Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň atşynaslaryna, bedew janköýerlerine we mähriban halkyna
Syýasy habarlar
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň atşynaslaryna, bedew janköýerlerine we mähriban halkyna
Çap edildi 15.05.2026
1346

Eziz watandaşlar!
Hormatly atşynaslar!

Sizi «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda türkmen atşynaslarynyň Özbegistan Respublikasynyň Daşkent şäherinde «Gündogaryň merjeni» ady bilen geçirilen halkara atly sport we gözellik bäsleşiklerine gatnaşyp, ýokary derejeli baş baýraklara mynasyp bolmagy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn.

Behişdi bedewlerimiz halkymyzyň milli gymmatlygydyr, pederlerimiziň nesillere goýan mirasydyr. Ahalteke bedewlerimiz ajaýyp gözelligi, ynsana mahsus gylyk-häsiýeti we eýesine wepalylygy bilen bütin dünýäde tanalýar. Türkmen bedewiniň şöhraty, halkara derejede gazanýan üstünlikleri bu günki gün halkara jemgyýetçiligiň ünsüni özüne çekýär. Ýakynda türkmen atşynaslarymyzyň Özbegistan Respublikasynyň Daşkent şäherinde «Gündogaryň merjeni» ady bilen geçirilen halkara atly sport we gözellik bäsleşiklerine gatnaşmagy hem ýatda galyjy, taryhy wakalaryň biri boldy. Dünýä medeniýetiniň bu ajaýyp gymmatlygynyň gadymy mekany Türkmenistandan ahalteke atlarynyň gatnaşmagy halkara bäsleşigiň derejesini we ähmiýetini has-da artdyrdy.

Geçirilen çekeleşikli at çapyşyklarynda, gözellik bäsleşiginde türkmen halkynyň buýsanjy bolan behişdi bedewlerimiz özleriniň ýyndamlygy hem-de gözelligi, çapyksuwarlarymyz bolsa ussatlygy bilen ýurdumyzyň şan-şöhratyny has-da belende galdyrdylar, ajaýyp guwandyryjy netijeleri gazandylar. «Gündogaryň merjeni» ady bilen guralan halkara atly sport we gözellik bäsleşiklerinde türkmen atşynaslarynyň ýokary derejeli baş baýraklara mynasyp bolmagyna bagyşlanyp, Aşgabat şäherindäki «Daşkent» dynç alyş seýilgähinde, şeýle hem Daşkent şäherindäki «Aşgabat» seýilgähinde dabaraly çäreleriň guralmagy türkmen-özbek gatnaşyklarynyň täze many-mazmun bilen baýlaşdyrylýandygynyň aýdyň beýanydyr.

Asyrlarboýy hoşniýetli goňşuçylykda ýaşaýan türkmen we özbek halklary parahatçylyga, abadançylyga, dost-doganlyga berk ygrarly bolupdyrlar. Hemişe birek-birege goldaw beripdirler. Häzirki wagtda ösüşiň täze belentliklerine tarap ynamly öňe barýan ýurtlarymyz bu gymmatlyklara berk ygrarlydyrlar. Ahalteke atlaryna bagyşlanyp, «Gündogaryň merjeni» ady bilen geçirilen halkara çäreler bolsa iki halkyň arasyndaky dost-doganlygy has-da pugtalandyrdy. Ýokary derejede geçirilen bäsleşikler, dabaraly çäreler iki ýurduň bu işde medeni we sport diplomatiýasynyň mümkinçiliklerinden netijeli peýdalanýandygyny nobatdaky gezek tassyklady. Şunda parahatçylygyň özboluşly ilçileriniň — ahalteke atlarynyň möhüm orunda bolmagy buýsandyryjy wakadyr.

Hormatly atşynaslar!

Behişdi bedewler okgunly ösýän Garaşsyz Watanymyzyň özboluşly nyşanydyr. Munuň özi ahalteke bedewleriniň dünýä atçylyk sportundaky şöhratly ýoluny mynasyp dowam etdirmek hem-de olaryň başarnyklaryny doly açmak üçin täze mümkinçilikleri döredýär. Şunda Gahryman Arkadagymyzyň ägirt uly hyzmatlary bardyr. Milli Liderimiziň tagallasy bilen Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň döredilmegi ýurdumyzda we dünýäde ahalteke atçylygynyň ösdürilmeginde, bu babatda alnyp barylýan işleriň döwrebap ýola goýulmagynda möhüm ähmiýete eýedir.

«Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň birnäçe gezek halkara sirk festiwallarynda baş baýraklara hem-de ýörite halkara baýraklara mynasyp bolmagy halkymyzyň bedew atlarymyza bolan buýsanjyny has-da artdyrýar. Ýurdumyzda atçylyk pudagy üçin ýokary bilimli hünärmenleri taýýarlamaga hem aýratyn üns berilýär. Arkadag şäherinde atçylyk boýunça ýokary okuw mekdebi bolan Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň döredilmegi muňa aýdyň şaýatlyk edýär. Şeýle hem sebitde ilkinji «akylly» şäher bolan Arkadag şäherinde Atçylyk ylmy-önümçilik merkeziniň döredilmegi atçylygy ylmy esasda öwrenmäge uly mümkinçilik döretdi.

Berkarar Watanymyzyň atşynaslary tarapyndan ahalteke bedewlerimiziň tohum arassalygyny gorap saklamak we baş sanyny yzygiderli artdyrmak, gamyşgulak bedewlerimiziň şöhratyny dünýä ýaýmak boýunça giň gerimli işler durmuşa geçirilýär. Ýurdumyzda atçylygy we atly sporty ösdürmek, bu ugurda dünýä döwletleri bilen tejribe alyşmak, netijeli halkara hyzmatdaşlygyň gerimini has-da giňeltmek babatda zerur işler alnyp barylýar.

Eziz watandaşlar!
Hormatly atşynaslar!

Sizi ata Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň şanly 35 ýyllyk toýunyň uludan toýlanýan ýylynda türkmen atşynaslarynyň Özbegistan Respublikasynyň Daşkent şäherinde «Gündogaryň merjeni» ady bilen geçirilen halkara atly sport we gözellik bäsleşiklerine gatnaşyp, ýokary derejeli baş baýraklara mynasyp bolmagy bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn. Size berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, türkmen atşynaslyk sungatyny mundan beýläk-de ösdürmek ugrunda alyp barýan işleriňizde uly rowaçlyklary arzuw edýärin.

Türkmenistanyň Prezidenti 
Serdar Berdimuhamedow.

Soňky habarlar
15.07
Döredijilik we ösüş ýoly bilen belent sepgitlere tarap
15.07
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisini çagyrmak hakynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň KARARY
15.07
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisini ýokary derejede geçirmek boýunça guramaçylyk toparyny döretmek hakynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň KARARY
15.07
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisi
15.07
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisindäki ÇYKYŞY
14.07
Türkmenistanyň Prezidenti Özbegistan Respublikasynyň daşary işler ministrini kabul etdi
14.07
Ylmy-lukmançylyk diplomatiýasy: ählumumy saglygy goraýşyň bähbidine tagallalary birleşdirip
14.07
Türkmenistanyň Prezidenti Fransiýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady
13.07
Türkmenistanyň halkara başlangyçlary — möhüm ekologiýa wezipelerini çözmekde tagallalary birleşdirmäge goşant
13.07
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 3 million 297 müň dollaryndan gowrak boldy
top-arrow