Baş sahypa
\
Resmi
\
Türkmenistanyň Prezidenti, Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Kararlara gol çekdi
Resmi
Türkmenistanyň Prezidenti, Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Kararlara gol çekdi
Çap edildi 28.09.2026
21

Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň öňünde durýan wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek, ahalteke bedewleriniň şan-şöhratyny mundan beýläk-de dünýä ýaýmak we belende götermek, şeýle hem türkmen atşynaslyk sungatyny halkara derejede ösdürmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti, Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, ahalteke atlarynyň arasynda atly sport we gözellik bäsleşiginiň dünýä çempionatyny her bäş ýyldan bir gezek geçirmek hem-de onuň geçiriljek wagtyny we ýerini Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň mejlisinde tassyklamak bellenildi.

***

Ahalteke bedewleriniň dünýä atly sportundaky ornuny berkitmek, olaryň Olimpiýa meýdançalaryna üstünlikli gatnaşmaklaryny üpjün etmek hem-de bu ugurdaky halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti, Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, ahalteke atlaryny konkuryň we atly sportuň beýleki görnüşleriniň halkara talaplaryna laýyklykda taýýarlamak boýunça ýöriteleşdirilen okuw-türgenleşik maksatnamalaryny taýýarlamak, ahalteke atlarynyň arasynda geçiriljek atly sport boýunça iri bäsleşiklerde Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň ýörite halkara baýraklaryny we kuboklaryny döretmek bellenildi.

***

Ahalteke atlarynyň taryhy uzak ýol geçiş mümkinçiliklerini häzirki zaman syýahatçylygynyň mümkinçilikleri bilen utgaşdyrmak, türkmen atşynaslyk däplerini dünýä ýaýmak, Beýik Ýüpek ýolunyň taryhy-medeni mirasyny atly syýahatçylyk arkaly wagyz etmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti, Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, ahalteke atlarynda atly syýahatçylygy Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň halkara derejede ösdürilmeli ugurlarynyň biri hökmünde kesgitlemek, Türkmenistanda ahalteke atlarynda atly syýahatçylygy ösdürmek boýunça tejribe alyşmak, hünärmenleri taýýarlamak we bilelikdäki halkara taslamalary durmuşa geçirmek boýunça teklipleri taýýarlamak, ahalteke atlarynda atly syýahatçylygyň taryhy-medeni, ekologiýa we halkara syýahatçylyk mümkinçiliklerini birleşdirýän täze ugurlary döretmek üçin daşary ýurtlaryň atçylyk we syýahatçylyk guramalary bilen hyzmatdaşlygy ýola goýmak bellenildi.

***

Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň Tertibiniň we esasy wezipeleriniň talaplaryna laýyklykda, dünýäniň dürli ýurtlarynda ösdürilip ýetişdirilýän arassa ganly ahalteke atlary barada maglumatlary merkezleşdirmek, olaryň tohumçylyk hasabatyny kämilleşdirmek, ahalteke atlarynyň tohum arassalygyny gorap saklamak, olaryň genetiki aýratynlyklaryny öwrenmek we geljek nesillere geçirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti, Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, ahalteke atlarynyň tohumçylyk işlerini halkara derejede utgaşdyrmak, tohumçylyk maglumatlarynyň alyş-çalşygyny, arassa ganly ahalteke atlarynyň genetik goragyny we tohumçylyk standartlarynyň kämilleşdirilmegini üpjün etmek maksady bilen, Ahalteke atlarynyň halkara tohumçylyk geňeşini döretmek bellenildi.

***

Ahalteke atynyň genetiki baýlygyny gorap saklamak, onuň tohum aýratynlyklaryny ylmy esasda öwrenmek, weterinariýa ylmyny ösdürmek we halkara ylmy hyzmatdaşlygy giňeltmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti, Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, ahalteke atlarynyň genetikasyny, tohumçylyk aýratynlyklaryny, köpeldip ýetişdirilişini, iýmitlendirilişini, saglygyny, weterinariýasyny we önümçilik mümkinçiliklerini häzirki zaman ylmy usullary arkaly öwrenmek we beýleki öňdebaryjy biotehnologiýalaryň mümkinçiliklerinden peýdalanmak boýunça ylmy-barlag maksatnamalaryny işläp taýýarlamak, ahalteke atlarynyň saglygyny goramak we keselleriň öňüni almak boýunça ýörite ylmy-weterinariýa barlag işlerini geçirmek, ahalteke atlarynyň genofonduny gorap saklamaga gönükdirilen innowasion taslamalary goldamak bellenildi.

***

Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň wezipelerini üstünlikli durmuşa geçirmek, behişdi ahalteke bedewleriniň şan-şöhratyny dünýä ýaýmak we atşynaslyk sungatyny ösdürmek hem-de assosiasiýanyň agzalarynyň sanyny artdyrmak maksady bilen, şeýle hem assosiasiýanyň Müdiriýetiniň teswirnamasyna laýyklykda, Türkmenistanyň Prezidenti, Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň agzalygyna Türkmenistanyň we daşary ýurtlaryň raýatlary kabul edildi.

***

Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň öňünde durýan wezipeleri üstünlikli amala aşyrmak, ahalteke bedewleriniň şan-şöhratyny has-da belende galdyrmak we atşynaslyk sungatyny ösdürmek, bu ugurda öňdebaryjy tejribeleri atçylyk pudagyna giňden ornaşdyrmak hem-de atşynaslaryň arasyndaky özara bähbitli hyzmatdaşlygyň gerimini giňeltmek maksady bilen, şeýle hem assosiasiýanyň Müdiriýetiniň teswirnamasyna laýyklykda, Türkmenistanyň Prezidenti, Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň nobatdaky XVII mejlisini 2027-nji ýylyň aprel aýynda Aşgabat şäherinde geçirmek bellenildi.

Soňky habarlar
28.09
Türkmenistanyň Prezidentiniň gatnaşmagynda Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň XVI mejlisi geçirildi
28.09
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň XVI mejlisindäki çykyşy
28.09
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Baştutany bilen duşuşdy
28.09
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy “Çalyk Holding” kompaniýasynyň ýolbaşçysy bilen duşuşdy
28.09
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy “Rönesans Holding” kompaniýasynyň ýolbaşçysy bilen duşuşdy
28.09
Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Daşary ýurt raýatlaryna «Türkmenistanyň at gazanan atşynasy» diýen hormatly ady dakmak hakynda
28.09
Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmenistanyň hormatly atlaryny dakmak hakynda
28.09
Türkmenistanyň Prezidenti, Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Kararlara gol çekdi
28.09
Türkmenistanyň Prezidenti “Toyo Engineering Corporation” kompaniýasynyň ýolbaşçysyny kabul etdi
28.09
Türkmenistanyň Prezidenti «Daewoo Engineering & Construction Co., Ltd.» kompaniýasynyň ýolbaşçysyny kabul etdi
top-arrow