Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmenistanyň Prezidenti «Daewoo Engineering & Construction Co., Ltd.» kompaniýasynyň ýolbaşçysyny kabul etdi
Syýasy habarlar
Türkmenistanyň Prezidenti «Daewoo Engineering & Construction Co., Ltd.» kompaniýasynyň ýolbaşçysyny kabul etdi
Çap edildi 28.09.2026
1613

Şu gün baýramçylyk at çapyşygynyň geçirilýän pursatlarynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygy mynasybetli dabaralara gatnaşmak üçin ýurdumyza gelen «Daewoo Engineering & Construction Co., Ltd.» kompaniýasynyň prezidenti Li Kan-Soky kabul etdi.

Işewür wagt tapyp kabul edendigi üçin hoşallyk bildirip, döwlet Baştutanymyzy ýurdumyzyň Garaşsyzlyk baýramy bilen tüýs ýürekden gutlady hem-de baýramçylyk dabaralarynyň, paýtagtymyz Aşgabadyň gözel keşbiniň özünde uly täsirleri galdyrandygyny belledi. Şeýle hem myhman koreý-türkmen gatnaşyklary barada aýdyp, hormatly Prezidentimiziň Koreýa Respublikasyna amala aşyran döwlet saparynyň, onuň çäklerinde gatnaşan “Merkezi Aziýa — Koreýa Respublikasy” ilkinji sammitiniň möhüm ähmiýetini belledi.

Döwlet Baştutanymyz Li Kan-Soky mähirli mübärekläp, ilki bilen, «Daewoo Engineering & Construction Co., Ltd.» kompaniýasynyň prezidenti wezipesine bellenmegi bilen gutlady hem-de onuň ýurdumyza amala aşyrýan saparynyň ikitaraplaýyn gatnaşyklary has-da ösdürmäge täze itergi berjekdigine ynam bildirdi.

Bellenilişi ýaly, ýurdumyzda Koreýa Respublikasy bilen gatnaşyklaryň hemmetaraplaýyn ösdürilmegine aýratyn üns berilýär. Iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlyk uzak möhletleýin strategik häsiýete eýedir. Döwletara gatnaşyklar deňhukuklylyk, özara hormat goýmak we ynanyşmak ýörelgeleri esasynda işjeň ösdürilýär.

Nygtalyşy ýaly, türkmen-koreý ykdysady gatnaşyklaryna koreý kompaniýalary uly goşant goşýarlar. Olar ýurdumyzyň gazhimiýa senagatynda iri taslamalaryň durmuşa geçirilmegine işjeň gatnaşýarlar.

Li Kan-Sok ýolbaşçylyk edýän kompaniýasyna bildirilen ýokary ynam üçin döwlet Baştutanymyza tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, uzak möhletleýin hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek ugrunda ähli tagallalary etjekdigine ynandyrdy.

Duşuşygyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz «Daewoo Engineering & Construction Co., Ltd.» kompaniýasynyň prezidentine iň gowy arzuwlaryny beýan etdi.

Soňky habarlar
13.11
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
13.11
M.W.AKMÄMMEDOW hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
13.11
D.G.SÜLEÝMANOW hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
13.11
B.A.ANNAÝEW hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
13.11
N.H.AGAHANOW hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
13.11
A.A.KÜRTOW hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
13.11
Bilelikdäki türkmen-pakistan hökümetara toparynyň türkmen böleginiň düzümi tassyklanyldy
13.11
Türkmenistanyň Prezidentiniň Buýrugyna laýyklykda, N.Atagulyýewa käýinç yglan edildi
12.11
Bitarap Türkmenistanyň netijeli başlangyçlary — parahatçylyk döredijiligiň möhüm şerti
12.11
XIII Türkmen-German Forumy: saglygy goraýşy kämilleşdirmek ugrunda
top-arrow