04.01
2021
Şu gün paýtagtymyzdaky Jemgyýetçilik guramalarynyň merkeziniň mejlisler zalynda 2021-nji ýylyň «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» atly şygarynyň yglan edilmegine bagyşlanan maslahat geçirildi. Dabaraly çärä Mejlisiň, jemgyýetçilik guramalarynyň, syýasy partiýalaryň, ýokary okuw mekdepleriniň hem-de köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylary hem-de wekilleri gatnaşdylar.
01.01
2021
Şu gün, 2021-nji ýylyň ilkinji gününde Mejlisiň ýolbaşçylary hem-de Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary milli Liderimiziň başlangyjy boýunça Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynda gurlan döwrebap “Bagabat” şypahanasyna bardylar.
01.01
2021
TÜRKMENISTAN - PARAHATÇYLYGYŇ WE YNANYŞMAGYŇ WATANY BOLAN 2021-NJI ÝYLY GELJEGE YNAM BILEN GARŞYLADY
Türkmenistanlylar tutuş dünýä iň gowy geljegi sowgat edip, gadam urýan Täze ýyly hoşniýetler we ajaýyp umytlar bilen garşyladylar.
29.12
2020
Şu gün Mejlisiň başlygy, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, harby we hukuk goraýjy edaralaryň, maliýe-bank ulgamynyň, obasenagat toplumynyň, şeýle hem milli parlamentiň komitetleriniň ýolbaşçylary çagalary hem-de agtyklary bilen bilelikde “Älem” medeni-dynç alyş merkeziniň öňündäki meýdançada oturdylan ýurdumyzyň Baş arçasyna bardylar.
29.12
2020
«Türkmenistanyň gurluşygy we binagärligi» žurnalynyň nobatdaky sany çapdan çykdy. Neşirde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Hökümetiň mejlislerinde we iş maslahatlarynda bu pudaklaryň öňünde goýan wezipelerini çözmek babatda milli ykdysadyýetimiziň şu ulgamynyň gazanýan üstünlikleri barada gürrüň berilýär.
28.12
2020
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow agtyklary bilen “Älem” medeni-dynç alyş merkeziniň öňündäki meýdançada oturdylan ýurdumyzyň Baş arçasynyň ýanyna geldi. Täze ýyl baýramçylygynyň baş gahrymanlary Aýazbaba bilen Garpamyk myhmanlary mähirli garşyladylar.
28.12
2020
Şu gün Döwletliler köşgünde Täze ýyly garşylamaga bagyşlanan dabara boldy. Onuň dowamynda çagalara hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň sowgatlary gowşuryldy.
23.12
2020
Şu gün paýtagtymyzyň Söwda-senagat edarasynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň fransuz dilinde neşir edilen “Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi” atly kitabynyň tanyşdyryş dabarasy boldy.
22.12
2020
«Türkmenistanyň daşary syýasaty we diplomatiýasy» atly žurnalyň 4-nji sany çapdan çykdy, onda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak we döwletimiziň milli bähbitlerine ýetmek ugrunda durmuşa geçirilýän daşary syýasat strategiýasynyň möhüm wakalaryna çärýeklik syn berilýär.
22.12
2020
Şu gün paýtagtymyzda, Söwda-senagat edarasynyň binasynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi” kitabynyň arap dilindäki neşiriniň tanyşdyrylyş dabarasy boldy.