25.02
2015
Aşgabat, 25-nji fewral /TDH/. Şu gün paýtagtymyzyň Sergi köşgünde Eýran Yslam Respublikasynyň X ýöriteleşdirilen sergisi öz işine başlady.
25.02
2015
Aşgabat, 25-nji fewral (TDH). Şu gün paýtagtymyzda iki ýurduň döwlet we telekeçilik düzümleriniň wekilleriniň gatnaşmagynda türkmen-awstriýa işewürler maslahaty geçirildi. Ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmegiň geljegi, täze gatnaşyklary ýola goýmak, mundan beýläkki özara gatnaşyklaryň meýilnamalaryny ara alyp maslahatlaşmak duşuşygyň esasy meseleleri boldy.
25.02
2015
Aşgabat, 25-nji fewral (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Gyrgyz Respublikasynyň daşary işler ministri Erlan Abdyldaýewi kabul etdi.
25.02
2015
Türkmenistanyň Mejlisiniň bäşinji çagyrylyşynyň ýedinji maslahaty 2015-nji ýylyň 28-nji fewralynda sagat 9.00-da Türkmenistanyň Mejlisiniň jaýynda geçirilýär.
24.02
2015
Aşgabat, 24-nji fewral (TDH). Şu gün paýtagtymyzda Bilelikdäki türkmen-awstriýa toparynyň nobatdaky mejlisi boldy. Onda Türkmenistan bilen Awstriýa Respublikasynyň arasynda işjeň hyzmatdaşlygy giňeltmegiň täze ugurlary kesgitlendi .
24.02
2015
Aşgabat, 24-nji fewral (TDH). Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Rumyniýanyň ykdysadyýet, söwda we syýahatçylyk ministri Mihaý Tudoseni kabul etdi. Ol öz ýurdunyň wekiliýetine ýolbaşçylyk edip, türkmen paýtagtyna geldi.
23.02
2015
Mary welaýatynyň dolandyryş merkeziniň ýeňil atletika boýunça ýöriteleşdirilen sport mekdebinde uşu boýunça Türkmenistanyň birinjiligi geçirildi. Ol ýurdumyzyň ähli welaýatlaryndan we Aşgabat şäherinden ýaş türgenleriň 100-e golaýyny ýygnady.
23.02
2015
20-nji fewralda geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň obalaryň, şäherçeleriň, etrapdaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek boýunça 2020-nji ýyla çenli döwür üçin Milli maksatnamanyň rejelenen görnüşini kabul etmegi ýurdumyzy mundan beýläk-de maksadalaýyk we toplumlaýyn ösdürmekde nobatdaky möhüm ädime öwrüldi.
22.02
2015
Türkmen küştçileri iri halkara ýaryşlarynda nobatdaky üstünlige eýe boldular. Golaýda Reşt şäherinde (Eýran Yslam Respulikasy) tamamlanan “Hazaryň kubogy” ýaryşynda ildeşlerimiz iki medala—kümüş we bürünç medallara, şeýle hem Russiýa Federasiýasynyň paýtagtynda geçirilen “Moskow-open” ýaryşynda Maksat Atabaýew halkara grossmeýsteri diýen ada mynasyp boldy. M.Atabaýew şeýle ýokary sport derejesine eýe bolan Türkmenistanyň iň ýaş türgenidir.
22.02
2015
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalaşyklarynda geleşikleriň 26-sy hasaba alyndy.