Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmenistanyň Prezidenti “Toyo Engineering Corporation” kompaniýasynyň ýolbaşçysyny kabul etdi
Syýasy habarlar
Türkmenistanyň Prezidenti “Toyo Engineering Corporation” kompaniýasynyň ýolbaşçysyny kabul etdi
Çap edildi 28.09.2026
1633

Şu gün baýramçylyk at çapyşygynyň geçirilýän pursatlarynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygy mynasybetli dabaralara gatnaşmak üçin ýurdumyza gelen “Toyo Engineering Corporation” ýapon kompaniýasynyň prezidenti, Baş ýerine ýetiriji direktory, wekilçilik müdiri Eiji Hosoini kabul etdi.

Eiji Hosoi wagt tapyp kabul edendigi üçin hoşallyk bildirip, döwlet Baştutanymyzy ýurdumyzyň Garaşsyzlyk baýramy bilen tüýs ýürekden gutlady hem-de baýramçylyk dabaralaryna gatnaşmagynyň özi üçin uly hormatdygyny aýtdy. Şeýle hem myhman Ýaponiýa bilen Türkmenistanyň arasyndaky köpugurly gatnaşyklary ösdürmekde hormatly Prezidentimiziň hem-de Gahryman Arkadagymyzyň uly goşandyny belläp, ýapon kompaniýalarynyň ýurdumyzda iş alyp barmagyna döredilýän mümkinçilikler üçin hoşallygyny beýan etdi.

Döwlet Baştutanymyz myhmany mähirli mübärekläp, Eiji Hosoiniň ýurdumyza amala aşyrýan saparynyň Türkmenistan bilen onuň ýolbaşçylyk edýän kompaniýasynyň arasyndaky gatnaşyklary has-da ösdürmäge täze itergi berjekdigini aýtdy. Bellenilişi ýaly, Türkmenistan Ýaponiýa bilen hemişe özara hormat goýmaga we birek-birege goldaw bermäge esaslanýan gatnaşyklara ýokary baha berýär. Häzirki wagtda türkmen-ýapon gatnaşyklary syýasy, söwda-ykdysady, durmuş, medeni-ynsanperwer ugurlary öz içine alýar.

Döwlet Baştutanymyz köp ýyllaryň dowamynda iri ýapon kompaniýalarynyň ýurdumyzyň gaz pudagynda we himiýa senagatynda taslamalary durmuşa geçirendiklerini we şunuň bilen baglylykda, “Toyo Engineering Corporation” bilen ýola goýlan netijeli hyzmatdaşlygyň möhüm ähmiýetini belledi.

Işewür türkmen bazarynda netijeli işlemäge döredilýän amatly şertler üçin ýene bir gezek hoşallyk bildirip, ýolbaşçylyk edýän kompaniýasynyň Türkmenistanyň ykdysady ösüşine mundan beýläk-de goşant goşmaga taýýardygyny tassyklady.

Duşuşygyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow özara bähbitli hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de ösdüriljekdigine ynam bildirip, “Toyo Engineering Corporation” kompaniýasynyň ýolbaşçysyna işinde üstünlikleri arzuw etdi.

Soňky habarlar
13.11
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
13.11
M.W.AKMÄMMEDOW hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
13.11
D.G.SÜLEÝMANOW hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
13.11
B.A.ANNAÝEW hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
13.11
N.H.AGAHANOW hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
13.11
A.A.KÜRTOW hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
13.11
Bilelikdäki türkmen-pakistan hökümetara toparynyň türkmen böleginiň düzümi tassyklanyldy
13.11
Türkmenistanyň Prezidentiniň Buýrugyna laýyklykda, N.Atagulyýewa käýinç yglan edildi
12.11
Bitarap Türkmenistanyň netijeli başlangyçlary — parahatçylyk döredijiligiň möhüm şerti
12.11
XIII Türkmen-German Forumy: saglygy goraýşy kämilleşdirmek ugrunda
top-arrow