 arzanyň ýylyň ahyryna galdyrlandygy, Balkan welaýat häkimligine iberilen 9 sany arzalaryň 5-sine möhlet geçirilip jogap berlendigi, olaryň 3-si boýunça ýatlatma hatlaryň iberlendigi, 1 arzanyň ýylyň ahyryna galdyrlandygy, Daşoguz welaýat häkimligine iberilen 10 sany arzalaryň 4-sine möhlet geçirilip jogap berlendigi, olaryň 3-si boýunça ýatlatma hatlary iberilip, Ahal welaýat häkimligine iberilen 5 sany arzalaryň 3-sine möhlet geçirilip jogap berlendigi, olaryň 1-si boýunça ýatlatma hatyň iberlendigi, 1 arzanyň ýylyň ahyryna galdyrlandygy anyklandy. Türkmenistanyň Baş Prokuraturasyna iberilen 26 sany arzalaryň 3-siniň kanagatlandyrlyp, 2-siniň ýylyň ahyryna galdyrlandygy, 2 arza boýunça ýatlatma hatlaryň iberlendigi, möhleti geçirilip jogap berlen 4 arza boýunça goşmaça barlaglaryň geçirilmegi zerur bolandygy sebäpli, olaryň möhletleriniň esasly geçirilendigi takyklandy.

Şeýlelikde, jogaplary gijikdirlip berlen şikaýatlara geçirilen seljermeden, ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralarynyň ýolbaşçylary, degişli jogapkär işgärleri tarapyndan ýüztutmalara јogapkärçiliksiz garalmagy sebäpli, raýatlaryň ýüztutmalaryna möhletinden giјikdirilip seredilmegine eltip, netijede olaryň ýüztutmalara seredilmegiň bellenilen möhletini ýeke bir özleriniň bozmagyna däl-de, Adalatçy tarapyndan hem ýüztutmalara seretmegiň kanunçylykda göz öňünde tutulan möhletiniň bozylyp seredilmegine getirdi.

Selјerilýän ýylyň dowamynda raýatlaryň Adalatçynyň diwanyna gelip, dil üsti bilen beýan eden 167 sany ýüztutmasy hasaba alyndy we olar boýunça hem ýurdumyzyň sebitleri boýunça aýratynlykda selјerme geçirildi we aşakdaky görkeziјilerde ýerleşdirildi.

Sebitler

I

çärýek

II

çärýek

III

Çärýek

IV

çärýek

Jemi

Umumy

gelenlere

%gatnaşygy

1.

Aşgabat

12

30

22

27

91

54,49%

2.

Balkan

0

3

5

7

15

8,98%

3.

Daşoguz

0

3

6

3

12

7,19%

4.

Lebap

0

3

1

1

5

2,99%

5.

Mary

1

7

3

7

18

10,78%

6.

Ahal

2

7

7

10

26

15,57%

7.

Türkmenistan

15

53

44

55

167

100,00%

Ýokardaky getirilen görkeziјilere görä öňki ýyllarda bolşy ýaly, dilden ýüztutmalaryň esasy bölegi, ýagny 91-si ýa-da 54,49%-mi Aşgabat şäherinden bolup, olaryň köp sanlylygynyň sebäpleriniň biri hem, Adalatçynyň diwanynyň Aşgabat şäherinde ýerleşip, onuň raýatlar üçin el ýeterliligidir. Dilden ýüztutmalaryň sany hem geçen ýyldaka garanyňda köpelip, ýagny geçen ýylda dilden ýüztutmalaryň 111-si hasaba alnan bolsa, selјerilýän ýylyň dowamynda 167 sanysy hasaba alyndy. Dilden ýüztutmalaryň sanynyň köpelmegini hem, ýokarda görkezilen ýazmaça ýüztutmalara berlen selјermämizde görkezen sebäplerimiz bilen esaslandyrmak bolar.

Ýylyň dowamynda hasaba alnan dilden ýüztutmalara hem çärýekleýin we ýüz tutan raýatlaryň sany boýunça selјerme geçirildi.


I

сärýek

II

сärýek

III

сärýek

IV

сärýek

Jemi


1.

Ýüztutmalaryň sany

15

53

44

55

167



2.

Ýüz tutanlaryň sany

18

53

46

64

181


3.

Toparlar/ ýüz tutanlaryň sany

1/4

-

2/4

8/17

11/25












Ýylyň dowamynda dil üsti bilen kabul edilenleriň selјermesinden görnüşine görä 167-sany ýüztutmalar boýunça jemi 181 sany raýat ýüz tutup, olaryň 25-si toparlaýyn ýüztutma boldy. Ýüz tutan raýatlaryň јyns we millete degişliligi boýunça hem selјerme geçirildi. Şeýlelikde, ýüz tutan raýatlaryň 103-si aýal we 78-si erkek adamlar bolmak bilen, olar dürli milletiň wekilleridir. Olardan türkmen – 138; rus – 17; gazak – 7; azerbeýjan – 6; ermeni – 5; özbek – 3; pars – 2; tatary, gruzin we mordiwin milletleriň wekilleriniň hem hersinden - 1 adam bolup, umuman göterim hasabynda alanyňda, beýleki milletleriň wekilleriniň göterim gatnaşygy ýüztutmalaryň 23,76%-mini düzdi.

Ýüz tutan raýatlaryň milletine ýa-da beýleki alamatlaryna görä selјerme geçirilmegi, olaryň bu alamatlary bilen bagly bökdençlikler döredilmän, olaryň ählisiniň öz hukuklaryny amala aşyrmaklary üçin deň mümkinçilikleriň döredilýänliginiň beýanydyr. Ýazmaça ýüztutmalara özleriniň ýüz tutan diline ýa-da bilýän diline terјime edilip berilşi ýaly, dilden ýüz tutan raýatlar bilen hem gürrüňdeşlik, olaryň bilýän dilinde geçirilip, degişli maslahatlar we düşündirişler berilýär. Öňki ýyllarda bolşy ýaly, selјerilýän ýylyň dowamynda hem Adalatçynyň diwany tarapyndan ýazmaça ýa-da dilden berlen јogaplaryň mazmunlaryna düşünmeýändikleri barada mesele ýüze çykmady.

Ýylyň dowamynda hasaba alnan dilden ýüztutmalaryň meseleleri we sebitlere degişliligi boýunçada selјerme geçirilip, aşakdaky görkeziјilerde ýerleşdirildi.

 

 

Meseleler

 

Jemi

Umumy ýüztutmalara % gatnaşygy

1

Ýaşaýyş jaý hukugy

58

34,73%

2

Hukuk goraýjy edaralaryň işgärleriniň hereketlerine nägilelik

18

10,78%

3

Kazyýet kararlaryna nägilelik

29

17,37%

4

Miraslyk bilen baglanyşykly meseleleri

5

2,99%

5

Zähmet hukugy

9

5,39%

6

Migrasiýa meseleleri

8

4,79%

7

Bank meselesi

1

0,60%

8

Saglygy goramaga bolan hukuk

2

1,20%

9

Ýer hukugy (kärende, mellek)

5

2,99%

10

Bilime bolan hukugy

1

0,60%

11

Harby gulluk meselesi

1

0,60%

12

Hossarlyk-howandarlyk meselesi

1

0,60%

13

Gaz, tok, suw meselesi

2

1,20%

14

Ýazga durmak meselesi

7

4,19%

15

Beýleki meseleler

20

11,98%


Ј E M I:

167

100%

 

 

Meseleler

Sebitler

Jemi

Jemi gelen ýüztutmalara % gatna-şygy

Aşgabat

Balkan

Daşoguz

Lebap

Mary

Ahal

1

Ýaşaýyş jaý hukugy

34

5

4

2

3

10

58

34,73%

2

Hukuk goraýjy edaralaryň işgärleriniň hereketlerine nägilelik

12

2

-

2

1

1

18

10,78%

3

Kazyýet kararlaryna nägilelik

15

2

-

1

5

6

29

17,37%

4

Miraslyk bilen baglanyşykly meseleleri

3

1

-

-

-

1

5

2,99%

5

Zähmet hukugy

4

-

3

1

-

1

9

5,39%

6

Migrasiýa meseleleri

4

1

-

-

3

-

8

4,79%

7

Bank meselesi

1

-

-

-

-

-

1

0,60%

8

Saglygy goramaga bolan hukuk

-

-

2

-

-

-

2

1,20%

9

Ýer hukugy (kärende, mellek)

2

1

1

-

1

-

5

2,99%

10

Bilime bolan hukugy

-

-

1

-

-

-

1

0,60%

11

Harby gulluk meselesi

-

-

-

-

-

1

1

0,60%

12

Hossarlyk-howandarlyk meselesi

1

-

-

-

-

-

1

0,60%

13

Gaz, tok, suw meselesi

2

-

-

-

-

-

2

1,20%

14

Ýazgy meselesi

2

1

-

-

-

4

7

4,19%

15

Beýleki meseleler

12

2

1

-

5

-

20

11,98%

 

 

Ј E M I:

92

15

12

6

18

24

167

100,00%

Ýokardaky görkezijilerde getirilen selјermelerden görnüşine görä, raýatlaryň dilden ýüztutmalarynyň esasy bölegi, ýagny - 58 sanysy ýaşaýyş јaý meselesi bilen baglanyşykly bolup, umumy ýüztutmalaryň 34,73%-mini, hukuk goraýјy edaralaryň işgärleriniň hereketlerinden nägiledikleri baradaky ýüztutmalaryň – 18 sanysy bolup, umumy ýüztutmalaryň 10,78%-mini, kazyýet kararlaryndan nägiledikleri baradaky meseleler boýunça ýüztutmalaryň - 29 sanysy bolup, umumy ýüztutmalaryň 17,37%-mini, miraslyk bilen baglanyşykly meseleler boýunça ýüztutmalaryň – 5 sanysy bolup, umumy ýüztutmalaryň 2,99%-mini, zähmet meselesi boýunça ýüztutmalaryň – 9 sanysy bolup, umumy ýüztutmalaryň 5,39%-mini, migrasiýa meselesi boýunça ýüztutmalaryň – 8 sanysy bolup, umumy ýüztutmalaryň 4,79%-mini, ýazga durmak meselesi boýunça ýüztutmalaryň 7 sanysy bolup, umumy ýüztutmalaryň 4,19%-mini, saglygy goramaklyga bolan hukuk hem-de gaz, tok, suw bilen baglanşykly mesele boýunça ýüztutmalaryň hersinden – 2 sanysy bolup, hersi umumy ýüztutmalaryň 1,20%-mini, ýer hukugy bilen baglanyşykly mesele boýunça ýüztutmalaryň – 5 sanysy bolup, umumy ýüztutmalaryň 2,99%-mini, bilime bolan hukuk hem-de bank, harby gulluk, hossarlyk we howandarlyk meseleler bilen baglanyşykly ýüztutmalaryň hersinden – 1 sanysy bolup, olaryň her-biri umumy ýüztutmalaryň 0,60%-mini düzdi. Galan – 11,98% -mi bolan – 20 sany dilden ýüztutmalar hem beýleki meselelere degişli ýüztutmalar bolup, olar esasan hem raýatlaryň edara ýolbaşçylarynyň ýa-da wezipeli adamlaryň hereketlerinden nägiledikleri, algy-bergi, maşgala ýa-da goňşy ara dawalary, edara-guramalardan gerekli resminamalary alyp bermäge ýardam berilmegi we beýleki dürli meseleler boldy.

Raýatlaryň dil üsti bilen beýan edýän ýüztutmalary boýunça sebitlerde esasy ýüze çykýan meselelere selјerme geçirlende, Aşgabat şäheri boýunça ýaşaýyş jaý, hukuk goraýjy edaralaryň işgärleriniň hereketlerine we kazyýet kararlaryna nägilelik bildirilýän meseleler, Balkan we Ahal welaýatlarynda hem ýaşaýyş јaý meselesi bolup durýar.

Ýyllyk maglumatymyzyň şu ýerinde, raýatlaryň ýazmaça we dilden ýüztutmalaryna seljerme geçirmegiň netijesinde, köpçülikleýin ýüztutmalaryň meseleleriniň üstünde hem sebitler boýunça durup geçmekligi makul bildik.

Ýagny, köpçülikleýin ýüztutmalaryň ýazmaça görnüşiniň köp sanlysy Aşgabat şäherinden bolup,10 sany ýüztutma boýunça 77 adam ýüz tutup, olaryň meseleleriniň 2-si ýaşaýyş јaý, 2-si kazyýet kararlaryna bidirlen nägilelikler, 2-si migrasiýa meselesi, 1-si jenaýat işleri boýunça we jenaýatçylykly hereketler barada, 3-si beýleki meselelerdir. Balkan welaýatyndan 6 sany ýüztutma boýunça 99 adam ýüz tutup, ýüztutmalaryň 2-si kazyýet kararlaryna bildirlen nägilelikler, 4-si beýleki meseleler boldy. Daşoguz welaýatyndan gowşan 5 ýüztutma boýunça 66 adam ýüz tutup, ýüztutmalaryň 1-si ýaşaýyş jaý meselesi, 1-si hukuk goraýjy edaralaryň işgärleriniň hereketlerine bildirlen nägilelik, 3-si beýleki mesele boldy. Lebap welaýatyndan 2 sany ýüztutma boýunça 9 adam ýüz tutup, ýüztutmalaryň 1-si hukuk goraýjy edaralaryň işgärleriniň hereketlerine bildirlen nägilelik, 1-si beýleki mesele boldy. Mary welaýatyndan 4 sany ýüztutma boýunça 39 adam ýüz tutup, ýüztutmalaryň 3-si kazyýet kararlaryna bildirlen nägilelik, 1-si beýleki mesele boldy. Ahal welaýatyndan gowşan 1 sany ýüztutma boýunça 3 raýat ýüz tutup, olaryň ýüztutmasy beýleki mesele degişli boldy. Köpçülikleýin ýüztutmalaryň käbirleri kanagatlandyrylyp, olar bilen maglumatymyzyň «Adalatçynyň ýüztutmalary we teklipleri» diýen babynda tanşyp bilersiňiz.

Hasabat ýylynda dilden toparlaýyn ýüztutmalaryň 11-si hasaba alnyp, olar boýunça 25 adam ýüz tutdy, ýüztutmalaryň 5-si boýunça Aşgabat şäherinden 12 adam ýüz tutup, 5 meseläniň 1-si hukuk goraýjy edaralaryň işgärleriniň hereketlerine, 1-si kazyýet kararlaryna bildirlen nägilelikler, 1-si zähmet hukugy, 2-si ýaşaýyş jaý bilen baglanyşykly meseleler boldy. Ýüztutmalaryň 2-si boýunça Balkan welaýatyndan 4 adam ýüz tutup, 2 meseläniň 2-side ýaşaýyş jaý bilen baglanşykly meseleler, ýüztutmalaryň 1-si boýunça Lebap welaýatyndan 2 adam ýüz tutup, kazyýet kararyna nägilelik bildirlen mesele, ýüztutmalaryň 1-si boýunça Mary welaýatyndan 2 adam ýüz tutup, türkmen pasportyny edimeklige ýardam bermek bilen baglanyşykly mesele, ýüztutmalaryň 2-si boýunça Ahal welaýatyndan 5 adam ýüz tutup, 2 meseläniň 1-si kazyýet kararlaryna nägilelik bildirlen mesele, 2-si bolsa durmuş üpçünçilik bilen baglanyşykly mesele boldy.

Selјerilýän, 2022-nјi ýylyň dowamynda Adalatçynyň diwanynda raýatlaryň ýüztutmalaryna seretmek boýunça alnyp barlan işleriň selјerilmegi netiјesinde, şeýle-de raýatlar tarapyndan nägilelikleriň we gaýtadan ýüztutmalaryň azalmagyna we ýüztutmalara seredilende kanunçylygyň talaplarynyň doly berјaý edilmegine ýardam etmek maksady bilen aşakda görkezilenleri teklip edýäris:

- Adalatçy tarapyndan Ministrliklerde we pudaklaýyn dolandyryş edaralarda, olaryň tabynlygyndaky guramalarda, yerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralarynda ýüztutmalaryň raýatlaryň özlerinden ýa-da ygtyýarly edaralardan gelenligine garamazdan, gozgaýan meselelerine düýp mazmuny boýunça kanunçylykda göz öňünde tutulan tertipde we möhletde netiјeli seretmekligi talaba laýyk gurnamak we berk gözegçilikde saklamak teklip berilendigine garamazdan, hasabat ýylynda ýene-de bu soraglaryň hemişe ýüze çykýandygyny göz öňünde tutup geljekde agzalan meseläni aradan aýyrmak boýunça degişli çäreleri geçirmekligi;

- Şeýle hem, Aşgabat şäheri boýunça raýatlaryň ýazmaça we dilden ýüztutmalarynyň ýurt boýunça sanynyň peselmeýändigini, gaýtadan ýüztutmalaryň sanynyň artýandygyny, esasanda ýaşaýyş јaý meseleleri bilen baglanyşykly mesele bilen ýüz tutýandyklaryny nazara alyp, şäher häkimligi tarapyndan raýatlaryň şikaýatlaryna we olaryň şikaýatlary boýunça ygtyýarly edaralaryň, şol sanda Adalatçynyň ýüztutmalaryna we tekliplerine seretmekde yzygiderli möhletiniň we düzgünleriniň bozulmagyna ýol berilýändigi sebäpli, olaryň gaýtalanmazlygyny ýola goýmagy;

- Welaýatlarda ýer hukugy bilen baglanşykly ýüztutmalaryň sanynyň peselmegini gazanmak maksady bilen, ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralary tarapyndan bu ugurda kanunçylygyň berjaý edilmegi boýunça degişli işleriň geçirilmegini we hemişe gözegçilikde saklamaklaryny.

V bap. Adalatçynyň milli kanunçylygy kämilleşdirmäge ýardam etmek işleri 

Hemmämize mälim bolşy ýaly «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýyly bolan, geçen ýyl ýurdumyz milli kanunçylygymyzyň gözbaşy bolan Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň kabul edilmeginiň 30 ýyllygyny dabaraly belläp geçdi. Bu ýyl hem esasy Kanunymyzyň kadalaryna laýyklykda kanunçykaryjylyk ulgamynda möhüm işler amala aşyryldy. Adaty däbe öwrülşi ýaly kanunçykaryjylyk işiniň möhüm wezipelerini kesgitlemek we onuň ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmak maksady bilen döwlet Baştutanymyzyň Türkmenistanyň kanun çykaryjy edarasynyň wekilleri bilen duşuşygynyň geçirilmegi dowam etdirildi. Ýagny geçen ýylyň 1-nji martynda şol döwür Türkmenistanyň Prezidenti, Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy wezipesinde bolan türkmen halkynyň Milli Lideri, Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Halk Maslahatynyň birinji çagyrylyşynyň agzalary we Mejlisiň deputatlary bilen geçiren duşuşygynda parlamentarileriň öňünde durýan möhüm wezipeler kesgitlenildi we ol wezipeleri durmuşa geçirmegiň ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy.

Şol maslahatda Ýurdumyzy 2022 — 2052-nji ýyllarda ösdürmegiň kabul edilen esasy ugurlaryna laýyklykda, kanun çykaryjylyk işinde hem uly wezipeleriň öňde durýandygy, bu wezipeleriň adam hukuklaryny we azatlyklaryny goramak, kanun çykaryjylyk we onuň kadalary, ykdysadyýeti, durmuş syýasaty ulgamyny, ylym, bilim, medeniýet hem-de ýaşlar syýasatyny, sanly ulgamy öz içine alýandygy, daşky gurşawy goramagy, tebigatdan peýdalanmagy we agrosenagat toplumyny, Türkmenistanyň daşary syýasy işini, ýerli wekilçilikli häkimiýet we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralaryny, saýlawlary göz öňünde tutulýanlygy babatda Türkmen halkynyň milli Lideri belläp geçipdi.

Şeýle hem, geçen ýylyň dowamynda Türkmenistanyň hormatly Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda göz öňünde tutulan özgertmeleriň netijeli amala aşyrylmagyna gönükdirilen anyk çäreler hem kesgitlenildi.

Mälim bolşy ýaly, ýurdymyzda durmuşa geçirilýän bu giň möçberli maksatnamalardyr meýilnamalary ýerine ýetirmegiň kanunçylyk esaslaryny üpjün etmek maksady bilen hasabat ýylyň dowamynda Türkmenistanyň Milli Geňeşi tarapyndan Türkmenistanyň kanunçylyk-hukuk binýady döwrüň talabyna laýyklykda yzygiderli kämilleşdirildi. Şeýlelikde hasabat döwründe jemi 52 kanun kabul edilip, olar täze kanunlardan we hereket edýän kanunlara üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek bilen kämilleşdirilen kanunlardan ybaratdyr. Ýagny, «Elektron hökümet hakynda», «Notariat we notarial işi hakynda», «Itçilik we kinologiýa işi hakynda», «Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda» (rejelenen görnüşi), «Ýerli öz-özüňi dolandyryş hakynda», « Sirk we sirk sungaty hakynda» Türkmenistanyň kanunlary kabul edilen täze kanunlardyr.

Şu ýerde Türkmenistanyň Jenaýat Kodeksiniň hem hasabat ýylynda rejelenen görnüşde kabul edilenligini we 1-nji ýanwar 2023-nji ýylda herekete girizilenligini, esasan hem kodeksiň kadalarynyň ynsanperwerleşdirilenligini bellemelidiris.

Agzalanlardan başgada, hasabat döwründe hereket edýän beýleki kanunlara girizilen üýtgetmeler we goşmaçalar, ýurdymyzyň milli kanunçylygyny döwrüň talabyna laýyk getirmek we halkara hukuk kadalaryny milli kanunçylygymyza ornaşdyrmak işlerinde zerur işleriň alnyp barlanlygyny görkezýär. Bu kanunlaryň hem käbirlerini agzap geçsek dogry bolar. Ýagny «Türkmenistanyň Jenaýat iş ýörediş kodeksine», «Türkmenistanyň Raýat iş ýörediş kodeksine», «Türkmenistanyň Administratiw hukuk bozulmalary hakynda kodeksine», «Salgytlar hakynda», «Ýer hakynda» Türkmenistanyň bitewi kanunlaryna, «Harby borçlulyk we harby gulluk hakynda», «Goranmak hakynda» Türkmenistanyň Kanunlaryna we başgada birnäçe kanunlara üýtgetmeler we goşmaçalar girizilip kämilleşdirildi. «Türkmenistanyň «Ene mähri» diýen hormatly adyň Düzgünnamasyna üýtgetme we goşmaça girizmek hakynda» Kanunyň kabul edilenligini hem aýratyn bellemelidiris. Çünki bu kanun esasynda Türkmenistanyň “Ene mähri” diýen hormatly ada mynasyp bolan köp çagaly enelere we olaryň maşgala agzalaryna goşmaça ýeňillikler göz öňünde tutulandyr.

Görşüňiz ýaly kabul edilen kanunlar ýurdumyzyň ösüşiniň dürli ugurlaryny kadalaşdyrmagyň hukuk esaslaryny, şeýle-de adamyň raýatlyk, syýasy, ykdysady, durmuş we medeni hukuklaryny doly üpjün etmäge niýetlenendir.

Türkmenistan ýüzlerçe halkara resminamalaryna goşulmak bilen, ol resminamalaryň kadalaryny milli kanunçylymyza ornaşdyrmak we ol kadalary iş ýüzünde berjaý etmek bilen halkara borçnamalaryna ygrarlydygyny iş ýüzünde subut edip gelýär. Şeýlelikde geçen ýyl hem Döwletimiziň birnäçe halkara resminamalary tassyklamagy ýa-da goşulmagy hakynda Türkmenistanyň kanunlarynyň kabul edilenligini hem bellemegimiz gerek. Bu halkara resminamalary bir tarapdan ýurdymyzyň ösüşiniň dürli ugurlary boýunça halkara giňişliginde hereket etmegine täsir edýän bolsa, beýleki bir tarapdan adamyň hukuklaryny we bähbitlerini goramakda we üpjün etmekde möhüm orun eýeleýär.

Mälim bolşy ýaly Adalatçynyň adam hukuklary babatda Türkmenistanyň kanunçylygynyň kämilleşdirilmegine ýardam etmek işi «Adalatçy hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň VI babynda kesgitlenilýär. Ýagny, Adalatçynyň bu wezipesi milli kanunçylygymyzy Türkmenistanyň Konstitusiýasyna, halkara şertnamalaryna, halkara hukugynyň umumy ykrar edilen ýörelgelerine we kadalaryna laýyk getirmekde ýardam etmekden ybaratdyr.

Geçen ýylyň dowamynda Adalatçynyň diwany tarapyndan agzalan wezipeleri ýerine ýetirmek maksady bilen Türkmenistanyň Mejlisiniň kanun çykaryjylyk işiniň meýilnamasy we Türkmenistanyň Mejlisiniň seretmegine girizilen kanun taslamalary bilen yzygyderli tanyşyldy we olar boýunça degişli teklipler berildi. Şeýle-de, Adalatçynyň diwanynyň wekilleri Türkmenistanyň Mejlisinde döredilen «Notariat we notarial işi hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň taslamasyny we Türkmenistanyň Jenaýat kodeksiniň taslamasyny taýýarlamak boýunça iş toparlaryň agzalary hökmünde geçirilen maslahatlara we başga-da birnäçe kanun taslamalaryň üstünde işlemäge we maslahatmaga işjeň gatnaşdylar.

Şonuň ýalyda Adalatçy, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň geçen ýylyň dowamynda gurnan çärelerine we kanunçylyk-hukuk binýadyny kämilleşdirmek boýunça toplumlaýyn maksatnama laýyklykda işlenip taýýarlanylan kanunlaryň taslamalaryna seretmek üçin geçiren birnäçe maslahatlaryna gatnaşmagy dowam etdi.

Ýokarda beýan edilşi ýaly, hasabat döwründe Türkmenistanyň durmuşynyň dürli ulgamlarynda ösüşlere gönükdirilen durmuş-ykdysady we demokratik özgertmeleriň amala aşyrylmagy üçin ýurdumyzda hereket edýän milli kanunçylyk ulgamy döwrebaplaşdyrylyp, onuň üsti ýetirilip duruldy. Şol edilýän işleri dowam etmek bilen, hereket edýän beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalar hem yzygiderli seljerilip kabul edilen kanunlaryň talaplaryna laýyk getirilip durulmalydyr.

Görkezilenleriň esasynda kanunçylygy kämilleşdirmäge we kanunçylygyň talaba laýyk ulanylmagyna ýardam etmek maksady bilen teklip edýäris:

- ministrliklere we pudaklaýyn dolandyryş edaralaryna (tabynlygyndaky edaralarda), döwlet häkimiýetiniň ýerli edaralaryna we ýerli öz-özüni dolandyryş edaralaryna degişli kadalaşdyryjy hukuk namalaryny hereket edýän kanunçylygyň kadalaryna laýyk getirmek işlerini doly alyp barmagyny dowam etmegi;

- ministrliklere we pudaklaýyn dolandyryş edaralaryna (tabynlygyndaky edaralarda), döwlet häkimiýetiniň ýerli edaralaryna we ýerli öz-özüni dolandyryş edaralaryna işlerini gurnamagyň hukuk esasy bolan kadalaşdyryjy hukuk namalaryny degişli tertipde kabul etmek we döwlet belliginden geçirmek işlerini doly alyp barmagyny dowam etmegi;

- ygtyýarly döwlet edaralary tarapyndan ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralaryň, döwlet häkimiýetiniň ýerli edaralarynyň we ýerli öz-özüni dolandyryş edaralarynyň kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň hereket edýän kanunçylygyň kadalaryna laýyk getirilmegine gözegçiligi güýçlendirmegi we ol edaralaryň işini düzgünleşdirýan kanunlarda göz öňünde tutulan kadalaşdyryjy hukuk namalaryň kabul edilenligine we kanunçylyga laýyk gelýänligine seljerme geçirlip degişli tertipde bellige alynmagynyň berjaý edilmegini.

VI bap. Adalatçynyň jemgyýetçilik çärelerine gatnaşmagy, adam hukuklary babatda habarlylygyň ýokarlandyrylmagyna ýardam etmegi

Adamyň we raýatyň hukuklary we azatlyklary, olary goramagyň görnüşleri we usullary babatda ilatyň habarlylygyny ýokarlandyrmaga ýardam etmek «Adalatçy hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň talaplaryna laýyklykda, Adalatçynyň esasy wezipeleriniň biridir. Adalatçynyň bu wezipesi ýurdymyzda geçirilýän dürli jemgyýetçilik çärelerine, maslahatlara gatnaşmak, ol çärelerde we köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde çykyşlar edilmegi, maglumatlar çap edilmegi netijesinde ýerine ýetirilýär.

Geçen hasabat ýylyň dowamynda hem Adalatçynyň jemgyýetçilik çärelerine gatnaşmak, adam hukuklary babatda ilatyň habarlylygyny ýokarlandyrmaga ýardam etmek işleri hemişeki ýaly dowam etdirildi. Bilşimiz ýaly geçen ýylyň dowamynda şanly seneler bilen baglanşykly ýurdumyzda garaşsyzlyk ýyllarynda bolup geçýän giň gerimli oňyn özgertmeleriň netijelerine bagyşlanan hem-de halkara ähmiýetli wakalar mynasybetli dürli çäreler geçirildi. Adalatçy hem öz wezipe ygtyýarlyklaryny ýerine ýetirmegi bilen bir hatarda, ýurdymyzda geçirilen bu çärelere işjeň gatnaşdy. Şeýle-de, Adalatçynyň diwanynyň 2022-njy ýyl üçin tassyklanan iş Meýilnamasynda göz öňünde tutulan adam hukuklary babatda ilatyň habarlylygyny ýokarlandyrmaga ýardam bermeklige gönükdirilen çäreleri hem ýylyň dowamynda amala aşyrdy.

Bular barada aýtsak, ilki bilen Adalatçynyň ýylyň dowamynda yzygiderli geçirilýän ähmiýetli çärelere gatnaşmagynyň üstünde durup geçeliň.Ýagny ýurdymyzda il-ýurt bähbitli meseleleri halkyň wekilleri bilen maslahatlaşmak däbine eýerilip geçirilýän, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň geçen ýylda geçirilen mejlislerine Adalatçy hem agza hökmünde gatnaşdy.

Şeýle-de, Adalatçy Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň kanun çykaryjylyk meýilnamasyna laýyklykda, geçen ýylyň dowamynda geçiren, altynjy çagyrlyşynyň maslahatlaryna hem doly gatnaşdy. Adalatçy ol maslahatlaryň birinde, has takygy on ýedinji maslahatda «Adalatçy hakynda» Türkmenistanyň kanunynyň talaplaryna, şeýle-de maslahatyň gün tertibine laýyklykda, 2021-njy ýylda alyp baran işleri we ýurtda adam hukuklary babatdaky ýagdaý hakynda Maglumaty bilen çykyş etdi. Aýratyn bellemeli zatlaryň biri hem bu maslahatda, Mejlisiň deputatlary tarapyndan Adalatçynyň täze möhlete saýlanmagydyr.

Ýagny Türkmenistanyň ilkinji Adalatçysynyň saýlanylmagyna bäş ýyl dolup kanunçylygyň, has takygy Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we «Adalatçy hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň degişli kadalaryna laýyklykda Adalatçynyň täze möhlete saýlawy geçirildi.

Ondan başga-da Adalatçy, Türkmenistanyň adam hukuklary babatda halkara borçnamalarynyň we halkara ynsanperwer hukugynyň ýerine ýetirilmegini üpjün etmek boýunça Pudagara toparynyň geçen ýylyň dowamynda geçirilen mejlislerine hem doly gatnaşyp, bu mejlisleriň gün tertibine girizilen adam hukuklaryny we azatlyklaryny üpjün etmäge gönükdirilen dürli meseleler we şol mejlislerde ara alnyp maslahatlaşylan käbir resminamalaryň taslamalary boýunça öz pikirlerini we tekliplerini beýan etdi.

Mälim bolşy ýaly Türkmenistan geçen ýyl Merkezi Aziýanyň zenanlarynyň durmuş-ykdysady we syýasy işini pugtalandyrmak üçin netijeli gurala öwrülen Merkezi Aziýa ýurtlarynyň zenanlarynyň Dialogyna başlyklyk etdi. Ýylyň dowamynda Dialogyň iki maslahaty geçirildi. Ýagny maý aýynda Aşgabat şäherinde Merkezi Aziýa döwletleriniň we Russiýa Federasiýasynyň «Jemgyýetçilik-syýasy we durmuş-ykdysady ösüşlerde zenanlaryň orny» ady bilen, şeýle-de Halkara Bitaraplyk gününiň we Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk derejesine eýe bolmagynyň 27 ýyllygynyň öňüsyrasynda Aşgabat şäherinde Merkezi Aziýa ýurtlarynyň zenanlarynyň Dialogynyň ýyllyk jemleýji maslahatlary geçirildi. Adalatçy hem möhüm çäre bolan Dialogyň bu maslahatlaryna gatnaşdy.

Ýokarda belläp geçişimiz ýaly Adalatçy we Adalatçynyň diwanynyň işgärleri taryhy wakalara baý bolan 2022-nji ýylda, ýurdymyzda bellenilýän baýramçylyklara, senelere bagyşlanyp geçirilen beýleki maslahatlara hem işjeň gatnaşdylar.

Geçirilen halkara ähmiýetli çäreleriň biri bolan Halkara Bitaraplyk gününiň we Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk derejesine eýe bolmagynyň 27 ýyllygyna bagyşlanyp dekabr aýynda geçirilen “Dialog parahatçylygyň kepili” atly halkara maslahatyna we onuň aýry-aýry seksiýalarynyň işine Adalatçy we diwanyň işgärleri gatnaşdylar.

Ýurdymyzyň ýokary okuw jaýlarynda adam hukuklary, şol sanda gender deňligine bagyşlanyp geçirilen maslahatlara hem diwanyň işgärleri işjeň gatnaşdylar. Olardan Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň gurnamagynda Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň 30 ýyllygy we Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli geçirilen «Baýdagymyz başymyzyň täjidir – Esasy Kanunymyz döwrümiziň güýjidir» atly maslahatyna, Uniwersitetiň Zenanlar guramasynyň Hukuk fakultetinde gurnamagynda geçirilen «Halkyň Arkadagly zamanasynda Gender deňliginiň konstitusion kepili» atly maslahatyna diwanyň wekilleri gatnaşdylar. Ondan başgada diwanyň wekilleri döwrümiziň möhüm meselelerine bagyşlanan, ýagny iýul aýynda Russiýa Federasiýasynyň Baş prokuraturasynyň wekilleriniň gatnaşmagynda geçirilen maslahata, Durnukly Ösüş Maksatlarynyň Milli hasabatlylygy boýunça okuw maslahatyna, geçen ýylyň maýynda we noýabrynda Halkara Zähmet Guramasynyň degişli edarasy tarapyndan mejbury zähmeti ýatyrmak we çaga zähmetini gadagan etmek babatynda Türkmenistanyň kanunçylygyna berlen syn boýunça geçirilen okuw maslahatyna gatnaşdylar.

Olardan başga-da, Adalatçynyň diwanynyň wekilleri ýurdymyzyň ministrliklerinde we pudak edaralarynda döredilýän iş toparlaryň agzalary bolmak bilen, toparyň maslahatlaryna gatnaşyp, seredilýän meseleler, taýýarlanylýan resminamalar boýunça adam hukuklary, şol sanda umumy ykrar edilen halkara hukuk kadalary nukdaýnazaryndan öz pikirlerini beýan etdiler. Munuň mysaly hökmünde Türkmenistanyň Mejlisiniň kanun taslamalary taýýarlamak boýunça işçi toparlaryň, Türkmenistanyň adam hukuklary babatda halkara borçnamalarynyň we halkara ynsanperwer hukugynyň ýerine ýetirilmegini üpjün etmek boýunça Pudagara toparynyň işçi toparlarynyň, başga-da käbir ministrlikleriň we pudak edaralaryň belli bir meselelere seretmek, resminamalary taýarlamak boýunça işçi toparlaryň maslahatlaryny getirip bolar.

Adalatçynyň diwanynyň ýyllyk Iş Meýilnamasynda göz öňünde tutulan adam hukuklary babatda ilatyň habarlylygyny ýokarlandyrmak boýunça wezipeleriniň çäginde hem yzygiderli işler alnyp baryldy. Esasanda «Adalatçy hakynda» Türkmenistanyň kanunyň Adalatçynyň alyp barýan işleriniň aýan edilmegi baradaky talaplaryny berjaý etmek maksady bilen, Adalatçynyň diwanynyň internet web-saýtynda (ombudsman.gov.tm) Adalatçynyň diwany tarapyndan adam hukuklaryny goramak babatda alnyp barylýan işler dürli sahypalarda ýerleşdirildi. Bu sahypalardaky maglumatlar gündelik täzelenip, şeýle-de okyjylara adam hukuklaryny kadalaşdyrýan halkara we milli kanunçylygyň kadalary bilen tanyşmaga hem mümkinçilik döredilen.

Mundan başga-da Adalatçy we diwanyň işgärleri tarapyndan Türkmenistan döwletimiziň demokratik ösüşlerine, adamyň we raýatyň hukuklaryny we azatlyklaryny üpjün etmek, goramak bilen baglanşykly alnyp barylýan işlere, ýurdymyzyň durmuşy bilen baglanşykly wakalara bagyşlanan çykyşlarydyr-makalalary habar beriş serişdelerinde halk köpçüligine ýetirildi.

Şeýlelikde, Adalatçynyň diwanynyň döredilmeginiň 5 ýyllygy mynasybetli, «Altyn asyr» teleýaýlymy tarapyndan Adalatçynyň wezipesiniň, Adalatçynyň diwanynyň döredilmegi, bu edara tarapyndan bäş ýylyň dowamynda alnyp barlan işlerini beýan edýän, «Ýurdumyzyň halkara guramalar bilen alyp barýan işjeň hyzmatdaşlygy», «Adalatçynyň arz-şikaýatlara seretmeginiň tertibi we oňa syn bermek», «Raýatlyk, syýasy, ykdysady, durmuş we medeni hukuklar» atly mowzuklar boýunça Adalatçy we diwanyň işgärleri tarapyndan edilen çykyşlardan ybarat, Adalatçynyň diwanynda ýazgy edilen ýörüte gepleşigi tomaşaçylaryň dykgatyna ýetirildi. Ondan başgada, «Türkmenistan» teleýaýlymynda «Adalatçynyň diwanynyň alyp barýan işi» atly mowzuk boýunça çykyşlardan ybarat gepleşik tomaşaçylara ýetirildi.

Şeýle hem, Adalatçynyň Türkmenistanda adam hukuklaryny we azatlyklaryny goramagyň gurallary, ýurdumyzda demokratik gymmatlyklary berkarar etmek boýunça alnyp barylýan köptaraply işleriň, özgertmeleriň we demokratik özgerişlikleriň häsiýetini açyp görkezýän makalalary dürli gazetlerde çap edildi. Olardan «Türkmenistan» gazetinde «Adam hukuklarynyň we azatlyklarynyň konstitusion esaslary» atly, «Çagalaryň bagtyýarlygy-nurana geljegiň kepili» atly, şeýle hem Çagalary goramagyň halkara gününe bagyşlanyp, çaganyň hukuklary babatda, bu ugurda tagallalary birleşdirmegiň, hyzmatdaşlygyň wezipeleriniň we mümkinçilikleriniň netijeleri barada Adalatçynyň, BMG-niň Çagalar gaznasynyň (ÝUNISEF) Türkmenistandaky wekiliniň orunbasary Александру Нартеа bilen bilelikde geçirilen «Работать вместе на благо каждого ребёнка» atly söhbetdeşligi «Нейтральный Туркменистан» gazetinde çap edilip, halkymyzyň dykgatyna ýetirildi.

Mundan başga-da, ýurdumyzyň çar künjeginde bellenip geçilýän baýramçylyk günleri, gazanylýan deňsiz-taýsyz üstünlikler we syýasy-jemgyýetçilik wakalar mynasybetli Adalatçynyň diwanynyň wekilleriniň hem ýurdymyzda adam hukuklarynyň we azatlyklarynyň goragy baradaky tagallalara bagyşlanan birnäçe makalalary gazetlerde, has takygy «Türkmenistan», «Нейтральный Туркменистан», «Adalat», «Watan» «Aşgabat» ýaly gazetlerde çap edilip, adam hukuklarynyň dürli ugurlary bilen baglanşykly maglumatlar okyjylaryň dykgatyna ýetirildi. Olardan mysal getirsek, ýurdumyzda adam hukuklaryny goramak boýunça alnyp barylýan işler barada «Adam hukuklary kepillendirilýär» we «Garaşsyzlyk ýyllarynda ýurdumyzda adam hukuklarynyň ösüşi» atly makalalar, Çagalaryň hukuklarynyň goraglylygynyň ýerine ýetirilişi we ýurdumyzda çagalar üçin edilýän aladalara bagyşlanyp, «Счастливое детство-достояние страны», «Bagtyýar çagalygyň mekany», «Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda» Türkmenistanyň kanunynyň täze rejelenen görnüşiniň mazmunlary barada, «Во имя созидателей будущего», «Röwşen geljegiň bagtyýar eýeleri», «Belent ynamyň ykrarnamasy» atly makalalar, şeýle hem Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň kabul edilmeginiňn 30-ýyllygyna bagyşlanyp «Основной закон-гарант обеспечения прав человека посвящённый к 30-летию Туркменистана», «Medeni gymmatlyklaryň mekany» ýaly makalar çap edilip halk köpçüligine ýetirildi.

Maglumatymyzyň şu babynda beýan edilen, Adalatçynyň jemgyýetçilik çärelerine gatnaşmagy, raýatlarymyzyň hukuk habarlylygyny, ýurdymyzda adam hukuklaryny goramak boýunça durmuşa geçirilýän özgertmeler hakynda habarlylygyň ýokarlandyrylmagyna ýardam etmek boýunça hasabat ýylynda alyp baran işleriniň netijesinde ilatymyzyň, şol sanda jogapkär wezipeli adamlaryň, adam hukuklary babatda habarlylygyny, sowatlylygyny we hukuk medeniýetini ýokarlandyrmak işlerini yzygiderli ulgamlaýyn alyp barmagyň zerurlygy barada netijä gelip, öňki ýyllarda beren teklibimizi goldamak bilen aşakdakylary teklip edýäris:

- ýurdumyzda adam hukuklary babatda ilatyň we jogapkär wezipeli adamlaryň, döwlet gullukçylaryň hukuk habarlylygyny, bilimliligini we hukuk medeniýetini ýokarlandyrmakda alnyp barylýan işleri yzygiderli, utgaşykly we ulgamlaýyn alyp barmak maksady bilen ministrlikler, pudak edaralary, welaýat, etrap, şäher häkimlikleri, hukuk goraýjy edaralar, habar beriş serişdeleri, jemgyýetçilik guramalary tarapyndan bilelikde ýerine ýetirilmeli anyk çärelerini göz öňünde tutýan bitewi bir döwlet Maksatnamasynyň taslamasynyň taýýarlanmagyny we degişli tertipde tassyklamaga hödürlemegi;

- şonuň ýaly döwlet Maksatnamanyň taslamasyny taýarlamak, ol Maksatnamalaryň durmuşa geçirilmeginiň netileri babatda halkara tejribesini öwrenmegi.

VII bap. Halkara hyzmatdaşlygy

Türkmenistan geçen hasabat ýylyň dowamynda halkara giňişliginde öňki ýyllarda bolşy ýaly, adamyň we raýatyň hukuklaryna we azatlyklaryna hem degýän döwrüň möhüm meseleleriniň çözgüdini işläp taýýarlamak boýunça tagallalary birleşdirmekde işjeň çykyş etdi. Ýurdumyzyň daşary syýasat ýörelgesiniň esasy ugurlary “Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasat ugrunyň 2022 — 2028-nji ýyllar üçin Konsepsiýasynda” kesgitlenildi. Bu Konsepsiýa ählumumy durnukly ösüşe, halkara gatnaşyklaryň ynsanperwerleşdirilmegine ýardam bermegi maksat edinýär.

Resminama laýyklykda, halkara giňişliginde Türkmenistanyň konstruktiw hyzmatdaşlygy dünýä derejesinde parahatçylygy we howpsuzlygy üpjün etmek, ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyny iş ýüzünde mundan beýläk-de peýdalanmak ýaly möhüm wezipeleri çözmäge gönükdirilendir. Birleşen Milletler Guramasy, Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasy, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygy, Ýewropa Bileleşigi, Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasy we beýleki abraýly halkara guramalar bilen netijeli hyzmatdaşlygy alyp barmaga uly ähmiýet berilýär.

Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasy we onuň ýöriteleşdirilen edaralary bilen hyzmatdaşlygynyň netijeli ösüşi, dürli ugurlarda bilelikde durmuşa geçirilen we amala aşyrylýan taslamalar bilen, şeýle hem Türkmenistanyň başlangyjy boýunça taýýarlanylan we kabul edilen Kararnamalar bilen aýdyň görünýär. Şolaryň hatarynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 2022-nji ýylyň 6-njy dekabrynda geçirilen 77-nji sessiýasynyň 45-nji umumy mejlisinde biragyzdan kabul edilen we BMG-niň agza ýurtlaryň 68-niň awtordaşy bolmagynda 2023-nji ýyly “Parahatçylygyň kepili hökmünde dialogyň halkara ýyly” diýip yglan etmek hakynda Kararnamasydyr.

Daşary ýurt döwletler bilen dostlukly gatnaşyklary we hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak Türkmenistanyň daşary syýasat strategiýasynyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda durýar. Şunuň bilen baglylykda, 2022-nji ýyl Türkmenistan bilen dünýä döwletleriniň birnäçesiniň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllyk şanly senesine beslenendigini bellemek gerek.

Halkara hyzmatdaşlygyň çäginde milli hukuk goraýjy institutlary barada aýdylanda, Pariž ýörelgelerine laýyklykda halkara guramalary we daşary ýurtlaryň milli hukuk goraýjy edaralary (MHGE) bilen arkalaşykly hereket etmek MHGE-niň möhüm wezipeleriniň biridir.

«Adalatçy hakynda» Türkmensitanyň Kanunyna laýyklykda, adam hukuklary babatda halkara hyzmatdaşlygy ösdürmäge, halkara standartlaryny öwrenmäge we ornaşdyrmaga, adam hukuklaryny we azatlyklaryny goramak boýunça Türkmenistanyň halkara borçnamalaryny durmuşa geçirmäge hem-de halklaryň arasynda dostlugy we özara düşünişmegi pugtalandyrylmaga ýardam bermek, Adalatçynyň işiniň esasy ugurlarynyň biridir.

Halkara hyzmatdaşlygy - Adalatçynyň möhüm işleriniň biri hökmünde 2022-nji ýylyň ýyllyk iş meýilnamasynda aýratyn Bap bilen görkezilip durmuşa geçirildi.

Şunuň bilen baglylykda, hasabat ýylynda adam hukuklary babatynda halkara hyzmatdaşlygynyň ösmegine ýardam etmek wezipesiniň çäginde Adalatçynyň ýerine ýetiren işi, şeýle hem halkara guramalarynyň we daşary ýurtlaryň Milli hukuk goraýjy edaralarynyň ýolbaşçylary bilen geçirilen duşuşyklar barada beýan etmegi makul bildik.

Geçen hasabat ýyly Adalatçynyň Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar gaznasynyň (ÝUNISEF) ýurdumyzdaky wekilhanasynyň wezipä täze bellenen ýolbaşçysy Mohammad Faýýaziniň duşuşygy bilen başlandy. Duşuşygyň dowamynda Adalatçynyň diwanynyň döredilen gününden bäri ÝUNISEF bilen ýygjam hyzmatdaşlyk edilýändigi bellenilip, çagalaryň iň gowy bähbitlerine hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary hem-de Türkmenistanda çagalaryň hukuklaryny durmuşa geçirmek boýunça 2018-2022-nji ýyllar üçin hereketleriň Milli meýilnamasynda we 2022-nji ýyl üçin gol çekilen Iş meýilnamasynda göz öňünde tutulýan wezipeleri nazara almak bilen, geljekki mümkinçilikler ara alnyp maslahatlaşyldy. 2022-nji ýylyň Iş meýilnamasyna laýyklykda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy artdyrmak, şeýle hem çagalaryň abadan durmuşyny üpjün etmek we olaryň hukuklaryna hormat goýmak üçin bilelikdäki çäreleri geçirmek üçin birnäçe işler göz öňünde tutulýardy.

Türkmenistanyň Adalatçysynyň Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar Gaznasynyň (YUNISEF) Türkmenistandaky wekilhanasynyň başlygy jenap Muhammet Faýazi bilen duşuşygy.

Şeýle geçirilen çäreleriň biri, geçen ýylyň maý aýynda Türkmenistanyň Adalatçysynyň we BMG-niň Çagalar gaznasynyň (ÝUNISEF) Türkmenistandaky wekiliniň orunbasary bilen bilelikde Aşgabat şäheriniň Saglygy dikeldiş okuw-terbiýeçilik toplumyna baryp görmegi boldy. Bu agzalan toplumda Türkmenistanyň Adalatçysy we ÝUNISEF-niň Türkmenistandaky wekiliniň orunbasary öňdebaryjy tejribeler bilen öz işine ussat bilim we saglygy goraýyş işgärleriniň dürli toparlardaky mümkinçiligi çäkli bolan çagalara aýratyn çemeleşmegi, ol çagalaryň ýöriteleşdirilen şertlerde bilim almagy, olar babatda alnyp barylýan okuw maksatnamalary, toplumyň dürli bejeriş otaglarynyň dünýä ülňülerine laýyk gelýän hem-de häzirki zaman innowasion we ösen tehnologiýalar bilen enjamlaşdyrylyşy we bulardan peýdalanylyşy, her bir çaganyň özüni oňaýly duýmaklary üçin döredilen ähli zerur mümkinçilikler bilen tanyşdylar. Aşgabat şäherinde hem-de welaýatlarda şeýle görnüşdäki birnäçe toplumyň gurlup ulanmaga berilmegi ýurdumyzda her bir çaganyň döwletimiziň aladasy bilen aýratyn gurşalýandygynyň aýdyň subutnamasydyr.

Çagalaryň hukuklaryny goramak, ilatyň we çagalaryň öz hukuklary barada habarlylygyny ýokarlandyrmak Adalatçynyň işiniň esasy ugurlarynyň biridir. Şol sebäpli, Adalatçynyň we ÝUNISEF-niň Türkmenistandaky wekiliniň orunbasary Aleksandru Nartea bilen 1-nji iýun Halkara çagalar gününe bagyşlanan bilelikdäki söhbetdeşligi 2022-nji ýylyň 31-nji maýyndaky "Bitarap Türkmenistan" gazetinde çap edildi. Ol ýerde Adalatçy onuň diwany tarapyndan çaganyň hukuklaryna gözegçilik etmek we durmuşa geçirmekde alyp barýan işleri barada habarçynyň soraglaryna jogap berdi, şeýle hem Adalatçynyň diwany bilen ÝUNISEF-niň arasynda alnyp barylýan netijeli hyzmatdaşlygyň mysallaryny agzap geçdi.

Ýokarda agzalan Iş meýilnamanyň çäklerinde, Adalatçynyň diwany daşary ýurtlarda hereket edýän adam hukuklary boýunça garaşsyz edaralaryň çaganyň hukuklary boýunça degişli bölüminiň iş tejribeligini öwrenmek maksady bilen Gruziýa döwletiniň Halk goragçysynyň edarasynyň wekilleri bilen wideoaragatnaşyk arkaly duşuşygy geçirdi. Duşuşykda Gruziýanyň Halk goragçysynyň edarasynyň wekilleri, Ýekaterina Shiladze we Ketewan Sohadze, hem-de halkara bilermen Georgiý Tuguşi, ýurtda çagalaryň hukuklaryny goramak we ösdürmek boýunça kanunçylygy, ýurtda Halk goragçysynyň edarasy tarapyndan ýerine ýetirilýän işler, çagalaryň ýüz tutmalarynyň görnüşleri we olaryň guramaçylykly seredilşi, degişli bölümleriniň esasy wezipeleri hakynda öňdebaryjy tejribeleri bilen paýlaşdylar.

Adalatçynyň diwany bilen ÝUNISEF-niň Türkmenistandaky wekilhanasynyň netijeli hyzmatdaşlygy barada mysal hökmünde başga bir möhüm sene, 20-nji noýabr - Bütindünýä çagalar gününe bagyşlanyp, geçirilen bilelikdäki çäräni hem getirip bolar. Bu çäre Aşgabat şäherindäki BMG-niň binasynda ýurdumyzyň esasy ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň, diplomatik wekilhanasynyň, şeýle hem köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleriniň gatnaşmaklarynda geçirildi. Çäräni Türkmenistanyň Adalatçysy we ÝUNISEF-iň Türkmenistandaky wekili jenap Mohammad Faýýazi giriş sözleri bilen açdylar. Soňra Adalatçynyň diwanynyň wekilleri «Adalatçynyň çaganyň hukuklaryny goramakda we berjaý etmekde orny» mowzugy boýunça çykyş etdiler.

Şeýle-de, okuw maslahatynyň dowamynda degişli ministrlikleriň we pudak edaralaryň wekilleri çagalary goramak babatda öz ugurlary boýunça esasy üstünlikleri we gazanan netijeleri, şol sanda çagalaryň we maşgalalaryň durmuş taýdan goraglylygy, olaryň hukuklary bilen baglanyşykly milli kanunçylygyň kämilleşdirilmegi barada çykyşlary etdiler. Çäräniň maksady çagalaryň hukuklary babatda ýetilen sepgitleri dabaralandyrmakdan hem-de bu ugurda alnyp barylýan işleri halk köpçüligine ýetirmekden ybarat boldy.

Adalatçynyň diwany bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar Gaznasynyň (ÝUNISEF) 20-nji noýabr - Bütindünýä Çagalar Gününe bagyşlanan bilelikdäki okuw maslahaty.

Adalatçynyň diwanynyň wekilleri geçen ýylyň dowamynda BMG-niň Çagalar Gaznasynyň Türkmenistandaky wekilhanasy (ÝUNISEF) tarapyndan guralan köp sanly beýleki wajyp duşuşyklara, okuw maslahatlara we tegelek stollara gatnaşdylar, ýagny olar Türkmenistanda çagalary goramagyň ulgamyny berkitmek boýunça milli konsepsiýasyny işläp taýýarlamaga ýardam bermek babatda iş maslahaty; Türkmenistanda çagalaryň hukuklaryna gönükdirilen, betbagtçylyklaryň töwekgelçiligini peseltmek boýunça strategiýany ara alyp maslahatlaşmak babatda iş duşuşygy; Türkmenistanda çaganyň we mümkinçiligi çäkli bolan adamlaryň hukuklaryny goramak boýunça parlamentariýler üçin okuw maslahaty; Çagalara ten temmisini bermegi aradan aýyrmak babatda kanunçylyk seljermesiniň deslapky netijeleri hem-de bu ugurda halkara tejribesi bilen tanyşdyrmak boýunça “tegelek stol”; Türkmenistanda çagalaryň hukuklaryny durmuşa geçirmek boýunça 2023-2028-nji ýyllar üçin hereketleriň Milli meýilnamasynyň taslamasyny taýýarlamak boýunça iş maslahatydyr.

Geçen hasabat ýyly Adalatçy bilen BMG-niň Türkmenistandaky ýöriteleşdirilen edaralarynyň we sebitdäki guramalarynyň ýolbaşçylarynyň ençeme duşuşyklary geçirildi. Hususanda, geçen ýylyň dowamynda, çärelere gatnaşylanda geçirilen duşuşyklary hasaba alynmanda, esasy we möhüm hyzmatdaşymyz bolan BMG-niň Adam hukuklary boýunça Ýokary Komissarynyň müdirliginiň Merkezi Aziýa üçin sebitleýin wekili jenap Rişard Komenda bilen aýratyn üç gezek ikitaraplaýyn duşuşyk gurnaldy.

Bu geçirilen duşuşyklaryň dowamynda 2022-nji ýylda bilelikdäki hyzmatdaşlygyň birnäçe meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy, hususan-da, Aziýa we Ýuwaş umman Forumynyň (AÝF) Adam hukuklary boýunça milli hukuk goraýjy edaralar bilen hyzmatdaşlygy, BMG-niň Aýallaryň kemsidilmeginiň öňüni almak boýunça komitetine we Maýyplaryň hukuklary boýunça komitetine milli maglumatlary taýýarlamaga gatnaşmagyň meselesi, adam hukuklary babatda bilimlilik we Türkmenistanyň Adalatçysynyň diwanynyň institusional mümkinçiliklerini ýokarlandyrmak boýunça meseleleri.

BMG-niň Adam hukuklary boýunça Ýokary Komissarynyň müdirliginiň Merkezi Aziýa boýunça sebitleýin wekili Türkmenistanda iş saparynyň bolan günlerinde, 2022-nji ýylyň 20-nji iýulynda BMG-niň Aşgabat şäherindäki binasynda Adalatçy bilen BMG-niň ýurdumyzdaky ýöriteleşdirilen edaralarynyň ýolbaşçylary bilen bilelikdäki iş duşuşygy geçirildi. Bu duşuşyga BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysy, BMG-niň Adam hukuklary boýunça Ýokary Komissarynyň müdirliginiň Merkezi Aziýa boýunça sebitleýin wekili, BMG-niň Ösüş Maksatnamasynyň Türkmenistandaky Hemişelik wekili, ÝUNISEF-niň Türkmenistandaky Hemişelik wekili, BMG-niň Ilat Gaznasynyň (ÝUNFPA) Türkmenistandaky edarasynyň başlygy, BMG-niň Neşe we jenaýatçylyk baradaky müdirliginiň Türkmenistandaky Maksatnamanyň utgaşdyryjysy dagylar gatnaşdylar. Duşuşygyň maksady Durnukly Ösüş Maksatlarynyň global meýilnamasyny durmuşa geçirmegiň çäklerinde adam hukuklaryny goramak boýunça Adalatçynyň diwany bilen BMG-niň hyzmatdaşlarynyň bilelikdäki alyp barýan işlerini pugtalandyrmak boýunça çäreleri ara alyp maslahatlaşmakdan we utgaşdyrmakdan ybarat boldy.

Adalatçynyň bilen BMG-niň ýurdumyzdaky ýöriteleşdirilen edaralarynyň ýolbaşçylary bilen bilelikdäki iş duşuşygy.

Türkmenistanyň Adalatçysy bu duşuşykda Adalatçynyň institutynyň döredilen gününden bäri gazanan üstünlikleri, şeýle hem bu edaranyň mundan beýläk hem ösüşiniň we mümkinçilikleriniň pugtalandyrmagynyň geljekki ädimleri barada jikme-jik durup geçdi.

Geçen ýylyň dowamynda Türkmenistanyň Adalatçysy «Türkmenistan bilen BMG-niň arasynda durnukly ösüş çygrynda 2021-2025-nji ýyllar üçin hyzmatdaşlygyň Çarçuwaly Maksatnamasynyň» çäklerinde döredilen Milli dolandyryş we utgaşdyryş toparynyň agzalarynyň duşuşyklaryna gatnaşdy. Şeýle-de Türkmenistanyň Adalatçysynyň Türkmenistanyň adam hukuklary babatda halkara borçnamalarynyň we halkara ynsanperwer hukugynyň ýerine ýetirilmegini üpjün etmek boýunça pudagara toparyň mejlislerinede hem gatnaşandygyny bellemek gerek. Mejlisleriň dowamynda adam hukuklary bilen baglanyşykly wajyp meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

2022-nji ýylyň mart aýynda Türkmenistanyň we Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň arasynda her ýyl geçirilýän syýasy geňeşmeleri Tükmenistanyň Adalatçysynyň gatnaşmagynda wideokonferensiýa görnüşinde geçirilmegi dowam edildi. Bu çärede Tükmenistanyň Adalatçysy adam ölçegleri meselelerini ara alyp maslahatlaşmagyň çäklerinde çykyş edip, Adalatçynyň diwanynyň alyp barýan işleriniň we adam hukuklary babatda beýleki wajyp meseleleriň üstünde durup geçdi.

Geçen ýylyň dowamynda, Adalatçynyň diwanynyň mümkinçiliklerini ýokarlandyrmak babatynda esasy çäreler Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş Maksatnamasynyň (BMGÖM) Türkmenistandaky wekilhanasy bilen Adalatçynyň diwanynyň arasynda gol çekilen «Türkmenistanyň Adalatçysynyň diwanynyň institusional mümkinçiliklerini ýokarlandyrmak» atly bilelikdäki taslamanyň çäginde geçirildi.

Şeýlelikde, 2022-nji ýylyň 16-17-nji iýunynda Adalatçynyň diwanynyň işgärleri üçin we Türkmenistanyň Adalatçysynyň gatnaşmagynda gibrid görnüşinde iki günlük okuw maslahaty geçirildi. Duşuşygyň dowamynda BMGÖM-niň halkara bilermeni jenap Georgiý Tuguşi milli hukuk goraýjy edaralaryň şikaýatlar bilen işlemegiň halkara tejribesine syn berip, milli hukuk goraýjy edaralaryň işini kämilleşdirmegi kadalaşdyrmagyň oňyn guramaçylyk we kanuny taraplary barada mysallar getirdi. Şeýle hem gatnaşanlar şikaýatlara seretmek babatda «Adalatçy hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň degişli düzgünlerini ara alyp maslahatlaşdylar. Duşuşygyň netijesinde, bilermen agzalan kanunyň kadalarynyň Pariž ýörelgelerine laýyk gelýändigine we Adalatçynyň diwanyň iş tejribesine hem-de gysga wagtyň içinde gazanan üstünliklerine ýokary baha berip, diwanyň işini mundan beýläk hem ösdürmek bilen bagly birnäçe teklipleri beýan etdi.

Adalatçynyň diwanynyň halkara ähmiýetli işinde geçen ýylyň bir möhüm wakasy hökmünde, «Türkmenistanyň Adalatçysynyň diwanynyň institusional mümkinçiliklerini ýokarlandyrmak» atly bilelikdäki taslamanyň çäginde Aziýa we Ýuwaş umman Forumynyň (AÝF) Adam hukuklary boýunça milli hukuk goraýjy edaralarynyň, BMG-niň Adam hukuklary baradaky Ýokary Komissarynyň müdirliginiň we BMGÖM-niň bilermen toparynyň Türkmenistanyň Adalatçysynyň diwanynyň mümkinçiliklerine baha bermek boldy. Türkmenistanyň Adalatçysynyň diwanynyň mümkinçiliklerine baha bermek boýunça işi ilki bilen geçen ýylyň aprel aýynda Adalatçynyň diwanynyň binasynda gibrid görnüşinde geçirilen tanyşdyryş duşuşygyndan başlandy.

Duşuşyga Türkmenistanyň Adalatçysy, BMGÖM-iň Türkmenistandaky hemişelik utgaşdyryjysy hanym Narine Saakýan, bu guramanyň ýurtdaky we Stambul şäherindäki wekilhanasynyň wekilleri, BMG-niň Adam hukuklary boýunça Ýokary Komissarynyň müdirliginiň ýurtdaky we Bişkek şäherindäki sebitleýin merkeziniň wekilleri, Mongoliýanyň Adam hukuklary boýunça milli toparyň agzasy - garaşsyz bilermen hanym Nara Ganbat, şeýle hem Aziýa we Ýuwaş umman Forumynyň (AÝF) Adam hukuklary boýunça milli hukuk goraýjy edaralarynyň bilermenleri hanym Rozlin Nunan we hanym Pip Dargan gatnaşdylar. Duşuşygyň dowamynda gatnaşyjylar Adalatçynyň diwanynyň mümkinçiliklerine baha bermegiň usulyýeti we geljekde meýilleşdirilýän çäreler bilen tanyşdylar we bu babatda birnäçe meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar.

Göz öňünde tutulan meýilnama laýyklykda, 2022-nji ýylyň 13-nji iýulynda Türkmenistanyň Adalatçysynyň we Aziýa we Ýuwaş umman Forumynyň (AÝF) arasynda özara düşünişmek barada Ylalaşyga gol çekilip, oňa görä Türkmensitanyň Adalatçysynyň diwanyna baha bermek işiniň saparyny 2022-nji ýylyň 04-14-nji oktýabr aralygy geçirmek meýilleşdirildi.

Soňra 2022-nji ýylyň 26-njy iýulyndan 28-nji iýuly aralygynda Türkmenistanyň Adalatçysynyň diwanynyň mümkinçiliklerine baha bermek boýunça ýörite topary bilen wideoaragatnaşyk görnüşinde deslapky duşuşygy geçirildi. Adalatçynyň diwanynyň mümkinçiliklerine baha bermek topary Aziýa we Ýuwaş umman Forumynyň (AÝF) Adam hukuklary boýunça milli hukuk goraýjy edaralary boýunça bilermenleri hanym Rozlin Nunan, hanym Pip Dargan, jenap Ahmed Şahid we Mongoliýanyň Adam hukuklary boýunça milli toparyň komissary - garaşsyz bilermen hanym Nara Ganbat dagylardan, şeýle hem BMGÖM-iň Aşgabat şäherindäki we Stambul şäherindäki sebitleýin wekilhanasynyň, BMG-niň Adam hukuklary boýunça Ýokary Komissarynyň müdirliginiň Merkezi Aziýa üçin sebitleýin wekilhanasynyň wekillerinden ybarat boldy.

Üç günüň dowamynda, Adalatçynyň diwanynyň mümkinçiliklerine baha bermek toparyň geçirilmegi meýilleşdirilýän iş saparynyň guramaçylyk meselelerini ara alyp maslahatlaşmak üçin Türkmenistanyň Adalatçysy bilen onlaýn duşuşyk geçirildi, şeýle hem Adalatçynyň diwanynyň wekilleri üçin, aýratynlykda hem Milli Geňeşiniň Mejlisiniň deputatlary, Ýokary kazyýetiniň we Adalat ministrliginiň wekilleri üçin adam hukuklaryny goraýan garaşsyz edaranyň mümkinçiliklerine baha berilmegiň wezipeleri we maksatlary bilen tanyşdyrmak üçin brifing hem geçirildi.

Şeýlelik bilen göz öňünde tutulan meýilnama laýyklykda, 2022-nji ýylyň 04-nji oktýabryndan 14-nji oktýabryna çenli Adalatçynyň diwanynyň mümkinçiliklerine baha bermek topary ýurdumyza gelip, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň we Mejlisiniň başlyklarynyň orunbasarlary hem-de komitetleriniň ýolbaşçylary bilen, şeýle hem Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň başlygynyň orunbasary, Baş prokurorynyň orunbasary, Aşgabat şäher we Ahal welaýat häkimleriniň orunbasarlary, Adalat ministrliginiň, Içeri işler ministrliginiň, Döwlet migrasiýa gullugynyň we Döwlet gümrük gullugynyň ýolbaşçylarlarynyň orunbasarlary hem-de bu edaralaryň degişli bölümleriniň ýolbaşçylary bilen ikitaraplaýyn duşuşyklary geçirdiler.

Türkmenistanyň Adalatçysynyň Mümkinçiliklerine baha bermek topary bilen duşuşygy

Şeýle hem Türkmenistanyň Adalatçysynyň diwanynyň mümkinçiliklerine baha bermek boýunça ýörite topar Balkan welaýatynda iş saparynda bolup, ol ýerde Balkan welaýatynyň häkiminiň orunbasary we Türkmenbaşy şäheriniň häkimliginiň wekilleri bilen duşuşdylar. Ondan başgada aýratynlykda Türkmenistanyň jemgyýetçilik guramalarynyň, ýagny Zenanlar birleşiginiň, Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň welaýat Geňeşleriniň, Gyzyl ýarymaý milli jemgyýetiniň welaýat müdirlikleriniň, Körler we kerler jemgyýetiniň, Maýyplaryň merkezi bedenterbiýe-sport klubynyň wekilleri bilen duşuşyklary geçirdiler.

Ýörite toparyň wekilleri Adalatçynyň diwanynyň işgärleri bilen duşuşygy hem-de söhbetdeşligi aýratynlykda geçirdiler. Adalatçynyň diwanynyň mümkinçiliklerine baha bermek usulyýetine laýyklykda duşuşyklaryň netijelerinden soň işgärlere sowalnamalar berildi.

Ýörite topar tarapyndan geçirilen Türkmenistanyň Adalatçysynyň diwanynyň mümkinçiliklerine baha bermek işleriniň netijesinde geçen ýylyň dekabr aýynda Mümkinçiliklere baha bermegiň hasabatynyň ilkinji taslamasy berildi. Adalatçynyň diwanynyň mümkinçiliklerine baha bermek we bu baha bermegiň netijesinde işlenip düzüljek Strategiki meýilnama Adalatçynyň diwanyň işiniň mundan beýläk hem kämilleşmegine we Türkmenistanyň Adalatçysynyň diwany haçanda Milli Adam Hukuklary Guramalarynyň Global Bileleşiginde (GANHRI) degişli dereje (akkreditasiýa) almagyň düzgünleri boýunça hereket edende özüniň oňyn täsirini ýetirer.

Pariž ýörelgelerine laýyklykda, halkara guramalardan başga-da daşary ýurtlaryň adam hukuklary boýunça milli institutlary bilen hem özara gatnaşyklary saklamak MHGE-iň möhüm wezipeleriniň biridir. Hasabat ýylynda, Türkmenistanyň Adalatçysynyň diwany Merkezi Aziýanyň goňşy ýurtlarynyň we ýakyn daşary ýurt döwletleriniň milli hukuk goraýjy edaralary bilen özara hyzmatdaşlygy saklady. Muňa mysal hökmünde, Türkmenistanyň Adalatçysynyň 2022-nji ýylyň iýun aýynda Daşkent şäherinde bolup geçen Merkezi Aziýa döwletleriniň Ombudsmenleriniň 1-nji Forumyna gatnaşandygyny, bu forumyň Özbegistan Respublikasynyň Oliý Mažlisiniň Adam hukuklary boýunça wekiliniň (Ombudsman) Sekretariaty tarapyndan gurnalandygyny we forumyň çäginde «Türkmenistanda Adam hukuklary boýunça ygtyýarly wekil - Adalatçynyň we Özbegistan Respublikasynyň Oliý Mažlisiniň Adam hukuklary boýunça wekiliniň (Ombudsman) arasynda hyzmatdaşyk hakynda» ikitaraplaýyn Ähtnama gol çekilendigini görkezip bolar.

«Türkmenistanda Adam hukuklary boýunça ygtyýarly wekil - Adalatçynyň we Özbegistan Respublikasynyň Oliý Mažlisiniň Adam hukuklary boýunça wekiliniň (Ombudsman) arasynda hyzmatdaşyk hakynda» Ähtnamanyň gol çekişligi

Geçirilen Forumyň dowamynda gatnaşyjylar Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Ombudsmenleriniň özara gatnaşygy, zenanlaryň, çagalaryň we maýyplygy bolan adamlaryň hukuklaryny goramak ugrundaky tagallalaryň we mümkinçilikleriň birleşdirilmegi, bu işlerde sanly tehnologiýalary ulanylmagy, şeýlede azatlykdan mahrum edilen adamlaryň hukuklaryny üpjün etmek meselesini ara alyp maslahatlaşdylar.

Türkmenistanyň Adalatçysy Forumda çykyş edip, bu halkara çäräniň geçirilmegi, ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk hakynda Ähtnamalara gol çekilmegi we jemleýji resminama hökmünde Daşkent Jarnamasynyň kabul edilmegi Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Ombudsmenleriniň arasyndaky bilelikdäki hyzmatdaşlygyň maksatlaryny we wezipelerini kesgitlemekde özara düşünişmegiň ýokary derejesini görkezýändigini belledi. Şeýle hem, Türkmenistanyň Adalatçysy Forumyň ikinji sessiýasynda çykyş edip, ýurdumyzda maýyplygy bolan adamlaryň hukuklarynyň üpjün edilişi, olara döredilýän mümkinçilikler we bu ugurda Adalatçynyň diwanynyň alyp barýan işleri barada beýan etdi.

Forumyň netijesinde Merkezi Aziýa döwletleriniň Ombudsmenleriniň 1-nji Forumynyň Daşkent jarnamasy hem kabul edildi.

Soňra bolsa Özbegistana iş saparynyň çäginde Türkmenistanyň Adalatçysy Özbegistanyň Oliý Mažlisiniň Adam hukuklary boýunça ygtyýarlysynyň (Ombudsman) sebitleýin edaralaryny döretmek boýunça tejribesi bilen tanyşdy. Hususan-da, Türkmenistanyň Adalatçysy wekiliýetiň düzüminde, Oliý Mäžlisiniň Adam hukuklary boýunça ygtyýarlynyň Samarkand welaýaty boýunça Sebitleýin wekiliniň işiniň guralşy bilen ýerinde tanyşdy.

Türkmenistanyň Adalatçysynyň Samarkand welaýatynda bolan sapary wagtynda, Samarkand welaýat Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň Halk kabulhanasynyň ilatynyň kabul edilmegi we olaryň ýüz tutmalaryna seredilmegi boýunça guramaçylyk işi bilen tanyş boldy.

Şeýle hem, Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň ýanyndaky işewür guramalaryň hukuklaryny we kanuny bähbitlerini goramak boýunça ygtyýarlysy (Biznes Ombudsman) bilen umumy duşuşyk geçirildi. Şol duşuşykda wekiliýetiň agzalary bu institutyň işi barada birnäçe meseläni ara alyp maslahatlaşdylar we pikir alyşdylar.

Iş saparynyň netijesinde adam hukuklaryny goramak boýunça birnäçe guramanyň işini döretmekde we guramakda Özbegistan Respublikasynyň oňyn tejribesini ulanmak mümkinçiligi döredilendigi bellenildi.

Türkmenistanyň Adalaçysynyň Özbegistanda bolan iş saparynyň çäginde Çagalaryň hukuklary boýunça Oliý Mažlisiniň ygtyýarlysy (Çagalaryň Ombudsmeni) Aliýa Ýunusowa bilen duşuşygy geçirildi. Duşuşykda taraplar çagalaryň hukuklaryny goramak, olaryň hukuklaryny durmuşa geçirýän edaralaryň işine gözegçilik etmek, jemgyýetçilik guramalary bilen işlemek we halkara hyzmatdaşlygy boýunça tejribe alyşdylar. Şeýle hem, Türkmenistanyň Adalatçysynyň diwany tarapydan BMG-niň Çaganyň hukuklary boýunça komitetine hödürlemek üçin Alternatiw maglumaty taýýarlamak işine başlanandygy bellenildi.

Çagalaryň Ombudsmeni Aliýa Ýunusowa, Özbegistanyň Çaganyň hukuklary boýunça ygtyýarlysynyň aýratyn institutyny döretmekde we onuň işini guramakda öz tejribesini paýlaşdy. Bilnişi ýaly, 2021-nji ýylda Özbegistanda Oliý Mažlisiniň Çaganyň hukuklary boýunça ygtyýarlysy (Çagalaryň Ombudsmeni) instituty resmi taýdan döredildi. Bu Özbegistanyň Prezidentiniň «Çaganyň hukuklarynyň kepilliklerini üpjün etmek ulgamyny mundan beýläk-de kämilleşdirmek boýunça çäreler hakyna» Permany bilen göz öňünde tutulandyr.

Türkmenistanyň Adalatçysynyň Özbegistan Respublikasynyň Çagalaryň Ombudsmeni Aliýa Ýunusowa bilen duşuşygy.

2022-nji ýylyň 1-nji iýulynda Türkmenistanyň we Özbegistanyň Ombudsmenleri Özbegistanyň Adam hukuklary boýunça Oliý Mažlisiniň ygtyýarlysynyň (Ombudsman) sekretariatynyň binasynda duşuşyk geçirdiler. Duşuşygyň dowamynda Ombudsmenler öz ýurtlarynyň milli adam hukuklary goraýan edaralarynyň işleriniň esasy ugurlary, edaralaryň wezipesi we guramaçylygy barada pikir alyşdylar. Şeýle hem milli adam hukuklary goraýan edaralarynyň döwlet häkimiýet edaralary, raýat jemgyýeti, milli we halkara hyzmatdaşlar bilen gatnaşygy barada pikir alyşdylar.

Şeýle-de, Özbegistanyň Ombudsmany Özbegistanyň Oliý Mažlisiniň (Ombudsman) adam hukuklary boýunça ygtyýarlynyň sekretariatynyň Milli adam hukuklary goraýayn edaralaryň Global Bileleşiginde (GANHRI) akkreditasiýa almak tejribesini paýlaşdy.

Duşuşygyň ahyrynda Ombudsmenler edaralaryň arasyndaky gatnaşyklary halkara giňişliginde has-da güýçlendirmek isleglerini mälim etdiler.

Türkmenistanyň Adalatçysynyň Özbegistan Respublikasynyň Ombudsmany Ferýuza Eşmatowa bilen duşuşygy

Geçen ýylyň dowamynda Türkmenistanyň Adalatçysy şeýle-de beýleki ýurtlaryň milli institutlarynyň döredilen senesine bagyşlanan möhüm sebit forumlaryna we maslahatlaryna wideokonferensiýa arkaly gatnaşdy, ýagny, olar: Gyrgyz Respublikasynyň Ombudsmeniniň döredilmeginiň (Akyýkatçy) 20 ýyllygyna bagyşlanan “Ombudsmeniň institutynyň adam hukuklaryny goramakda tutýan orny” atly halkara ylmy-amaly maslahaty; Azerbaýjan döwletiniň Adam hukuklary boýunça ygtyýarly wekiliniň edarasynyň döredilmeginiň 20 ýyllygyna bagyşlanan “Işewürlik we adam hukuklary babatynda Ombudsmeniň we milli adam hukuklary boýunça institutlaryň orny” atly Ombudsmenleriň we milli adam hukuklary boýunça institutlaryň halkara Baku maslahaty; Özbegistan Respublikasynyň Oliý Mejlisiniň Adam hukuklary boýunça ygtyýarly wekiliniň institutynyň 27 ýyllygy mynasybetli «Adamyň hukuklary we kanuny bähbitleri - döwletiň we jemgyýetiň iň ýokary gymmaty» atly halkara maslahatydyr.

Merkezi Aziýa ýurtlarynyň adam hukuklaryny goraýan institutlarynyň arasynda sebitleýin hyzmatdaşlyga täze itergi beren 2022-nji ýylyň 21-22-nji noýabrynda Türkiýe Respublikasynyň Stambul şäherinde Merkezi Aziýada adam hukuklaryny goraýan milli edaralaryna ýardam bermek boýunça başlangyjyň (CASI/NHRI) çäklerinde geçirilen Sebitleýin maslahaty boldy. Bu çärä Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Ombudsmenleri we adam hukuklary boýunça milli institutlaryň wekilleri hem-de milli hyzmatdaşlar bolup durýan parlamentleriň wekilleri, adam hukuklary boýunça komissiýalary gatnaşdylar.

Merkezi Aziýada adam hukuklaryny goraýan milli edaralaryna ýardam bermek boýunça başlangyjyň (CASI/NHRI) çäklerinde geçirilen Sebitleýin maslahaty

Maslahatyň çäginde bäş ýurduň - Türkmenistanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň we Özbegistanyň Ombudsmenleri we parlamentiň wekilleri milli adam hukuklary boýunça edaralar üçin ileri tutulýan ugurlary ara alyp maslahatlaşdylar, şol sanda: Milli adam hukuklaryny goraýan edaralarynyň Global Bileleşiginde (GANHRI) akkreditasiýa almak boýunça we BMG-niň adam hukuklaryny goramak mehanizmlerine gatnaşmagy bilen baglanşykly meselelere seredildi. Şeýle-de maslahatyň esasy mowzuklarynyň biri sebitleýin kynçylyklaryň ýüze çykýan şertlerinde, ýagny işewürlik çygrynda we howanyň üýtgemegi netijesinde adam hukuklarynyň bozulmagy, çaknyşyklarda adam hukuklaryny öňe sürmekde we goramakda adam hukuklary boýunça milli edaralaryň tutýan orny barada boldy.

Hasabat ýylynda, ÝHHG-niň agza döwletleriň Ombudsmenleriniň edaralary bilen tejribe alyşmak çäreleri hem dowam etdirildi. Şeýlelikde, ÝHHG-niň Aşgabatdaky Merkeziniň «Adalatçynyň diwanynyň mümkinçiligini ýokarlandyrmaga ýardam» atly taslamasynyň çäginde geçen hasabat ýylynyň iýul aýynda wideoaragatnaşyk arkaly Türkmenistanyň Adalatçysynyň diwany bilen Moldowanyň Halk Adowakatynyň edarasynyň arasynda Milli hukuk goraýjy edaralaryň zenanlaryň hukuklaryny goramakda we gender deňligini üpjün etmekde tutýan orny barada maslahat geçirildi.

Agzalan duşuşyk Türkmenistanyň Adalatçysynyň we Moldowanyň Halk Adwokatynyň (Ombudsmen), hem-de olaryň diwanynyň işgärleriniň gatnaşmagynda geçirildi. Maslahatyň dowamynda gatnaşyjylar zenanlaryň hukuklaryny goramak we gender deňligini öňe sürmek üçin hukuk gurallary we mehanizmleri, şeýle hem Moldowanyň Halk Adwokatynyň Moldowa Respublikasynda adam hukuklaryny goramak we höweslendirmek, hem-de Milli hukuk goraýjy edaralaryň döwlet edaralary, raýat jemgyýetiniň arasyndaky hyzmatdaşlygy ýaly mowzuklar ara alnyp maslahatlaşdy.

Türkmensitanyň Adalatçysynyň diwanynyň we Moldowanyň Halk Adwokatynyň edarasynyň wideoragatnaşyk arkaly geçirilen duşuşygy

Şeýle hem, Türkmenistanyň Adalatçysy iýul aýynda Türkmenistan bilen Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň hyzmatdaşlygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanan maslahatyna gatnaşdy we çykyş etdi. Maslahata gatnaşyjylar ÝHHG bilen Türkmenistanyň arasyndaky harby-syýasy, ykdysady, daşky gurşaw we adam ölçegleri boýunça taslamalaryň hyzmatdaşlyk esasynda üstünlikli ýerine ýetirilmegi boýunça ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri hem-de ÝHHG-niň degişli bölümleriniň wekilleri tarapyndan edilen çykyşlary diňlediler.

Geçen ýylyň dowamynda Adalatçynyň diwanynyň wekilleri ÝHHG-niň Aşgabatdaky Merkezi tarapyndan gurnalan «Ýigrenç esasynda amala aşyrylýan jenaýatlara jogap hökmünde kazyýet pudagyny güýçlendirmek», «ÝHHG guramasynyň agza döwletlerinde kanunçylygyň hökmürowanlygy bilen bagly meselelerde oňyn tejribeler», «Türkmenistanda adam hukuklary boýunça 2021-2025-nji ýyllar üçin Hereketleriň milli Meýilnamasynyň habar beriş serişdeleriniň erkinligine degişli bentlerini ýerine ýetirmekde goldaw bermek», «Söz we pikir azatlygyny goraýan kanunlary we amallary kämilleşdirmek boýunça» ýaly okuw maslahatlara işjeň gatnaşdylar.

Hasabat ýylyň noýabr aýynda Türkmenistanyň Adalatçysy wideoaragatnaşyk arkaly Russiýa Federasiýasynyň Adam hukuklary boýunça ygtyýarlysynyň diwany tarapyndan gurnalan "Hukuk goraýyş işleriniň ugry hökmünde adam hukuklarynyň we azatlyklarynyň meseleleri boýunça hukuk bilimini artdyrmak" atly Ombudsmenleriň Ýewraziýa Bileleşiginiň VII mejlisine synçy hökmünde gatnaşdy we çykyş etdi. Bu duşuşyga gatnaşyjylar hukuk goraýyş işleriniň ugry hökmünde zähmet, migrasiýa we ýaşlar syýasaty, hukuk bilimini artdyrmak, hususan-da mekdeplerde we ýokary okuw jaýlarynda adam hukuklary babatdaky bilim, ilatyň hukuk habarlylygyny ýokarlandyrmak bilen bagly meseleleri ara alyp maslahatlaşmakdan ybarat boldy. Duşuşygyň ahyrynda gatnaşyjylar adam hukuklaryny goraýjy edaralaryň bilelikdäki tagallalarynyň adam hukuklaryny goramak pudagynda bilim we maglumat çäreleriniň has hem netijeli durmuşa geçirilmegine goşant goşýandygyny bellediler.

Onuň yzýany «Ýewraziýa giňişliginde adam hukuklarynyň goragynyň meseleleri: Ombudsmenleriň öňdebaryjy tejribe alyşmaklary» atly VI halkara ylmy-amaly maslahat geçirildi we oňa Türkmenistanyň Adalatçysy hem wideoaragatnaşyk arkaly gatnaşdy. Maslahatyň esasy mowzugy ýaşlar syýasaty we ýaşlaryň bilim, zähmet üpjünçiligi, syýasy, telekeçilik, meýletin we jemgyýetçilik işleri bilen bagly hukuklaryny goramak, durmuş goraglylygyna mätäç ýaşlara goldaw bermek ýaly meselelere bagyşlandy.

"Hukuk goraýyş işleriniň ugry hökmünde adam hukuklarynyň we azatlyklarynyň meseleleri boýunça hukuk bilimini artdyrmak" atly Ombudsmenleriň Ýewraziýa Bileleşiginiň VII mejlisi

Türkmenistanyň Adalatçysy bu maslahatda «Ýaşlar syýasatyny ösdürmäge we durmuşa geçirmäge ýaşlaryň gatnaşmagy» atly mowzuk bilen çykyş etdi. Çykyşyň dowamynda ýurdumyzda ýaşlar syýasaty babatda kanunçylyk namalaryny kämilleşdirmäge, ýaşlary durmuş taýdan goramak meselelerine yzygiderli aýratyn üns berilýändigi, muňa «Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň rejelenen görnüşiniň kabul edilmegi, «Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2021-2025-nji ýyllar üçin Döwlet Maksatnamasynyň» we başga-da birnäçe resminamalaryň şaýatlyk edýändigi hem-de ýaş raýatlaryň ösüşi üçin ýurtda giň mümkinçilikleriň döredilýändigi barada belläp geçdi.

Noýabr aýynyň soňunda Türkmenistanyň Adalatçysy Aşgabat şäherinde geçirilen «Türkmenistan - Ýewropa Bileleşigi»: Adam hukuklary boýunça nobatdaky duşuşyga gatnaşdy. Türkmenistanyň Adalatçysy duşuşygyň dowamynda Adalatçynyň diwanynyň ýeten esasy sepgitlerini we öňünde goýulan wezipeleri, Milli adam hukuklaryny goraýan edaralarynyň Global Bileleşigi we Ýewropadaky hyzmatdaşlary bilen bilelikde amala aşyrylýan hyzmatdaşlygy barada habar berdi. Şeýle hem, taraplar Türkmenistanyň Adam hukuklary babatda halkara borçnamalarynyň we halkara ynsanperwer hukugynyň durmuşa geçirilmegi bilen bagly bolan meseleleriň giň toplumyny ara alyp maslahatlaşdylar. Kanunyň hökmürowanlygy we kazyýet özgertmeleri, ykdysady, durmuş hem-de medeni hukuklar, halkara guramalary bilen köptaraplaýyn hyzmatdaşlyk gün tertibiniň esasy meseleleriniň hatarynda boldy.

Şeýle-de, hasabat ýylynda Türkmenistanyň Adalatçysynyň Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Mihael Uwe Birhoffyň we Beýik Britaniýa we Demirgazyk Irlandiýanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Lyusiýa Waýld dagylar bilen duşuşyklary bolup geçdi. Geçirilen duşuşyklaryň dowamynda ilçiler Adalatçynyň diwanynyň işi we ony düzgünleşdirýän kadalaşdyryjy hukuk namalary bilen tanyşdyryldy.

2022-nji ýylyň 29-njy noýabrynda BMG-niň Adam hukuklary boýunça Ýokary komissarynyň Müdirliginiň (AHÝKM) Merkezi Aziýa boýunça sebitleýin wekilhanasy tarapyndan gurnalan Gynamalara garşy Konwensiýasynyň fakultatiw Teswirnamasy boýunça Türkmenistanyň Adalatçysynyň gatnaşmagynda hem Türkmenistanyň adam hukuklary babatda halkara borçnamalarynyň we halkara ynsanperwer hukugynyň ýerine ýetirilmegini üpjün etmek boýunça pudagara toparynyň agzalary üçin tegelek stol geçirildi. Onuň yzyýany 30-njy noýabrda şeýle çäre agzalan Pudagara toparynyň iş topary üçin hem geçirildi. Duşuşyklar Türkmenistanda iş saparynda bolan AHÝKM-iň wekilleri, ýagny AHÝKM-iň Merkezi Aziýa boýunça sebitleýin wekiliniň orunbasary jenap Fabio Piana, AHÝKM-iň adam hukuklary boýunça maslahatçysy jenap Artur Ýasewiç, AHÝKM-iň Gynamalara garşy Aziýa we Ýuwaş umman boýunça sebitleýin toparynyň başlygy jenap Nika Kwarasheliýa dagylaryň gatnaşmagynda geçirildi. Çäräniň dowamynda ýokarda agzalan AHÝKM-iň wekilleri gatnaşyjylara gynamalara garşy göreş nukdaýnazaryndan adam hukuklary babatda halkara ulgamyna geçirilen synyny hödürlediler hem-de Gynamalara garşy Konwensiýasynyň fakultatiw Teswirnamasynyň tassyklanmagy we ýerine ýetirilmegi boýunça halkara tejribesini paýlaşdylar.

Geçen ýylyň noýabr aýynda Türkmenistanyň Adalatçysy wideoaragatnaşyk arkaly “Zamin” halkara jemgyýetçilik gaznasynyň we BMG-niň Çagalar gaznasynyň (ÝUNISEF) tarapyndan bilelikde gurnalan «Çagalaryň sagdyn daşky gurşawa bolan hukuklaryny üpjün etmek» atly halkara forumynada gatnaşdy.

Geçen ýylyň 5-6-njy dekabrynda Türkmenistanyň Adalatçysy Samarkand şäherinde Özbegistanyň Adam hukuklary boýunça milli merkeziniň we BMG-niň Adam hukuklary baradaky Ýokary komissarynyň Müdirliginiň bilelikde gurnamaklarynda «Adam hukuklary boýunça bilim» atly Bütindünýä forumyna gatnaşdy. Forum halkara bilermenleriň we hünärmenleriň, Özbegistanyň döwlet edaralarynyň, ýöriteleşdirilen bilim edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleriniň, ýokary wezipeli işgärleriň, hem-de 30-dan gowrak ýurtlaryň adam hukuklaryny goraýjy taraplary we professorlaryň gatnaşmagynda geçirildi.

Umumy mejlisde BMG-niň Bilim we Adam hukuklary çygrynda taýýarlyk (BAHT) hakynda Deklarasiýasynyň durmuşa geçirilmeginiň çäginde gazanylan üstünlikler we häzirki döwürde duş gelinýän meseleler, BAHT-ny netijeli öwrenmek üçin ýörelgeler we çemeleşmeler ara alnyp maslahatlaşyldy. Gatnaşyjylaryň geçirilen gürrüňdeşlikleriň dowamynda öňdebaryjy tejribelerden alnan sapaklar, şeýle hem dünýäde bar bolan maglumatlar, edaralar we maksatnamalar barada özara işjeň maglumat alyşyldy. Çärä gatnaşyjylara dünýäniň dürli uniwersitetleriniň adam hukuklary boýunça öňdebaryjy professor mugallymlary Özbegistandaky hukuk öwreniji ýokary okuw mekdeplerinde adam hukuklaryny öwretmek boýunça «ussatlyk sapaklary» berdiler. Forumyň ahyrynda 2023-2025-nji ýyllar üçin “Adam hukuklary çygrynda bilimi ösdürmek üçin Samarkand hereketleriň meýilnamasy” atly jemleýji resminamasy kabul edildi.

Bu agzalan çärelerden başgada, Adalatçynyň diwanynyň wekilleri adam hukuklary we azatlyklary bilen baglanyşykly köp sanly beýleki çärelere hem gatnaşdylar.

Şeýlelik bilen, geçen ýylyň başynda Adalatçynyň diwanynyň wekili «Ýeňme» jemgyýetçilik guramasy tarapyndan gurnalan, Türkmenistanyň jemgyýetçilik guramalarynyň foruma gatnaşdy. Çäräniň dowamynda jemgyýetçilik guramalary geçen ýyllarda ýerine ýetiren işleriniň jemleri, döwlet edaralary, telekeçilik jemgyýetleri bilen özara aragatnaşygy saklamakda üstünlikli tejribeleri bilen paýlaşdylar. Pudagara özara gatnaşyklaryň modelini ösdürmek, raýat, durmuş, ekologiki, ykdysady teklipleri öňe sürmek we raýat jemgyýetini ösdürmegiň ugurlary boýunça ilatyň habarlylygyny ýokarlandyrmak geçirilen Forumyň esasy maksady boldy.

Ýanwar aýynda «Howpsuz, düzgünleşdirilýän we yzygiderli migrasiýa» hakyndaky Ählumumy ylalaşygy milli derejede ornaşdyrmak boýunça Türkmenistanyň iş toparynyň agzalarynyň Migrasiýa boýunça halkara guramasynyň (IOM) wekilleri bilen bilelikdäki iş maslahaty geçirildi. Oňa Türkmenistanyň Adalatçysynyň diwanynyň wekili hem wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly gatnaşdy. Duşuşygyň baş mowzugy BMG-niň Nýu-Ýorkdaky dolandyryş edarasynda şu ýylyň maý aýynda geçiriljek Ählumumy ylalaşygyň ýerine ýetirilişine syn bermek boýunça bütindünýä forumyna milli derejede taýýarlyk görmek bilen bagly meseleleri ara alyp maslahatlaşmakdan ybarat boldy.

Geçen ýylyň dowamynda Adalatçynyň diwanynyň wekilleri Türkmenistanda Durnukly Ösüş Maksatlaryny durmuşa geçirmek boýunça Iş toparynyň duşuşyklaryna gatnaşdylar. Duşuşyklaryň dowamynda Türkmenistanyň ikinji Meýletin milli synyna taýýarlyk işleri, şeýle hem DÖM-iň millileşdirilen görkezijilerini taýýarlamak bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Maslahatda ýurdumyzda DÖM-iň aýratyn görkezijileriniň durmuşa geçirilşi barada maglumatlar we taraplardan degişli teklipler we maslahatlar berildi.

2022-nji ýylyň 14-nji fewralyndan 17-nji fewraly aralygynda Türkmenistanyň Adalatçysynyň diwanynyň wekilleri onlaýn formatda geçirilen Adam hukuklary boýunça milli hukuk goraýjy edaralary akkreditasiýa etmek boýunça Aziýa we Ýuwaş umman Forumynyň okuw maslahatyna gatnaşdylar. Maslahatyň dowamynda gatnaşyjylar Adam hukuklaryny goramak boýunça milli edaralary akkreditasiýa etmegiň tertibi we düzgünleri bilen baglanyşykly meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar, bu ugurda toplan baý we öňdebaryjy tejribelerini paýlaşdylar, şeýle hem toparlardaky «amaly işe» we soňky mejlislerdäki maslahatlaşmalara gatnaşdylar.

Geçen ýylyň noýabr aýynda Almata şäherinde Gazagystan Respublikasynyň Parlamenti, Ombudsmeni we “BMG-Zenanlar” Gazagystandaky düzümi tarapyndan gurnalan gibrid görnüşde “Merkezi Aziýada aýallar we gyzlar töwekgelçilikli topar: zorlugyň düýp sebäplerini aradan aýyrmak we pidalara goldamaw” atly Giňeldilen gepleşiklerinde Adalatçynyň wekili wideoragatnaşyk arkaly gatnaşdy we çykyş etdi. Çäräniň maksady Merkezi Aziýa döwletleriniň milli adam hukuklary goramak bilen bagly edaralarynyň wekilleriniň, döwlet edaralarynyň wekilleriniň, raýat jemgyýeti aktiwistleriniň zorlugyň öňüni almak we pidalara goldaw bermek baradaky bilelikdäki geçirmeli çäreler barada tejribe alyşmakdan we teklipleri taýýarlamakdan ybarat boldy.

Noýabr aýynyň soňunda Adalatçynyň diwanynyň wekili Bişkek şäherinde geçirilen Zorlukly ekstremizmiň öňüni almak we oňa garşy göreşmek nukdaýnazaryndan tussag edilmegine gözegçilik etmek we bu babatda adam hukuklaryny goramak boýunça sebitleýin okuw maslahatyna gatnaşdy. Çäre Ýewropada howpsuzlyk we hyzmatdaşlyk guramasynyň (ÝHHG) guramasynyň Demokratik institutlar we adam hukuklary baradaky býurosy (ODIHR) tarapyndan gurnalan we onuň esasy maksady adam hukuklary babatda habarlylygy ýokarlandyrmak we halkara tejribesiniň oňyn mysallaryna esaslanyp, sebitiň penitensiar ulgamyny kämilleşdirmek boldy.

Geçen 2022-nji hasabat ýylynyň başynda, BMG-niň Aşgabatdaky binasynda Türkmenistanyň Adalatçysynyň diwany bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş Maksatnamasynyň (BMGÖM) Türkmenistandaky wekilhanasy bilen bilelikdäki «Türkmenistanyň Adalatçysynyň diwanynyň institusional potensialyny ýokarlandyrmak» atly durmuşa geçirýän taslamasynyň çäginde «Adam hukuklaryny goramak boýunça milli edaralaryň hukuk goraýjy edaralar bilen iş alyp barmaklygyň ýörelgeleri» atly okuw maslahaty geçirildi. Okuw maslahata ýurdumyzyň hukuk goraýjy edaralaryň, şol sanda olaryň welaýat müdirlikleriniň, Aşgabat şäher we welaýatlardaky adwokatlar kollegiýalarynyň wekilleri onlaýn gornüşinde gatnaşdylar. Geçirilen okuw maslahatynyň netijesinde, gatnaşyjylar halkara kadalar we ýörelgeler bilen tanyş boldylar, olaryň hukuk habarlylygy ýokarlandy, şeýle hem adam hukuklaryny goramak boýunça milli edaralary bilen özara işi alyp barmaklygyň derwaýs taraplaryny hem-de bilelikdäki ugurlaryny ara alyp maslahatlaşyldy.

Hasabat ýylynyň dekabr aýynda Türkmenistanyň Adalatçysynyň diwanynyň işgärleri gender deňligi boýunça hünärlerini ýokarlandyrmak üçin BMG-niň Ilat gaznasynyň halkara bilermeni Lori Mann tarapyndan geçirilen okuw maslahatyna gatnaşdylar. Geçirilen iki günlik okuw maslahatynyň netijesinde, Adalatçynyň diwanynyň wekilleri gender deňligi boýunça öňdebaryjy halkara tejribeleri bilen tanyş boldylar.

Beýan edilenlerden başgada Adalatçynyň diwanynyň wekilleri Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Ýerine ýetiriji komiteti tarapyndan Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Adam hukuklary boýunça toparynyň Düzgünnamasynyň taslamasyny ara alyp maslahatlaşmak boýunça geçirilen 6 sany maslahatyna gatnaşyp taslama boýunça öz pikirlerini beýan etdiler.

Beýan edilen bapdan görnüşi ýaly, 2022-nji ýylda Adalatçynyň diwany halkara guramalary we milli adam hukuklary goraýan edaralary işjeň hyzmatdaşlygy alyp bardy, bu bolsa öz gezeginde garaşsyz adam hukuklary goraýan edaranyň mümkinçiliklerini ösdürmäge we adam hukuklary we azatlyklary babatynda halkara hyzmatdaşlar bilen özara hyzmatdaşlygy mundan beýläk hem berkitmäge goşant goşdy.

Halkara giňişliginde Türkmenistanyň daşary syýasaty, belli bolşy ýaly, halkara guramalary bilen netijeli hyzmatdaşlyga we ählumumy durnukly ösüşe gönükdirilendir, bu hakykatda biziň ýurdumyz adam hukuklary babatynda halkara borçnamalaryny ýerine ýetirmek üçin anyk çäreleriň yzygiderli amala aşyrýandygyny görkezýär. Ýurdumyzyň adam hukuklary babatdaky halkara borçnamalaryny üpjün etmegini dowam etmek üçin şu aşakdakylary teklip edýäris:

- Türkmenistan tarapyndan kabul edlen BMG-niň şertnamalaýyn edaralarynyň tekliplerini ýerine ýetirmek üçin ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralaryň zerur çäreleri görmegi;

adam hukuklary babatynda täze halkara resminamalara goşulmak mümkinçiligini öwrenilmegi.

VIII bap. Adalatçynyň ýüztutmalary we teklipleri

Türkmenistanda Adam hukuklary boýunça ygtyýarly wekil bolup durýan Adalatçynyň adamyň we raýatlaryň hukuklarynyň we azatlyklarynyň döwlet tarapyndan goragynyň kepilliklerini, şeýle-de döwlet häkimiýet edaralary, ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralary we olaryň wezipeli adamlary tarapyndan ol kepillikleriň berjaý edilmegini we hormat goýulmagyny üpjün etmek boýunça «Adalatçy hakynda» Türkmenistanyň kanunynyň 19-nјy maddasyna laýyklykda, esasy wezipeleriniň biri adamyň we raýatlaryň hukuklarynyň we azatlyklarynyň berjaý edilmegine, olaryň bozulan hukuklarynyň we azatlyklarynyň dikeldilmegine ýardam bermegidir, agzalan kanunyň 18-nјi maddasyna laýyklykda bolsa olaryň Türkmenistanyň Konstitusiýasy, gaýry kadalaşdyryjy hukuk namalary we Türkmenistanyň halkara şertnamalary bilen kepillendirilen hukuklarynyň we azatlyklarynyň bozulmagy bilen baglanşykly wezipeli adamlaryň we guramalaryň hereketlerine we çözgütlerine bolan şikaýatlaryna seretmegidir.

Agzalan Kanunyň 27-nji maddasyna laýyklykda, Adalatçynyň öz ygtyýarlyklarynyň çäklerinde önümçilige kabul edilen şikaýatlary barlamaklyga ýardam edilmegini sorap ygtyýarly döwlet edaralaryna, ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralaryna, wezipeli adamlara ýüz tutmaklyga hukugynyň bardygy, 30-nјy maddasy esasynda hem adamyň we raýatyň hukuklarynyň we azatlyklarynyň bozulandygy takyklanan halatynda olary bozan kärhanalara, edaralara, guramalara ýa-da wezipeli adamlara gaýragoýulmasyz olaryň dikeldilmegini sorap, maslahat beriş häsiýetdäki teklip iberýändigi kesgitlenendir.

Maglumatymyzyň şu babynda «Adalatçy hakynda» Türkmenistanyň kanunynyň 27-nji maddasyna esaslanyp, iberlen ýüztutmalarynyň we 30-njy maddasyna salgylanyp berlen teklipleriniň üstünde durup geçeris.

Şeýlelikde maglumatymyzyň şu ýerinde seljerilýän ýylyň dowamynda ýüztutmalar boýunça iberlen, Adalatçynyň 101 sany ýüztutmasy, 3 sany teklibi, 6 sany degişliligi boýunça iberilenleri boýunça geçirilen barlaglaryň netiјesinde kanagatlandyrlanlarynyň käbirininiň üstünde aşakdaky getirjek mysallarymyzda durup geçeris.

Ýagny, raýatlarymyzyň Türkmenistanyň Konstitusiýasy, Türkmenistanyň Ýaşaýyş jaý kodeksi we beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalary bilen ýaşaýyş jaý edinmekleriniň, edinen ýaşaýyş jaýlarynda ýaşamaklarynyň we beýleki hukuklarynyň kepillendirlendigine garamazdan, geçirilen barlaglarda olaryň käbirleriniň ýaşaýyş јaýa bolan hukuklarynyň bozulmagy netijesinde dürli guramalara, şol sanda Adalatça ýüz tutmaga meјbur bolnan ýagdaýlary hem bolýar.

Şeýlelikde Türkmenistanyň Ýaşaýyş jaý kanunçylygynda göz öňünde tutulan hukuklary hem-de maşgala agzalarynyň, şol sanda kämillik ýaşýna ýetmedik çagalarynyň köplügi, ýaşaýyş jaýyna mätäçdikleri göz öňünde tutulyp, ýaşaýyş jaý bilen üpjün edilmegine ýardam berilmegi barada zenanlarymyzyň ýüztutmalary hem Adalatçynyň esasy üns merkezinde bolup, olar boýunça geçirlen işleriň netijesinde käbirleri kananagatlandyryldy.

Meselem, Aşgabat şäheriniň ýaşaýjysy Ş.R., ýazgyda duran ýeri bolan gaýyn öýünde, şeýle hem atasy öýünde ýaşaýanlaryň köplügi, ol ýerlerde ýaşamak mümkinçiligiň ýoklugy sebäpli işleýän ýeriniň umumy ýaşaýyş jaýynyň bir otagynda dokuz çagasy we adamsy bilen ýaşaýandyklaryny, 2015-nji ýyldan bäri mellek ýer we ýaşaýyş jaý nobatynda duranlygyny, nobatynyň ýetmeýänligine salgylanylyp ýaşaýyş jaý bilen üpjün edilmeýänligini görkezip, mätäç hökmünde ýaşaýyş jaý bilen üpjün edilmegine ýardam berilmegini sorap ýazan arzasy hasaba alnyp, Adalatçy tarapyndan Ş.R.yň getirýän delilleri barlanyp, ýagny ýaşaýan salgysyna barlyp, ýaşaýyş şerti öwrenilip, onuň ýüztutmasyny kanagatlandyrmak esaslandyrylyp, “ Adalatçy hakynda” Türkmenistanyň Kanunyň 30-njy maddasyna esaslanyp, Aşgabat şäher häkimligine teklip berildi. Teklibe berlen jogapda Ş.R. arzasynyň kanagatlandyrylyp, onuň maşgalasyna Aşgabat şäheriniň A.Berdiýew köçesiniň …-njy jaýyndan üç otagly öýüň berlip, ony resmileşdirmek boýunça Türkmenistanda hereket edýän kanunçylygyň talaplaryna laýyklykda degişli işleriň alnyp barylýandygy barada habar berildi.

Maglumatymyzda bu getiren mysalymyz, Adalatçynyň diwanynda aýratynda köp çagaly raýatlaryň ýaşaýyş jaýa bolan hukuklarynyň goralmagy, çagalaryň mynasyp ýaşaýyş şertlerinde ösmeklerini üpjün etmek meseläni hemişe üns merkezinde saklanyp, olar boýunça netijeli işleri geçirýändigine şaýatlyk edýän subutnamadyr.

Raýatlarymyz tarapyndan ýaşaýyş jaý meseleleri bilen baglanyşykly ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralarynyň işine nägilelik bildirilip, köpçülikleýin ýazylan arzalar boýunça Adalatçynyň diwany tarapyndan geçirilen işler boýunça hem kanagatlanarly netijeler gazanylany boldy.

Mysal üçin, Aşgabat şäheriniň ýaşaýjylary T.B. we beýlekileriň, ozalky ýaşaýyş jaýlarynyň sökülip, hili pes we doly enjamlaşdyrylmadyk ýaşaýyş jaýyna göçürlendikleri, bu barada ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralaryna iberen ýüztutmalarynyň netijesiz galdyrylýandygyny görkezip, bu meselede ýardam berilmegini sorap köpçülikleýin ýazan arzasy hasaba alnyp, geçirilen işleriň netijesinde, arzada görkezilen kemçilikleri düzetmek boýunça «Arslan» hususy kärhanasynyň işgärleri tarapyndan ýaşaýyş jaýyň ýylylyk we öýleriň howalandyryş ulgamlary kada laýyk getirilendigi, suw gyzdyryjy enjamlar, gaz plitalar ýerine goýlup doly gurnalandygy, hajathana, hammam otaglarynda, balkonlarda düzediş we bejeriş işleriň geçirilendigi, ýaşaýyş jaýyň üçegindäki ýagyn suwlaryny äkidiji ulgamyň kada laýyk düzedilendigi, aragatnaşyk ulgamlarynda sazlaýyş işleri geçirilip, öýleri ulgama birikdirmek işleriň dowam etdirilýändigi, öýlerde tok we agyz suw ölçeýji enjamlary gurnamak, ýaşaýyş jaýyň daşky durkuny abatlamak işleriň ýerine ýetirilýändigi, şeýle hem ýaşaýyş jaýyň suw üpjünçilgini doly ýola goýmak maksady bilen potratçy tarapyndan suw rezerwuaryň we suw bekediniň gurluşyk işleriniň alnyp barylýandygy, mundan başga-da ýaşaýyş jaýyň kemçiliklerini gurluşyk kadalaryna laýyklykda doly düzetmek boýunça degişli ýolbaşçylara berk tabşyrygyň berlip, gözegçiligiň ýola goýulandygy barada habar berildi.

Şeýlede, Aşgabat şäheriniň Büzmeýin etrabynyň Senagat köçesiniň ...-njy jaýynyň ýaşaýjylary U.N. we beýlekileriň paýly gurluşyk boýunça baglaşan şertnamalary esasynda gurulmaly ýaşaýyş jaýyň gurluşyk işlerine başlanylmandygyndan nägile bolup, bu meselede ýardam berilmegi soralyp köpçülik bolup ýazylan arza Adalatçynyň önümçiligine alnyp, Kanunyň 27-nji maddasyna laýyklykda, Adalatçynyň ýüztutmasy esasynda, Aşgabat şäheriniň häkimliginiň ýardam bermeginde seredilip, paýly gurluşyk boýunça gurulmaly ýaşaýyş jaýyň gurluşygyna möhletinde başlamaklygyň Aşgabat şäheriniň häkiminiň 2021-nji ýylyň 23-nji aprelindäki № 508 belgili karary boýunça Aşgabat şäheriniň Büzmeýin etrabynyň Senagat köçesinde döwletiň býujet serişdeleriniň hasabyna gurulmagy meýilleşdirilen 1 sany 4 gatly 32 öýli hem-de 1 sany 4 gatly 48 öýli ýaşaýyş jaýlaryň gurluşyk meýdançasyna düşýän 1 gatly 4 sany ýaşaýyş jaýlaryň sökülip aýrylmagy we Aşgabat şäheriniň häkimliginiň ýaşaýyş jaýlary baradaky jemgyýetçilik iş topary tarapyndan ol ýaşaýyş jaýy sökülip aýrylan hojalyklaryň ýaşaýyş jaýlary bilen üpjün edilmekleriniň zerur bolandygy sebäpli gijikdirlendigi takyklanyp, muňa garamazdan şol wagtda “Humarala” hususy kärhanasy tarapyndan Aşgabat şäheriniň Büzmeýin etrabynyň Senagat köçesiniň 0-njy jaýynyň ýaşaýjylaryna paýly gurluşyk esasynda baglaşan şertnamalary boýunça gurulmaly jaýyň gurluşyk işlerine başlanandygy barada habar berildi.

Aşgabat şäheriniň ýaşaýјysy N.J.niň adamsy K.J.niň hususy eýeçiligindäki ýaşaýyş jaýynda ýazgyda durup, ýaşap oturan jaýlarynyň sökülüp, onuň ýerine berlen ýaşaýyş jaýa kämillik ýaşyna ýetmedik gyzy D.J. bilen özüniň ýazga girmeklerine adamsynyň garşy bolup, özi bilen resmileşdirilen nikany bozup, berlen ýaşaýyş jaýy döwlet notarial edaranyň üsti bilen satmakçy bolanynda razylyk bermändigi sebäpli, kazyýetiň çözgüdi esasynda döwlet notarial edarasyny satmak-satyn almak şertnamany baglaşmaga borçly etdirenligini, soňra jaýy satyn alanyň hak isleýiş arzasy kazyýet tarapyndan kanagatlandyrylyp, kämillik ýaşyna ýetmedik gyzy D.J. bilen bilelikde ýaşaýyş jaýyndan çykarylmaly edilendiklerini görkezip, ýaşaýyş jaý meselesinde özüniň we kämillik ýaşyna ýetmedik çagasynyň hukuklarynyň dikeldilmegine ýardam bermekligi sorap Adalatçynyň diwanyna ýazan ýüztutmasy hasaba alnyp, Kanunyň 30-nјy maddasyna esaslanyp, Türkmenistanyň Ýokary kazyýetine teklip iberildi. Teklibe berlen јogapda raýatyň ýüztutmasy kanagatlandyrylyp, Türkmenistanyň raýat iş ýörediş kodeksiniň talaplaryna laýyklykda, döwlet notarial edarasyny satmak-satyn almak şertnamany baglaşmaga borçly etmek we eneli-gyzy ýaşaýyş jaýyndan çykarmak baradaky kazyýet çözgütleriniň sökülip, jedeli edilen ýaşaýyş jaýyň derejesiniň ilkibaşky ýagdaýa getirilendigi barada habar berildi.

Bu mysaldan görnüşine görä, ýüz tutan raýat bilen bilelikde, esasan kämillik ýaşyna ýetmedik çaganyň kanunçylykda, şol sanda «Çaganyň hukuklarynyň döwlet kepillikleri hakynda» Türkmenistanyň kanunynda we Türkmenistanyň ýaşaýyş jaý kodeksinde kepillendirilen ýaşaýyş јaýynda ýaşamaga bolan hukuklarynyň bozulyp, onuň dikeldilenligini bellemelidiris.

«Migrasiýa hakynda» Türkmenistanyň kanunynyň 24-nji maddasynda raýatlarymyzyň Türkmenistanyň çäginden çykmaklyga we girmeklige bolan hukuklary kepillendirlen. Emma, raýatlarymyzyň käbir ýüztutmalarynda kanunyň bu kadalarynyň bozulyp, erkin hereket etmek hukuklarynyň çäklendirilýänligi barada ýüzlenilýär.

Meselem, Balkan welaýatynyň ýaşaýjysy, gazak milletiň wekili O.U., hemişelik ýaşamak üçin daşary ýurda gitmeklige razyçylygyň berlendigine garamazdan, özüni we ogluny daşary ýurda gidýänleriň sanawyna goşmaýandyklaryny görkezip, gysga wagtyň içinde Türkmenistanyň çäginden çykmaklyga ýardam edilmegini sorap iberen telegrammasy Adalatçynyň önümçiligine alnyp, Kanunyň 27-nji maddasyna esaslanyp,Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugyna getirilýän deliliň barlanylmagyna ýardam etmek üçin iberildi. Adalatçynyň ýüztutmasyna gelen jogap hatda, O.U. we oglunyň Türkmenistanyň çäginden çykmaklygyna päsgelçiligiň ýokdugy görkezilip, olar ýurdyň çäginden päsgelçiliksiz çykyp gitdiler.

Mary welaýatynyň ýaşaýjysy K.A.nyň hem özüniň daşary ýurda gitmekligine degişli gulluklar tarapyndan rugsat berilmeýändigini görkezip, bu meselede ýardam berilmegini sorap ýazan şikaýaty hasaba alnyp, Kanunyň 27-nji maddasyna esaslanyp, onda getirilýän delilleriniň barlanylmagyna ýardam edilmegi üçin Türkmenistanyň Döwlet Migrasiýa gullugyna iberildi. Adalatçynyň ýüztutmasyna berlen jogap hatda, K.A.nyň «Migrasiýa hakynda» Türkmenistanyň kanunynyň 24-nji maddasyna laýyklykda ýurdymyzyň çäginden çykyp we gaýdyp gelmegine päsgelçiligiň ýokdugy barada habar berildi we bu barada raýata jogap haty iberildi.

Dünýäde Covid-19 ýiti ýokanç keseliniň pandemiýasy ýaýran döwründe bu keseliň öňüni almak üçin ähli ýurtlarda degişli wagtlaýyn çäklendirmeler girizildi. Türkmenistanda hem şol döwür halkymyzyň saglygyny gorap saklamak maksady bilen wagtlaýyn çäre hökmünde daşary ýurtlara howa gatnawlary bes edilen-de bolsa, döwletimiz daşary ýurtda galan raýatlarymyzyň aladasyny etmek bilen, olaryň ata-watanymyza dolanmaklary üçin ýörite käbir ugurlar boýunça howa gatnawlaryny ýola goýdy. Adalatçy hem agzalan döwürde raýatlarymyzyň hukuklarynyň berjaý edilşini diwanyň ýyllyk iş meýilnamasynda göz öňünde tutulan çäreleriň çäginde gözegçilikde saklady we şol bir wagtda bu meseleler bilen baglanşykly ýüztutmalara seretmekde degişli işleri ýerine ýetirdi.

Ýagny, Aşgabat şäheriniň ýaşaýjysy B.A.,aýalynyň daşary ýurtdan Türkmenistana gaýdyp gelmegine ýardam berilmegini babatda Türkmenistanyň Daşary işler ministrligine ýazan arzalarynyň kanagatlanarly seredilmegine ýardam edilmegini soran ýazan ýüztutmasy hasaba alnyp, Kanunyň 27-nji maddasyna esaslanyp, Türkmenistanyň Daşary işler ministrligine iberildi we Adalatçynyň ýüztutmasyna berlen jogap hatda, Adalatça ýüz tutan raýatyň aýaly B.A.nyň 2022-nji ýylyň 22-nji maýynda Frankfurt-Türkmenabat ugry boýunça «Türkmenhowaýollary» agentligi tarapyndan amala aşyrylan howa gatnawynda Türkmenistana gelendigi barada habar berildi.

Raýatlarymyz tarapyndan Adalatça ýazylýan şikaýatlaryň käbirlerinde, olar öz işleri boýunça kanuny güýjine giren kazyýet kararlary esasynda açylýan ýerine ýetiriş önümçiliklerini ýerine ýetirmekde haýallyga ýol berilýändigini görkezip, meseleleriniň ýerine ýetirilmegine ýardam bermekligi soraýarlar. Bu görnüşli şikaýatlar esasan hem Adalatçynyň ygtyýarlyklarynyň çäginde degişliligi boýunça ibermegi esasynda, Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň geçirýän işleriniň netijesinde kanagatlandyrylýar.

Mysal üçin, Balkan welaýatynyň ýaşaýjysy G.B. ýaşaýyş jaý meselesi boýunça Balkanabat şäher kazyýetiniň çykaran çözgüdiniň kazyýet ýerine ýetirijileri tarapyndan ýerine ýetirilmeýändiginden nägile bolup,bu meselede ýardam edilmegini sorap ýazan arzasy degişliligi boýunça Türkmenistanyň Ýokary kazyýetine iberildi we ýerine ýetiriş önümçiligi boýunça geçirilen işleriň netijesinde, kazyýet çözgüdiniň meýletin ýerine ýetirilmegine jogap berijileriň garşylyk görkezýändikleri sebäpli, «Ýerine ýetiriş önümçiligi we kazyýet ýerine ýetirijileriň hukuk ýagdaýy hakynda» Türkmenistanyň kanunynyň 45-nji maddasy esasynda, mejbury ýerine ýetiriş çärelerine girişilip, topar agzalarynyň gatnaşmagynda G.B.nyň, ýüztutmada görkezilen salgydaky öýünden peýdalanmagyna döredilýän päsgelçilik aradan aýrylyp, ol agzalan salga ýaşamak üçin girizilip,bu barada degişli ykrarnama düzülip,kazyýetiň çözgüdiniň doly ýerine ýetirilendigi barada habar berildi.

Şeýle hem, Adalatçynyň diwanynyň önümçiligine kabul edilýän arza-şikaýatlaryň käbirlerinde raýatlar hukuk goraýjy edaralaryň işinden nägilediklerini, çünki emläk hukuklarynyň goralmagy, jenaýat edene çäre görülmegi baradaky arzalarynyň netijesiz galdyrylýandygyny görkezýärler. Şeýle görnüşli arza-şikaýatlar boýunça Adalatçynyň ýüztutmasy esasynda geçirilen barlaglaryň netijesinde bolsa degişli derňew edaralarynyň işgärleriniň wakalar boýunça öz wagtynda we talabalaýyk iş geçirmeýändikleriniň ýüze çykarylmagyndan başgada, geçirilýän barlag, derňew hereketleriniň dowamynda käbir wakalar boýunça diňe bir raýatyň däl, döwletiň bähbidine zyýan ýetirilen ýagdaýlaryň ýüze çykarylýan halatlaryna hem gabat gelinýär.

Meselem, Ahal welaýatynyň ýaşaýjysy H.M., kezzapçylyk ýoly bilen özünden 900.000 manatlyk el halylaryny alan raýatlary jenaýat jogapkärçilige çekmek baradaky ýüztutmalarynyň hukuk goraýjy edaralary tarapyndan netijesiz galdyrylýandygy sebäpli, bu meselede özüne ýardam edilmegini sorap ýazan arzasy önümçilige alnyp, “Adalatçy hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň 27-nji maddasyna laýyklykda Adalatçynyň ýüztutmasy boýunça Türkmenistanyň Baş Prokuraturasy tarapyndan barlag işleri geçirilip, geçirilen barlagyň netijesinde H.M. özünden halylaryny alan raýatlar N.N. hem-de O.A. dagylardan 6000 manady alandygyny, galan 894.000 manady almak barada hem özara ylalaşandyklaryny,geçirilen barlag işinden doly kanagatlanandygyny görkezip, onuň barlag işiniň bes edilmegini sorap arza ýazandygy barada habar berildi.

Daşoguz welaýatynyň ýaşaýjysy E.R., ogly M.M.yň awtoulagyny abatlap bermek şerti bilen puluny alyp, awtoulagyň ätiýaçlyk şaýlaryny hem dargadyp gaçyp giden N.Ö. degişli hukuk goraýjy edaralaryň işgärleri tarapyndan çäre görülmeýändigi barada ýazan arzasy Adalatçynyň önümçiligine alnyp, Kanunyň 27-nji maddasyna esaslanyp, Türkmenistanyň Baş Prokuraturasyna iberildi. Adalatçynyň ýüztutmasy boýunça geçirilen barlagyň netijesinde berlen jogap hatda, raýat M.M.yň ýazan arzasy boýunça derňew işleriniň geçirilendigi, derňewiň dowamynda telekeçi A.S.iň awtoulag abatlanýan ussahanasynda N.Ö. şertnama baglaşmazdan ýer bölegini 800 manada kärendesine alyp işläninde, M.M.yň awtoulagyny abatlap bermek şerti bilen öňünden 8000 manady, soňra hem awtoulagyň 15600 manatlyk şaýlaryny alyp, dargadyp, jemi 23600 manatlyk zyýan ýetirip, kezzapçylyk edip gaçyp gidenliginiň anyklanyp, onuň garşysyna jenaýat işiniň gozgalandygyny we awtoulagyň şaýlarynyň köp böleginiň berlen raýatlardan alnyp M.M.e gaýtarylyp berilenligi görkezilýär. Şeýle-de N.Ö.niň bolýan ýeri anyklanyp, saklanyp derňew hereketleriniň dowam etdirilýändigi, telekeçi A.S.nyň bikanun şertnamasyz ýer bölegini N.Ö. kärendesine berendigi üçin oňa Türkmenistanyň Administratiw hukuk bozulmalary hakynda kodeksiniň 301-nji maddasy esasynda 300 manat jerime hem-de alyp baran işi üçin patent töleginiň töletdirlendigi görkezilip jogap haty berildi. Şeýlelikde agzalan waka boýunça diňe bir raýatyň bähbidine zyýan ýetirilmän, eýsem döwletiň bähbitlerine hem zyýan ýetirilenligi ýüze çykarylan.

Adalatça ýazylýan arza-şikaýatlara seljerme geçirilende, ýerlerde çözmek mümkinçilikleri bolan käbir meseleler boýunça raýatlaryň ýokarda durýan we merkezi edaralara, şol sanda Adalatça ýüz tutmaklyga getirýän halatlary hem bolup, Adalatçynyň diwanynda geçiren işleriniň netijesinde olaryň kanagatlandyrylanlaryda boldy.

Meselem, Daşoguz welaýatynyň ýaşaýjysy D.K.,telekeçi R.A.nyň kärendesine alan ýer böleginden artyk bikanun eýelän ýer parçasy boýunça Daşoguz welaýat we welaýatyň S.A.Nyýazow adyndaky etrap häkimlikleriniň çykaran netijeleriniň ýerine ýetirilmeýändigi barada ýazan arzasy hasaba alnyp, Kanunyň 27-nji maddasyna laýyklykda, Adalatçy tarapyndan Daşoguz welaýat häkimligine iberildi, geçirilen işleriň netijesinde “ Ýer hakynda “ bütewi kanunynyň 118-nji maddasynyň talaplary ýerine ýetirilip, telekeçi R.A. söwda we jemgyýetçilik iýmiti nokadyny döretmek üçin özüne berlen 39 ýyl möhletli kärendesine alan ýer böleginiň gapdalyndan özbaşdak eýelän 0,039 ga.ýer bölegindäki guran gurluşyklary onuň öz serişdeleriniň hasabyna ýykylyp aýyrdylandygy we ýer böleginiň yzyna gaýdyp alnandygy barada habar berildi.

Daşoguz welaýatynyň ýaşaýjysy I.R., atasyndan miras galan, Daşoguz şäheriniň Magtymguly köçesiniň …-njy jaýynyň …-njy öýünden özüne düşýän miras paýyny, döwlet notarial edarasynyň üsti bilen resmileşdirmeklige gerekli resminamalary degişli edaralardan alyp bilmeýändigini görkezip, bu meselede ýardam berilmegini sorap ýazan haýyşnamasy önümçilige kabul edilip, Adalatçy tarapyndan degişli işleriň geçirilip, netijede I.R. soňky ýüztutmasynda miras bilen bagly gerekli resminamalarynyň degişli edaralar tarapyndan berlendigini mälim edip, Adalatçynyň öz ýüztutmasyny kanagatlandyrmaga ýardam berenligine minnetdarlyk bildiripdir.

Aşgabat şäheriniň ýaşaýjysy A.S., kämillik ukyby ýok diýip bilnen dogany H.R.e Aşgabat şäheriniň Berkararlyk etrap häkiminiň 2020-nji ýylyň 6-njy fewralyndaky №1078 belgili karary esasynda hossar bellenen A.R.i hossarlyk borjundan boşatmaklygy sorap ýazan arzasy hasaba alnyp, Kanunyň 30-njy maddasyna laýyklykda, Adalatçynyň teklibi esasynda, Aşgabat şäheriniň häkimligi tarapyndan barlag geçirilip, barlagyň netijesinde hossar bellenen A.R.iň, hossarlyga alnan H.R. bilen 2021-nji ýylyň aprel aýyndan bäri bir salgyda ýaşamaýandygy, hossarlyk borjuny ýerine ýetirmeýänligi anyklanyp, Aşgabat şäheriniň Berkararlyk etrap häkiminiň 2022-nji ýylyň 12-nji oktýabryndaky №992 belgili karary bilen A.R. hossarlyk borjundan boşadylyp, ýüz tutan A.S.niň özi kämillik ukyby ýok diýlip bilnen dogany H.R.e hossar bellenip, arza boýunça iberilen teklibiň kanagatlandyrlandygy barada habar berildi.

Iş bilen üpјün edilmegine ýardam berilmegi soralyp raýatlarymyz tarapyndan ýazylýan ýüztutmalaryň öňki ýyllara garanyňda azalanlygyny belläp geçeliň. Gelip gowşanlary bolsa «Adalatçy hakynda» Türkmenistanyň kanunyna laýyklykda, Adalatçynyň ýüztutmasy boýunça ygtyýarly edaralara iberilen. Iş sorap ýüz tutýanlar bilen ýerlerde geçirilýän gürrüňdeşlikleriň dowamynda olara bar bolan boş iş orunlary hödürlensede, käbirleriniň diňe belli bir işlerde we belli bir çäklerde işlemäge isleg bildirýändiklerini beýan edip, hödürlenen iş orunlaryndan ýüz öwürýänleri hem bolup, şu getirjek mysalymyz muňa şaýatlyk edýär.

Ýagny Balkan welaýatynyň ýaşaýјysy B.A. ýaşaýan etrabyndaky zähmet we ilatyň iş bilen üpjünçiligi bölüminde nobata durandygyna garamazdan, hiç ýerde işlemeýändigini görkezip, iş bilen üpjün edilmegine ýardam bermekligi sorap ýazan ýüztutmasy Adalatçynyň diwany tarapyndan hasaba alnyp, Kanunyň 27-nјi maddasyna esaslanyp, Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrligine ýüztutmada getirilýän delilleriň barlanylmagyna ýardam etmek üçin iberildi we ol ýerden alnan јogap hatda, raýat bilen duşuşylyp, B.A. welaýatyň çäginde ýerleşen edara-kärhänalardaky boş iş orunlary baradaky maglumatlar bilen tanyşdyrylyp, birnäçe işler hödürlenende, ol özüniň ýaşaýan Bereket etrabynyň çäginde ýerleşýän döwlet býujetinden maliýeleşdirilýän edaralarda «buhgalter» hünäri boýunça ýa-da kiçi hyzmat ediji işgär bolup işlemeklige isleg bildirip, hödürlenen işlerden ýüz öwürenligi barada habar berildi. Şu berlen resmi habara görä hem B.A. soraýan meselesi boýunça ýaşaýan ýerindäki zähmet we ilatyň iş bilen üpјünçiligi bölüminde, özüniň işlemeklige isleg bildirýän işleri barada etrabyň çäginde ýerleşen edara kärhanalardaky boş iş orunlary bilen gyzyklanyp durmaga hukugynyň bardygy düşündirilip, јogap berildi.

Seljerilýän ýylyň dowamynda, Adalatçynyň diwanyna öz meseleleri boýunça dil üsti bilen ýüz tutup gelýän raýatlary kabul etmek we meseleleri diňlenip, olara kanunçylygy düşündirmek, degişli maslahatlary bermek, kähalatlarda gaýragoýulmasyz iş geçirmek zerurlygyň ýüze çykan ýagdaýlaryda boldy.

Ýagny,Adalatçynyň diwanynyň edara binasynda, 2022-nji ýylyň noýabrynda kabul edişlikde bolan Mary welaýatynyň ýaşaýjysy T.K., daşary ýurtda bolýan ogluny görmäne gitmekligine degişli gulluklar tarapyndan rugsat berilmeýändigini aýdyp, bu meselede ýardam berilmegini haýyş edip, dil üsti bilen ýüz tutdy. Bu ýüztutma boýunça Adalatçy tarapyndan geçirilen degişli işleriň netijesinde, T.K. Türkmenistanyň çäginden gitmegine ýörite gulluklar tarapyndan çäklendirmeleriň ýokdugy anyklanyp, onuň Belarusiýa döwletine gitmegine Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugy tarapyndan rugsat berilmegine ýardam edildi. Şeýlelikde, uzak wagtlap çözülmesi kyn bolan meselesiniň kanagatlandyrylmagyna ýardam edileni üçin 2022-nji ýylyň 28-nji dekabrynda T.K Adalatçynyň diwanyna öz minnetdarlyk hatyny ýollady.

Mundan başga-da, Adalatçynyň diwanynyň tassyklanan ýyllyk iş meýilnamasyna laýyklykda, öňki ýyllarda bolşy ýaly 2022-nji ýylyň dowamynda hem welaýatlara bolan iş saparlaryň çaginde, welaýat häkimliklerindäki raýatlaryň ýüztutmalaryna seretmek boýunça ýörite topar agzalary bilen bilelikde geçirilýän kabul edişliklerde hem raýatlaryň dilden ýüztutmalary boýunça dürli meselelere ýerinde seredilip, olaryň käbirleriniň kanagatlandyrylmagy gazanyldy.

Mysal üçin, Mary welaýatynyň ýaşaýjysy H.Ö.niň öň Adalatçynyň diwanyna ýazmaça ýüz tutup, özüniň Aşgabat şäherinde ýerleşen Döwletliler köşgünde terbiýelenip, öňki ýaşan ýerine gelip, atasyndan galan ýaşaýyş jaýyny öz adyna resmileşdirmekde, maşgalasynda ýeke özüniň işleýändigi, maddy ýagdaýynyň pesligi üçin, okap ýören ýörite hünär orta mekdebini doly tamamlap bilmändigi sebäpli, okuwyny dowam etdirmeklige ýardam berilmegi ýaly meseleleri degişli edaralaryň wekilleriniň gatnaşmagynda ýerinde seredilip çözüldi. Netijede, bu ýüztutma boýunça geçirilen degişli işlerden H.Ö. kanagatlanyp, özüniň minnetdarlygyny bildirdi.

Ondan başga-da, Mary welaýatynyň ýaşaýjysy B.O., Baýramaly etrabynyň «Täze yol» geňeşliginde ýaşaýan ogly Ç.O. ýaşaýan ýerindäki daýhan birleşikde mehanizator bolup işleýändigini, 5 aýdan bäri onuň aýlyk zähmet hakyny alyp bilmeýändigini aýdyp, agzalan meselede ýardam berilmegini sorady. Şeýle hem, welaýatyň Türkmengala etrabynyň ýaşaýjylary M.B. we beýlekiler «Marymiwe» kärhanasyna ýetişdiren önümlerini tabşyrandyklaryna garamazdan, şu wagta çenli özleri bilen hasaplaşyk işleriniň geçirilmändigini aýdyp, bu meselede özlerine kömek edilmegini haýyş etdiler. Bu ýüztutmalar boýunça hem Adalatçynyň topar agzalary bilen bilelikde ýerinde geçirilen degişli işleriň netijesinde, «Daýhanbank» DTB Mary welaýaty boýunça şahamçasyna Ç.O. berilmeli zähmet haky, M.B.we beýlekilere tölenmeli önümleriň bahasy töletdirilip, olaryň ýüztutmalary kanagatlandyryldy.

Daşoguz welaýatynyň ýaşaýjysy T.G. özüne 99-ýyl möhleti bilen oba hojalyk maksatly ekin ýerini kärendesine alandygy baradaky Döwletnamanyň berlendigine garamazdan, önüm öndürmeklik üçin welaýatyň Boldumsaz etrap häkimligi tarapyndan güwä geçilýän kepilnamanyň berilmeýändigini aýdyp, bu meselede ýardam berilmegini sorady. Raýat T.G. dil üsti bilen ýüz tutan bu meselesi, Adalatçynyň ýardam bermeginde, welaýat häkimliginiň ýolbaşçylarynyň tabşyrygy esasynda ýerinde kanagatlandyrylyp, raýat T.G.nyň soraýan kepilnamasy degişli etrap häkimliginden alnyp berildi.

Maglumatymyzyň degişli babynda Adalatçynyň işiniň esasy ugurlarynyň biri bolan adam hukuklary babatynda halkara hyzmatdaşlygynyň ösüşine ýardam bermeklik bolup durýandygy hem-de beýleki ýurtlaryň Adam hukuklary boýunça ygtyýarly wekillerinden gelip gowuşýan ýüztutmalara seretmäge Türkmenistanyň çäginde ýardam bermek meseleleri ýüze çykan ýagdaýynda, olardan gelen ýüztutmalar hem önümçilige kabul edilip, Adalatçynyň öz ygtyýarlyklarynyň çäginde degişli işleri geçirýändigi barada görkezildi.

Selјerilýän ýylyň dowamynda hem beýleki ýurtlaryň Adam hukuklary boýunça ygtyýarly wekillerinden 9 sany ýüztutma gowuşdy we olar boýunça hem Adalatçy tarapyndan geçirilen işleriň netijesinde ýüztutmalarda soralan resminamalar degişli ulgamlardan alnyp, degişliligi boýunça iberildi.

Adalatçynyň ýüztutmalary we teklipleri baradaky bu bapda ýokardaky mysallary getirmek bilen, Adalatçynyň diwanyna gelip gowuşýan ýüztutmalara seredilmegiň netijeleri boýunça kanagatlanarly çözgütlere gelinýänligine, şeýle-de ýol berilýän kanun bozulmalara ünsi çekmek bilen, adam hukuklarynyň bozulmagynyň öňüni almaga ýardam etmek maksat edinildi.

Şeýle hem maglmatymyzyň şu ýerinde raýatlarymyzyň ýüz tutmalary boýunça Adalatçynyň 2022-nji ýylyň dowamynda alyp baran işleriniň netijesinde meseleleri kanagatlandyrylan käbir raýatlarymyz tarapyndan Adalatça minnetdarlyk bildirilip iberlen hatlaryň nusgalaryny aýdylanlaryň subutnamasy hökmünde ýerleşdirmek ýerlikli hasaplanyldy.

IХ bap. Netije.

Türkmenistanda Adam hukuklary boýunça ygtyýarly wekil-Adalatçynyň geçen, 2022-nji ýylda ýerine ýetiren işleri we ýurtda adam hukuklary babatdaky ýagdaý hakynda maglumaty, onuň altynjy ýyl maglumaty bolup, onda Adalatçynyň «Adalatçy hakynda» Türkmenistanyň kanunyna laýyklykda wezipelerini göz öňünde tutýan hem-de ygtyýarlyklarynyň çäginde tassyklan, «Adalatçynyň diwanynyň 2022-nji ýyl üçin iş meýilnamasy» esasynda alnyp barlan işler beýan edilýär.

Adalatçynyň diwanynyň geçen ýyl üçin iş meýilnamasyna laýyklykda işler, esasan hem adamyň we raýatyň raýatlyk, syýasy, ykdysady, durmuş we medeni hukuklarynyň üpjün edilmegi, şonuň çäginde döwlet häkimiýeti we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralary we wezipeli adamlar tarapyndan adam hukuklarynyň berjaý edilşine gözegçilik, raýatlaryň ýüztutmalaryna netijeli seretmek, milli kanunçylygyň kämilleşdirilmegi, adam hukuklary babatda halkara gatnaşyklaryň ösdürilmegi, adam hukuklary boýunça bilimliligi we habarlylygy ýokarlandyrmak, raýat jemgyýetçiliginiň Adam hukuklarynyň goragyna gönükdirilen işlerine ýardam etmek, Adalatçynyň diwanynyň işini kämilleşdirmek ýaly ugurlarda alnyp baryldy.

Şonuň bilen birlikde maglumatyň adyndan belli bolşy ýaly ýurdymyzda adam hukuklarynyň ýagdaýyna hem syn berildi.Ýagny maglumatyň aýry-aýry baplarynda beýan edilen wakalar we amala aşyrlan işleriň her biri adamyň we raýatyň mynasyp ýaşaýyş durmuşa, saglygyny goramaga, bilim almaga, ýaşaýyş jaýyna, zähmet çekmäge, dynç almaga, arassa daşky gurşawa bolan we beýleki hukuklaryny üpjün etmek bilen baglanşyklydyr.

Maglumatda Adalatçy tarapyndan alnyp barlan işler anyk mysallar arkaly görkezildi. Beýan edilenlerde raýatlaryň ýüztutmalaryna seretmegiň, geçirilen käbir barlaglaryň netijelerinde kanun bozulmalara ýol berlen ýagdaýlar hem ýüze çykarylyp, olar boýunça raýatlaryň hukuklarynyň dikeldilen, jogapkär wezipeli adamlar babatda görlen çäreler barada görkezilýär. Şeýle-de Adalatçynyň işiniň adam hukuklary babatda halkara gatnaşyklaryň ösdürilmegine, milli kanunçylygy kämilleşdirilmegine, adam hukuklary babatda habarlylygy ýokarlandyrmaga ýardam etmek ýaly ugurlar boýunça alnyp barlan işler hem maglumatyň degişli baplarynda ýerleşdirilendir. Alnyp barlan işleriň netijesinde, öňki ýyllarda bolşy ýaly her babyň ahyrynda, degişli ugurlarda işleri kämilleşdirmek, gözegçiligi güýçlendirmek, adam hukuklarynyň bozulmagyna ýol bermezlik ýaly Adalatçynyň teklipleriniň ýerleşdirilenligine ünsiňizi çekmek bilen, döwlet häkimiýet edaralarynyň, ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň jogapkär wezipeli adamlary öz ygtyýarlyklarynyň çäklerinde adam hukuklarynyň berjaý edilşiniň mundan beýläk hem berkemegine ýardam ederler diýip ynanýarys.

Maglumatymyzyň ahyrynda Adalatçynyň ygtyýarlyklaryny doly amala aşyrmak, diwanyň işini mundan beýläk hem kämilleşdirmek üçin Türkmenistanyň Hökümeti tarapyndan ähli şertleriň döredilenligini belleýäris. «Adalatçy hakynda» Türkmenistanyň Kanunynda Adalatçynyň giň wezipe ygtyýarlyklary göz öňünde tutulandyr. Adalatçy hem, Kanunda göz öňünde tutulan ygtyýarlyklarynyň çäginde, diwanyň işgärleri bilen agzybirlikde, adamyň we raýatyň hukuklarynyň we azatlyklarynyň gyşarnyksyz berjaý edilmegine gönükdirilen wezipeleriň ýerine ýetirilmeginde, bu garaşsyz edaranyň işini hemmetaraplaýyn kämilleşdirip alyp barjaklygyna ynandyrýar.

Soňky habarlar
20.12
2024-nji ýylyň noýabry: Türkmenistanyň Prezidentiniň daşary syýasy başlangyçlaryndan ugur alyp
19.12
Türkmenistanyň Prezidentiniň we Malaýziýanyň Premýer-ministriniň arasynda gepleşikler geçirildi
19.12
Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Malaýziýa resmi saparynyň jemleri boýunça Türkmenistanyň we Malaýziýanyň arasynda BILELIKDÄKI BEÝANNAMA
19.12
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Malaýziýa resmi saparynyň jemleri boýunça metbugat maslahatyndaky çykyşy
19.12
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy IIM-niň Awtomobil sport toplumynyň desgalarynyň taslamalary bilen tanyşdy
18.12
Türkmenistanyň Prezidentiniň Malaýziýa resmi sapary başlandy
18.12
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hat
18.12
Türkmenistanyň Prezidentiniň «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly kitaby ýapon dilinde neşir edildi
18.12
Sanly tehnologiýalar dünýäni özgerdýär
18.12
Türkmenistanyň Prezidenti Katar Döwletiniň Emirini gutlady
top-arrow