Baş sahypa
\
Jemgyýet
\
Aşgabatda halkara ylmy maslahat geçirilýär
Jemgyýet
Aşgabatda halkara ylmy maslahat geçirilýär
Çap edildi 03.05.2021
2835

Şu gün türkmen paýtagtynda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň we Bilim ministrliginiň guramagynda sanly ulgam arkaly geçirilýän “Innowasion tehnologiýalary önümçilige ornaşdyrmagyň meseleleri” atly halkara ylmy-amaly maslahaty öz işine başlady.

Möhüm taryhy senä – eziz Diýarymyzyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyna hem-de "Türkmenistan - parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany" ýylyna bagyşlanyp geçirilýän bu forum berkarar döwletimiziň okgunly innowasiýa ösüşinde ýurdumyzyň ylym-bilim ulgamynyň gazananlarynyň ähmiýetini beýan etmekden ybaratdyr.

Mälim bolşy ýaly, ylym-bilim ulgamyny ösdürmek, onuň gazananlaryny milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynda netijeli peýdalanmak meseleleri hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň hemişe üns merkezinde saklanylýar. Milli tehnologiýa binýadynyň döredilmegi, elektron senagatynyň, biotehnologiýanyň, sanlylaşdyrmak we informatizasiýalaşdyrmak işleriniň ösdürilmegi döwlet innowasiýa syýasatynyň ileri tutulýan ugrudyr.

Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, ylym we bilim belent maksatlara ýetmegiň ýolunda jemgyýeti jebisleşdirýän, döwletimiziň kuwwatyny artdyrýan baýlyk bolup durýar. Ykdysadyýetiň ähli pudaklarynda geçirilýän ylmy barlaglaryň netijeliligini ýokarlandyrmak, sanly ulgamlary ornaşdyrmak, ylmy-barlag edaralarynyň, ýokary okuw mekdepleriniň alymlarynyň mümkinçiliklerini peýdalanmagyň ugurlaryny giňeltmek bu gün ylmy mundan beýläk-de ösdürmegiň möhüm meseleleriniň hatarynda aýratyn ähmiýete eýedir.

Döwlet Baştutanymyz Hökümetiň 30-njy aprelde geçirilen mejlisinde ylym-bilim işlerini ösdürmek, häzirki zaman işläp taýýarlamalary we innowasiýa tehnologiýalary önümçilige ornaşdyrmak, giň halkara hyzmatdaşlygyny ýola goýmak maksady bilen, milli bilim ulgamyny kämilleşdirmegiň aýratyn möhümdigini ýene bir gezek belledi.

Bu we beýleki möhüm meseleler şu halkara ylmy-amaly maslahatyna gatnaşyjylaryň ara alyp maslahatlaşmagyna hödürlenildi.

“Innowasion tehnologiýalary önümçilige ornaşdyrmagyň meseleleri” atly halkara ylmy-amaly maslahatynyň açylyşy Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetinde boldy. Şu ýerde bu ýokary okuw mekdebiniň talyplarynyň we mugallymlarynyň bio- hem-de biolukmançylyk tehnologiýalary, nanoelektronika we maddalaryň Interneti, ekologiýa we daşky gurşawy goramak, kiberhowpsuzlyk ulgamynda taýýarlanylan bilelikdäki ylmy işleriniň sergisi guraldy. Onda dürli programmalar we taslamalar, intellektual ulgamlary, tehniki işläp taýýarlamalar, robotlar, dökünlere himiki hem-de biologiki goşundylar we önümçilikde ulanylmaga gönükdirlen beýleki innowasiýa ugurly teklipler görkezilýär. Dünýäniň dürli ýurtlaryndan maslahata gatnaşyjylar göni ýaýlymda sergi bilen tanyşmaga mümkinçilik aldylar.

Halkara forumy ylym-bilim ulgamynyň ýolbaşçylaryny, alymlary, dürli ulgamlaryň hünärmenlerini, ýokary okuw mekdepleriň mugallymlaryny we talyplaryny bir ýere jemledi. Sanly ulgam arkaly maslahata dünýäniň ýigrimi ýurdundan iri ylmy merkezleriň we ýokary okuw mekdepleriň, ylmy-barlag edaralarynyň ýolbaşçylary we wekilleri gatnaşýarlar. Munuň özi giň hyzmatdaşlygy ýola goýmaga hem-de öňdebaryjy ylmy işläp taýýarlamalary önümçilige ornaşdyrmagyň möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşmaga ýardam berer.

Umumy mejlisde ýurdumyzyň Ylymlar akademiýasynyň we Bilim ministrliginiň, Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň ýolbaşçylary, şeýle hem Azerbaýjanyň, Koreýa Respublikasynyň, Ýaponiýanyň, Efiopiýanyň, Polşanyň, Hytaýyň, Palestinanyň, Italiýanyň, Russiýanyň görnükli alymlary çykyş etdiler.

Çykyşlarda Garaşsyzlyk ýyllary içinde Türkmenistanyň ylmy we tehnologiýalary ösdürmekde ägirt uly ösüş gazanandygy bellenildi, türkmen alymlarynyň ylmy ugurda gazananlary muňa şaýatlyk edýär, olar ykdysadyýetiň köp ulgamlarynda netijeli peýdalanylýar.

Maslahata gatnaşyjylar ýurdumyzda amatly içerki syýasy ýagdaýyň kemala gelmeginde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň aýratyn ornuny biragyzdan bellediler, munuň özi ylmy barlaglaryň işjeňleşdirilmegine, ýokary hünärli işgärleri taýýarlamaga, halkara hyzmatdaşlygy ösdürmäge ýardam berýär.

Ýurdumyzyň ylym ulgamy dünýä derejesinde ösüşe eýe boldy, onuň kanunçylyk we ylmy-enjamlaýyn binýady yzygiderli pugtalandyrylýar, ylmyň ileri tutulýan ugurlary boýunça barlag işlerini geçirmek, ýaş alymlary hem-de ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamak üçin giň mümkinçilikler döredilýär.

Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019-2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna laýyklykda, ýokary okuw mekdeplerinde, ylmy-tehnologiýa, ylmy-kliniki hem-de ylmy-taslama merkezlerinde, synag-önümçilik barlaghanalarynda dürli ugurlar boýunça düýpli barlaglar geçirilýär.

Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň 2020-2025-nji ýyllarda Türkmenistanda ylym ulgamyny sanly ulgama geçirmek boýunça kabul eden Maksatnamasynyň hem-de Türkmenistanda 2021-2025-nji ýyllarda himiýa ylmyny we tehnologiýalary toplumlaýyn ösdürmegiň Döwlet maksatnamasynyň ähmiýeti nygtaldy.

Çykyş edenler bilim ulgamy barada aýtmak bilen, Bilim ministrliginiň 2020-nji ýylda döredilen Innowasiýa maglumat merkeziniň ähmiýetini nygtadylar, onuň wezipesi Sanly bilim Konsepsiýasynyň meselelerini ilerletmekden ybaratdyr. Daşary ýurt dillerini öwretmegi kämilleşdirmek, bilim hem-de terbiýeçilik işine öňdebaryjy ylmy usullary we tehnologiýalary ornaşdyrmak maksady bilen, geçirilýän netijeli çäreler hökmünde 12 ýyllyk umumy orta bilime geçmek boýunça Konsepsiýanyň hem-de “Türkmenistanda tebigy we takyk ylmy ugurlara degişli dersleri okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasynyň” orny bellenildi. Hususan-da, elektron resminama dolanyşygy ulgamyny hem-de ugurdaş edaralaryň resmi web-saýtlaryny döretmek barada gürrüň edildi.

Ylymlar akademiýasynyň alymlarynyň, ýokary okuw mekdepleriň mugallymlarynyň we talyplarynyň ylmy açyşlaryny önümçilikde peýdalanmak meselelerine aýratyn üns berildi. Ykdysady taýdan düşewüntli, ýerli çig mal esasynda işleýän, dünýä bazarlarynda bäsdeşlige ukyply senagat önümçiliklerinde maksatnamalaýyn ylmy-barlaglaryň geçirilmegi göz öňünde tutulýar.

Şunuň bilen baglylykda, iň gowy daşary ýurt tejribesini öwrenmegiň, halkara ylmy alyşmalary işjeňleşdirmegiň, beýleki döwletleriň ylmy edaralary, uniwersitetleri hem-de iri bilim merkezleri bilen innowasiýa tehnologiýalary önümçilige ornaşdyrmaga ýardam berýän ýakyn hyzmatdaşlygyň ähmiýeti barada aýdyldy.

Ählumumy häsiýete eýe bolan innowasiýa işleri dünýä bileleşigini ösüşiň täze, has ýokary derejesine çykardy. Innowasiýa işleri öz gözbaşyny ylmyň aýry-aýry pudaklaryndan alýar hem-de önümçilikde dowam edip, oňyn özgertmelere getirýär. Biziň günlerimizde innowasiýalar kimdir biriniň islegi bolmak bilen çäklenmän, adamzadyň öňe gitmegi, bäsdeşlige ukyplylygy saklamak hem-de geljekde ösmek üçin zerurlykdyr diýip, çykyş edenler bellediler.

Foruma gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça BMG-niň 2021-nji ýyly Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly diýip yglan etmeginiň ähmiýetini nygtadylar. Bularyň ählisi Ýer ýüzünde parahatçylygy we abadançylygy pugtalandyrmak ugrunda ylmy diplomatiýanyň dabaralanýandygynyň aýdyň subutnamasydyr diýip, maslahatyň umumy mejlisiniň barşynda bellenildi.

Ýygnananlar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa maslahaty guramaga döredilen mümkinçilik, ylym-bilim ulgamynyň özgerdilmegine hem-de dünýä giňişligine üstünlikli goşulyşmagyna we bäsdeşlige ukyplylygynyň ýokarlandyrylmagyna ägirt uly üns berýndigi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler.

Ertir Halkara ylmy-amaly maslahat öz işini “Innowasion ykdysadyýet – ösüşleriň gözbaşy”, “Nebitgaz pudagynda innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmagyň ähmiýeti”, “Maglumat we telekommunikasiýa tehnologiýalary hem-de halkara hyzmatdaşlyk” diýen ýörite üç bölümde dowam eder. Bölümleriň mejlisleri Ylymlar akademiýasynda, Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetinde hem-de Telekommunikasiýalar we informatika institutynda dowam eder.

Soňky habarlar
28.03
Türkmenistanyň Prezidenti Eýran Yslam Respublikasynyň daşary işler ministrini kabul etdi
28.03
Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň döredilen güni mynasybetli geçirilýän maslahata gatnaşyjylara
28.03
Aşgabatda halkara metbugat maslahaty geçirildi
28.03
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Eýran Yslam Respublikasynyň daşary işler ministri bilen duşuşdy
27.03
Türkmenistanyň Prezidenti Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Baş sekretaryny kabul etdi
27.03
Türkmenistanyň Prezidenti BMG-niň Bütindünýä Syýahatçylyk Guramasynyň Baş sekretaryny kabul etdi
27.03
Türkmenistanyň Prezidenti Halkara we Aziýanyň tennis federasiýalarynyň ýolbaşçylaryny kabul etdi
27.03
Türkmenistanyň Prezidenti Türki Döwletleriň Guramasynyň Baş sekretaryny kabul etdi
27.03
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Änew şäherindäki täze metjidiň açylyşyna gatnaşdy
27.03
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Änew şäherindäki täze metjidiň açylyşy mynasybetli çykyşy
top-arrow