Şu gün Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasyna dowam edýän resmi saparynyň çäklerinde Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putin bilen duşuşdy.
Geçen aýda geçirilen köp sanly syýasy we işewürlik duşuşyklary, gepleşikler, halkara forumlardyr maslahatlar, sergiler hem-de beýleki möhüm wakalar ýurdumyzyň ministrlikleriniň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň üstünlikli amala aşyrýan «Açyk gapylar» we giň halkara hyzmatdaşlyk syýasatyny durmuşa geçirmek boýunça alyp baran işlerini aýdyňlygy bilen açyp görkezdi.
Türkmenistanyň wekiliýeti 31-nji oktýabrdan 3-nji noýabr aralygynda Abu Dabi şäherinde (BAE) geçirilen Halkara nebit we gaz sergisine we ADIPEC maslahatynda gatnaşdy.
Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Serdar Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň nobatdaky mejlisini geçirdi.
Şu gün Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasyna resmi saparynyň çäklerinde RF-niň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň umumy mejlisinde maksatnamalaýyn çykyş etdi hem-de Russiýanyň Federal Ýygnagynyň Döwlet Dumasynda duşuşyk geçirdi.
«Beýik özgertmeleriň ýyl ýazgylary» neşiriniň 14-nji goýberilişi Watanymyzyň Bitaraplyk hukuk derejesine eýe bolmagynyň 25 ýyllygy mynasybetli «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» şygary astynda geçen 2020-nji ýylda ýurdumyzyň gazanan giň gerimli üstünliklerine bagyşlandy.
Sporta ýöriteleşdirilen neşiriň ilkinji sahypalary Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllygyny bellemäge bagyşlanan dabaralar barada gürrüň berýän materiallar bilen açylýar.
Ata Watanymyzyň durnuklylygyny we howpsuzlygyny, ýurdumyzyň okgunly ösüşini üpjün etmek hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň alyp barýan döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar.
Şu gün Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasyna resmi sapar bilen ugrady.
Şu gün Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynda milli manadyň dolanyşyga girizilmeginiň 29 ýyllygyna bagyşlanan ylmy-amaly maslahat geçirildi.