Baş sahypa
\
Hepdäniň wakalary
\
Watanymyzyň rowaçlygy we giň halkara hyzmatdaşlyk — döwlet syýasatynyň baş maksady
Hepdäniň wakalary
Watanymyzyň rowaçlygy we giň halkara hyzmatdaşlyk — döwlet syýasatynyň baş maksady
Çap edildi 21.04.2026
33

Geçen hepde Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda yzygiderli amala aşyrylýan, Watanymyzyň gülläp ösmegine, halkymyzyň ýaşaýyş şertleriniň yzygiderli ýokarlandyrylmagyna hem-de halkara hyzmatdaşlygy giňeltmäge gönükdirilen döwlet strategiýasynyň üstünlikli durmuşa geçirilýändigini tassyklaýan möhüm wakalara baý boldy.

13-nji aprelde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda we welaýatlarda alnyp barylýan işler bilen baglanyşykly meselelere garaldy. Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzda azyk bolçulygyny üpjün etmekde oba hojalyk pudagynyň möhüm ähmiýetine ünsi çekdi. Şunuň bilen baglylykda, pudagy durnukly ösdürmek üçin ekerançylykda agrotehnikanyň kadalarynyň berk berjaý edilmeginiň, önümçilige öňdebaryjy tejribäniň, ylmy taýdan esaslandyrylan innowasion çemeleşmeleriň yzygiderli ornaşdyrylmagynyň wajypdygy bellenildi.

15-nji aprelde hormatly Prezidentimiz Italiýa Respublikasynyň we Koreýa Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenilen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçileri Martin Brugy hem-de Li Wonjeni kabul etdi. Olar döwlet Baştutanymyza ynanç hatlaryny gowşurdylar.

Italiýanyň täze ilçisi bilen ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň gün tertibi barada pikir alyşmagyň dowamynda söwda-ykdysady, energetika, ulag-logistika, oba hojalygy ýaly ugurlarda gatnaşyklary giňeltmek üçin iki ýurduň hem uly mümkinçilikleriniň bardygy nygtaldy. Türkmenistanyň sebitiň ýurtlary, abraýly halkara guramalar bilen bilelikde işjeň ilerledýän Demirgazyk — Günorta, Gündogar — Günbatar ýaly geljegi uly ulag geçelgeleriniň Ýewraziýa yklymynyň ýurtlarynyň arasynda hyzmatdaşlygy ösdürmekde ygtybarly köpri bolup hyzmat edýändigi aýdyldy.

Koreýa Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenilen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Li Wonje bilen geçirilen duşuşygyň dowamynda Koreýa Respublikasynyň ýurdumyzyň möhüm ykdysady hyzmatdaşy hökmünde çykyş edýändigi bellenildi. Ilçi giň gerimli senagat taslamalaryny amala aşyrmakda hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmagyň ähmiýetini nygtap, koreý kompaniýalaryna Türkmenistanda netijeli işlemäge döredilýän amatly şertler üçin hormatly Prezidentimize hoşallyk bildirdi.

15-nji aprelde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpiniň tabşyrygy boýunça ýurdumyza sapar bilen gelen Hytaýyň Kommunistik partiýasynyň Merkezi komitetiniň Syýasy býurosynyň hemişelik komitetiniň agzasy, HHR-iň Döwlet Geňeşiniň Premýeriniň birinji orunbasary Din Sýuesýan bilen duşuşdy.

Hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we ony ösdürmegiň geljekki ugurlary barada pikir alyşmalaryň dowamynda türkmen-hytaý hyzmatdaşlygynyň ugurlaryň giň gerimini, şol sanda syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, ýangyç-energetika, ulag-aragatnaşyk, logistika, senagat, tehnologiýalar, medeni-ynsanperwer ulgamlary öz içine alýandygy bellenildi. Ýangyç-energetika ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Türkmen mawy ýangyjynyň Hytaýa iberilmegini üpjün edýän gaz geçirijini gurmak boýunça amala aşyrylan bilelikdäki taslama bu hyzmatdaşlygyň aýdyň mysalydyr.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy we ýokary derejeli myhman türkmen-hytaý gatnaşyklarynyň iki ýurduň halklarynyň bähbidine mundan beýläk-de ugurlaryň giň gerimi boýunça ösdüriljekdigine ynam bildirdiler.

Bilelikdäki ykdysady taslamalary durmuşa geçirmekdäki mümkinçilikler, şeýle hem umumy taryhy mirasy gorap saklamaga we medeni gatnaşyklary hemmetaraplaýyn ösdürmäge bolan ymtylyş 16-njy aprelde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Hytaýyň Kommunistik partiýasynyň Merkezi komitetiniň Syýasy býurosynyň hemişelik komitetiniň agzasy, HHR-iň Döwlet Geňeşiniň Premýeriniň birinji orunbasary Din Sýuesýan bilen bolan duşuşygynyň dowamynda tassyklanyldy.

Hytaý Halk Respublikasynyň wekiliýetiniň ýurdumyza saparynyň çäklerinde Pekiniň hytaý lukmançylygy uniwersitetiniň rektory Tan Çžişunyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetine baryp gördi. Iki ýokary okuw mekdebiniň arasyndaky özara düşünişmek hakynda Ähtnama laýyklykda, türkmen ýokary okuw mekdebiniň dikeldiş we sport lukmançylygy fakultetiniň binasynda Adaty däl lukmançylyk otagynyň açylyş dabarasy geçirildi. Iki bilim ojagynyň arasynda gatnaşyklaryň ösdürilmegi ugrundaky tagallalary we özara tejribe alyşmaga mynasyp goşandy nazara alnyp, Pekiniň hytaý lukmançylygy uniwersitetiniň rektory Tan Çžişuwa Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň hormatly professory diýen at berildi.

Pekiniň hytaý lukmançylygy uniwersitetiniň wekiliýet agzalary Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň Arkadag şäherinde ýerleşýän ştab-kwartirasyna baryp gördüler. Haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti Oguljahan Atabaýewa bilen geçirilen duşuşygyň barşynda myhmanlar ösüp gelýän ýaş nesliň bagtyýar ýaşamagy üçin oňaýly şertleri döretmek, howandarlyga mätäç çagalaryň saglygyny dikeltmekde kömek bermek boýunça alnyp barylýan işleriň esasy ugurlary bilen tanyşdyryldy. O.Atabaýewa adaty däl lukmançylygyň aýratynlyklary we onuň gazananlary bilen gyzyklanýandyklaryny belläp, lukmançylygyň bu görnüşini çagalaryň saglygyny goramakda peýdalanmak üçin hytaý tarapynyň tekliplerini öwrenmäge taýýardygyny tassyklady.

Hytaý wekiliýetiniň agzalary Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky çagalar sagaldyş-dikeldiş merkezine hem baryp gördüler. Ol ýerde näsag çagalara edilýän lukmançylyk hyzmatlarynyň görnüşleri, merkezde oturdylan enjamlaryň häsiýetli aýratynlyklary barada gürrüň berildi. Myhmanlar Arkadag şäherinde ýerleşýän Görogly adyndaky döwlet atçylyk sirkine baryp, «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň çykyşlaryna tomaşa etdiler we çagalaryň daýanç-hereket ediş synalaryny berkitmekde at üstündäki hereketleriň, ippoterapiýanyň aýratynlyklary bilen tanyşdylar.

Geçen hepdede Söwda-senagat edarasynda «Türkmenistan — Hytaý Halk Respublikasy: gaz pudagynda strategik hyzmatdaşlygyň 20 ýyly» atly halkara ylmy-amaly maslahat geçirildi. Oňa iki ýurduň ugurdaş düzümleriniň ýolbaşçylary, öňdebaryjy nebitgaz kompaniýalarynyň wekilleri, halkara bilermenler gatnaşdylar. Forum Gahryman Arkadagymyzyň ýakynda Hytaý Halk Respublikasyna amala aşyran dostluk saparynyň çäklerinde Hytaýyň Milli nebitgaz korporasiýasynyň (CNPC) ýolbaşçysy bilen bolan duşuşygynda öňe süren başlangyjy esasynda guraldy.

Hytaýyň Kommunistik partiýasynyň Merkezi komitetiniň Syýasy býurosynyň hemişelik komitetiniň agzasy, Hytaý Halk Respublikasynyň Döwlet Geňeşiniň Premýeriniň birinji orunbasary Din Sýuesýan maslahatdaky çykyşynda Türkmenistan bilen Hytaýyň arasynda gaz pudagyndaky hyzmatdaşlygyň häzirki zaman dünýäsinde strategik hyzmatdaşlygyň iň kämil we durnukly nusgasydygyny aýratyn belledi. Myhman hytaý tarapynyň tebigy gazy gazyp almakda we ibermekde döwrebap, az uglerodly tehnologiýalary ulanmak boýunça Türkmenistan bilen yzygiderli tejribe alyşmaga taýýardygyny tassyklady.

Hytaýyň Milli nebitgaz korporasiýasynyň direktorlar geňeşiniň başlygy Daý Houlýan öz çykyşynda bu hyzmatdaşlygyň häzirki zaman dünýä energetika bazarynda eýeleýän ornuna ýokary baha berdi. Ol iki döwletiň arasyndaky gatnaşyklaryň strategik häsiýetini nygtamak bilen, energetika pudagynda ýola goýlan bilelikdäki hereketleriň ähmiýetine ünsi çekdi.

Paýtagtymyzda Hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-hytaý hökümetara komitetiniň ýedinji mejlisiniň geçirilmegi iň ýokary döwlet derejesinde gazanylan ylalaşyklary iş ýüzünde durmuşa geçirmegiň möhüm tapgyryna öwrülip, iki ýurduň hem hemmetaraplaýyn strategik hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmaga ygrarlydygyny tassyklady. Mejlisiň netijeleri boýunça gazanylan ylalaşyklary berkitmäge, hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge täze itergi berjek resminamalar toplumyna, şeýle-de Hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-hytaý hökümetara komitetiniň ýedinji mejlisiniň Teswirnamasyna gol çekildi.

HHR-iň Döwlet Geňeşiniň Premýeriniň birinji orunbasarynyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetiň gatnaşmagynda Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň çäginde Türkmenistandaky “Lu Ban ussahanasynyň” açylyş dabarasy boldy. Merkez döwrebap enjamlar bilen üpjün edilip, bu ýerde talyplara we ýaş alymlara geologiýa, buraw işleri, maglumat ulgamlary boýunça hytaýly hünärmenleriň tejribesini öwrenmäge giň mümkinçilik döredilipdir. Merkez Hytaýyň iň täze tehnologiýalaryny hem-de tejribelerini Türkmenistanyň bilim ulgamyna ornaşdyrmak arkaly nebitgaz pudagy üçin ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamakda möhüm binýada öwrüler.

17-nji aprelde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň hem-de Hytaýyň Kommunistik partiýasynyň Merkezi komitetiniň Syýasy býurosynyň hemişelik komitetiniň agzasy, HHR-iň Döwlet Geňeşiniň Premýeriniň birinji orunbasary Din Sýuesýanyň gatnaşmagynda «Galkynyş» gaz känini özleşdirmegiň dördünji tapgyrynda ýylda 10 milliard kub metr harytlyk gazy taýýarlaýan desgany gurmak we ulanyş guýularyny burawlamak işlerine badalga bermek dabarasy geçirildi.

Dabara mynasybetli guralan sergide zawodyň şekil taslamasy, çig maly kömürturşy gazyndan we kükürtli wodoroddan arassalaýan, suwuklyklary aýyrýan, tehniki kükürdi öndürýän desgalardan ybarat tehnologik ulgamlar görkezildi. Bu ýerde 3D robotlaşdyrylan kebşirleýiş enjamlaryndan başlap, awtomatlaşdyrylan robot gözegçisine çenli iň häzirki zaman enjamlary ulanylar.

Gahryman Arkadagymyz dabaranyň dowamynda eden çykyşynda ýangyç-energetika pudagynda halkara hyzmatdaşlygy ilerletmäge aýratyn üns berilýändigini belledi. Döwletimiz diwersifikasiýa syýasaty esasynda energetika bazarlaryny tebigy gaz bilen üznüksiz üpjün etmek baradaky tekliplerini yzygiderli öňe sürüp gelýär. Şeýle hem döwletara söwda-ykdysady gatnaşyklary has-da ösdürmek, daşky gurşawy gorap saklamak, ekologik taýdan arassa energiýany ulanmaga geçmek boýunça özara bähbitli başlangyçlar bilen çykyş edýär. Berkarar Watanymyzyň örän baý nebitgaz serişdeleriniň diňe bir ýurdumyzyň däl, eýsem, dünýä halklarynyň hem bähbidine netijeli ulanylmagy döwletimiziň ykdysady kuwwatyny has-da pugtalandyrmaga, halkymyzyň abadan durmuşyny yzygiderli ýokarlandyrmaga hyzmat edýär.

Dünýäde iň iri gaz ýataklarynyň biri bolan «Galkynyş» gaz käniniň senagat taýdan özleşdirilmegi «Türkmengaz» döwlet konserniniň buýurmasy esasynda, baş potratçy bolup çykyş edýän Hytaýyň Milli nebitgaz korporasiýasy tarapyndan ýerine ýetiriler. Bu taryhy taslamany durmuşa geçirmegiň barşynda gaz guýularynyň gurluşygyndan başlap, gaz ýygnaýjy, gaz arassalaýjy we gazy gaýtadan işleýän desgalaryň, gaz geçirijileriň, daşky eltiji ulgamlaryň, ýaşaýyş-durmuş maksatly binalaryň gurluşygy amala aşyrylar. Taslamanyň durmuşa geçirilmegi bilen, müňden gowrak täze iş orny dörediler.

Gahryman Arkadagymyz we HHR-iň wekiliýetiniň ýolbaşçysy ýadygärlik sene ýazgysy salnan gutyny dabaraly ýagdaýda düýbi tutulýan desganyň binýadyna okladylar hem-de ilkinji beton garyndysyny guýup, gurluşyga badalga berdiler.

18-nji aprelde sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow öňde goýlan wezipeleri talabalaýyk ýerine ýetirmek, bu taslamanyň durmuşa geçirilişine gözegçiligi güýçlendirmek, potratçy bilen işleri utgaşdyrmak, şeýle hem desgalary doly ulanmaga bermek we geljekde olary dolandyrmak maksady bilen, «Türkmengaz» döwlet konserniniň «Galkynyşgaz» döwlet kärhanasyny döretmek hakynda Karara gol çekdi.

Mejlisde döwlet Baştutanymyz garamagyna hödürlenen teklipleri, hususan-da, ýurdumyzyň kanunçylygyny has-da kämilleşdirmek, bank edaralarynyň maliýe hasabatlaryna audit barlaglaryny geçirmek, gurluşykda täze milli çykdajy-ölçeg binýadyny ulanyşa girizmek, Türkmen-hytaý işewürlik maslahatyna we sergisine taýýarlyk görmek hem-de ilata amala aşyrylýan ulag hyzmatlarynyň hilini has-da ýokarlandyrmak baradaky teklipleri makullady.

Hormatly Prezidentimiz Türkmen bedewiniň milli baýramyna bagyşlanan baýramçylyk çäreleri, türkmen kompozitory Weli Muhadowyň doglan gününiň 110 ýyllygyna bagyşlanan opera konsertini hem-de TÜRKSOÝ-yň opera günlerini ýokary derejede geçirmek boýunça taýýarlyk işleriniň ýokary derejede guralmagyny üpjün etmegi, Gökderede, «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda, şeýle-de welaýatlardaky çagalar dynç alyş we sagaldyş merkezlerinde çagalaryň talabalaýyk dynç almaklary, wagtyny peýdaly geçirmekleri üçin ähli zerur şertleri döretmegi tabşyrdy.

Aşgabatda geçirilen «Turkmentravel — 2026» atly halkara syýahatçylyk sergisi we maslahat syýahatçylyk ulgamyndaky halkara hyzmatdaşlygy ösdürmekde täze sahypany açdy. Forumyň maksady Türkmenistanyň syýahatçylyk mümkinçiliklerini giňden tanyşdyrmakdan, halkara kompaniýalar bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmekden, degişli ugurda öňdebaryjy tejribeleri we usullary öwrenmekden ybarat boldy. Bu forum ýurdumyzyň hem-de daşary döwletleriň syýahatçylyk pudagynyň öňdebaryjy wekillerini — syýahatçylyk operatorlaryny, awiakompaniýalary, myhmanhana torlaryny, medeni miras we ekosyýahatçylyk boýunça hünärmenleri bir ýere jemledi. Gözden geçirilişe ýurdumyzdan we daşary döwletlerden syýahatçylyk pudagynda iş alyp barýan 70-e golaý kompaniýa sergi diwarlyklary bilen gatnaşdy.

Halkara syýahatçylyk sergisiniň we maslahatyň çäklerinde “tegelek stoluň” başyndaky iş duşuşyklary geçirildi hem-de syýahatçylyk kärhanalarynyň arasynda hyzmatdaşlyk etmek hakynda resminamalara gol çekildi. Forumyň çäklerinde daşary ýurtly myhmanlaryň, syýahatçylyk ugry boýunça mugallymlaryň we talyplaryň gatnaşmagynda “Syýahatçylyk — medeniýetleriň köprüsi: syýahatçylykda durnukly ösüş we halkara hyzmatdaşlyk” atly ylmy-amaly maslahat geçirildi. Halkara serginiň we maslahatyň maksatnamasynyň çäklerinde oňa gatnaşan myhmanlar paýtagtymyzyň gözel ýerlerine, taryhy-medeni toplumlaryna baryp gördüler.

Şeýlelikde, geçen hepdäniň wakalary hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda Watanymyzyň ykdysady ösüşi, türkmenistanlylaryň abadan durmuşy ugrunda dürli ugurlarda bar bolan ägirt uly mümkinçilikleri hasaba alyp, gyzyklanma bildirýän ýurtlar bilen netijeli hyzmatdaşlygy giňeltmäge gönükdirilen döwlet syýasatyny durmuşa geçirmegiň çäklerindäki wezipeleriň geriminiň giňdigini aýdyň görkezdi.

Soňky habarlar
21.04
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Gazagystan Respublikasyna iş sapary başlandy
21.04
Watanymyzyň rowaçlygy we giň halkara hyzmatdaşlyk — döwlet syýasatynyň baş maksady
21.04
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz Arkadag şäheriniň gurluşygynyň barşy we taýýarlanan taslamalar bilen tanyşdy
20.04
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
20.04
Ylmy barlaglaryň täze gözýetimleri
20.04
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 28 million 74 müň dollaryndan gowrak boldy
18.04
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
18.04
Döwlet Baştutanymyz «Galkynyşgaz» döwlet kärhanasyny döretmek hakynda» Karara gol çekdi
17.04
Döwrebap ýollar — bagtyýar zamananyň aýdyň nyşany
17.04
Gahryman Arkadagymyz hem-de HHR-iň Döwlet Geňeşiniň Premýeriniň birinji orunbasary «Galkynyş» gaz käniniň dördünji tapgyryny özleşdirmäge badalga bermek dabarasyna gatnaşdylar
top-arrow