Baş sahypa
\
Ykdysadyýet
\
Türkmen-awstriýa işewürler maslahaty
Ykdysadyýet
Türkmen-awstriýa işewürler maslahaty
Çap edildi 25.02.2015
1783

Aşgabat, 25-nji fewral (TDH). Şu gün paýtagtymyzda iki ýurduň döwlet we telekeçilik düzümleriniň wekilleriniň gatnaşmagynda türkmen-awstriýa işewürler maslahaty geçirildi. Ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmegiň geljegi, täze gatnaşyklary ýola goýmak, mundan beýläkki özara gatnaşyklaryň meýilnamalaryny ara alyp maslahatlaşmak duşuşygyň esasy meseleleri boldy. Maslahata gatnaşyjylar bu duşuşygyň esasy wezipeleriniň Türkmenistanyň ykdysady kuwwaty bilen tanyşlyk, milli ykdysadyýetiň döwlete degişli däl ulgamynyň wekilleri bilen uzakmöhletleýin netijeli aragatnaşyklaryň pugtalandyrylmagy we ýola goýulmagy, şeýle hem 30-dan gowrak awstriýa kompaniýalarynyň mümkinçiliklerini tanyşdyrmak bolup durýandygyny bellediler. Awstriýanyň wekiliýetiniň wekilleri öz çykyşlarynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa häzirki işewürler maslahatynyň guralmagynda beren ýardamy üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, myhmansöýer türkmen topragyndaky nobatdaky duşuşygyň iki ýurduň mümkinçiliklerine hem-de olaryň hyzmatdaşlyga işewür çemeleşme bermäge taýýardygyna jogap bolup durýan türkmen-awstriýa hyzmatdaşlygyny has-da ösdürmäge ýardam berjekdigine ynam bildirdiler. Milli ykdysadyýetiň esasy ugurlary bilen tanyşdyryp, türkmen tarapynyň wekilleri biziň ýurdumyzyň milli Liderimiziň ýolbaşçylygynda möhüm ugurlarynyň biri gyzyklanma bildirýän hyzmatdaşlaryň ählisi bilen deňhukuklylyk esasynda halkara hyzmatdaşlygyny giňeltmek bolup çykyş edýän strategiýany üstünlikli durmuşa geçirýändigini nygtadylar. Şu babatda daşary ýurtlaryň işewür toparlarynyň, şol sanda Awstriýa Respublikasynyň işewür toparlarynyň wekilleri bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy has-da ösdürmäge taýýardygyny tassyklap, çykyş edenler ýurtda işewürligi üstünlikli ösdürmek üçin hemme şertleriň döredilýändigini bellediler—milli kanunçylyk kämilleşdirilýär, maýa goýum işjeňligi höweslendirilýär. Köp sanly daşary ýurtly kompaniýalary ýygjam işewür gatnaşyklary ýola goýmaga çekýän esasy alamatlaryň hatarynda alnyp barylýan “açyk gapylar” syýasaty, baý tebigy serişdeler, Türkmenistanyň amatly geografik ýerleşişi durýar. Türkmen ykdysadyýetiniň ägirt uly kuwwaty halk hojalyk toplumynyň ösüşiniň durnukly häsiýetini aýdyň tassyklaýar: jemi içerki önüm öndürilişi, daşary söwda dolanyşygy, eksport amallary durnukly ösýär. Şeýle hem maýa goýumlarynyň möçberiniň maksadalaýyk ösdürilmegi oňyn ýagdaýlar bolup hyzmat edýär. Olar senagat düzümlerini, obasenagat toplumyny we durmuş ulgamyny ösdürmäge gönükdirilýär. Soňky ýyllarda Awstriýa Respublikasyny goşmak bilen Ýewropa Bileleşiginiň ýurtlary bilen daşary söwda aragatnaşyklarynyň oňyn tejribesiniň toplanandygyny nygtap, maslahata gatnaşyjylar ykdysadyýet ulgamynda bolşy ýaly, medeni – gumanitar we ylym-bilim ulgamlarynda hem ikitaraplaýyn gatnaşyklary ýygjamlaşdyrmak üçin örän amatly şertleriň köpdügini bellediler. Milli Liderimiziň döwlet strategiýasynyň möhüm tarapy bolup çykyş edýän türkmen ykdysadyýetiniň hususy ulgamynyň ösdürilişi barada hem myhmanlara jikme-jik habar berildi. Türkmenistana bagyşlanan wideofilm häzirki wagtda ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan toplumlaýyn özgertmeleriň ýokary depginini, onuň ägirt uly ykdysady, medeni we tebigy mümkinçiligini aýdyň görkezdi. Awstriýa wekiliýetiniň agzalary öz gezeginde häzirki wagtda ykdysady ösüşiniň okgunly depginlerini görkezýän Türkmenistan bilen netijeli aragatnaşyklary ýygjamlaşdyrmaga Awstriýanyň işewür toparlarynyň aýratyn gyzyklanma bildirýändiklerini beýan etdiler. Iri milli taslamalary durmuşa geçirmäge işjeň gatnaşmaga taýýardygy barada aýdyp, аwstriýa kompaniýalarynyň wekilleri dürli ugurlarda özara bähbitli hyzmatdaşlygy has-da giňeltmek boýunça anyk tekliplerini beýan etdiler. Şu günki duşuşygyň netijelerini jemläp, oňa gatnaşyjylar özara ynam ýörelgelerinde ýola goýulýan döwletara gatnaşyklarynyň depginli häsiýetini ýene-de bir gezek belläp, mundan beýläk-de netijeli özara hereket etmek üçin ýeke-täk ulgamy döretmäge umumy çemeleşmeleri işläp taýýarlamak maksady bilen, şeýle duşuşyklary yzygiderli geçirmegiň wajypdygyny nygtadylar. Maslahatyň çäklerinde ministrlikleriň, pudak edaralarynyň, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň wekilleri bilen Awstriýa Respublikasynyň wekiliýetiniň agzalarynyň arasynda ikitaraplaýyn duşuşyklar geçirildi.

Soňky habarlar
10.10
Paýtagtymyzda «Saglygy goraýyş, bilim we sport Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe» atly halkara sergi we ylmy maslahat öz işine başlady
10.10
Paýtagtymyzda saglygy goraýyş maksatly täze binalar ulanmaga berildi
10.10
Türk­me­nis­ta­nyň sag­ly­gy go­ra­ýyş we der­man se­na­ga­ty ul­ga­my­nyň iş­gär­le­ri­ne
10.10
Türk­me­nis­ta­nyň Prezidenti hor­mat­ly Serdar Berdimuhamedowa
09.10
Ga­raş­syz Döw­let­le­riň Ar­ka­la­şy­gy­nyň döw­let Baş­tu­tan­la­ry­nyň Ge­ňe­şi­niň mej­li­si
09.10
Türk­me­nis­ta­nyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň GDA-nyň döw­let Baş­tu­tan­la­ry­nyň Ge­ňe­şi­niň mej­li­sin­dä­ki çykyşy
09.10
Türk­men hal­ky­nyň Milli Lideri, Türk­me­nis­ta­nyň Halk Mas­la­ha­ty­nyň Baş­ly­gy Gahryman Arkadagymyzyň «Arç­man» şy­pa­ha­na­syn­da goş­ma­ça tä­ze be­je­riş mer­ke­zi­niň bi­na­lar top­lu­my­nyň açy­lyş da­ba­ra­syn­da­ky çykyşy
09.10
Türk­men hal­ky­nyň Milli Lideri, Türk­me­nis­ta­nyň Halk Mas­la­ha­ty­nyň Baş­ly­gy Gahryman Arkadagymyz «Arç­man» şy­pa­ha­na­syn­da goş­ma­ça tä­ze be­je­riş mer­ke­zi­niň bi­na­lar top­lu­my­nyň açy­lyş da­ba­ra­sy­na gat­naş­dy
09.10
Türk­me­nis­ta­nyň Prezidenti Be­la­rus Res­pub­li­ka­sy­nyň Prezidenti bi­len du­şuş­dy
09.10
Türk­me­nis­ta­nyň Prezidenti Eý­ran Ys­lam Res­pub­li­ka­sy­nyň Prezidenti bi­len du­şuş­dy
top-arrow