Baş sahypa
\
Jemgyýet
\
Watan goragçylary sarpalanyldy
Jemgyýet
Watan goragçylary sarpalanyldy
Çap edildi 28.09.2026
1135

Ýurdumyzda baýramçylyk dabaralarynyň dowam edýän pursatlarynda harby we hukuk goraýjy edaralaryň işgärlerine, harby gullukçylaryna we serkerdelerine «Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygyna bagyşlanyp geçirilen dabaraly harby ýörişe gatnaşyja» atly ýubileý medalyny, ýokary döwlet sylaglaryny gowşurmak we nobatdaky harby atlary dakmak çäresiniň geçirilmegi baýramçylyk dabaralarynyň taryhy ähmiýetini has-da artdyrdy. Asudalygyň, tertip-düzgüniň goragynda durýan, Watan goragy ýaly mukaddes borjy ýerine ýetirýän harby we hukuk goraýjy edaralaryň işgärleriniň, harby gullukçylaryň we serkerdeleriň ýokary döwlet sylaglary bilen sylaglanmagy Watan goragçylarynyň gullugyna döwlet tarapyndan berlen ýokary baha hökmünde kabul edildi.

Halkara gatnaşyklarda hemişelik Bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetlilik, ynsanperwerlik ýörelgelerine eýerýän, dünýä döwletleri we halklary bilen özara bähbitli, deňhukukly hyzmatdaşlygyň ösdürilmegini ileri tutýan döwlet hökmünde tanalýan Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň goranyş häsiýetli Harby doktrinasyna laýyklykda, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň goranyş kuwwaty we maddy-enjamlaýyn binýady yzygiderli pugtalandyrylýar.

Garaşsyzlyk baýramynyň dabaraly harby ýörişiniň öňüsyrasynda “Oguz han” köşkler toplumynda Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Serdar Berdimuhamedowa “Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygyna bagyşlanyp geçirilen dabaraly harby ýörişe gatnaşyja” atly Türkmenistanyň ýubileý medalynyň gowşurylmagy tutumly toýlaryň derejesini we ähmiýetini has-da artdyrdy.

Ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň işgärleri, harby gullukçylary we serkerdeleri mynasyp bolan ýokary döwlet sylaglaryny we nobatdaky harby atlaryň degişli nyşanlaryny aýratyn buýsanç duýgulary bilen kabul edip, Belent Serkerdebaşymyzyň öz halkyňa we Watanyňa ak ýürekden gulluk etmek, mukaddes borja wepaly bolmak babatda aýdan sözlerini ýokary derejede berjaý etmek ugrunda ähli tagallalaryny gaýgyrmajakdyklaryna ynandyrdylar. Olaryň mukaddes tugumyza tagzym edip, watançylyk kasamyny belent ruh bilen ýerine ýetirmekleri şöhratly pederlerimiziň Watany goramak baradaky pähimleriniň häzirki nesiller üçin nusgalykdygynyň nobatdaky beýanydyr. Munuň özi raýatlaryň, aýratyn-da, ýaşlaryň harby-watançylyk duýgularyny ýokarlandyrmakda, olary ruhubelent, ösen we sagdyn dünýägaraýyşly adamlar edip ýetişdirmekde görelde mekdebidir.

Türkmenistanyň döwlet Garaşsyzlygyny berkitmekde we gorap saklamakda, ýurdumyzyň goranmak kuwwatyny ýokarlandyrmakda, Watanymyzyň hem-de onuň raýatlarynyň howpsuzlygyny, kanunylygy we hukuk tertibini üpjün etmekde ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ähli düzümleri kesgitlenen wezipeleri ýokary derejede we abraý bilen ýerine ýetirýärler. Bu bolsa mähriban Watanymyzda asudalygyň, tertip-düzgüniň üpjün edilmeginde, ýurdumyzyň çäginden geçýän dost-doganlyk serhetleriniň mizemezliginde we harby gullukçylaryň gulluk borçlaryny Türkmenistanyň Harby doktrinasyna laýyklykda berjaý etmeklerinde ähmiýetlidir.

Ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň dürli düzümlerinde işleýän işgärleriň, harby gullukçylaryň we serkerdeleriň Watan goragy ýaly asylly ýörelgelere goşan uly şahsy goşandyny, köp ýyllaryň dowamynda çeken halal zähmetini göz öňünde tutup, olara ýokary döwlet sylaglarynyň gowşurylmagy Watan mukaddesliginiň berkarar bolmagy ugrunda tagalla edýänleriň döwlet derejesinde sarpalanýandygynyň aýdyň nyşanydyr.

Watan goragçylary döredilýän ýokary derejeli mümkinçiliklerden netijeli peýdalanyp, mundan beýläk-de mähriban Watanymyza, halkymyza we ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysyna ak ýürekden gulluk etjekdiklerine watançylyk kasamyny buýsanç bilen ýerine ýetirdiler.

Soňky habarlar
10.10
Paýtagtymyzda «Saglygy goraýyş, bilim we sport Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe» atly halkara sergi we ylmy maslahat öz işine başlady
10.10
Paýtagtymyzda saglygy goraýyş maksatly täze binalar ulanmaga berildi
10.10
Türk­me­nis­ta­nyň sag­ly­gy go­ra­ýyş we der­man se­na­ga­ty ul­ga­my­nyň iş­gär­le­ri­ne
10.10
Türk­me­nis­ta­nyň Prezidenti hor­mat­ly Serdar Berdimuhamedowa
09.10
Ga­raş­syz Döw­let­le­riň Ar­ka­la­şy­gy­nyň döw­let Baş­tu­tan­la­ry­nyň Ge­ňe­şi­niň mej­li­si
09.10
Türk­me­nis­ta­nyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň GDA-nyň döw­let Baş­tu­tan­la­ry­nyň Ge­ňe­şi­niň mej­li­sin­dä­ki çykyşy
09.10
Türk­men hal­ky­nyň Milli Lideri, Türk­me­nis­ta­nyň Halk Mas­la­ha­ty­nyň Baş­ly­gy Gahryman Arkadagymyzyň «Arç­man» şy­pa­ha­na­syn­da goş­ma­ça tä­ze be­je­riş mer­ke­zi­niň bi­na­lar top­lu­my­nyň açy­lyş da­ba­ra­syn­da­ky çykyşy
09.10
Türk­men hal­ky­nyň Milli Lideri, Türk­me­nis­ta­nyň Halk Mas­la­ha­ty­nyň Baş­ly­gy Gahryman Arkadagymyz «Arç­man» şy­pa­ha­na­syn­da goş­ma­ça tä­ze be­je­riş mer­ke­zi­niň bi­na­lar top­lu­my­nyň açy­lyş da­ba­ra­sy­na gat­naş­dy
09.10
Türk­me­nis­ta­nyň Prezidenti Be­la­rus Res­pub­li­ka­sy­nyň Prezidenti bi­len du­şuş­dy
09.10
Türk­me­nis­ta­nyň Prezidenti Eý­ran Ys­lam Res­pub­li­ka­sy­nyň Prezidenti bi­len du­şuş­dy
top-arrow