Baş sahypa
\
Jemgyýet
\
Türkmenistana Hytaýyň “CoronaVac” sanjymy getirildi
Jemgyýet
Türkmenistana Hytaýyň “CoronaVac” sanjymy getirildi
Çap edildi 09.05.2021
5841

Şu gün COVID-19 ýiti ýokanç keseline garşy Hytaýyň «Sinovac» kompaniýasy tarapyndan işlenilip taýýarlanylan “CoronaVac” waksinasynyň uly tapgyry Türkmenistana getirildi. Dünýäniň ençeme ýurtlarynda geçirilen kliniki barlaglaryň netijesinde, bu waksina özüniň ýokary netijeliligini we howpsuzdygyny subut etdi.

Mälim bolşy ýaly, 6-njy maýda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpiniň arasynda telefon arkaly geçirilen söhbetdeşligiň dowamynda lukmançylyk ulgamynda, hususan-da, dünýäni gurşap alan koronawirus ýokanjyna garşy bilelikde göreşmekde hyzmatdaşlyk etmegiň möhüm ugurlaryna garaldy.

Häzirki wagtda bu möhüm ugurda iki ýurduň gatnaşyklarynyň geljegini ara alyp maslahatlaşmak şu gün DIM-de Aşgabada iş sapary bilen gelen HHR-iň daşary işler ministriniň orunbasary Le Ýuýçen bilen geçirilen duşuşygyň çäklerinde hem dowam etdirildi.

Taraplar pandemiýa garşy durmakda özara meýillerini hem-de ysnyşykly hyzmatdaşlyk etmegi, we toplanan tejribäni alyşmagy maksat edinýändiklerini tassyklap, diňe bilelikdäki tagallalar, utgaşykly hereketler netijesinde, bu ählumumy howpa garşy oňyn netijeleri gazanmagyň mümkin boljakdygyny bellediler.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň baştutanlygynda saglygy goraýyş ulgamyny kämilleşdirmek boýunça giň gerimli işler durmuşa geçirilýär. “Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” diýen şygar astynda geçýän, şanly senelere — mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllygyna we Aşgabadyň 140 ýyllygyna beslenen şu ýylda milli saglygy goraýyş ulgamyny ösdürmekde, hususan-da, keselleriň öňüni almakda uly üstünlikler gazanyldy.

Ýurdumyzda dürli görnüşli, ilkinji nobatda, ýokanç keselleri öňünden duýdurmak boýunça arassaçylyk, düşündiriş işleri yzygiderli geçirilýär. Şunda howply ýokanç keselleriň ýaýramagynyň öňüni almagyň iň ygtybarly usuly sanjym geçirmek bolupdy, bu şeýle bolmagynda-da galýar. Munuň özi epidemiologiýa abadançylygyny saklamaga mümkinçilik berýär.

Immunizasiýa milli Liderimiz tarapyndan başy başlanan “Saglyk” Döwlet maksatnamasyny durmuşa geçirmegiň strategik ugurlarynyň biridir. Şol maksatnamanyň ileri tutulýan möhüm ugurlary ilatyň saglygyny gowulandyrmakdan, raýatlaryň ömür dowamlylygyny uzaltmakdan hem-de halkara ölçeglere kybap gelýän lukmançylyk hyzmatlaryny hödürlemekden ybaratdyr.

Hytaýda öndürilip, ýurdumyza getirilen waksinalar Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Döwlet arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugynyň Jemgyýetçilik saglygy we iýmit merkezinde, şeýle hem Aşgabat şäheriniň, welaýatlaryň arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gulluklarynda saklanýar. Şol ýerlerde olary saklamak üçin hemme zerur şertler döredildi.

Koronawirus pandemiýasy bilen baglylykda, ilatyň immun derejesini durnuklylaşdyrmak üçin ýurdumyz eýýäm Russiýanyň «Sputnik V» we «EpiWakKorona”, şeýle hem Hytaý Halk Respublikasyndan “BIOwak” waksinalaryny alypdy.

Ýurdumyza getirilýän waksinalaryň hemmesi Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň we ÝUNISEF-niň tekliplerine pugta laýyklykda, «sowuklyk zynjyrynyň» talaplary berjaý edilmek bilen, ammarlarda saklanylýar.

COVID-19-yň aralaşmagynyň öňüni almaga niýetlenen waksinalaryň ýeterlik mukdarynyň gelip gowuşmagy bilen baglylykda, ilatyň töwekgel ýaş toparlaryna sanjym geçirmek başlanyldy.

Şeýlelikde, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň parasatly baştutanlygynda sanjymlaryň elýeterliligini we ýokary hilliligini üpjün etmek boýunça alnyp barylýan köptaraply işler ýurdumyzyň ilatynyň saglygyny ygtybarly gorap, durnukly immun derejesini üpjün etmäge mümkinçilik berer.

Soňky habarlar
20.12
2024-nji ýylyň noýabry: Türkmenistanyň Prezidentiniň daşary syýasy başlangyçlaryndan ugur alyp
19.12
Türkmenistanyň Prezidentiniň we Malaýziýanyň Premýer-ministriniň arasynda gepleşikler geçirildi
19.12
Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Malaýziýa resmi saparynyň jemleri boýunça Türkmenistanyň we Malaýziýanyň arasynda BILELIKDÄKI BEÝANNAMA
19.12
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Malaýziýa resmi saparynyň jemleri boýunça metbugat maslahatyndaky çykyşy
19.12
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy IIM-niň Awtomobil sport toplumynyň desgalarynyň taslamalary bilen tanyşdy
18.12
Türkmenistanyň Prezidentiniň Malaýziýa resmi sapary başlandy
18.12
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hat
18.12
Türkmenistanyň Prezidentiniň «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly kitaby ýapon dilinde neşir edildi
18.12
Sanly tehnologiýalar dünýäni özgerdýär
18.12
Türkmenistanyň Prezidenti Katar Döwletiniň Emirini gutlady
top-arrow