Baş sahypa
\
Jemgyýet
\
“Beýik özgertmeleriň ýyl ýazgylary” neşiriniň nobatdaky sany
Jemgyýet
“Beýik özgertmeleriň ýyl ýazgylary” neşiriniň nobatdaky sany
Çap edildi 02.11.2022
2702

«Beýik özgertmeleriň ýyl ýazgylary» neşiriniň 14-nji goýberilişi Watanymyzyň Bitaraplyk hukuk derejesine eýe bolmagynyň 25 ýyllygy mynasybetli «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» şygary astynda geçen 2020-nji ýylda ýurdumyzyň gazanan giň gerimli üstünliklerine bagyşlandy.

Neşir “Beýik maksatlar, saldamly gazanylanlar, ýagty geljek” atly syn-seljerme makalasy bilen açylýar. Onda jemgyýetiň döwlet-hukuk we syýasy ulgamyny kämilleşdirmegiň, milli ykdysadyýeti innowasion-senagat taýdan ösdürmegiň, halkyň hal-ýagdaýyny ýokarlandyrmagyň, bilim, ylym, medeniýet, saglygy goraýyş, sport we syýahatçylyk ulgamlaryny özgertmegiň, halkara giňişlikde ýurdumyzyň eýeleýän ornuny pugtalandyrmagyň meseleleri toplumlaýyn beýan edilýär.

Bitaraplygyň şanly 25 ýyllyk senesi baýram edilen hem-de Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň täze rejelenen görnüşi kabul edilen 2020-nji ýyl halkymyzyň yhlasly we joşgunly zähmetine beslendi. Eýýäm taryha öwrülen şol ýyl Watanymyzyň abraýyny has-da belende göterdi, onuň parahatçylygyň, döredijiligiň we ösüşiň röwşen ýoly bilen ynamly öňe barýandygynyň aýdyň subutnamasyna öwrüldi. Ýyl ýazgylarynyň nobatdaky goýberilişinde döwletimiziň iň täze taryhy, ýurdumyzyň syýasy we ykdysady kuwwatyny güýçlendirmek, halkyň durmuş abadançylygyny ýokarlandyrmak, ylym-bilim we medeni ösüşi ýokary derejä çykarmak maksady bilen, türkmen jemgyýetiniň ähli ulgamlarynda giň gerimli özgertmeleriň amala aşyrylmagyna gönükdirilip kabul edilen kanunlar, gol çekilen permanlar, kararlar, buýruklar hakynda Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentliginiň resmi materiallary esasynda, gysgaça maglumatlar berilýär.

Neşirde Ministrler Kabinetiniň, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisleri, wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen iş maslahatlary, Türkmenistanyň Prezidentiniň welaýatlara amala aşyran iş saparlary, daşary döwletleriň Baştutanlary, jemgyýetçilik-syýasy işgärler bilen halkara derejede geçiren duşuşyklary barada maglumatlar beýan edilýär. Wakalaryň wagt yzygiderliliginde beýan edilmegi okyjylara Watanymyzyň halkara giňişlikde öňe sürýän başlangyçlary hakyndaky maglumatlar bilen tanyşmaga mümkinçilik berýär. Hususan-da, daşary ýurtlara amala aşyrylan saparlar hem-de myhmansöýer türkmen topragynda geçirilen ýokary derejedäki duşuşyklar barada synlar beýan edilipdir.

Aýry-aýry makalalar önümçilik we durmuş maksatly, şeýle-de köp sanly beýleki binagärlik desgalarynyň açylyş dabaralaryna bagyşlanýar. Olar ýurdumyzyň ykdysady kuwwatynyň artýandygynyň, halkymyzyň maddy abadançylygy baradaky yzygiderli aladanyň subutnamalarydyr. Umuman, ýyl ýazgylary parahatçylyk, döredijilik we ösüş ýoly bilen ynamly öňe barýan Watanymyzda amala aşyrylýan özgertmeleriň diňe bir üstünliklere beslenýändigini däl, olaryň giň gerimlidigini hem açyp görkezýär.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Baş arhiw müdirliginiň Türkmenistanyň Prezidentiniň arhiw gaznasy tarapyndan çapa taýýarlanan “Beýik özgertmeleriň ýyl ýazgylary” neşiriniň 14-nji goýberilişi ilatyň, esasan-da, ýaşlaryň arasynda jemgyýetçilik-syýasy bilimleri wagyz etmek işinde gymmatly maglumatlaryň möhüm çeşmesi bolup durýar. Türkmen we rus dillerinde aýratyn kitap görnüşinde çap edilen neşir anyk beýan ediliş, ylmy-aňyýet häsiýetine eýedir hem-de ynsanperwer ylymlar bilen meşgullanýan alymlar, ýokary okuw mekdepleriniň we orta mekdepleriň mugallymlary, talyplar, jemgyýetçilik-syýasy işgärler üçin gollanma bolup hyzmat eder.

Soňky habarlar
02.04
«Hyzmatdaşlyk we ösüş» atly köpugurly halkara sergä gatnaşyjylara
01.04
Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisi
01.04
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
31.03
Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň mejlisi
31.03
Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumy: täze taryhy döwürde senagat taýdan ösüşiň nusgasy
31.03
Türkmenistan — BMG: hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak ugrunda
31.03
Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli Aşgabat şäherinde 2026-njy ýylyň 25-nji aprelinde ahalteke atlarynyň halkara gözellik bäsleşigini geçirmek bellenildi
30.03
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
30.03
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hat
30.03
Watanymyzyň gülläp ösüşiniň, halkymyzyň bagtyýar durmuşynyň bähbidine
top-arrow