Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmen halkynyň Milli Lideriniň adyna gelen hat
Syýasy habarlar
Türkmen halkynyň Milli Lideriniň adyna gelen hat
Çap edildi 29.11.2026
10

Onuň Alyhezreti,
türkmen halkynyň Milli Lideri,
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy
jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa

Çuňňur hormatlanylýan Gurbanguly Mälikgulyýewiç!

Myhmansöýer türkmen topragynda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna gatnaşyjy döwletleriň Parlamentara Assambleýasynyň çäreleriniň üstünlikli geçirilmegi ugrunda eden tagallalaryňyz hem-de hemmetaraplaýyn goldawyňyz üçin Size tüýs ýürekden hoşallygymy beýan edýärin. Siziň belent abraýyňyz, halkara dialogy ösdürmäge üýtgewsiz ygrarlylygyňyz netijesinde duşuşyklar örän ýokary derejede, aýratyn dost-doganlyk, özara hormat goýmak ýagdaýynda geçirildi.

Türkmenistanyň Mejlisine Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna gatnaşyjy döwletleriň Parlamentara Assambleýasynyň ýanynda resmi taýdan synçy derejesiniň berilmegi baradaky taryhy çözgüdi aýratyn bellemek isleýärin. Onda Siziň meşhur döwlet we syýasy işgär hökmündäki parasatly, öňdengörüjilikli taglymatyňyz öz beýanyny tapdy. Bu möhüm çözgüdiň parlamentara gatnaşyklarda täze gözýetimleri açjakdygyna ynanýaryn. Türkmenistanda mähirli kabul edendigiňiz hem-de biziň bilelikdäki başlangyçlarymyzy hemişe goldaýandygyňyz üçin Size hoşallyk bildirýärin.

Size tüýs ýürekden berk jan saglyk, egsilmez güýç-kuwwat, asylly işleriňizde täze belentliklere ýetmegiňizi arzuw edýärin.

Size belent hormat goýýandygym baradaky ynandyrmalarymy kabul ediň!

Walentina Matwiýenko,
Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygy,
GDA gatnaşyjy döwletleriň Parlamentara Assambleýasynyň Geňeşiniň Başlygy.
 

Soňky habarlar
29.11
Watanymyzyň rowaçlygynyň we ählumumy parahatçylygyň bähbidine strategik hyzmatdaşlyk
29.11
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hat
29.11
Türkmen halkynyň Milli Lideriniň adyna gelen hat
28.11
Türkmenistanyň Mejlisiniň maslahaty
27.11
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
27.11
Türkmenistanyň Mejlisiniň Karary Türkmenistanyň 2025-nji ýyl üçin Döwlet býujetiniň ýerine ýetirilişi hakynda
27.11
Türkmenistanyň ekologiýa diplomatiýasy — ählumumy abadançylygyň bähbidine
27.11
Agzybirlik we döwletlilik ýoly bilen
26.11
Ulag ulgamynda zähmetiň halkara kadalary
26.11
Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň dykgatyna
top-arrow