Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna agza ýurtlaryň demir ýol ulagy boýunça Geňeşiniň 84-nji halkara mejlisine gatnaşyjylara
Syýasy habarlar
Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna agza ýurtlaryň demir ýol ulagy boýunça Geňeşiniň 84-nji halkara mejlisine gatnaşyjylara
Çap edildi 12.05.2026
23

Hormatly halkara mejlise gatnaşyjylar!

Gadyrly myhmanlar!

Sizi Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna agza ýurtlaryň demir ýol ulagy boýunça Geňeşiniň 84-nji halkara mejlisiniň öz işine başlamagy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn!

Demir ýol ulgamy diňe bir ykdysady gatnaşyklaryň binýady bolman, eýsem, döwletleri we halklary birleşdirýän durnuklylygyň hem-de ösüşiň esasydyr. Şoňa görä-de, GDA agza ýurtlaryň demir ýol edaralarynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy täze belentliklere çykarmak biziň umumy maksadymyzdyr.

Türkmenistan 1992-nji ýyldan bäri bu guramanyň işjeň agzasy bolmak bilen, sebitde ylalaşykly ulag syýasatynyň kemala gelmegine uly goşant goşup gelýär. Milli demir ýollarynda utgaşykly daşamalary ýola goýmak, sebit derejesinde ylalaşykly ulag syýasatyny durmuşa geçirmek boýunça netijeli hyzmatdaşlygy yzygiderli ösdürýär.

Türkmenistan ulag-üstaşyr geçelgelerini ösdürmek ugrunda, şol sanda Birleşen Milletler Guramasynyň we beýleki iri halkara guramalarynyň meýdançalarynda hyzmatdaşlyk meselelerinde işjeň orny eýeleýär. Garaşsyz ýurdumyz bu ugurda uly maksatlary nazarlaýan birnäçe başlangyçlary öňe sürdi we netijede köp sanly kararnamalar kabul edildi.

2025-nji ýylyň 23-nji sentýabrynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň plenar mejlisinde hödürlenen 2026 – 2035-nji ýyllar üçin «BMG-niň Durnukly ulag boýunça onýyllygy» atly Kararnamanyň taslamasy şol ýylyň ahyrynda Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan tassyklandy. Bu ulag geçelgelerini ösdürmek, olaryň durnuklylygyny ýokarlandyrmak we ähli ýurtlar üçin elýeterliligini üpjün etmek bilen halkara jemgyýetçiligiň tagallalaryny birleşdirmäge giň mümkinçilik açýar.

Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynda dürli ýyllarda Türkmenistanyň başlangyjy bilen durnukly ösüş
üçin halkara hyzmatdaşlygyny üpjün etmekde ulag-üstaşyr geçelgeleriniň ornuna bagyşlanan köp sanly kararnamalar kabul edildi. Şeýle hem «Bütindünýä Durnukly ulag güni» atly Kararnama kabul edilip, her ýylyň 26-njy noýabry «Bütindünýä Durnukly ulag güni» diýlip yglan edildi.

Hormatly mejlise gatnaşyjylar!

Merkezi Aziýanyň we Ýewropanyň çatrygynda ýerleşýän Türkmenistan milli ulag düzümleriniň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak arkaly halkara üstaşyr geçirijilik mümkinçiliklerini yzygiderli artdyrýar.

Garaşsyzlyk ýyllarynda Tejen–Sarahs–Maşat, Gazagystan–Türkmenistan–Eýran we Kerki–Ymamnazar–Akina halkara demir ýollary, Türkmenabat–Zerger–Kerki we Aşgabat–Garagum–Daşoguz demir ýollary, şeýle hem Kerki–Kerkiçi we Türkmenabat–Farap demir ýol köprüleri gurlup, ulanmaga berildi.

Türkmenistan ulag ulgamyna yzygiderli goşulyşmak bilen, Gündogar–Günbatar we Demirgazyk–Günorta ugurlar boýunça möhüm ýollary we merkezleri birleşdirýän esasy üstaşyr ulag geçelgeleriniň düzümlerini mundan beýläk-de giňeltmegi möhüm meseleleriň hatarynda goýýar.

Hususan-da, 2016-njy ýylda BMG-niň howandarlygynda Aşgabatda geçirilen ýokary derejedäki Halkara maslahatynyň jemleri boýunça kabul edilen Aşgabat Beýannamasyny, 2017-nji ýylda baglaşylan «Üstaşyr we ulag hyzmatdaşlygy hakynda Ylalaşygy (Lapis Lazuli ugry boýunça Ylalaşyk)», şeýle hem TRACECA ulag geçelgesini görkezmek bolar.

«Hytaý–Gazagystan–Türkmenistan–Eýran» ulag-üstaşyr geçelgesini ösdürmek we ýükleriň geçirilişini işjeňleşdirmek boýunça hem zerur işler alnyp barylýar.

Bulardan başga-da, «Aziýa – Ýuwaş umman sebitiniň
ýurtlary – Hytaý – Gyrgyzystan – Özbegistan – Türkmenistan – Azerbaýjan – Gruziýa – Türkiýe – Ýewropa» halkara multimodal üstaşyr ulag ugruny işjeňleşdirmek boýunça hem agza döwletleriň demir ýol edaralarynyň arasynda yzygiderli işler alnyp barylýar.

Hormatly halkara mejlise gatnaşyjylar!

Gadyrly myhmanlar!

Sizi Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna agza ýurtlaryň demir ýol ulagy boýunça Geňeşiniň 84-nji halkara mejlisiniň öz işine başlamagy bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn!

Size berk jan saglygyny, maşgala abadançylygyny, alyp barýan işleriňizde uly üstünlikleri arzuw edýärin!


Türkmenistanyň Prezidenti
Serdar Berdimuhamedow

Soňky habarlar
12.05
Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna agza ýurtlaryň demir ýol ulagy boýunça Geňeşiniň 84-nji halkara mejlisine gatnaşyjylara
12.05
Watanymyzyň abadançylygynyň, deňhukukly hyzmatdaşlygyň, parahatçylyk söýüjilik ýörelgeleriniň bähbidine
12.05
Gahryman Arkadagymyz Malaýziýanyň Premýer-ministriniň ýanyndaky Syýasy meseleler boýunça konsultatiw komitetiň başlygy bilen duşuşdy
12.05
Paýtagtymyzda «Agro Pack Turkmenistan — 2026» atly halkara sergi geçirilýär
12.05
Halkara kinofestiwaldaky nobatdaky üstünlik
11.05
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
11.05
Türkmenistanyň Prezidenti Malaýziýanyň wekillerini kabul etdi
11.05
«Agro Pack Turkmenistan — 2026» atly halkara sergä gatnaşyjylara
11.05
Parahatçylyk söýüjilik — Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasatynyň esasy ýörelgesi
11.05
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 11 million 375 müň dollaryna deň boldy
top-arrow