Baş sahypa
\
Sport
\
«Türkmenistan Sport» halkara žurnalynyň üçünji sany çapdan çykdy
Sport
«Türkmenistan Sport» halkara žurnalynyň üçünji sany çapdan çykdy
Çap edildi 02.11.2022
5859

Sporta ýöriteleşdirilen neşiriň ilkinji sahypalary Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllygyny bellemäge bagyşlanan dabaralar barada gürrüň berýän materiallar bilen açylýar.

2022-nji ýyl türkmen türgenleri üçin sport ýaryşlaryna baý boldy. «Awazada ýeňijileri sylaglamak» atly materialda türkmen türgenleriniň hormatyna guralan dabara şöhlelendirilýär.

Neşirde yzygiderli çykyş edýän Türkmenistanyň at gazanan tälimçisi Sergeý Ýepifanow «Medal gazanmak bagty» atly makalasynda ýaryşlarda üstünlikli çykyş etmek üçin türgende haýsy häsiýetleriň ösdürmelidigi barada öz pikirini paýlaşýar.

«Sport metbugatynyň taryhy» atly makalada dünýädäki we Türkmenistandaky ilkinji sport neşirleri baradaky maglumatlar bilen tanyşmak bolýar.

Türkmenistanyň Oguzhan adyndaky inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň talyby Atageldi Myradow tarapyndan taýýarlanan «Ahalteke aty şa maşgalasyna sowgat hökmünde» diýen gyzykly material okyjylary özüne çeker.

XX asyryň 30-njy ýyllarynda Türkmenistanda üç sany möhüm sport çäresine gatnaşdy. 1935-nji ýylda meşhur Aşgabat-Moskwa atly ýörişi, Aşgabat-Moskwa welosipedli ýöriş we 1936-njy ýylda Türkmenbaşy (Krasnowodsk)-Moskwa ugry boýunça taýmyllarda ýüzüş geçirildi. «Türkmen balykçylarynyň sport edermenligi» atly makalada gahrymançylykly ýüzüşe gatnaşyjylar hakynda gürrüň berilýär.

Katarda geçiriljek XX dünýä çempionatynyň başlanmagyna näçe az wagt galdygyça, janköýerlerde şonça-da uly gyzyklanma döreýär. Ýeňiji bolmaga esasy dalaşgärler hakynda Aşgabat şäherindäki 86-njy ýöriteleşdirilen orta mekdebiň 10-njy synp okuwçysy Emir Garajaýewiň teswiri okyjylara hödürlenilýär.

Mundan başga-da, žurnalyň şu sanynda Ýewropanyň, dünýäniň we türkmen milli sportunyň täzelikleri we ýetilen beýik sepgitleri barada gyzykly maglumatlardyr materiallar çap edilipdir.

Soňky habarlar
01.10
Aşgabatda maýa goýum forumy geçirilýär
01.10
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
01.10
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň ýaşuly nesillerine hem-de ähli halkyna
01.10
Türkmenistanyň maýa goýum forumyna gatnaşyjylara
01.10
Türkmenistanyň Prezidenti Hytaý Halk Respublikasynyň ýolbaşçylaryny gutlady
30.09
Garaşsyzlygyň 35 ýyllygy: ösüş ýolunda täze belent sepgitlere tarap
30.09
Migrasiýa gullugynyň işi kämilleşdirilýär
29.09
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow we türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumynyň açylyş dabarasyna gatnaşdylar
29.09
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumynyň açylyş dabarasyndaky ÇYKYŞY
29.09
Türkmenistanyň Prezidenti “Çalyk Holding” kompaniýasynyň ýolbaşçysyny kabul etdi
top-arrow