26.09 2021

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow “Çalyk Holding” kompaniýalar toparynyň dolandyryjylar geňeşiniň ýolbaşçysy Ahmet Çalygy kabul etdi.

26.09 2021

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow meşhur “Bouygues” fransuz kompaniýasynyň baştutany Marten Buigi kabul etdi.

26.09 2021

Sizi we Türkmenistanyň halkyny ýurduň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn!

25.09 2021

Şu gün paýtagtymyzyň Ruhyýet köşgünde Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlyklyk etmeginde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisi geçirilip, ol döwletimiziň we jemgyýetimiziň durmuşynda şanly waka öwrüldi. Ata Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygynyň öň ýanynda geçirilýän maslahatyň gün tertibine özbaşdaklyk ýyllary içinde gazanylan netijeleri jemlemek, durmuş-ykdysady we demokratik özgertmeler ýoly bilen ynamly öňe barýan ýurdumyzy mundan beýläk-de hemmetaraplaýyn ösdürmegiň esasy meselelerini ara alyp maslahatlaşmak girizildi. Ýaýbaňlandyrylan özgertmeleriň baş maksady eziz Diýarymyzy ösdürmek hem-de mähriban halkymyzyň abadan durmuşyny üpjün etmek bolup durýar.

25.09 2021

«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip yglan edilen ýyl bolan 2021-nji ýylyň 27-nji sentýabrynda biz ýurdumyzyň baş baýramyny — eziz Diýarymyzyň beýik Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllyk ýubileýini aýratyn buýsanç bilen garşylaýarys. Bu sene Garaşsyz ýurdumyzyň hem-de agzybir halkymyzyň abraý-mertebesini we şan-şöhratyny arşa göterýän, biziň her birimizi täze, has belent maksatlara galkyndyrýan şanly wakadyr.

25.09 2021

Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy hormatly Gurbanguly Mälikgulyýewiç Berdimuhamedowy 

25.09 2021

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň özygtyýarlylygyny, konstitusion gurluşyny we döwlet Garaşsyzlygyny, hemişelik Bitaraplygyny pugtalandyrmaga goşan uly şahsy goşandyny, döwletiň hem-de jemgyýetiň öňünde bitiren aýratyn görnükli hyzmatlaryny we gazanan üstünliklerini, şeýle hem uzak ýyllaryň dowamynda çeken yhlasly we tutanýerli zähmetini nazara alyp, karar edýärin:

25.09 2021

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Garaşsyz ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň ähli pudaklarynda buýsandyryjy netijeler gazanylýar. Bitarap döwletimiziň her güni zähmet ýeňişleri bilen şöhratlanýar. Ata Watanymyzy hemmetaraplaýyn ösdürmek boýunça kabul edilen maksatnamalar üstünlikli amala aşyrylýar. Alnyp barylýan bu beýik işlere zähmetsöýer zenanlarymyz işjeň gatnaşýarlar. Olar ykdysadyýetiň dürli pudaklarynda yhlas bilen zähmet çekip, berkarar Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllyk şanly baýramyny mynasyp garşylaýarlar, ýurdumyzda agzybirligi we jebisligi has-da berkitmäge uly goşant goşýarlar. 

25.09 2021

Ähli ugurlar boýunça guwandyryjy netijelere eýe bolýan mähriban Watanymyz Garaşsyzlygynyň 30 ýyllyk şanly ýubileýini mynasyp garşylap, bu gün beýik ýeňişleredir şöhratly wakalara beslenýär. Agzybirligiň, ruhubelentligiň hem-de abadan durmuşyň mekany bolan eziz Diýarymyz Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe gazanýan ýokary netijeleri, eýeleýän belent sepgitleri, dost-doganlyk we parahatçylyk kadalaryna esaslanýan hoşniýetli, bitaraplyk daşary syýasaty bilen Ýer ýüzünde uly abraý gazanýar.

25.09 2021

Eziz Watanymyz Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe mukaddes Garaşsyzlygynyň 30 ýyllyk şanly baýramyny buýsandyryjy netijeleri gazanmak bilen garşylaýar. 30 ýylda güneşli Diýarymyzda örän beýik işler bitirildi. Bitarap döwletimiz Ýer ýüzünde ýokary depginler bilen öňe barýan, halkynyň bagtyýar we abadan durmuşda ýaşamagyny gazanan ýurt hökmünde giňden tanalýar. 

1516 sahypa
Soňky habarlar
12.09
Türkmenistanyň Prezidenti Singapur Respublikasynyň ýolbaşçylaryny gutlady
11.09
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
11.09
Türkmenistanyň Prezidenti Ýaponiýanyň döwlet ministrini kabul etdi
11.09
Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrlige garamagyndaky sement zawodlaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak tabşyryldy
11.09
Aşgabatda GDA-nyň Ykdysady geňeşiniň mejlisi geçirildi
11.09
Türkmenistanyň Prezidenti GDA-nyň Tohumçylyk meseleleri boýunça hökümetara utgaşdyryjy geňeşiniň başlygyny doglan güni bilen gutlady