Şu gün paýtagtymyzdaky “Ýyldyz” myhmanhanasynda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň hem-de BMG-niň Çagalar gaznasynyň Türkmenistandaky wekilhanasynyň bilelikde guramagynda diňe ene süýdi bilen iýmitlendirmegi goldamak ulgamlaryny berkitmek boýunça ýokary derejeli milli «tegelek stol» maslahaty geçirildi. Bu iri çärä Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň wise-prezidenti Oguljahan Atabaýewa, Mejlisiň, Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň, ugurdaş edaralaryň, ýokary okuw mekdepleriniň, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň, halkara guramalaryň, şol sanda BMG-niň we onuň ýöriteleşdirilen edaralarynyň, iri halkara maliýe düzümleriniň, ýurdumyzdaky diplomatik wekilhanalaryň wekilleri gatnaşdylar.
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýyly hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda durmuşa geçirilýän, ýurdumyzyň hemmetaraplaýyn ösüşine we halkymyzyň abadan durmuşyny üpjün etmäge gönükdirilen öňdengörüjilikli döwlet syýasatynyň netijesi bolan täze üstünliklere beslenýär. Milli medeniýetiň ösdürilmegi, gaýtalanmajak milli mirasymyzyň goralyp saklanylmagy, öwrenilmegi, geljek nesillere ýetirilmegi hem-de dünýäde giňden wagyz edilmegi medeni strategiýanyň esasy ugurlarynyň biridir. Şoňa görä, döredijilik işini netijeli alyp barmak, bu ugurda işgärleriň hünär derejesini ýokarlandyrmak üçin amatly şertler döredilýär, degişli desgalar ulgamlaýyn döwrebaplaşdyrylyp, kadalaşdyryjy hukuk binýady kämilleşdirilýär.
Saglygy goraýyş ulgamyny kämilleşdirmek Gahryman Arkadagymyz tarapyndan işlenip taýýarlanylyp, häzirki wagtda hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça üstünlikli durmuşa geçirilýän strategiýanyň wajyp düzüm bölegi bolup çykyş edýär.
Özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmek, halkara giňişlikde netijeli gepleşikleri alyp barmak, bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmek hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň oňyn Bitaraplyk ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasat strategiýasynyň ileri tutulýan ugurlarydyr. Ählumumy durnuklylygy, howpsuzlygy üpjün etmäge gönükdirilen bu syýasat milli bähbitlere hem-de dünýä bileleşiginiň uzak möhletleýin maksatlaryna laýyk gelýär.
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 14-si hasaba alyndy.
Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda şu ýylyň geçen ýedi aýynda ýurdumyzda alnyp barlan işleriň jemleri jemlenildi.
Sizi beýik Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk baýramynyň toýlanýan ýylynda ýurdumyza gelip gowşan hoş habar – Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň 106-njy plenar mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy bilen «2028-nji ýyl – Halkara hukuk ýyly» atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi mynasybetli türkmen halkynyň hem-de Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň adyndan tüýs ýürekden gutlaýaryn.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ýaponiýanyň Premýer-ministri hanym Sanae Takaitä Ýaponiýanyň Kumamoto prefekturasynda bolup geçen köp sanly adam pidalaryna we şikes ýetmelerine getiren ýertitremesi zerarly gynanç hatyny iberdi.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Şweýsariýa Konfederasiýasynyň Prezidenti Gi Parmeline Şweýsariýa Konfederasiýasynyň Milli güni mynasybetli mähirli gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi.
Ilki bilen, Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti hormatly Sadyr Nurgožoýewiç Žaparowa bildirilen myhmansöýerlik we şu duşuşygymyzyň ajaýyp guramaçylyk derejesi üçin minnetdarlygymy beýan etmek isleýärin.