06.01
2015
12. Welaýatlaryň we Aşgabadyň ösüşi
Türkmenistan 2015-nji ýyla ynamly gadam basdy. Ýakyn geljek üçin anyk meýilnamalaryň esasyny bolsa, ýurdumyzy ösdürmekde, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başyny başlan özgertmelerini amala aşyrmakda gazanylan ýokary netijeler we üstünlikler, döwlet Baştutanymyzyň milli ykdysadyýeti pugtalandyrmaga hem-de halkymyzyň abadançylygyny ýokarlandyrmaga gönükdirilen syýasatynyň strategiki maksatlary düzýär.
05.01
2015
Jeýkob Gedleýihlekisa Zuma,
Günorta Afrika Respublikasynyň Prezidenti:
Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa
2014-nji ýylda biziň halklarymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmeginiň bähbidine bilelikdäki tagallalary etmäge bolan gyzyklanmalaryňyz üçin Size tüýs ýürekden hoşallyk bildirmek
05.01
2015
Merkezi Aziýa sebiti, şol sanda Türkmenistan üçin suw ýaşaýyş, durmuş hem-de mundan beýläkki ösüş üçin iň gymmatly serişdeleriň biri bolup durýar. Şundan ugur almak bilen, daşky gurşawy goramak, şol sanda suw serişdelerini aýawly saklamak we netijeli peýdalanmak wezipeleri Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. “Suw hakynda” Türkmenistanyň Kodeksi suw serişdelerini oba hojalygynda, senagatda we durmuş ulgamynda ulanmagyň hukuk esasy bolup hyzmat edýär.
05.01
2015
Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow göni aragatnaşyk arkaly wideoşekilli iş maslahatyny geçirdi. Oňa Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlary, welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimleri gatnaşdylar. Iş maslahatynyň barşynda ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamasyny üstünlikli ýerine ýetirmek bilen baglanyşykly meselelere we döwlet durmuşyna degişli ileri tutulýan wezipelere garaldy.
05.01
2015
Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Myrat Kakaýewiç Ýazberdiýew başga işe geçmegi sebäpli, Türkmenistanyň Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň tertipnamalaýyn we beýleki edaralarynyň ýanyndaky (Minsk şäheri) Hemişelik Doly ygtyýarly wekili wezipesinden boşadyldy.
04.01
2015
«Berkarar» gämisi özüniň ilkinji gatnawyna ugrady. Bu iň häzirkizaman «RO-PAХ» kysymly gämi ýolagçylary, ýük awtoulaglaryny we beýleki ulag serişdelerini gatnatmak üçin niýetlenip, Türkmenistanyň Deňiz we derýa ulaglary döwlet gullugynyň buýurmasy boýunça Horwatiýada guruldy.
04.01
2015
Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Annadurdy Erkinowiç Kösäýew Türkmenistanyň awtomobil ulaglary ministriniň orunbasary wezipesine bellenildi.
03.01
2015
Barak Obama,
Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Prezidenti:
Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa
Hormatly jenap Prezident!
03.01
2015
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Indoneziýa Respublikasynyň Prezidenti Joko Widodo köp sanly adam pidalaryna getiren uçar heläkçiligi zerarly gynanç hatyny iberdi.
03.01
2015
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynda söwdalaşyklaryň 10-sy bellige alyndy.