Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Aşgabat atçylyk sport toplumyndaky baýramçylyk dabaralaryna gatnaşdy
Syýasy habarlar
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Aşgabat atçylyk sport toplumyndaky baýramçylyk dabaralaryna gatnaşdy
Çap edildi 28.09.2026
11

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ýurdumyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygy mynasybetli Aşgabat atçylyk sport toplumynda guralan baýramçylyk dabaralaryna gatnaşdy. Munuň özi «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýyly diýlip yglan edilen ýylda halkymyzyň dünýä peşgeş beren behişdi bedewlerine goýulýan hormat-sarpanyň aýdyň güwäsi boldy.

Gahryman Arkadagymyzyň asylly başlangyçlaryny üstünlikli durmuşa geçirýän hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzyň atçylyk pudagyny ösdürmek we milli atşynaslygyň däplerini dünýä ýaýmak, şol sanda ahalteke bedewleriniň tohum arassalygyny gorap saklamak boýunça yzygiderli işler amala aşyrylýar. Behişdi bedewlerimiz ýyndamlygy, owadanlygy, wepadarlygy bilen tapawutlanýan, bahasyna ýetip bolmajak milli gymmatlykdyr. Asyrlaryň dowamynda ata-babalarymyz ahalteke bedewlerini ösdürip ýetişdirmegiň milli ýörelgesini döredipdirler. Häzirki wagtda bu däpler ussat atşynaslarymyz, seýislerimiz tarapyndan mynasyp dowam etdirilýär. Bu işlerde Gahryman Arkadagymyzyň «Ahalteke bedewi — biziň buýsanjymyz we şöhratymyz», «Gadamy batly bedew», «Atda wepa-da bar, sapa-da» atly kitaplarynyň gymmatly gollanma öwrülendigini bellemek gerek.

Milli we dünýä medeniýetiniň naýbaşy nusgasy bolan behişdi bedewler häzirki döwürde Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň gazanýan beýik üstünlikleriniň nyşanydyr. Şunuň bilen baglylykda, 2026-njy ýylyň “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” ýyly diýlip yglan edilmegi ahalteke atlaryny wagyz etmek we geljek nesillere ýetirmek ugrunda alnyp barylýan işleri has-da ilerletmek üçin täze tapgyry açdy.

Mälim bolşy ýaly, hormatly Prezidentimiziň degişli Kararyna laýyklykda, halkymyzyň göz guwanjyna, asylly maksatlarynyň myradyna deňelýän, türkmen halkynyň genji-hazynasyna öwrülen behişdi bedewlerimiziň dünýädäki şan-şöhratyny has-da belende galdyrmak, şeýle hem dünýä derejesindäki halkara gözellik we atly sport bäsleşiklerine gowy taýýarlyk görmek maksady bilen, guramaçylyk döwlet topary döredildi. Bu topara Gahryman Arkadagymyzyň hut özi ýolbaşçylyk edýär. Şunuň bilen baglylykda, şu şanly ýylda Niderlandlar Patyşalygynda ahalteke atlarynyň arasynda geçirilen gözellik we atly sport bäsleşikleri boýunça dünýä çempionatyna hem-de Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň açyk mejlisine Gahryman Arkadagymyzyň gatnaşmagy behişdi bedewlerimiziň dünýädäki şan-şöhratyny belende galdyrmakda möhüm ähmiýete eýe boldy. Mundan başga-da, Gahryman Arkadagymyzyň Beýik Britaniýanyň we Demirgazyk Irlandiýanyň Birleşen Patyşalygynyň Windzor galasynyň çäklerinde geçirilen atly sport çärelerine gatnaşmagy şanly ýylyň many-mazmunyny baýlaşdyrdy.

«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýyly mynasybetli guralan çäreleriň çäklerinde Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen döredilen «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň Azerbaýjan Respublikasynyň Baku şäherindäki täsirli çykyşy dostlugyň we sungatyň baýramçylygyna öwrüldi. Şunuň bilen bir hatarda, Özbegistan Respublikasynyň Daşkent şäherinde geçirilen atçylyk sporty boýunça ýaryşda we «Gündogaryň merjeni» gözellik bäsleşiginde behişdi bedewlerimiziň we olaryň çapyksuwarlarynyň üstünlikli çykyş edendiklerini hem-de «Aziýanyň çempiony» we «Dünýä çempiony» diýen hormatly atlara, şeýle hem beýleki baýraklara mynasyp bolandyklaryny bellemek ýakymlydyr. Kazanda geçirilen halkara ýaryşda hem türkmen çapyksuwarlary baýrakly orunlary, kuboklary eýelemegi başardylar, ahalteke atlarynyň hormatyna döredilen ýörite baýraklara mynasyp bolup, öz gaýtalanmajak ussatlygyny görkezdiler.

Ýaňy-ýakynda geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisinde hormatly Prezidentimiziň ahalteke bedew atlarynyň genofonduny gorap saklamaga, baş sanyny artdyrmaga hem-de halkara giňişlikde olaryň şan-şöhratyny has-da dabaralandyrmaga gönükdirilen “Türkmenistanda ahalteke bedew atlarynyň döwlet goragy hakynda” Türkmenistanyň Kanunyna gol çekmegi döwletimiziň bu ugurdaky kanunçylyk binýadynyň üstüni ýetirdi.

...Ir bilen paýtagtymyzyň gözel künjeginde ýerleşýän Aşgabat atçylyk sport toplumynda baýramçylyk ýagdaýy emele geldi. Dabara gatnaşyjylaryň hatarynda Mejlisiň Başlygy, Hökümet agzalary, ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylary, daşary ýurtlaryň Türkmenistandaky diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary we wekilleri bar.

Dabara gatnaşyjylar hormatly Prezidentimizi uly ruhubelentlik bilen garşyladylar.

Toplumyň girelgesinden esasy münber binasyna çenli uzap gidýän ýoluň ugrunda Arkadag we Aşgabat şäherleriniň, ýurdumyzyň welaýatlarynyň sergisi ýaýbaňlandyrylypdyr. Sergide görkezilýän şekillendiriş we amaly-haşam sungatynyň eserlerinde, haly önümlerinde, zergärçilikde, fotosuratlarda behişdi bedewleriň gözelligi çeper beýan edilýär. Bu eserler «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynyň belent ruhuny şöhlelendirip, ýurdumyzyň döredijilik kuwwatyny açyp görkezýär.

Sergide dünýäniň medeni mirasynyň aýrylmaz bölegi hökmünde ykrar edilen ahalteke atlarynyň gözelligini beýan edýän zergärçilik önümlerine möhüm orun berlipdir. At esbaplarydyr bezeg şaý-sepleri ýerine ýetiriliş usullary bilen tapawutlanýar. Bu nepis işler özüniň gaýtalanmajak gözelligi bilen bu ýere ýygnananlarda uly gyzyklanma döretdi. Ahalteke atlarynyň keşbi döredijilik eserlerinde täsirli şöhlelendirilipdir.

Bulardan başga-da, sergide halkymyzyň medeniýetini, köpugurly sungatyny, maddy-medeni mirasyny beýan edýän gymmatlyklar toplumy görkezilýär. Şolaryň hatarynda nepis halylar hem bar. Gözelligi, nepisligi, köpöwüşginliligi, reňkleriniň ajaýyp sazlaşygy bilen tapawutlanýan halylarymyzda halkymyzyň asylly ýörelgeleri, milli aýratynlyklary, ruhy dünýäsi jemlenendir.

Soňra döwlet Baştutanymyz baýramçylyk mynasybetli ýaýbaňlandyrylan aýdym-sazly çykyşlara tomaşa etdi.

Hormatly Prezidentimiz esasy münber binasyna barýar.

Soňra baýramçylyk at çapyşyklaryna badalga berilýändigi yglan edildi.

Bu gün dürli aralyga çapyşyklaryň ýedisi geçirildi.

Türkmenistanyň maliýe we ykdysadyýet toplumynyň baýragyny almak ugrunda üçýaşar atlaryň arasynda 1 müň 600 metr aralyga geçirilen birinji çapyşykda Aşgabat şäheriniň Berkararlyk etrap häkimligine degişli Näzli atly dor bedew pellehana ilkinji bolup gelmegi başardy. Ol bu aralygy geçmek üçin 1 minut 51,8 sekunt sarp etdi. Onuň çapyksuwary P.Orazow, seýsi bolsa W.Gaýipow. Ýeňijä 100 müň manat möçberindäki pul baýragy gowşuryldy.

Ýurdumyzyň nebitgaz toplumynyň baýragyny almak ugrunda üçýaşar atlaryň arasynda 1 müň 600 metr aralyga geçirilen ikinji çapyşykda bolsa Aşgabat şäher häkimligine degişli Aýýyldyz atly akýal mele bedew ilkinji bolup pellehana geldi. Ol bu aralyk üçin 1 minut 51,4 sekunt sarp etdi. Onuň çapyksuwary Ş.Saryýew, seýsi bolsa H.Gubaýew. Ýeňijä 100 müň manat möçberindäki pul baýragy gowşuryldy.

Şu günki baýramçylygyň şanyna geçirilen üçünji çapyşykda üçýaşar atlar Türkmenistanyň söwda toplumynyň baýragyny almak ugrunda 1 müň 800 metr aralyga güýç synanyşdylar. Bu çapyşykda “Türkmengaz” döwlet konserniniň “Bäherden” atçylyk hojalygyna degişli Bendesen atly dor at pellehana ilkinji bolup gelmegi başardy. Onuň çapyksuwary Y.Allanazarow, seýsi bolsa Türkmenistanyň at gazanan atşynasy D.Myratgulyýew. Bendesen bellenilen aralygy geçmek üçin 2 minut 5,2 sekunt sarp etdi. Ýeňijä 100 müň manat möçberindäki pul baýragy gowşuryldy.

Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk baýramy mynasybetli geçirilen dördünji çapyşykda dört we uly ýaşar atlar Türkmenistanyň ulag we aragatnaşyk toplumynyň baýragyny almak ugrunda 1 müň 800 metr aralyga ýaryşa goşuldylar. Çekeleşikli geçen çapyşykda Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumyna degişli Gönibek atly dor at pellehanadan ilkinji bolup geçdi. Onuň görkezen wagty 2 minut 4,6 sekunda deň boldy. Ony bu ýaryşa taýýarlan seýis Türkmenistanyň ussat halypa çapyksuwary O.Annalyýew, çapyksuwary bolsa S.Çaryýew. Ýeňijä 100 müň manat möçberindäki pul baýragy gowşuryldy.

Bäşinji çapyşykda dört we uly ýaşar atlar Türkmenistanyň gurluşyk we senagat toplumynyň baýragyny almak ugrunda 1 müň 800 metr aralyga güýç synanyşdylar. Bu çapyşykda Aşgabat şäher häkimligine degişli Maksatly atly al at pellehanadan ilkinji bolup geçmegi başardy. Ol bu aralygy geçmek üçin 2 minut 3,5 sekunt sarp etdi. Onuň seýsi üçünji derejeli seýis R.Seýidow, çapyksuwary hem ussat çapyksuwar R.Seýidow. Ýeňijä 100 müň manat möçberindäki pul baýragy gowşuryldy.

Baýramçylyk at çapyşygynyň altynjy çapyşygynda dört we uly ýaşar atlar oba hojalyk toplumynyň baýragyny almak ugrunda 2 müň 200 metr aralyga güýç synanyşdylar. Bu çapyşykda “Türkmennebit” döwlet konsernine degişli Gudratlydag atly mele at ýeňiji bolmagy başardy. Gudratlydag bellenilen aralygy geçmek üçin 2 minut 31,5 sekunt sarp etdi. Onuň seýsi ussat seýis G.Agamyradow, çapyksuwary bolsa ussat çapyksuwar T.Babaýew. Ýeňijä 100 müň manat möçberindäki pul baýragy gowşuryldy.

Ýurdumyzda giňden bellenilýän mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllygy mynasybetli geçirilen at çapyşygynyň jemleýji, ýedinji çapyşygynda dört we uly ýaşar atlar Türkmenistanyň Prezidentiniň Baş baýragyny almak ugrunda 2 müň 200 metr aralyga ýaryşdylar. Çekeleşikli geçen çapyşykda Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumyna degişli Bezirgen atly akýal mele at pellehanadan ilkinji bolup geçmegi başardy. Ol bellenilen aralygy geçmek üçin 2 minut 33,8 sekunt sarp etdi. Onuň seýsi Türkmenistanyň at gazanan atşynasy M.Agamyradow, çapyksuwary bolsa ussat çapyksuwar B.Agamyradow. Ýeňijä 300 müň manat möçberindäki pul baýragy hem-de Türkmenistanyň Prezidentiniň göçme kubogy gowşuryldy.

Şu günki baýramçylyk at çapyşygynda ýeňiji bolan çapyksuwarlar hormatly Prezidentimize we Gahryman Arkadagymyza ýurdumyzda milli atçylyk däplerini ösdürmek ugrunda edýän tagallalary üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, behişdi bedewleriň Ýer ýüzündäki şöhratyny artdyrmak ugrunda yhlaslaryny gaýgyrmajakdyklaryna ynandyrdylar.

Aşgabat atçylyk sport toplumyndaky baýramçylyk dabaralary tamamlanandan soňra, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hemmeler bilen mähirli hoşlaşyp, bu ýerden ugrady.

Şeýlelikde, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk şanly senesi mynasybetli geçirilen şu günki dabaralar Gahryman Arkadagymyzyň ýurdumyzda atçylyk sportuny ösdürmek boýunça başlangyçlarynyň Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň nobatdaky güwäsi boldy.

Soňky habarlar
28.09
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Baştutany bilen duşuşdy
28.09
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy “Çalyk Holding” kompaniýasynyň ýolbaşçysy bilen duşuşdy
28.09
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy “Rönesans Holding” kompaniýasynyň ýolbaşçysy bilen duşuşdy
28.09
Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Daşary ýurt raýatlaryna «Türkmenistanyň at gazanan atşynasy» diýen hormatly ady dakmak hakynda
28.09
Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmenistanyň hormatly atlaryny dakmak hakynda
28.09
Türkmenistanyň Prezidenti Kararlara gol çekdi
28.09
Türkmenistanyň Prezidenti “Toyo Engineering Corporation” kompaniýasynyň ýolbaşçysyny kabul etdi
28.09
Türkmenistanyň Prezidenti «Daewoo Engineering & Construction Co., Ltd.» kompaniýasynyň ýolbaşçysyny kabul etdi
28.09
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Aşgabat atçylyk sport toplumyndaky baýramçylyk dabaralaryna gatnaşdy
28.09
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
top-arrow