Baş sahypa
\
Ykdysadyýet
\
Birža täzelikler 3-nji ýanwar
Ykdysadyýet
Birža täzelikler 3-nji ýanwar
Çap edildi 03.01.2015
1736

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynda söwdalaşyklaryň 10-sy bellige alyndy. Daşary ýurt puluna Estoniýadan gelen telekeçiler Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen polipropileni, Şweýsariýadan gelen işewürler bolsa “Türkmengaz” döwlet konserniniň önümi bolan tehniki kükürdi satyn aldylar. Mundan başga-da, daşary ýurt walýütasyna pagta süýümi ýerlenildi. Geleşikleriň umumy bahasy ABŞ-nyň 5 million 493 müň dollaryna deň boldy. Depozit manat serişdelerine Beýik Britaniýadan, BAE-den, Türkiýeden, Pakistandan, Eýrandan, Hindistandan gelen telekeçiler arassalanan pagta ýagyny, jorap önümlerini, nah ýüplügi, ýüňi (garaköli, saryja goýun, düýe, geçi), şeýle hem dikeldilen süýümi satyn aldylar. Geleşikleriň umumy bahasy 4 million 356 müň manatdan gowrak boldy.

Soňky habarlar
21.09
Türkmenistanyň Prezidenti Ermenistan Respublikasynyň ýolbaşçylaryny gutlady
20.09
Y.A.GAÝYPOW hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
20.09
W.S.HAJIÝEW hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
19.09
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz behişdi bedewler üçin döredilýän şertler bilen tanyşdy
19.09
Paýtagtymyzda Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň nobatdaky maslahaty geçirildi
18.09
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
18.09
Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň XXVII maslahatyna gatnaşyjylara
18.09
“Türkmenhimiýa” döwlet konsernine “Tejenkarbamid” zawodynyň netijeli işledilmegini üpjün etmek tabşyryldy
18.09
Türkmenistanyň Prezidenti ýurdumyzyň muzeý işini mundan beýläk-de ösdürmek hakynda Karara gol çekdi
18.09
Innowasiýalar — ykdysadyýetiň hereketlendiriji güýji
top-arrow