28.02
2015
Baku, 28-nji fewral (TDH). Şu gün Azerbaýjan Respublikasynyň paýtagtynda Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi — TDH bilen Azerbaýjanyň Döwlet habarlar agentliginiň (AzerTAj) arasynda maglumatlar alyşmak baradaky Ylalaşyga gol çekildi. Şunuň ýaly Ylalaşyga TDH bilen Azerbaýjanyň Trend halkara habarlar agentligi bilen hem gol çekildi.
28.02
2015
Aşgabat, 28-nji fewral (TDH). Şu gün Türkmenistanyň Mejlisiniň bäşinji çagyrylyşynyň nobatdaky, ýedinji maslahaty bolup, oňa degişli ministrlikleriň we pudak edaralarynyň, şeýle hem köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar. Gün tertibine hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň baştutanlyk etmeginde amala aşyrylýan döwlet syýasatynyň möhüm ugurlary bilen baglylykda işlenip taýýarlanan kanunlaryň we kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň taslamalarynyň birnäçesine degişli meseleler girizildi.
27.02
2015
Aşgabat, 27-nji fewral (TDH). Şu gün paýtagtymyzyň Sergi köşgünde Eýran Yslam Respublikasynyň X ýöriteleşdirilen sergisi öz işini tamamlady. Aşgabatda yzygiderli geçirilýän bu ykdysady forum türkmen-eýran hyzmatdaşlygynyň ägirt uly kuwwatyny hem-de hyzmatdaşlaryň dürli ugurlar boýunça söwda-ykdysady gatnaşyklaryny giňeltmäge özara gyzyklanmasyny nobatdaky gezek äşgär etdi.
27.02
2015
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ilata edilýän jemagat hyzmatlaryny halkara ölçeglerine laýyk guramak, bu ugur boýunça ýokary bilimli hünärmenleri taýýarlamak, şeýle hem Aşgabat şäheriniň binagärlik-şähergurluşyk keşbini has-da gözelleşdirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi.
27.02
2015
Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Türkmenistanyň Merkezi bankynyň müdiriýetiniň başlygynyň orunbasary Döwletmyrat Amanmyradowiç Mülkiýew Bütindünýä bankynyň Türkmenistandan dolandyryjysynyň orunbasary hem-de Ýewropanyň Täzeleniş we ösüş bankynyň Türkmenistandan dolandyryjysynyň orunbasary wezipesine bellenildi.
27.02
2015
Aşgabat, 27-nji fewral (TDH). Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda käbir resminamalaryň taslamalaryna, şeýle hem ýurdumyzyň durmuşyna degişli möhüm meseleleriň birnäçesine seredildi.
27.02
2015
Ženewa, 27-nji fewral (TDH). Şu gün Ženewa şäherindäki (Şweýsariýa Konfederasiýasy) Milletler Köşgüniň Türkmen zalynda şu ýyl bellenilýän Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 20 ýyllygy mynasybetli duşuşyk geçirildi.
26.02
2015
Aşgabat, 26-njy fewral (TDH). Şu gün paýtagtymyzda Türkmenistanyň we Eýran Yslam Respublikasynyň arasyndaky ikitaraplaýyn netijeli hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de çuňlaşdyrylmagyna we ösdürilmegine bagyşlanan türkmen-eýran işewürlik maslahaty boldy.
26.02
2015
Aşgabat, 26-njy fewral (TDH). Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Eýran Yslam Respublikasynyň ýol we şäher gurluşyk ministri Abbas Ahmad Ahundini kabul etdi.
26.02
2015
Türkiýe Respublikasynyň “Turcomoney” halkara maliýe-ykdysady žurnalynyň nobatdaky sany “Türkmenistan –Orta Aziýanyň nurana ýyldyzy” atly umumy sözbaşy bilen açylýar.