Baş sahypa
\
Resmi
\
Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň Karary
Resmi
Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň Karary
Çap edildi 25.09.2021
2835

Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Milli 

Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy hormatly 

Gurbanguly Mälikgulyýewiç Berdimuhamedowy 

«Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyna» atly Türkmenistanyň ýubileý medaly we ýadygärlik 

nyşany — Altyn şaý milli manadymyz bilen 

sylaglamak hakynda

Çuňňur hormatlanylýan Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Mälikgulyýewiç Berdimuhamedowyň parasatly ýolbaşçylygynda Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ata Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk şanly baýramyny uly dabaralara besläp, guwandyryjy zähmet üstünlikleri bilen garşylaýar. Garaşsyzlyk ýyllarynda halkymyzyň baý taryhy mirasyna, onuň syýasy we hukuk medeniýetine esaslanýan, şol bir wagtda hem döwlet gurluşynyň dünýä tejribesini nazara alýan türkmen döwletliliginiň häzirki zaman nusgasynyň kemala getirilmegi bilen, berkarar Watanymyz öz ösüşinde belent sepgitlere ýetdi. Hemişelik Bitarap döwletimiz dünýäde ýokary depginler bilen ösýän, «Döwlet adam üçindir!» diýen ynsanperwer taglymaty yzygiderli durmuşa geçirip, öz halkynyň abadan, bagtyýar we bolelin durmuşda ýaşamagyny gazanan ýurtlaryň hatarynda mynasyp orny eýeleýär.

Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýylynyň içinde ýurdumyzy ýokary depginler bilen ösdürmekde, giň möçberli taryhy maksatnamalary işläp taýýarlamakda we üstünlikli durmuşa geçirmekde, mähriban halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmakda, hemişelik Bitarap döwletimiziň dünýädäki abraýyny has-da belende götermekde amala aşyrylan asyrlara ýaň saljak beýik işler milli Liderimiziň taýsyz tagallalary, öňdengörüjilikli hem-de oýlanyşykly döwlet syýasaty bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Bu gün Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan dünýäde Bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetlilik, ynsanperwerlik ýörelgelerine eýerýän, dürli halklar we döwletler bilen özara bähbitli we deňhukukly gatnaşyklary ileri tutýan döwlet hökmünde tanalýar.

Türkmenistanyň Garaşsyzlygyny pugtalandyrmakda, ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny we halkara abraýyny artdyrmakda, döwlet gurluşyny kämilleşdirmekde, dünýä ülňülerine laýyk gelýän konstitusion özgertmeleri amala aşyrmakda, raýat jemgyýetiniň edaralaryny ösdürmekde, ylmy, bilimi, medeniýeti, sungaty, saglygy goraýşy, ýurdumyzyň durmuşynyň beýleki ugurlaryny yzygiderli ösdürmek boýunça döwlet maksatnamalaryny durmuşa geçirmekde, şäherlerimiziň we obalarymyzyň keşbini özgertmekde, türkmen halkynyň däp-dessurlaryny, taryhy-medeni mirasyny aýawly saklamakda, dünýä ýaýmakda, ösüp gelýän ýaş nesli Watana söýgi, wepalylyk, mertlik, halallyk ruhunda terbiýelemek işinde Garaşsyz döwletimiziň we mähriban halkymyzyň öňünde bitiren aýratyn hyzmatlaryny göz öňünde tutup, şeýle hem Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllyk şanly baýramy, «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýyly mynasybetli, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisi karar edýär:

Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Mälikgulyýewiç Berdimuhamedowy «Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyna» atly Türkmenistanyň ýubileý medaly we ýadygärlik nyşany — Altyn şaý milli manadymyz bilen sylaglamaly.

Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň 

Mejlisiniň Başlygy 

G.Mämmedowa.

Aşgabat şäheri. 2021-nji ýylyň 24-nji sentýabry.

Soňky habarlar
25.02
Türkmenistanyň Prezidenti Kuweýt Döwletiniň Emirini gutlady
24.02
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
24.02
Türkmenistanyň köpugurly kuwwaty — durnukly ösüşiň bähbidine
24.02
Türkmenistanyň Prezidenti Estoniýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady
23.02
Türkmenistanyň Prezidenti iş maslahatyny geçirdi
23.02
Türkmenistanyň adam hukuklary babatda halkara borçnamalarynyň we halkara ynsanperwer hukugynyň ýerine ýetirilmegini üpjün etmek boýunça pudagara toparyň mejlisi
23.02
Daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen netijeli duşuşyklar
23.02
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 37 million 801 müň dollaryndan gowrak boldy
23.02
Türkmenistanyň Prezidenti Bruneý-Darussalam Döwletiniň Soltanyny gutlady
22.02
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
top-arrow