Halkara howa menziliniň meýdançasyna Täjigistan Respublikasynyň Prezidentiniň uçary gelip gondy. Milli Liderimiz Prezident Emomali Rahmony mähirli garşylady. Dostlukly ýurduň Baştutanyna gül desseleri gowşurylyp, duz-çörek hödür edildi.
Paýtagtymyzyň Halkara howa menziline Gazagystan Respublikasynyň Prezidentiniň uçary gelip gondy. Uçaryň ýanynda türkmen halkynyň Milli Lideri Prezident Kasym-Žomart Tokaýew bilen mähirli görşüp, ony dostlarça garşylady. Gazagystanyň Baştutanyna gül desseleri gowşurylyp, duz-çörek hödür edildi.
Gahryman Arkadagymyzyň paýtagtymyzyň Halkara howa menzilinde garşylan nobatdaky ýokary derejeli myhmany Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan boldy. Milli Liderimiz Türkiýäniň döwlet Baştutanyny uçaryň ýanynda mähirli garşylady. Belent mertebeli myhmana gül desseleri gowşurylyp, duz-çörek hödür edildi.
Şu gün Halkara parahatçylyk we ynanyşmak forumyna gatnaşmak maksady bilen, ýurdumyza gelen daşary ýurt wekiliýetleriniň gatnaşmagynda paýtagtymyzda Bitaraplygyň 30 ýyllyk binasynyň açylyş dabarasy hem-de Bitaraplyk binasynyň meýdanynda baýdak galdyrmak dabarasy boldy.
Şu gün berkarar Watanymyzyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllyk baýramçylygy we Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli paýtagtymyzda, Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda giň gerimli sergi açyldy. Oňa ajaýyp sene mynasybetli dürli dabaralara gatnaşmak üçin Türkmenistana gelen köp sanly daşary ýurtly myhmanlar hem-de halkara guramalaryň wekilleri hem baryp gördüler.
Sizi Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllygyna bagyşlanan serginiň öz işine başlamagy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn. Bu giň möçberli serginiň uly üstünliklere beslenmegini tüýs ýürekden arzuw edýärin.
Parahatçylyk döredijiligiň we ynsanperwerligiň gadymdan gelýän däpleriniň häzirki döwürde mynasyp dowam etdirilmegi netijesinde Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesiniň ähmiýeti dünýäde barha artýar.
Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyza sapar bilen gelen Türkmen-awstriýa dostluk toparynyň ýolbaşçysy Neda Berger bilen duşuşdy.
Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýurdumyza sapar bilen gelen Türkmen-ýapon dostluk toparynyň ýolbaşçysy Hiroýuki Subaý bilen duşuşygy boldy.
Şu gün «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Türkmenistanyň Hökümetiniň we Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň Birleşen Milletler Guramasy bilen bilelikde guramagynda «Häzirki zaman jemgyýetinde zenanlaryň orny: Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek ugrunda halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmek» atly halkara maslahat geçirildi.